Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:37
Şu gün – şo:l gün

ŞU GÜN – ŞO:L GÜN

Doglan gün – köp adam üçin aýratyn, üýtgeşik gün. Bu gün biz diňe gowy gutlaglary, arzuwlary eşidýäris, iň gyzykly ýeri-de sowgat almakda. Çaga wagtyň-a «Ertir maňa näme bererlerkä?» diýen sowal seni gije ýatyrmaýar. Jahyllykda-da soňky döwürde ýoň bolan sagat 23:59-da gelip başlaýan gutlaglar ýatyrmaýar. Aý, gepiň gysgasy hakykatdanam aýratyn gün. Göýä sen şu günki günde dünýäniň hojaýyny ýaly. Doglan günleriňem içinde iň bir ýatdagalyjysy bolýar. «Ana, şol-a hakyky doglan gün bold-aý» diýip ýatlanyňda, şol güne täzeden dolanaýasyň gelýär. Ýöne käbir adamlar doglan gün diýen zady adaty gün ýaly kabul edýärler, arasynda öz doglan günüdigini unudýanlaram az däl. Öňler, has dogrusy 5-6 ýyl ozalam maňa bu zatlar juda geňdi. «Nädip öz doglan günüňe garaşman bolýarka?» diýip, geňirgenip janygýardym. Ýöne indi düşünäýdim öýdýän...
«Iň gowy doglan günüň?» diýseler-ä pikirlenmän, bardy-geldi «Ýene-de dolanasyň gelýän günüň haýsy?» diýip sorasalar-da ýigrimi ýaş doglan günümi saýlardymmykam diýýärin. Ýadyňdamy şo:l gün?! Uzakly gün diňe sen we men. Sen-ä meni begendirjek bolup ja:n edýärdiň, menem meniň üçin şeýle zatlary edeniňe buýsanjymy känbir gizlejegem bolman, gaýta tersine, özümi iň bagtly oglan hökmünde saýyp bilýänime guwanyp, bütin dünýäni unudan ýalydym. Şol günki bizi synlan şemler-de bize gözügidijilik bilen seredýän ýaly. Näme üçin?! Aýtsan-a näme üçin şol günki «Bizi» men elmydama küýsemeli? Ondan öň hem soňam biziň bütin günümizi bilelikde-de az geçirmedik ahyry! Belki-de, sen meniň ilkinji söýgim bolanyň üçinmikä?! Ýa-da seniň gymmatbahaly sowgatlary däl-de, ýaltanman öz eliň bilenjik ýasan sadadan eziz sowgatlaryň şeýle täsirli boldumyka?! A mümkin «Seni söýmegime ýüz sebäp» diýip ýazylgy ýürek şekilli gutujygyňdaky her bir «sebäp ýazylgy hatjagaza» dolanan süýjüdir şokoladlary çagajyklaryňky ýaly çyr-çyrşak bolup gülşüp iýşimiz maňa şol güni unutdyrýan däldir?!Ahmal... Dogrusy näçe pikirlensem-de jogap tapyp bilmedim, şondan bäri şeýle geçiren doglan günümem ýok, belki umuman, özümi şeýle bagtly duýan günümem bolan däldir. «Adam bagtsyz bolýar iň gowy günleň, Geçip gidenine akyl ýetirse» diýýärmi şahyr Mätgurbanam, mamla bolaýmasa...
Şol günden ýadygärlik galan sowgatlary, suratlary tozandanam gorap ýörün. Goşgularyň birinden-ä ýadymda galypdyr: «Ýatlamalar ýatlanmasa undulýar» diýip. Unutmakdan gorkup zol-zol ýatlap ýörün. Şondan soňra üç gezek her dürli ýollar bilen doglan günümi şeýle gyzykly geçirjek bolup synanyşdym. Barybir başarmadym. Indi-hä synanyşasymam gelenok. Ýokarda-da aýdyşym ýaly, käbir adamlaryň näme üçin doglan güni adaty gün ýaly kabul edýänlerine düşünäýdim öýdýän. Duýasyň gelýän zatlary duýup bilmejegiňe akyl ýetirýäniň üçindir, şeýle üýtgeşik bolmaly günüňem «odunyň sönmegi». Ynha, ýene doglan gün. Şu gün şo:l gün, ýöne eýýäm dördülenji gezek sensiz...
Ýaz pasly öwüsýän ýeňil şemala
Meňzedipdim seni ilki-ilkiler.
Ýalňyşlarymy wagt getirdi kemala,
Günälermi öz üstüme silkinerin.

Ýakyndyň sen maňa, şeýle ýakyndyň,
Öz söýgiňi meň ömrüme ötürdiň.
Ýürek ýakyn bolup ara daş wagty
Göz ýaşlarym sözüň bilen süpürdiň.

Nädip ysnyşmasyn onsoň ýürekler?
Men beýle bir doňýüregem däl ahyr?!
Söýgini jogapsyz goýup bolarmy?
«Belki bolar» diýer, söýmedik bahyl.

Bagyşlaň, ýöne men goýmakçy däldirin
Edýänim bolsa-da juda ýalňyşam.
Näme üçindir ýadyma düşenok känbir,
Şoňa duşup, goýberen bir ýalňyşym.

Ýaz ýasly öwüsýän ýeňil şemala
Meňzedýärler seni mekir tilkiler.
Tilkiler awuna çyksa oýargyn!
Söýgim ýüregiňde, baky irkiler!


Taýmaz Pirjanow.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Taýmaz Pirjanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 15:38, 14.01.2024
şol sözüniň başga bognam-a yok, basymy yalňyş goyar yaly...

"«Seni söýmegime ýüz sebäp» diýip ýazylgy ýürek şekilli gutujygyňdaky her bir «sebäp ýazylgy hatjagaza» dolanan süýjüdir şokoladlary..." – uytgeşijek romantik sowgat eken. Iş edinipdir, oň yaly sowgat beren bolsa. Yakymly. Hasam sowgat däl-de, şoňa wagt sarp edilmegi has gymmatly. Yagny, iň gymmatly sowgat - wagt diyseňem boljak.
Tekstde Màtgurban Mätgurbanam yatlanypdyr.

Yone beyle tekstler yene şahsy hat derejesinde galayyar. Uniwersallyk beryän detallar/pikirler goşulsa, yazgynyň ahmiyeti artardy.
Awtora üstünlik arzuw edyän!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203