Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:42
Haýallasyn pursatlaryň akymy
«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

HAÝALLASYN PURSATLARYŇ AKYMY

Altynsöw saçlarňa baglandy göwün,
Gel, pyşyrdyň bile oýar sen raýym.
«Elhenç» görküň hakda şeýlebir öwün,
Düwüneýin hem sözlerňe büdräýin.

Sen meň şygyrlamda iň oňat açyş,
Täze bir materik — özleşdirmeli.
Ýaz howasy bolup süňňüme garyş,
Sojap lezzet bile alaýyn demi.

Ýogsa näderimi bilmän ýörün men,
Iki jahan owarrasy — telbelän.
Gandallasyn gollarymy örümleň,
Gözlermi çüýlesin tutuş bedeniň,
Men saňa seredip boljak güňu-lal.

Haýallasyn pursatlaryň akymy,
Doňup galjak arasynda hyýallaň.
Kalbyma ornaşsyn deňiz ýakymy,
Daşymy gallasyn edrenji a:llar.

Garylyp Şopeniň lirikasyna,
Sen bilen iň oňat düýşümi görjek.
Sygdyryp gijäni bir gysymyňa,
Şem bolup assadan ýakyp hem ýanyp,

Erä:p,
erä:p
sönjek.

Şemallar biz üçin gaýtalar sazyn,
Gün ýaşar ikimiz duşurmak üçin.
Wysal ot aldyrar gursaklarmyzy
Ýanarys täzeden direlmek üçin.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 190 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
0
1 derwushhana • 22:35, 26.02.2024
Bäh, gözöňme gelip gitdi.

8/10
avatar
0
2 Seýrаn • 22:48, 26.02.2024
Eräp - şu sözdäki ä niräk çekseňem uzyn okalýar. Erä:p diýmek gerek däl. Okyjyny tupoý ýerine goýmak bolýar. Birinji setiriň göçürme. Galan bentleriň gowy.
7/10
avatar
0
3 Küle • 23:09, 26.02.2024
3/10
avatar
0
4 Mekan2 • 09:11, 27.02.2024
7/10
avatar
0
5 Pero • 10:11, 27.02.2024
4/10
avatar
0
6 aygull • 11:54, 27.02.2024
Kapyŷany ýa saklamaly ýa-da saklamaly däl.
Islän wagtyň eýdip, islemedik wagtyňam
beýtseň gelşiksiz.
5/10-täzelik ýokdugy üçin.
avatar
0
7 Hyýalbent • 14:31, 27.02.2024
7/10
awtora üstünlik
avatar
0
8 Gerceknazar96 • 17:46, 27.02.2024
Goşgy göwnüme makul emma täzelik ýok, täsirlilik az ."Gün ýaşar ikimiz duşurmak üçin" diýen setiri ýüregime jüňk boldy. Awtora durmuşda we döreijilikde üstünlik arzuw edip 7/10 baha goýýan
avatar
0
9 sussupessimist • 18:00, 27.02.2024
Ses agaň belligine goşulýan. Eräp sözünde basymy başga nähili goýjak?
Ýöne bu ýerde süýndürjek bolupdyr öýdýän - "erä-ä-äp, erä-ä-ä-ä-p, sönjek" diýjek bolup, ýene Myhman aga ýaly mälemekden çekinen bolaýmasyn? Okaňda şeýle äheň bar ýaly ýaňlandy.
6/10
avatar
0
10 garagar • 22:55, 27.02.2024
7/10
avatar
1
11 Lacrymosa • 23:41, 28.02.2024
10 numara 5 ýyldyz
avatar
0
12 Aýgül_Baýadowa • 23:53, 28.02.2024
Şol sorwaýytlygyňmy, @Lacrymosa?
avatar
0
13 Pegas • 08:24, 29.02.2024
Raý — özakymlaýyn hereket, maýdal.
Indi... bu oýarylýan zatmy?
avatar
0
14 Rowaç • 10:32, 29.02.2024
Ýo, ýaman däl-ä şu goşgy, ýöne özboluşlylyk gerek. Birneme timarlansa Atajan Annaberdä ýakynlaýjak ýaly. Awtoryň ýazyp ýörenligi bildirýär, öz ýolunam tapsa gerek. Şonuň üçrip 7/10.
avatar
0
15 Belki • 11:46, 29.02.2024
"Eräbiñ" başgaça okalyş wersiýasy ýok bolsa, o ýerdäki iki nokat nämä gerekkä?
Bir-iki bentde başaşa gidipdir, soñ 5 setire geçipdir. Soñkylarda boşaşalap ugrapdyr. Aradaky "eremeli" ýerem göze batyp dur. Ýöne şularyñ hemmesine garamazdan delje pikirler, gowja tapyndylar ýetik. Aralarda aýdylýan pikirler jemlemeden has güýçli bolupdyr. Başaşa yzygider saklananlygynda Sungat agañ poeziýasyna meñzejek eken. Gowy goşgy. Üstünlik!
avatar
0
16 Rowaç • 13:08, 29.02.2024
Ýak-eý, şü "forma", "galyp" ýaly galyplardan çakyp, "boşaşa", "başaşalardanam" böksek, özboluşlylyga ymtylsak kem dälmi? Jemlemäň güýçli bolmagam hökman däldir, belki?!
avatar
0
17 paragraph • 05:04, 02.03.2024
10/10
avatar
0
18 LegLek • 07:22, 04.03.2024
7/10
avatar
0
19 Garlawac • 08:59, 04.03.2024
Tanyş awtoryň ysy gelýär. Şo-o gözläp ýören sadalygymy tapyp bilmän geçdim...

Poeziýany däliretjek aýylgançlyklara garaşýas ...
(@garlawaç! Hemmäň adyndan gürlemegiňi haçan bes etjek?!:)
avatar
0
20 Melike • 22:46, 05.03.2024
6/10
avatar
0
21 janjennet • 13:30, 13.03.2024
5/10
avatar
0
22 Мango • 01:58, 19.03.2024
Sojap lezzet bile alaýyn demi...

sojamak - lezzetli zat däl-ä....
(Sojamak - Ýadamak, aglamak we ş. m. zerarly çalt-çalt dem almak, haşlamak).
5/10
avatar
0
23 Gülkamat • 16:57, 21.03.2024
8/10 mendenem
avatar

Старая форма входа
Total users: 203