Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:23
Sokrata ýüzlenme

SOKRATA ÝÜZLENME

Sen beýik alym Sokrat!
Şeýle diýipsiň!
“Sen hökman öýlengin, oturma busup!
Gowy zenan duşsa bolarsyň bagtly,
Erbedine duşsaň borsuň filosof...”

Näbelli “x”-dyr zenan dünýäsi,
Bir şadyýan, birem barýandyr tasap.
Çäýnege atylan atym çaý aýal,
Ýuwan, ajy bilip bolmaz alňasap.

Süýegiňden dyňzap çyksa-da gahryň,
Ondan rüstem gelsin zenan sarpasy.
Boýnuňdan gujaklan mähirli eller,
Bolup biler halas ediş halkasy.

Ýazyklymyň..?
Hergiz-hergiz gürleme!
Gürledigiň, gürrüňsiz gep başysyň.
Aýal duýgur bolýar, duýýarlar olar,
Göze görnüp duranyndan başgasyn.

Diýiber
näzlijäm,
garamyk gözlim,
Gaşlaryň ýaý kimin,
zülpleriň syýa.
Ýagşy sözüň egisäýseň bir pursat,
Duluňda turuzar rewolýusiýa.

Bir zat soradygy bitirgin derhal,
Ýogsa, gaňryp aljagyny bilýäňmi?!
Zenan bir owadan tuty penjirä,
Soň dolanyp görmersiň bu dünýäni.

Erkekleriň gözün gapmaklyk üçin,
Kirpiklerne ýadaman reňk çalýarlar.
Zenan bolmak gaty kyndyr, sebäbi,
Olar erkek bilen iş salyşýarlar.

Adamyň elinde dünýäň bar zady,
Adam welin zenanlaryň elinde.
Erkek gündiz dolandyrsa dünýäni,
Bu dolanşyk gije zenan emrinde.

...Eý, beýik akyldar! –
Eý, alym Sokrat!
Pähmiňe eýgerdim, gezmedim busup!
Ýöne, aýt, sen maňa gözüme bak-da,
Mendenem çykarmy sen deý filosof?!

© Azymberdi KAKAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 88 | Mowzugy paýlaşan: Bagty | Teg: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Мango • 22:37, 07.03.2023
Sokrat diýipdir:
“Sen hökman öýlengin, oturma busup!
Gowy zenan duşsa bolarsyň bagtly,
Erbedine duşsaň borsuň filosof...”

Azymberdi diýýär:
"Eý, alym Sokrat!
Pähmiňe eýgerdim, gezmedim busup!
Ýöne, aýt, sen maňa gözüme bak-da,
Mendenem çykarmy sen deý filosof?!"

men diýon:
filosof bolup, bolmajagyň Sokrata bagly dä-ha.
ol ýanyňdaky garamyk gözlüňe bagly-ha.
avatar
0
2 Bagty • 10:36, 08.03.2023
Mango, goşgyny ýene bir okamagyňy maslahat berýäs. Ýogsa "Men näme diýýän, dutarym näme diýýär" diýleni bolupdyr.
Awtor.
avatar
1
3 Mekan • 21:27, 08.03.2023
Gowy zenan duşsa bolarsyň bagtly,
Erbedine duşsaň borsuň filosof

Sokrat oýun edip aýtdymyka?

Her hili many çykarsa boljak

Sokratyñ aýaly erbet bolupdyr diýibem düşünse bolýa

Awtoryñ:

Pähmiňe eýgerdim, gezmedim busup!
Ýöne, aýt, sen maňa gözüme bak-da,
Mendenem çykarmy sen deý filosof?!

diýmegem oña-da düzüw zat duşmandyr öýdýän diýdirýä.

Mangoñ:

filosof bolup, bolmajagyň Sokrata bagly dä-ha.
ol ýanyňdaky garamyk gözlüňe bagly-ha.

diýmegi, öýdäkiñ ýamanlyk derejesine görä filosof bolýañda diýip pikir etdirýä.

Sokrata gynandym.
avatar
0
4 Мango • 23:46, 08.03.2023
"Ýöne, aýt, sen maňa gözüme bak-da,
Mendenem çykarmy sen deý filosof?!"

şu soragy analizläňde Gahryman filosof däl, diýmek Sokarata görä Gahrymana gowy zenan duşupdyr.
Sokratyň filosof bolanlygyndan çen tutsaňam, diýmek Sokrat erbet zenana duşupdyr.
Gahrymanyň soragyny her ýana çekip bolýar.
men-ä Gahrymanyň filosoflyga arzuw-islegi bar ýaly duýdum: "Mendenem çykarmy sen deý filosof?!" (çykmaýan bolsa, diýmek aýalyň gowudyr).

ýa-da: "meniň aýalym gowy, ýöne şonda-da men filosof bolasyn gelýär eý, Sokrat, "aýt, sen maňa gözüme bak-da, Mendenem çykarmy sen deý filosof?!"

Ýa-da Gahryman Sokratyň pikirini puja çykarmak üçin synanyşan ýaly, ýöne, düşnüksizlikli synanyşyk ýaly.

bilmedim.... kelläm bulaşdy.
il-gün näme diýýä, okap=göräýmesek...
avatar
0
5 Mergenowna • 01:08, 09.03.2023
Goşgyda biri sögüşen ýalak. Aýaly bilen sokrat??
avatar
0
6 Pero • 09:33, 09.03.2023
Bagty goşga menem mango ýaly düşündim.
Onsoñ şu setiri bar:"Erkekleriň gözün gapmaklyk üçin,
Kirpiklerne ýadaman reňk çalýarlar." Bu çekeleşmeliräk eken. Sebäbi käbir erkekleriñ özi isleýän eken boýagly gezmeklerini aýallarynyñ
avatar
0
7 Bagty • 19:11, 09.03.2023
Köp-köp sag boluň! Bir kemsiz gözeliň bolmaýanyny hemmämizem bilýäs-ä...
Awtor.
avatar
0
8 BayramberdiGeldimyradov • 13:45, 10.03.2023
Bäh, haýsy erkek isleýärkä, aýallarynyñ boýagly gezmeklerini, Meñli hanym?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203