Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:51
Suw ber, içeli!

SUW BER, IÇELI!

Garşym alyp duran dilber,
Näzlim, bir suw ber içeli!
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz‑juwan, suw ber, içeli!

Menem geldim illerimden,
Seýran etsem gülleriňden,
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz‑juwan suw ber, içeli!

Senmisiň Arabyň gyzy,
Geýen donlaryň gyrmyzy,
Näz bilen köýdürme bizi,
Gyz‑juwan suw ber, içeýli!

Goly hyzmatda baglyny,
Menzili Ýyldyz daglyny,
Tanyrmy sen Göroglyny,
Gyz‑juwan suw ber, içeli!

Bilbil güle çeker zary,
Aşygyň köýmesin ary,
Göroglynyň söwer ýary,
Bibijan, suw ber, içeli!

***

SUW BER, IÇELI

(Görogly-Harmandäli aýdyşygy)

Görogly:
− Howuz başynda duranlar,
Gülharman, suw ber, içeli.
Sözleşip many berenler,
Gülharman, suw ber, içeli.

Harmandäli:
− Howuz başynda haýyr olmaz,
Düş-de, özüň suw içewer,
Her tilki gaplaň-şir olmaz,
Düş-de, özüň suw içewer.

Görogly:
− Elmydam derbent sakladym,
Gelen ganymy okladym,
Seniň dek näzli ýokladym,
Gülharman, suw ber, içeli.

Harmandäli:
− Suwumny bermenem ýada,
Seniň kimin köp dünýäde,
Zorum gören geler dada,
Düş-de, özüň suw içewer.

Görogly:
– Uzak-uzak ordaňyza,
Myhman bolsam obaňyza,
Ýetim bolsam babaňyza,
Gülharman, suw ber, içeli.

Harmandäli:
– Uzak-uzak ordam ýokdur,
Myhman bolsaň, obam ýokdur,
Men bir ýetim, babam ýokdur,
Düş, özüň suwdan içewer.

Görogly:
– Goja dagdan aşa bilmen,
Ganym görsem joşa bilmen,
Men bir hassa, düşe bilmen,
Gülharman, suw ber, içeli.

Harmandäli:
– Aşyk bolan känden öter,
Magşugynyň golun tutar,
Hassa bolan öýde ýatar,
Düş, özüň suwdan içewer.

Görogly:
− Görogly, gezdim messana,
Emsem lebiň gana-gana,
Näzli ýar etme bahana,
Gülharman, suw ber, içeli.

Harmandäli:
− Bize Harmandäli diýerler,
Iki gözüňi oýarlar,
Etiňi çigleý iýerler,
Atyňy öwür-de gaçawer

Surat: 17-nji asyr ispan hudožnigi Murillonyň kartinasy
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 116 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
1
1 Мango • 11:58, 18.07.2023
suraty görüp "bibijan suw ber içeli" ýada düşüp gitdi...
ýogsam, o suratyň çekilen ýeri-ýurdy çardagly çandybilden has uzakda... ispaniýada...
avatar
0
2 Medicall • 13:26, 18.07.2023
"Göroglynyñ" eşikleri biziñ Göroglyñka meñzänok diýmeseñ "surat goşga görä çekilen" diýse ynanylmaz yalam däliken...
avatar
0
3 Kyyas • 14:32, 18.07.2023
Halk dörejiligi???
Awtory näbelli dilden dile geçen we halkyñ arasynda ýatdan öwrenilen eserler, goşgular bolmalyda.

Bolmasa şu aýdyşygy goşgulary köpçülik bolup düzilmedigi belli. Kä wagt şu sorag köp gelýär???

Çeşmesini sorasañ awtoryny bilemok. Internet sahypasyndan aldym haýsy saytdygyny bilemok diýilip ahyry Çeşme Internet sahypalaryndan diýilşi ýaly. Halk döredijiligi hem şeýle ýaly bolup dur... (Öz pikir çöwürmäm)
avatar
0
4 Мango • 15:01, 18.07.2023
eposlar, dessanlar... halk dörejiligine girýändir-ä?
avatar
0
5 Kyyas • 16:10, 18.07.2023
Şonda-da pikir edip görüñ kimdir birinden çykmasa başlangyjy bir adama direse diýjek boldum...
avatar
0
6 aygull • 16:00, 19.07.2023
Bibijan kän dälmi bu suratda?
"Bibijanlar, suw beriň, içeli" diýseň gowy gelişjek.
avatar
0
7 Мango • 16:10, 19.07.2023
"suw ber içeli" temasy orta asyrda hem çandybilde hem ispaniýada... ähli ýurtlarda populýar bolan ýaly...
pikir edýän, belki şo döwür guýuň başy adamlaryň sosiallaşýan ýeridir. edil biziň internede girişimiz ýaly. olaram her gün guýa suw diýip gelendirler hem ynsanlar bilen sosialla'andyrlar.
göroglam garagol-da, öz döwrüniň sosial setine girip (baryp) suw dilän bolýa. suwsaýanam däldir ýogsam...
suw bahana... mesäžlaşasy gelene meňzeýär.
özem harmandälä gülharman diýip owadanlap ýüzlenen bolýar...
ýöne däli lakamy - dogumlylygy aňladýandyr-la, edil psihikasy bozuk däldir-le...
garaz guýuň başy gyzykly :-)
avatar
0
8 aygull • 16:15, 19.07.2023
Psihikasy düýpli pozuk bolmasa-da, bir naruşeniýa bolansoň, "däli"goşandyrlar,Mango. Dogumly gyz gyt däl başga-da, Aýsoltan bar, Serwijan bar, Döwdergül bar...
avatar
0
9 Мango • 16:22, 19.07.2023
näme sebäpden "däli" goşulýanyny Däli Domruldan sorap görmeli...
näme-de bolsa, başarjaň, gaýduwsyz, dogumlylara o döwürler "däli" diýen bolaýmasalar...
Harmandäliň çyn ady Gülharman ýaly-la.
däli lakamy soň dakylandyr.
gorogly ýaly birine dagy: "iki gözüňi oýup, etiňi çigleý iýerin..." diýip bilýän bolsa, diýmek dogumly gyz (hem däli gyz :-) ...
avatar
0
10 aygull • 16:46, 19.07.2023
Däli sözüni adyň öňünden getirmek bir garaýyş döredýär, adyň yzyndan gelende başga garaýyş. Meselem, Däli Domrul, Domrul däli.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203