Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:49
Şu günki eden gowy işlerim
ŞU GÜNKI EDEN GOWY IŞLERIM

Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň gowy komnatdaşym gowy çaý demläp goýupdyr. Ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsä gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjüler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine “gowy” siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym,
“gowy sözler” aýtdym. Soň gowy köýnegim, jalbarym bilen gowy penjegimi geýdim-de, gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym. Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip salamlaşdym. Ýolda-da gowy maşynlar bar eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy gürrüňler etdik...
Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym... Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. Olam gowy işledi. Ondan soň gowy saýda girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň!
Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! ))

2015ý.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/22532-u-gunki-eden-gowy-ilerim.html. 20.02.2023ý.
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203