09:29 Söz ýoýma keseli | |
SÖZ ÝOÝMA KESELI Poeziýa ýeke bir edebiýatyň däl, bütin sungatyň iň bir nepis, iň bir näzik görnüşi hasap edilýär. Mersiýe häsiýetli bolsa-da, komiki äheň çaýylsa-da, poeziýa ilki bilen owadan bolmaly. Goşga gözellik çaýylmaly, zynatlanmaly. Bu, elbetde, eline galam alan her bir goşguça başardýan zat däl. Onuň üçin ezeli zehin, zanny üşük, ukyp, sowat we irginsiz zähmet derwaýys. Her hal, şahyrlara, goşgy ýazýan beýleki awtorlara nepis sungatyň gözelligine zeper ýetirýän, düzetmesi kyn bolmadyk käbir nogsanlar barada ýatlatmak isleýän. Meniň gürrüňim goşgy setirlerindäki bogun sanlary barada. Bilşimiz ýaly, bizde ýoň bolan adaty goşgy formalary esasan 7, 8 we 11 bogunly ölçeglerde düzülýär. Setirdäki sözleriň bogun sany şo ölçeglere boýun egdirilýär. 11 bogunly setiri 10 etseňem, 12 etseňem hökmany ýagdaýda ritm bozulmasy ýüze çykýar. Şu ýerde ýene bir wajyp ýagdaýa ünsi çekmeli. Goşgy setirinde biziň dilimiziň leksiki aýratynlygyna mahsus bolan sezura diýen zat bar. Ýagny, setir öz içinde içki säginme arkaly stopalara bölünýär. 11 bogunly ölçeg formasynda esasan 4+4+3 ýa-da 6+5 ýaly stopalar setiriň akgynlylygyny hasyl edýär. Meselem: “Ýene döwran geldi biziň bu baga” diýen setirdäki sözleriň ýerini çalşyp göreliň. “Biziň bu baga ýene döwran geldi”. “Geldi biziň bu baga ýene döwran”. Görşümiz ýaly, soňky iki setir 11 bogundan ybarat bolsa-da, olar goşgy setirine meňzänok. Ynha, şu iki ýagdaý zerarly – ölçeg galybyndan çykmazlyk we içki säginmäniň talabyna eýermek üçin soňky döwürde bizde bogun iýme keseli güýjedi. Şahyryň ölçeg formasyny we sezurany teoriýa taýdan bilmegi poeziýada zerurlyk däl. Galam eýesi ony praktiki taýdan duýmaga ukyply bolmaly. Eýsem, bogun iýme keseli näme? Muňa gysgaça “sözi ýoýmak” diýsegem nädogry bolmaz. Has anyk düşündirmeli bolsa, setiri goşgy formasyna salmak üçin sözüň bir bognuny kemeldip ýazmakdyr. Mysallar arkaly göz ýetireýin diýseňizem baş üstüne! Sorag bolar ynsabňa, Soraglarňa jogap bo:r /Sapa Hommadow/ Pikri pyçak bilen /Aşyr Hanow/ Kemis–kemis güýz günlerniň kenarna /Oguljennet Bäşimowa/ Gözlerniň garasy, älem çuňlugy /Azat Nurgeldiýew/ Söýmelsinden artyk söýýäň sen meni /Ýazmyrat Çörliýew/ Duşmadym düşnenlere men /Serdar Açylow/ Hiç aklym ýetmedi nämçün meň bilen /Seýitmyrat Geldiýew/ Ömri has gysgalýar gündizne Günüň /Goçmyrat Orazberdiýew/ Undup ýalançynyň salýan synagyn /Şirin Gurbanowa/ Gulagňa-da ilip bilmän perýadym Siňip gitdi Garagumuň salgymna /Mukam Muhamow/ Mysal kän. Şeýle seretseň, bular gürrüňini edeniňe degmeýän ownuk kemçilik ýaly. Hakykatdan hem düýpli säwlik däl. Ýüzugra düzedip bolýan zatlar. Goşgyň gözelligine zeper ýetmese ýagşy! Goşguda harsallyk etmeli däl. Goşgy – inçe zat. Goşgyny ýürek ýazýar. Şu meseläni öň bir ýerde gozganymda Gurbannazar Ezizowda hem şolar ýaly bogun iýmeleriň bardygyny aýdypdylar. Eger Ezizowda bar bolsa, ol – Ezizowyň hatasy. Ezizow şeýdipdir diýip, bu gün biziňem şeýdibermäge hakymyz ýok. Ýarty-ýurty, maýyp edilen sözler setirleriň aňyrsyndan kemsidilen çaga ýaly seredip dursa ýagşymy? Kemis sözleri ulanmak poeziýada utuşdyr öýdýäňizmi? Ýo-ok! Poeziýa standart galyplara sygmaýar. Poeziýaň çygry giň, meýdany biserhet. Bogun iýilmesi, söz ýoýulmasy, meger, aňsadyna bakmakdyr ýa-da haltura etmekdir, emma şygryýetiň zynaty däldir. Meň-ä düşünjäm şeýle. Galat ýazyp, galp gürrüň edýän bolsamam, aýdyň! 29-njy oktýabr, 2014-nji ýyl. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 14 | |
| |