14:26 «Sowukganly bu şäher...» | |
Exculisive *** Sowukganly bu şäher Ýitiginiň öwezini Başga-başga keşplerde Görýär misli Aşyk bolup gördümikä Iň soňky ýüregi bilen Iň beýik şahyry bilen Tüssäň yzy siňen köçelerinde Gussaň ysy siňen setirlerinde Sowukganlydy şäher Ünjüsinden bez bolmady bu şäher Gazalyp-gazalyp dyzeperleri Agyrsa-da gaş çytmandy ol sähel Gidene hoş, gelene hoşdy Gany sowukdy Unudýardy eden haýyrlaryny Ýamanlyk diýip kabul etmändi asla. Başyna gelen howany Ýaşaýar klassiki şahyrlar deýin Bu şäheriň çeken sabryndan ýaňa Deňizler gurady, daglar haýykdy Seretmäň siz onuň derýalygyna Onuň gany sowukdy © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |