06:43 Mäne baba | |
ŞYHYŇ HALATLYLYGYNYŇ BAŞLANGYÇ DÖWRI Bilgin, biziň şyhymyz (goý, Alla onuň ruhuny eziz etsin!) hiç wagt özüne «men» ýa-da «biz» diýmezdi. Ol özi barada ýatlan ýerlerinde hem «olar şeýle aýdypdyrlar» ýa-da «olar şeýle edipdirler» diýerdi. Eger onuň doga edijileri bolan biz bu ýygyndyda onuň sözleýiş aýratynlygyny – ondan teperrik alan zatlarymyzy bolşy-bolşy ýaly bersek, käbir okyjylar sözleriň tertibine we manysyna düşünmekde kynçylyk çekerler, şyhyň aýdanlaryny oňat ýatda saklap bilmän, sözleriň aýdylyşyny şyhyň aýtmak islän manysynda kabul edip bilmezler. Eger şyh hemme ýerde özi barada gürrüň gidende özüne «olar» («işan») diýip ýüzlenýän bolsa, köpler onuň manysyny ýatdan çykaryp, kitabyň başyndaky bir hekaýaty okap, aýdyljak bolýan zada başgaça düşünerler. Şol sebäpli hemişe size ýagşylyk dogasyny okamak bilen, bu kitaby ýazan sizden müň mertebe ötünç sorap, şyhyň «olar» diýip ulanan sözüni «men» ýa-da «biz» diýip ýazmaly boldy, çünki okyjylaryň arasynda bu söz şol manyda ulanylýar we başga hili ulansaň, sözlemiň manysyna zeper ýetýär. Ýöne «men», «biz» diýip ýazan sözlerimiziň şyhyň mübärek dilinde «olar» diýlip ulanandygyny ýatdan çykarmaly däldiris, çünki akylla bir yşarat ýeterlikdir. Bilgin, biziň şyhymyz Abu Seýidiň kakasynyň ady Abylhaýyr bolupdyr. Ol attar, takwa, dindar bolan. Şerigatdan we tarykatdan habarly, hemişe sopular we tarykat ýolundaky derwüşler, ulamalar bilen oturyşyp-turşan adam bolupdyr. Şyh Abu Seýit 357-nji hijri ýylynyň aşyr aýynyň ilkinji Dynçgüni dünýä inipdir. Şyhymyzyň kakasy dogan-garyndaşlary bilen Mänede oturýardy. Olar hepdäniň her güni biriniň öýüne ýygnanyşar ekenler we ýakyn bolsun, ýat bolsun, beýleki adamlardan hem käbirlerini oturylyşyga çagyrar ekenler, nahardan soň hem namaz okap, doga aýdyşyp, soňra hem sema eder ekenler. Bir gije Abylhaýyr derwüşleriň biriniň çakylygyna gitmekçi bolanda, şyhyň enesi (goý, Alla oňa rehmet etsin!) derwüşleriň we ezizleriň nazary düşşin diýen umyt bilen ogluny hem äkitmegini haýyş etdi. Abylhaýyr hem şol wagt entek oglan şyhymyzy ýany bilen alyp gitdi. Sema edýärkäler aýdyjy şu rubagy setirlerini aýtdy: Yşk derwüşlere Allaň serpaýy, Özüni gurban etmek olaryň paýy. Dinardan, dirhemden mertebe bolmaz, Ol pida bolmakdyr ýatlap Hudaýy. Aýdyjy bu aýdymy aýdýarka, derwüşler ajaýyp hala düşüp, ertire çenli şol aýdyma goşup, raks etdiler. Olar şeýle halatda bolan pursatlary we aýdyjynyň ol aýdymy gaýtalap durmagy bilen şyh ol rubagyny ýat tutdy. Öýe gelenlerinden soň, şyh kakasyna şeýle sowal bilen ýüzlendi: «Aýdyjynyň ol aýdan aýdymynyň we derwüşleriň oňa goşulyşyp, şady-horram bolup, raks etmekleriniň manysy näme?» diýip soranda, kakasy: «Sesiňi çykarma, sen onuň manysyna düşünmersiňem, bilmersiňem, seniň ol zatlar bilen näme işiň bar?» diýen. Haçan-da biziň şyhymyz şol ugurdan belent mertebä ýetende, kakasy Abylhaýyr ýurduny täzelän eken. Biziň şyhymyz soň-soňlar hem ýokarky aýdymyň setirlerini ýygy-ýygydan gaýtalapdyr we «Abylhaýyr şu ýerde bolan bolsa, «Şol wagtky eşiden zadyňa özüň hem düşünmeýärdiň» diýerdim» diýer eken. Aýtmaklaryna görä, biziň şyhymyzyň kakasy Abylhaýyr Soltan Mahmyda aýratyn hormat goýar eken. Onuň Mänede bir köşgi bolan, ol häzir Şyhyň köşgi (Şyhyň saraýy) ady bilen meşhurdyr. Ol jaýyň diwarlaryna, umuman, mümkin bolan ähli ýerine Mahmydyň adyny nagyş etmeklerini, onuň hyzmatkärleriniň, pilleriniň, atlarynyň suratlaryny çekmeklerini ussalara buýrupdyr. Şol döwürde biziň şyhymyz entek oglan eken. Ol bir gün kakasyna: «Şu köşkde maňa-da bir jaý salyp bersene, ýöne ol diňe meniňki bolup, hiç kim oňa girmäge het edip bilmesin» diýipdir. Kakasy oňa köşgüň ýokarsyndan bir jaý saldyrýar we ol jaý soň-soňlar şyhyň hüjresi bolup galýar. Jaýy salyp, suwap bolanlaryndan soň, şyh binagärlere jaýyň ähli ýerine «Alla, Alla, Alla» diýip ýazmaklaryny buýrupdyr. Kakasy oglundan: «Bu näme boldugy?» diýip soranda, ogly: «Her kim öz jaýynyň diwaryna öz emiriniň adyny ýazýar» diýip jogap beripdir. Kakasy onuň bu sözüne örän begenipdir, öňki eden işlerine puşman edip, köşgündäki ähli ýazgylary ýok etmeklerini buýrupdyr. Ol şondan soň ogluna başgaça seredip başlapdyr we şyhyň amallaryny ýüregi bilen goldapdyr. Biziň şyhymyz Abu Seýit Gurhany Kerimi hoja ymam Abu Muhammet Annazydan öwrenipdir. Ymam takwa adam bolup, Horasanyň belli karylaryndan hasaplanan. Onuň mazary Nusaýdadyr. Biziň şyhymyz şeýle gürrüň beren: «Oglankak, Gurhany Kerimi öwrenip ýören döwrümiz, kakam Abylhaýyr meni juma namazyna äkidýärdi. Bir gün metjide barýarkak, ýolda bize Abylkasym Beşer sataşdy. Ol hem biz bilen ugurdaş namaza barýan eken. Ol öz döwrüniň iň tanymal alymlaryndan we beýik şyhlaryndan biridi. Ol Mänede ýaşaýardy. Ol bizi gördi-de, «Eý, Abylhaýyr, bu oglan kimiň ogly?» diýip sorady. Kakam: «Biziňki» diýip jogap berdi. Kakam şeýle diýenden, ýanymyza gelip, dyza çökdi-de, ýüzüni ýüzüme öwürdi. Onuň gözleriniň owasy ýaşdan doludy. Soňra ol şeýle diýdi: «Biz welaýat boşap galar diýip howpurgap, bu jahandan gidip bilmeýärdik, derwüşleriň ýollaryny urduraryndan gorkýardyk. Bu gün seniň perzendiňe gözüm düşenden, welilik makamynyň (derejesiniň) bu oglanyň nesibesi boljakdygyna doly ynandym». Soňra ol kakama şeýle diýdi: «Namazdan çykanymyzdan soň, ony meniň ýanyma alyp gel». Namazdan çykanymyzdan soň, kakam meni Abylkasym Beşer Ýasynyň ýanyna alyp bardy. Biz hüjrä girip, onuň ýanynda oturdyk. Ol hüjräniň ýokary başragynda bir tekje bardy. Abylkasym Beşer Ýasyn kakama: «Abu Seýidi egniňe mündür, goý, ol tekjedäki külçäni alsyn» diýdi. Kakam meni ýokary galdyrdy, men elimi uzadyp, tekjedäki külçäni aldym. Arpa unundan bişirilen külçe, meniň duýşuma görä, ýyp-ýylydy. Abylkasym Beşer Ýasyn ony menden alanda, gözleri ýaşdan doldy. Ol külçäni iki bölüp, ýarysyny «Iý» diýip maňa berdi, beýleki bölegini özi iýdi, ýöne kakama hiç zat ýetmedi. Kakam şonda: «Eý, şyh, bu mukaddes zatdan meniň nesibämiň bolmazlygy nämedenkä?» diýende, Abylkasym Beşer Ýasyn şeýle diýdi: «Eý, Abylhaýyr, bu külçäniň şol tekjede goýlanyna otuz ýyl boldy. Bize wada berişlerine görä, «Jahana täzeden jan berjek ynsan şol külçä elini degrende, külçe ýylar» diýip ynandyrypdylar, indi hem görşüňiz ýaly, ol gürrüň hakykata öwrüldi. Jahana täzeden jan berjegiň seniň ogluň boljakdygyny saňa buşlaýaryn». Soňra Abylkasym Beşer ýene şeýle diýdi: «Bu sözleri aýtmaga ezberle we hemişe aýdyp gez: «Subhaneke we bi-hamdike ala hilmike bade ilmike, subhaneke we bi-hamdike ala afwike bade kudretike». Biz hem bu sözleri ezberläp, hemişe gaýtalap gezdik. Soňra biz daşary çykdyk, ýöne ol gojanyň şol gün näme diýenine oňly düşünmändik». Şondan soň hem bu pir uzak ýyllap ýaşady we beýik mertebä ýeten şyhymyz ondan köp ýagşylyklar gördi. Biziň şyhymyz şeýle diýen: «Gurhany Kerimi doly okap çykanymdan soň, bir gün kakam maňa şeýle diýdi: «Biz ertir edep mugallymynyň ýanyna gitmeli». Men kakamyň sargydyny ussada ýetirdim. Ol «Mübärek bolsun» diýip, ak pata berdi we soňra: «Meniň şu sözlerimi hiç wagt ýatdan çykarma: «Ýer ýüzüniň mal-u mülki seniňki bolandan, bir göz açyp-ýumasy salym hak ýolunda bolsaň haýyrlydyr» diýdi. Biz onuň bu nesihatyny tutduk. Ussat: «Bizi bagyşla, amal et» diýdi. Biz: «Bagyşladyk» diýdik. Ol: «Hudaýtagala saňa we seniň ylmyňa bereket bersin» diýdi. Ertesi kakam meni hoja ymam Abu Seýit Annazynyň ýanyna alyp bardy. Ol ymam, müfti we edipdi. Onuň ýanynda birnäçe wagt bolduk. Şol aralykda Abylkasym Beşer Ýasynyň ýanyna gatnadyk we musulmançylygy şondan öwrendik». Biziň şyhymyz ýene şeýle gürrüň beren: «Bir gün Abyl-kasym Beşer Ýasyn bizi ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Eý, Abu Seýit, tamakinçilik edýän amallaryňdan uzaklaşmaga ça-lyş, çünki yhlas bilen tamakinçilik bir ýere sygyşýan zat däldir, tamakinçiliksiz kylnan amal Hudaýa gullukdyr». Soňra ýene şeýle diýdi: «Sen Resulallanyň şu sözlerini hem unutma: «Ol şeýle diýen: «Hudaýtagala magraç gijesi maňa şeýle diýdi: «Eý, Muhammet, bize öz parzlaryny özi berjaý edýän adam¬lardan ýakyn adam ýokdur, şeýle adam meniň üçin eziz adam bolar, men onuň gulagy, gözi, eli we halasgäri bolaryn. Ol me¬niň bilen eşider, meniň bilen görer, meniň bilen tutar». Soňra şeýle diýdi: «Parzlary berjaý etmek, Alla gulluk etmekdir, nepil namazlaryny okamak meni dost tutmakdyr» diýen. Soňra şu beýti aýdypdyr: Tamakinçiliksiz dostluk gullugnyň, Gadyr-gymmatyna çäk goýup bolmaz. Dostlugy dost bolup gaýtaryp berseň, Ol kimiýa deýindir, gymmat kemelmez. Biziň şyhymyz şeýle gürrüň beren: «Bir gün Abylkasym Beşer Ýasynyň ýanyndakam, ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ogul, Allatagala bilen söhbetdeş bolmak isleýärmiň?» diýdi. Men: «Isleýärin, näme üçin islemäýin?» diýdim. Ol maňa: «Her wagt çola ýerde ýekekäň diňe şuny gaýtala, başga zat diýmegin» diýip sargap, şu beýtleri aýtdy: Janym, sensiz ýürekde karar galmady, Haýr-u yhsanlaryň çägi bolmady. Tenimdäki her bir tüýe dil bitse, Müň şükrüňden birin aýdyp bilmezdi. Biz bu sözleri hemişe gaýtalap gezerdik we şonuň be¬re-ketinden çagalykdan bize hakykata ýol açyldy». Abylkasym Beşer Ýasyn 380 -nji hijri ýylynda Mänede ýogaldy (goý, Alla onuň ruhuna röwşenlik bersin!). Biziň şy-hymyz Mäne gonamçylygyna baranda, ilki şonuň mazaryna zyýarat ederdi. özgerilişik goşmandyr, çünki mürit piriniň aýdanyn¬dan çykmandyr, şol ýörelgä üýtgeşiklik goşmandyr, hiç zady ondan aýryp taşlamandyr. Goý, käbir adamlar biziň «Ol şapygy mezhebiniň meşaýyhlaryndan bolupdyr» diýen ýazgymyza geňirgenmesinler. Munuň özi belent mertebeli Abu Hanypa Kufynyň mezhebine hiç hili nogsan ýetirmez. Şyhymyz Abu Seýit şol ýagdaýda hem kätä ylalaşyp, kätä ylalaşman, bäş ýyllap Abdylla Hyzyryň ýanynda tälim alypdyr. Şyh öz tefsirini tamamlan döwürlerinde, ymam Abdylla hem ýurduny täzeläpdir Bir gün biziň şyhymyz sözüniň arasynda şeýle diýdi: «Bir batyl goja bardy we metjide gelip, belli ýerde oturýardy we hasasyny arka tarapynda goýýardy. Ol metjit Mänede şyhyň ma¬zarynyň garşysynda ýerleşýärdi. Bir gün biz kitaply tor¬bamyzy ýanymyza alyp, edebiýat mugallymynyň sapagyndan gelýärdik. Ol goja salam berdik. Ol salamymyzy alyp, şeýle diýdi: «Abylhaýyryň oglumyň?» Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Ýene näme okaýarsyň?» diýende, biz: «Pylan kitap, pylan kitap» diýip jogap berdik. Ol goja şonda bize ýüzlenip: «Yl-myň hakykatlygy onuň syrlary açyp bilýändigindedir» diýdi. Biz ol günler «hakykat näme», «syrlary açmak näme» – bu zatlara düşünmeýärdik, diňe altmyş ýyl geçenden soň, Hak Subhana we Tagala bu sözleriň manysyny bize aýdyňlaşdyrdy. Biziň şyhymyz Abu Seýit dil öwrenmegi tamamlap, fykh öwrenmek höwesi bilen Merwe tarap ýola düşýär. Şyhymyz bir gün sözüniň arasynda şeýle diýen: «Biz Mäneden fykh öw¬ren¬mek üçin Merwe baranymyzda, jahylyýet döwrüniň goş¬gu¬la¬ryn¬dan otuz müň beýti ýatdan bilýärdim». Soňra biziň şyhy¬myz Merwde ymam Abu Abdylla Hyzyryň ýanyna barýar. Ol öz döwrüniň ymamy, zamanasynyň müftisi we tarykat ylmyna ökde adamdy. Iliň öňüne çykyp bilýän ymamlar, ulamalar hem dürli meseleler boýunça oňa ýüz tutýardylar. Ol Ibn Sureýjiň şägirdidi. Ibn Sureýç Muzanynyň, Muzany hem şapygy Mutta¬lybynyň şägirdidi (goý, olaryň jaýy jennet bolsun!). Biziň şyhymyz hem şapygy mezhebine eýerýärdi. Şeýle-de şapygydan soňky dörän meşaýyhlaryň hemmesi şapygy mezhebindendiler. Eger kimdir biri başga bir akyma ynanyp, şol mezhebe girmekçi bolaýsalar-da, Haktagalanyň özi kämil danalygy, çäksiz sahawaty bilen şyh Husry ýaly hemmesini şapygy mezhebine ugrukdyrýardy. Şyh Husry, käbir beýleki şyhlar ýaly, bagdatly belli şyhlardandy. Eger olaryň hersiniň işlerini yzygiderli beýan etjek bolsak, bu biziň örän köp wagtymyzy alar. Şapygydan öňki dürli ýörelgelere ynanan adamlar bolsa, ata-babalarynyň we pirleriniň uýan mezhep¬le-ri¬ni dowam etdirdiler. Köpleriň pikirine görä, Beýik şyh Baýezit Bestamy (goý, Alla onuň ruhuny eziz etsin!) uly hormatly, be¬ýik ymam Abu Hanapy Kufynyň mezhebini dowam etdiripdir, ýöne bu beýle däl, çünki şyh Baýezit Japar Sadygyň müridi we suwçusy bolan. Japar Baýezide hemişe «suwçy» diýip ýüzlen¬ýär eken. Baýezidiň piri hem Muhammet Mustapanyň mübärek neberesiniň — Japaryň mezhebindendir hem-de onuň tarykaty¬na hiç bir. Onuň mazary Merwdedir. Ol ýogalandan soň, şyhymyz ymam Abubekr Kaffaly Merweziniň ýanyna baryp, ondan ýene-de bäş ýyllap fykh öwrenipdir. Ymam Kaffalynyň derslerine biziň şyhymyz bilen bile gatnap, ondan tälim alanlardan şyh Nasyry Merwezi, şyh Abu Muhammet Jüweýni, şyh Abu Aly Sençi dagynyň her biri jahanyň buý¬sanjy bolup geçdiler. Şyhymyz ymam Kaffalynyň ýanynda wagty iki tefsiri ýazyp gutarypdyr. Ol Merwden soň Saragta tarap ýola düşdi. Şol döwürde şapygy mezhebini ýaýradan, hadys, tefsir we fykh ylymlaryn-dan öňüne adam geçirmedik ymam Abu Aly Zahyr ibn Ahmet Saragtda ýaşaýardy. Şyh ol dana kişiniň ýanyna geldi. Şu ymamlaryň kömegi bilen bu welaýatlaryň adamlary şapygy mezhebini kabul etdiler. Olardan Hamyt Zenjewiýe Parawa we Nusaý welaýatlarynda, Abu Omar we Feraty Astuda we Hu-janda, Abu Seýit Mäneli Abywertde we Haweranda, Abu Aly Fakyh Saragtda uly işleri amal etdiler. Şeýlelikde, biziň şyhymyz Abu Aly Fakyh bilen Abu Alynyň ýanynda tefsiri, günortan yslamyň esaslaryny, agşamy¬na bolsa pygamberimiziň ömür beýanyny öwrenýärdi. Bu üç ders boýunça ol Abu Aly Fakyhyň şägirdidi we onuň mazary Saragtdadyr. Ol köp wagtlap şu tertipde onuň ýanynda ylym öwrendi. Ol bir gün Lukmana gabat gelýär. Şyhymyz şonda oňa: «Köp wagt bäri ylym öwrenmek üçin Saragtda, Abu Aly Fykhyň ýanynda bolduk» diýýär. Birnäçe gün geçenden soň, ol ýene-de Lukman Saragtyny görýär. Ol bir üýşmek külüň üs¬tünde oturyp, possunynyň ýyrtyklaryny ýamaýardy. Lukman ylym uran adamdy. Biziň şyhymyz Lukman barada şeýle di¬ýerdi: «Lukman irki döwürlerinde örän erjel we takwa adam bolupdyr, soňra oňa dälilik alamatlary ornaşyp, öňki mertebe¬sini gideripdir. Oňa: «Eý, Lukman, seniň öňki bolşuň nähilidi, bu bolşuň nähili?» diýenlerinde, ol: «Iläh-ä, patyşalaryň gulam¬lary garranda, ony azat edýärler. Sen biziň eziz patyşamyz, saňa gulluk edip garradym, indi meni azat et» diýip ýalbardym. Şonda gulagyma şeýle ses geldi: «Eý, Lukman, seni azat et¬dim». Azatlygyň nyşany hökmünde Alla onuň akylyny alyp¬dyr». Şyhymyz tekrarlap: «Lukman Allanyň nehiden azat eden bendesidir» diýerdi. Şyhymyz şeýle diýerdi: «Bir gün men onuň ýanyna baranymda, ol bir bölek ýamalygy possunynyň ýyrtygyna tikip oturan eken, men oňa seredip durdum. Meniň kölegäm onuň ýamap oturan ýamalygyna düşüpdir. Lukman ýamalygy pos¬suna tikenden soň şeýle diýdi: «Eý, Abu Seýit, biz seni ýama¬lyk bilen possuna tikdik» diýdi-de, ýerinden turup, meniň elimden tutup, şäher hanakasyna tarap ýöneldi. Pir Abylfazl Hasan şol hanakada bolýan eken. Ol seslenip, gelendigini mälim etdi. Meniň ellerim entek Lukmanyň elindedi. Meniň elimi pir Abylfazlyň eline tutdurdy-da: «Eý, Abylfazl, bulary sakla, bular seňki» diýdi». Abylfazl pir örän sahawatly ynsan bolupdyr. Biziň şyhymyz şan-şöhratyň çür depesine çykan wagty, Abylfazl pir dünýäden gaýdan eken. Bir gün şyhy¬myz¬dan: «Sende şeýle ýagdaý haçan başlady?» diýip soranlarynda, ol: «Abylfazl piriň bir bakyşyndan başlady. Biziň Abu Aly Fakyhda okaýan döwrümiz biz suwly ýabyň kenaryndan bar¬ýardyk we ol kenardan pir beýleki ugra barýardy. Ol şonda bir gezek seretdi we bizde şeýle ýagdaý başlady. Biz nähili derejä ýeten bolsak, hemmesi şondandyr» diýen. Şyhymyz şeýle diýen: «Abylfazl pir biziň elimizden tu¬tup, hanakasynyň sekisinde oturtdy. Abylfazl pir eline bir dep¬der alyp, oňa seredip başlady. Biziň kellämize şeýle pikir geldi, ol ulamalaryndan hemişe endigine görä: «Bu haýsy kitap?» di¬ýip sorar eken. Pir muny ýagny onuň soranjaňlygyny bilýän eken. Ol şeýle diýdi: «Eý, Abu Seýit, şu dünýäden bir ýüz ýig¬ri¬mi dört müň pygamber ýaşap geçendir, ýöne olaryň hem¬me¬siniň maksady bir sözde jemlenipdir we olar hemişe «Alla» diýip çagyrýandyrlar. Olaryň hemmesi ähli halka şu sözleri dyngysyz gaýtalamagy buýurýardylar. Adamlar şu sözleri köp gaýtalap, şonuň içinde gark bolup galýardylar we ähli zatdan päk¬len¬ýär¬diler. Bu söz olaryň ýüreklerinde döräni üçin, hiç za¬da mätäçlik çekmeýärdiler». Şyhymyz şeýle diýen: «Bu sözler bizi awlady we ol gije biz uklap bilmedik. Ertesi irden namaz-salawa¬ty¬myzy berjaý kylanymyzdan soň, pirden rugsat alyp, Abu Aly Fykyhyň ýanyna tefsir sapagyna geldik. Biz ýerimiz¬de otura¬nymyzdan, pir dersi aşakdaky aýat bilen başlady: «Soňra olary özleriniň gark bolan nädogry ýollarynda azaşan ýagdaýlarynda terk ediň» . Şol sözüň keramatyndan şol wagt meniň kalbymyň bir gapysy açyldy we menden meni alyp gitdiler. Abu Aly men¬de bolup geçýän özgerişlikleri duýdy-da: «Düýn sen nirede bolduň?» diýip sorady. Men: «Abylfazl Hasanyň ýanynda» diýip jogap berdim. Ol: «Ýeriňden tur-da, şol ýere ugra, seni manydan aýryp, söze getirmek haram bolar» diýdi. Men bu söze haýran galyp, piriň ýanyna ugradyk. Pir meni görenden şeýle diýdi: «Öňi-ardy tanamaz serhoş bo¬lup¬syň». Men: «Eý, şyh, näme buýrarsyňyz?» diýdim. Ol: «Içeri gir-de, otur we şu sözden aýrylma, bu sözüň seniň bilen köp işi bolar?» diýdi. Men köp wagtlap onuň bu sözlerini gaýtalap gezdim. Bir gezek ol: «Eý, Abu Seýit, bu sözüň derwezesi saňa açyldy, indi seniň kalbyňa ylahy rehmetler hüjüm edip başlarlar, sen dürli dereleri görmeli bolarsyň» diýdi. Soňra sözüni dowam etdirmek bilen: «Seni äkitdiler, seni äkitdiler, seni äkitdiler. Tur-da, hylwat agtar. Özüňi terk edişiň ýaly, halky hem terk et, ähli işlerde örän ünsli we sadyk bol» diýdi. Şondan soň men ähli ylymlary we mejlisi taşlap, Mänä geldim, hüjrä girip, ýedi ýyllap, «Alla, Alla, Alla» diýip oturdym. Her wagt meni gaflat ukusy basmarlap başlanda, ýaraglary ataş ýaly ýalpyldap duran bir gara kişi mährapdan çykyp, haý-batly sesi bilen bize gygyrardy we: «Abu Seýit, Alla diý» diýerdi. Men gije-gündizläp gorkudan ýaňa sandyrap, ot içinde ýaly lerzan urýardym we gaflat ukusy meni basmarlap bil¬meýärdi. Men tä bedenimiň her bir zerresi «Alla, Alla, Alla» diýip seslenýänçä, şol bolşumy sakladym. Soňra pir Abylfazlyň ýanynda boldum». Pir Abylfazl Hasan biziň şyhymyzyň söhbet piridi we pir Abylfazl şyh Abu Nasr Serrajyň mürididi. Ony halk arasynda «Tawus al-pukara» («Pukaralaryň tawusy») diýip atlandyrýar¬dy¬lar. Onuň asyl ýerligi Tusdan bolup, tarykat we hakykat alym¬lary barada birnäçe kitaplary bardyr. Onuň jaýlanan ýeri hem Tusdur. Onuň özi hem Abu Muhammet Abdylla bin Mu¬ham¬met Murtaşyň mürididir. Ol örän tanymal adam bolan we Bagdatda aradan çykan. Onuň özi hem Jüneýdiň mürididir we Jüneýt hem Syry Sagtynyň müridi bolan. Syry Karahyň tany¬mal müridi we ol Dawut Taýyň müridi, ol hem Habyp Ajamyň müridi we ol hem Hasan Basrynyň müridi bolan. Ha¬san Basry hem Aly ibn Abu Talybyň müridi. Ol hem pygam¬berimiz Mu¬hammet Mustapa sallallahu aleýhi wesellemiň gi¬ýew¬si we mürididir. Biziň pirimiziň söhbet pirleri şolar bolan. Biziň şyhymyz Abylfazl Hasan piriň ýanynda bolansoň, pir oňa öz hüjresiniň gabadyndan jaý berdi we hemme ýag-daý¬laryndan habar tutup durdy, ahlak päkligiň we çillä oturmagyň ähli şertiniň berjaý edilmegini ondan haýyş etdi. Şyhymyz şeýle diýdi: «Bir gije adamlar uka gidipdiler, hanakanyň gapysy ýapykdy, Şähristanyň gapysy hem baglydy, Abylfazl pir sypanyň üstünde oturyp gürrüň berýärdi. Şol ara¬lyk¬da magrypetiň kyn meseleleriniň biriniň üstünden bardyk. Şol wagt, birdenkä hanakanyň üstünden Lukman böküp düşdi. Ol piriň öňünde oturyp, meseläniň çözgüdini düşündirdi. Me¬se¬le aýdyň bolandan soň, ýene-de böküp, jaýyň üstüne çykdy. Abylfazl pir şeýle diýdi: «Eý, Abu Seýit, bu adamyň Allanyň dergähindäki derejesini gördüňmi?» diýip soranda, «Gördüm» diýip jogap berdim. Ol: «Oňa bil baglap bolmaz» diýdi. Men: «Näme üçin?» diýip soranymda, ol: «Çünki onda ylym ýok» diýdi». Şyhymyz ol öýde köp wagtlap çillä oturandan soň, Abyl-fazl pir şyhy öz hüjresine ýanaşyk jaýa geçirmeklerini buýurdy we köp wagtlap olar bir ýerde ýaşadylar. Ol gije-gündiz şyhyň halyndan habar alyp durýardy we oňa çillä oturmagyň dürli görnüşlerini öwredýärdi. Soňra Abylfazl pir biziň şyhymyzy Mänä ugradyp, oňa: «Ejeň hyzmatynda bol» diýip sargan. Şyhymyz Mänä gelip, öňki bolan hüjresinde ýerleşýär, takwalygyny kämilleşdirýär. Onuň ýüregine uly dowul düşýär, çünki ol täret almak üçin birnäçe kündük suwy dökýärdi, her namazynyň öňünden gusul edýärdi. Ol hiç wagt gapa, diwara, dikilen pürse, daragta, ýas¬syga we şuňa meňzeş zatlara ýaplanmaýardy, düşekde gyşaryp ýatmaýardy. Şol döwür onuň bar eşigi ýeke köýnek bilen balagydy, onuň bir ýeri ýyrtylsa, ýamalyk basýardy, üsti-üstüne tikilen ýamalyklardan ýaňa bir köýneginiň agramy ýigrimi mana ýeten. Ol hiç kim bilen basdaşlyk etmeýärdi, zerur bolmasa, agzyny açmaýardy. Ol şol döwürde gündizine hiç zat iýmän, diňe bir döwüm çörek bilen agzyny açýardy. Gije-gündiz uklamaýardy. Ol öz hüjresinde, dört diwaryň arasynda öz boýuna we inine deňäp bir çukur gazdy we oňa bir gapy açdy. Ol çukurda bolýan wagty howlynyň, jaýyň we hüjräniň gapylaryny ýapýardy. Ol şeýdip hemişe zikr çekmäge meşgul bolýardy, hiç zat ünsüni bozmaz ýaly, başga sesi eşitmez ýaly gulaklaryna pagtany pugta dykýardy, şeýtse, onuň bar ünsi bir ýere jemlenýärdi, öz kalbynda Haktagala we Subhanyň syr¬la¬ryn¬dan başga zada orun bermeýärdi, ol köpçülikden doly çet¬leşipdi. Şeýle ýagdaýyň uzak wagtlap dowam edenligi se¬bäp¬li, adamlar bilen gürleşmäge sabyr-kanagaty galmandy, adamlar bi¬len görüşmek hem onuň üçin güzapdy. Ol hemişe çölüs¬tan¬lykda we daglarda ýeke gezer ýörerdi. Ol bir gezek bir aý ýigrimi gün çölüstanlykda ýitipdir we hiç kim ony görmändir. Kakasy ony taparyn diýen umyt bilen gije-gündiz gözlese-de, oňa gabat gelmändir, Mänäniň eke¬ran-çylyk ýa-da çarwadarçylyk maksady bilen ýaýlaga çykýan çom¬rularyndanmy-çarwalaryndanmy, gelýän kerwenlerdenmi biri şyhymyzy görüp, kakasyna habar beripdirler. Ol şyhymyzy yzyna alyp gelipdir we şyhymyz atasynyň razylygy üçin öýüne dolanypdyr. Ony her gezek şeýdip alyp gelmeli bolýardy, çünki ol adamlar bilen öwrenişip bilmän, daglara we sähra gaçyp gidýärdi. Mäneliler ony daglarda we beýewanlarda ak lybasly, haýbatly bir ýaşuly bilen görýärdiler. Biziň şyhymyz halatly de¬rejesine ýetende, ondan: «Şol günler siziň ýanyňyzda haý¬batly bir ýaşulyny görýärdik, ol kimdi?» diýip soranlarynda, ol: «Hydyr alaýhyssalamdy» diýip jogap beripdir. Şyh Abylkasym Jüneýt Aly Şermekanynyň ýazgylarynda şeýle zada gabat geldim. Ol şeýle ýazýar: «Men bir gezek şyh Abu Seýit bilen Mäne ýolunda bile barýardym. Ýolumyz daglykdan ötýärdi. Ol men biçärä garap şeýle diýdi: «Eý, Abyl¬kasym, bu dag Allatagalanyň Idris alaýhyssalamy asmana alyp çykan dagydyr. «Biz ony belent mertebä göterdik» . Ol bu söz¬leri aýdandan soň, «Idris alaýhyssalamyň hüjresi» ady bilen ta¬nalýan bir dagy görkezdi. Ol Jeýr we Teýarandan iki parsah¬lykda ýerleşýär. Soňra şyh sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi: «Bu daga Gündogardan we Günbatardan gelýän köp, olar gi¬je¬lerini şu ýerde geçirýärler, olar bu ýerde köp sanly metjitler gurup¬dyrlar, biz hem köp gezek bu ýerde bolduk. Bu ýerde dagyň seňrikläp duran bir burny bar, ol dagyň somalyp duran bir bölegi. Eger biri şol ýere baryp aşak seretse, gorkudan ýaňa özünden gidýär. Biz şol kertde namazlygymyzy ýazyp, öz-özü¬mize Allatagalanyň ýardamy bilen iki rekagat namazda Gur¬hany Kerimi dolulygyna hatm edeli. Eger uklaýsak para-para bolaly» diýdi. Gurhany Kerimiň bir bölümini okap, seždä gi¬de¬ni¬mizden, uky meni basmarlady we başym seždä ýetmänkä uk¬lap, togalanyp gidipdirin. Ukudan oýananymda, men howada ekenim we: «Eý, Allam, aman sakla» diýdim. Allatagala öz lut¬fy-yhsany bilen bizi howadan alyp, bir dagyň depesinde goýdy». Şyh, köplenç, Könegalada oturypdyr. Ol gala Mänäniň go-laýynda Abywert ýolunyň ugrunda bolupdyr. Biziň pirimiz ol ýerde uzak wagtlap dini parzlaryny berjaý etmek bilen çillä oturypdyr. Bu ýerde Mäne derwezesiniň ýakynynda Merw ýolunyň ugrunda bir beýik depe bardy we oňa Zakal diý¬ýär¬di-ler. Ondan başga-da, Tus ýolunyň ugrunda, şäherden iki par-sah¬lyk uzaklykda, dag eteginde bir gala bardy we oňa «Rabaty serkelle» («Serkelle galasy») diýýärdiler. Mäne derwezesinden çykyp, mazarystanlyk tarapa gideniňde hem bir gala bar, ol gala barada şyh şeýle diýerdi: «Bir gün töwerek läbik bolup ýatyrdy we meniň ýüregim gysyp, gaýgy-gam basmarlaýardy. Biz baryp galanyň gapysynda oturdyk. Ejem gelip: «Içeri gir, içeri» diýmäge başlady. Biz oňa sypaýyçylykly jogap berdik. Onuň içeri girip oturanyna gözümiz ýetenden, biz ýerimizden turup, köwüşlerimizi elimize aldyk, mazarystandaky gala bar¬dyk. Ol ýere baranymyzdan akyp ýatan suwa aýaklarymyzy ýuwup, köwüşlerimizi geýip, galanyň gapysyny kakdyk. Der¬we¬zeban gelip, gapyny açdy we biziň köwüşlerimize seredip şeýle diýdi: «Bu ýagyş-ýagmyrly günde, dünýe durşuna lüýk bolup ýatyrka, siziň köwüşleriňiz nädip gury galdy?». Ol muňa örän haýran galdy (çünki ol muny keramat hasaplady). Soňra biz bir otaga girip, ýerleşdik. Gapyny içinden baglap, şeýle doga etmäge başladym. «Eý, bary-Hudaý, ýa Biribar! Seniň ha¬ky¬ňa, seniň ylahylygyň hakyna, rebbligiň, azymatyň, jelalyň, gudratyň, beýikligiň we hökümdarlygyň hakyna, soltanlygyň we subhanlygyň hakyna, saňa ak ýürek bilen ýalbarýaryn, sen her bir mätäje ýürek matlabyny berdiň, olaryň islemedik we olaryň akyllarynyň ýetmedik zatlaryny hem olaryň kalplaryna guýduň, seniň ylym hazynaňa ýygnanan bu baýlykdan adamlar bihabardyrlar, oňa barýan ýoly hiç kim bilmeýär, senden baş¬ga¬nyň oňa akyly ýetmeýär we tanamaýar. Eý, Allam, bu bendäňi ol baýlykdan mahrum etme, meni köňül maksadyma ýetir» diýip, doga edenimden soň, ol ýerden çykyp öýümize geldim». Bu ýatlanan ýer biziň şyhymyzyň ybadatgähidi we ol Mänede şol ýerlere ýygy-ýygydan barar eken. Ol ýerde başga-da ybadat edilýän ýerler köp, ýöne olaryň her biri barada gürrüň etjek bolsak, söhbetimiz uzaga çekerdi we ondan görjek peýdamyz az bolardy. Eger Hak Subhana we Tagala bir kimsäniň nesibesini şol topraga ýazyp, bu keramatly ýerlere zyýarat etse, Allanyň bereketinden mahrum galmaz we bu top¬rakda keramaty bilen jahany baglan beýik ulamanyň gadamy¬nyň gudratyna göz ýetirer. Şondan soň biziň şyhymyz hemişe özüni halkdan pynhan saklap, ybadat, doga we çillä oturmak bilen meşgul boldy. Şy-hy¬myzyň kakasy ony gözden sypdyrmajak bolup, yzarlar ýö-rer¬di, käte ony bir aýdan ýa-da ondan-da köpräk wagtdan tapyp, göwnüne degmän, mylakatlylyk bilen Mänä alyp gelýär¬di. Kakasy oňa esewan bolup, gaçyp giderinden gorkup, he¬mi¬şe gözden sypdyrmajak bolardy. Biziň şyhymyzyň kakasy şeýle gürrüň bererdi: «Her ag¬şam ýassy namazyndan soň, howla aýlanyp, onuň daşky gapy¬syny zynjyr bilen baglaýardym we Abu Seýidiň ukudadygyna ýa-da däldigine diň salýardym, diňe onuň ukudadygyna gözüm ýetenden soň arkaýynlaşýardym hem-de şondan soň ýatýar-dym. Ýöne bir gezek ýarygijeler oýanyp, ýerimden turup seret¬sem, onuň ýorgan-düşegi boş, howla aýlansam-da, hiç ýerde oňa gözüm düşmedi, gapynyň agzyna baryp garasam, zynjyr ýok eken, gelip öňki ýerimde ýatdym. Ertir namazynyň azan sesi eşidilenden, ol ýuwaşlyk bilen howla girip, zynjyry ildirdi we düşegine girip uklady. Bu ýagdaý birnäçe gün gaýtalandy. Men bu bolup geçýän zatlary bilsem-de, bilmezlige salyp, oňa hiç zat duýdurmadym, ýöne her gije oňa diň salýardym, ol hem her gije çykyp gidýärdi, meniň atalyk mähir-muhabbetim sa¬byr-takatymy alypdy, ýüregime her hili dowul düşýärdi. Käte: «Biri muňa ýamanlyk edýän bolaýmasyn» diýip oýlanýardym, ýöne hernäme bolsa-da: «Jahyllygam bir dälilikdir» diýip, özü¬mi köşeşdirýärdim, ýöne herhal: «Ynsly-jynsly bir zat ony ýol¬dan azdyraýmasyn» diýip howatyr edýärdim. Bir gezek onuň gijesine nirä gidýändigini we nähili işler bilen meşgul¬lan¬ýan-dygyny anyklamagy ýüregime düwdüm. Bir gije ol ýerinden turup, daşary çykdy, men hem ýerimden turup, onuň yzyna dü¬şüp ugradym. Ol nirä gitse, yzy bilen gidip, ony gözden syp-dyr¬maýardym, ýöne ol meniň yzarlaýanymdan bihabardy. Abu Seýit şol gidip barşyna bir köne gala ýetdi. Ol gala giren badyna gapyny ýapdy. Men galanyň üstüne çykdym. Ol gala-nyň içindäki metjithana girip, gapy açylmaz ýaly ony agaç bi-len berkitdi, men metjidiň penjiresinden onuň hereketlerini syp¬dyrman synlap otyrdym. Ol ýerinden turup, ujuna ýüp daň¬lyp, metjidiň burçuna söýelip goýlan agajy aldy, soňra metjidiň burçundaky guýynyň agzyna baryp, ol agajy alyp, ýüp bilen aýak¬laryny daňdy, soňra biline ýüp daňlan agajy guýynyň ag¬zy¬na germäp, başaşak sallandy, Gurhany Kerimi okamaga baş¬lady. Men oňa gulak asyp otyrdym. Säher wagtlary Gur¬ha¬ny Ke¬rimi hatm etdi. Ol Gurhany Kerimi aýaklandan soň, agaçda¬ky ýüpden asylyp, guýudan çykdy, agajy öňki ýerinde goýdy, soňra gapyny açyp daşary çykdy. Ol galanyň ortasynda täret kyldy. Men jaýdan düşüp, howlukmaç öýe dolanyp geldim we ol gelýänçä, ýerime geçip ýatdym, Abu Seýit hem gelip, her gezekki ýaly ýerine geçip ýatdy. Men ondan aýry ýatýardym we, adatça, ir turup, ony oýarýardym. Men baryp ony oýardym we namaz okamaga metjide gitdik. Şondan soň hem men köp gezek ony yzarladym, ýöne ol ara maý salman, şu şekilde ry¬ýa¬za¬tyny dowam edýärdi. Ol hemişe eli sübseli, metjidi syryp-süpürýärdi, şeýle sogaply işlerde ilden iki esse köp işleýärdi, agşamlaryna, köplenç, agaçlaryň arasynda bolýardy, ol şehitler gonamçylygynyň ýakynyndady, şol agaçlaryň biriniň şahasyn¬dan asyl-asyl bolup zikir aýtmaga we doga okamaga meşgul bolýardy. Ol aňzakly günlerde hem sowuk suwa täret kylyp, der¬wüşlere hyzmat ederdi». Şyh bir gün sözüniň arasynda şeýle diýen: «Bir gün men öz içimden şeýle pikir etdim: «Ylmyň, amalyň we esewan et-megiň nämedigini bildim, indi bularyň hemmesinden çetleş-mek gerek». Men bu maksat üçin derwüşlere hyzmat etmekden başga manylyrak ýol görmedim, çünki «Allatagala bir guluna ýagşylyk görkezjek bolsa, oňa ilki nebsine buýurmagyň ýoluny görkezer» diýipdirler. Soňra derwüşlere hyzmat edip başladym, olaryň oturjak-turjak ýerlerini, hatda hajathanalaryna çenli arassalaýardym, elime sebet alyp ähli hapa-hupa zatlary zibil¬ha¬na eltip taşlaýardym, gerek diýen zatlaryny elim sebetli alyp gelýärdim. Bu zatlara ökdelänimden soň, derwüşler üçin ilden ojuk-bujuk dilegçilik etmäge başladym. Nebsiňe buýurmakda mundan ýaman zat görmedim. Her kim ilki bizi görenden bir dinar zer bererdi, ýöne wagt geçdigiçe ol azalyp başlady we bir dirheme ýetdi. Soňra ondan hem azalyp, bir kişmişe ýa-da bir hoza geldi. Indi mundan artyk zat bermeýärdiler. Men der¬wüş¬leriň mejlisi üçin ilki başymdaky sellämi satmaga, soňra köw¬şümi, soňra jüpbämiň içligini, iň soňundan bolsa jüpbämi sat¬ma¬ga mejbur boldum. Bir gün kakam bizi başaçyk, aýakýalaň, ýarymçyplak halda görüp: «Eý, ogul, il bu başyňa näme di¬ýer?» diýende, men oňa: «Mäne halky näme diýse şony diýsin, sen gulak gabartma» diýdim». Şondan soň hem biziň şyhymyz hemişe metjidi syryp-süpürip, arassalap, geýim-gejimleri ýuwup gezdi, elinde nämesi bolsa derwüşler üçin satyp sowdy, elinde bir döwüm çöregi bolsa, ony-da derwüşler bilen paý¬laşardy. Ol şol ýagdaýda islendik çözmesi müşgil iş bolsa, aýak-ýalaňaç Saragta pir Abylfazl Hasanyň ýanyna giderdi we oňa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýdandan soň, meseläni çürt-kesik çözüp gaýdyp gelerdi. Şyhyň tanymal, atly müritlerinden biri Abdysamatdan eşidip şeýle rowaýaty aýdar ekenler, ýagny biziň şyhymyz Sa-ragta gelende asmana, zemine ilteşiksiz, howada asyl-asyl bo-lup gaýyp geler eken, ýöne ony hemme adam görmeýän eken. Pir Abylfazl Hasanyň Ahmet atly bir müridi bar eken. Bir gün ol biziň şyhymyzyň howada gaýyp gelýänini görüpdir. Ol pir Abylfazlyň ýanyna gelip: «Mäneli Abu Seýit asman bilen zeminiň arasynda, howada asyl-asyl bolup gelýär» diýipdir. Pir Abylfazl: «Sen ony gördüňmi?» diýip soranda, ol: «Gördüm» diýip jogap beripdir. Ol şonda: «Ýagty jahan bilen hoşlaş¬man¬kaň, kör bolmasaň ýagşy» diýipdir. Şyh Abdysamat: «Pir Abyl¬fazlyň aýdyşy ýaly, ömrüniň ahyrynda Ahmet iki gözünden galdy» diýip gürrüň beripdir. Biziň şyhymyz din ýolunda uzak wagtlap şeýle azaplar çekenden soň, Saragta pir Abylfazlyň ýanyna barýar we pir Abyl¬fazl oňa ryýazatyň ähli görnüşlerini öwredýär. Soňra biziň şyhymyz pir Abylfazlyň salgy bermegi bilen şyh Abu Ab¬dy¬rahman Suleminiň ýanyna barýar we ondan hyrka alýar. Biziň şyhymyz ol hyrkany şyh Abu Abdyrahman Sule-miden, ol hem Abylkasym Nasrabadydan, ol hem Şibliniň elin¬den, ol hem Jüneýdiň elinden, ol hem Seri Sakatydan, ol hem Magrup Kerehiden, ol hem Japar Sadykdan, ol hem öz kakasy Muhammet Bakyrdan, ol hem kakasy emiril möminin Zeýnel Abedinden, ol hem öz kakasy emiril möminin Hüseýinden, ol hem öz kakasy emiril möminin Aly ibn Abu Talypdan, ol hem Muhammet Mustapa sallallahu aleýhi wesellemiň gollaryndan alan. Biziň şyhymyz hyrka mynasyp bolandan soň, pir Abyl-fazlyň ýanyna gelýär. Pir Abylfazl oňa: «Indi besdir. Sen Mänä bar-da, halky Hudaýa gulluk etmäge çagyr, olara nesihat ber, Hak ýoluna gönükdir» diýen. Biziň şyhymyz piriň aýdanyny ber¬jaý edip, Mänä gelýär we piriň nesihat berşi ýaly, Hak ýolun¬da has çynlakaý gulluk edip başlaýar. Ol her gün öň¬küden-de çynlakaý ybadat edýär. Indi ol halkyň ynamyna doly giripdi. Biziň şyhymyz şeýle diýerdi: «Biz soňra entek aýatda diri bolan şyhlardan biri Abyl Apbas Gassabyň huzuryna baryp, ýüze çykan kynçylyklary onuň bilen çözerdik, çünki bir gezek pir Abylfazl eger çözmesi kyn mesele ýüze çyksa, şyh Abyl Apbas Gassaba ýüzlenmegi maslahat beripdi». Biziň şyhymyz Abyl Gassaba şyh diýip ýüzlenmezdi, Abylfazla şyh diýip ýüzlenmeginiň sebäbi bolsa, Abylfazl onuň söhbetdeş piri bolupdy. Şyhymyz aýdardy: «Şondan soň käbir şyhlaryň guburyna zyýarat etmek üçin Amula gitmek maksady bilen, Abywert we Nusaý taraplaryna ýola düşdük. Biz Ahmet Netjar we Muham-met Fazl bilen üç kişidik». Muhammet Fazl biziň şyhymyzyň müridi we ynamdar ýoldaşydy. Onuň mazary Saragtda pir Abyl¬fazlyň mazarynyň gapdalyndadyr. Şyhymyz ýene şeýle diýerdi: «Biz üç kişi bolup Abywerde bardyk, soňra Deregeziň üsti bilen Mänä dolandyk». Mäne Abywerdiň Deregezine degişli kiçiräk obalardan biridi we oňa öň Şamyýa diýýärdiler. Biziň pirimiz ol ýere baryp, pir Abu Aly Hujyň mazaryna zy¬ýarat edenden soň: «Bu oba näme diýýärler?» diýip sorady. Oňa: «Şamyýa» diýdiler. Ol: «Bu obany Şa Mäne diýip atlan¬dyrmaly» diýen. Şondan bäri bu obany şyhyň lutfy-enaýaty bi¬len Şa Mäne diýip atlandyryp başladylar. Biziň keramatly şyhymyz Nusaýa barýarka, şäheriň gyra-syn¬daky bir obada düşlemek isledi we: «Bu obanyň ady nä-me?» diýip sorady. Oňa: «Enderman » diýip jogap berdiler. Şon¬da şyh: «Oňa barmalyňam, ol ýerde galmalyňam» diýip jogap berdi. Ol oba barman, Nusaýa hem sowulman, ondan aşak gaýtdylar. Ol obanyň gapdalyndan geçip, Bismä tarap ug-ra¬dylar. Ol ýerde zamanasynyň uly şyhlaryndan şyh Ahmet Nasr Nusaýda ýaşapdy. Onuň hanakasy şäheriň ýokarsyndaky belentlikde, Berakuh mazarystanlygynyň golaýyndady. Ol ýer¬de belli şyhlaryň we ulamalaryň mazarlary bardy. Ol hanakany bolsa, pygamberimiz Muhammet Mustapa sallallahu aleýhi wesellemiň tabşyrygy boýunça, Abu Aly Dekkak bina edipdi, ýagny ussat Abu Aly Dekkak şyhlaryň, ulamalaryň, sopularyň ma¬zarlaryna zyýarat etmäge gelende, gijesini şol ýerde geçi¬rip¬dir. Agşam onuň düýşüne pygamberimiz Muhammet Mustapa girip: «Şu ýerden sopular üçin bir jaý sal» diýýär we hanaka¬nyň häzirki duran ýerini görkezip, onuň bina ediljek ýeriniň daşy¬na çyzyk çekýär. Ussat Aly ertesi irden ukudan oýanan¬dan, düýşünde salgy berlen ýere gelýär we ol ýerdäki Muham¬met pygamberiň çyzan çyzgysyny düýşündäki ýaly aýdyň görýär. Ol çyzygy hemmeler görýärler. Ussat pygamberiň çy¬zan çyzygynyň ugry bilen diwar galdyrýar, şol mukaddes ha¬na¬kanyň gurluşygyna başlaýar we gurup gutarýar. Soňra ol mübärek ýerden köp adamlar bereket tapdylar. Ol galanyň ga¬lyn¬dylary biziň günlerimize çenli saklanypdyr we äşgär gö¬rün¬ýär. Bu hanakanyň ýanyndaky Berakuh mazarystanlygynda zamanasynyň belli ulamalary, wekilleri bolan dört ýüz sany pir gara ýeri düýnäp ýatyrlar. Şol sebäpli sopular Nusaýa «Kiçi Şam» diýip aýdýarlar, çünki Şamda pygamberleriň guburlary ýerleşýär. Nusaýda keramatly öwlüýäleriň mazarlarynyň bolan¬dygy üçin, ol ýer örän arzyly we keramatly toprakdyr. Ol ýer beýik şyhlaryň, keramatly sahabalaryň, halatly pirleriň gubur¬la¬ry¬nyň aram tapan keramatly topragydyr. Aýtmaklaryna görä, Ho¬rasanyň Nusaýdan galan ýerinde bela-beter, pitne dörese-de, ol Nusaýa barýança öz-özünden dep bolar eken. Biz öz döwrümizde bu aýdylan zatlaryň dogrudygynyň göz¬li şaýady bolduk. Bu otuz ýyldan gowrak döwrüň içinde hemişe pitne, çapawulçylyk, talaňçylyk, adam öldürmek, ýa-kyp-ýandyrmak Horasanyň ähli ýerinde höküm sürse-de, ol bela-beterler Nusaýa ýetmän, öz-özünden ýok bolup gidýär¬di-ler. Ol belalar Nusaýa ýetmänkä, Hak Subhana we Tagala özü-niň lutfy-şepagaty bilen şol topragy düýnäp ýatan pirleriň, öwlüýäleriň hormatyna dep bolup gidýärdi. Häzir ol ýerlerde hem diýanat gowşady, musulmanlar sel-çeňledi, Horasandaky öňki tarykatdan we tasawwufdan ne nam galdy, ne nyşan, ne resim galdy, ne halu-hal, ýöne bir zamanda Nusaý taýsyz pirleriň, Allanyň welileriniň, belli ulamalaryň ýurdy bolupdy. Uzak ýyllar Allatagala olara rehmet nazary bilen bakypdy. Örän köp ezizler bu toprakda gara ýeri düýnäp ýatyrlar. Olar şeýle beýik ynsanlardy weli, hatda bir¬näçe we¬laýatda-da, olaryň birine-de duşmak çetindi. Şyh Ahmet Nasr Serawiýe diýlip atlandyrylan bu ha¬na¬ka-nyň bir hüjresinde bolýardy. Ol hanakany häzir «Şyhyň öýi» diýip atlandyrýarlar. Bir gün ol hüjreden daşary boýnuny uza-dyp, hüjräniň agzyndaky sekide tegelenişip oturan sopulara: «Kim tarykatyň bürgüdini görjek bolsa seretsin, ol häzir Bismä tarap geçip barýar we şol ýerde düşlemekçidir» diýen. Biziň şyhymyz şeýle diýen: «Nusaýa ýetenimizden soň, Bismä barmagy ýüregimize düwdük, çünki Bismede şyh Ah-met Alynyň mazary bardy we biz oňa zyýarat etmekçidik». «Bis¬me» diýilýän Nusaý şäherinden iki parsahlykda ýerleşýän kiçiräk obanyň adydy we şyh Ahmet Nusaýlynyň mazary şol ýerdedi. Şyh Abu Osmanyň müridi bolan şyh Ahmet Nusaýly Horasanyň şyhlarynyň şyhydy. Şyh Abu Abdyrahman Sulemi «Sopy ymamlarynyň derejeleri» («Tabakaty aimet as-sufiýe») atly kitabynda onuň adyny «Muhammet Osman Nusaýly» diýip getirýär, ýöne ol Nusaý welaýatynda Ahmet Aly ady bilen meş¬hurdyr. Il içinde Ahmet Alynyň şerapatly halatlary we ke¬ramatlary aý görlen ýaly äşgärdir. Olardan birini şeýle mysal getirmek mümkin. Biziň şyhymyz bu sapardan gaýdyp gelen¬den soň, şeýle zatlar bolupdy, ýagny biziň şyhymyz sopularyň ber¬gileri bilen baglanyşykly mesele boýunça uly ogly Hoja Abu Tahyry Nusaýa ugratdy. Abu Tahyr Nusaýa gelenden, aýa¬gynda bir agyry peýda bolup, ony hereket etmekden gal¬dyr¬dy. Ol ýok wagty Mänede şyhyň bir ogly boldy we şyh oňa Mutahhyr diýip at goýdy. Şyh öz keramaty we weliligi bilen Nusaýda Hoja Abu Tahyryň aýagynyň agyryp, gymyldap bil-meýänligini bildi we bir derwüşi çagyryp, oňa: «Sen Nusaýa bar-da, Abu Tahyry gör» diýýär we Abu Tahyra şeýle maz-mun¬ly hat ýazýar: «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym! Biz seni agaň bilen kuwwatlandyrarys» . Bize habar ýetişine görä, sen aýak agyry keseline sezewar bolupsyň, şonuň üçin Bismä ba-ryp, Ahmet Alynyň guburyna zyýarat etseň, enşalla, ol dertden saplanarsyň». Hat Hoja Abu Tahyra barandan, ol Bismä zyýarata git¬me¬gi ýüregine düwýär we ony kejebä mündürip, Nusaý şäherin¬den Bismä eltýärler. Abu Tahyr bir gije şyh Abu Alynyň guburyny düýnäp ýatýar, ertesi gün ol Hak subhana we Taga¬la¬nyň şe¬pa-gaty bilen ähli derdinden doly saplanýar, şondan soň ol şähere pyýada ýöräp dolanyp gelýär. Bu ýoluň makamy (derejesi) köpdür we olaryň meşaýyh-lary bir müň bir makama eýe bolýarlar we olary ýeke-ýekeden düşündirmek örän uzaga çekerdi, biziň maksadymyz bolsa ola¬ry ýazyp beýan etmek däldir. Şyhlaryň özleri hem öz keramat¬laryny äşgär etmek däl-de, gizlin saklamak üçin ellerinde ba¬ry¬ny edipdirler. Pygamber bilen weliniň arasyndaky tapawut şun¬dan ybarat, ýagny pygamberler mugjyza we weliler keramat eýeleridir, ýöne ony hemişe halkdan gizlin saklap gelýärler. Şol sebäpli biziň şyhymyzyň makamlarynyň, takwalygy-nyň, ryýazatynyň we keramatlarynyň köpüsi halka äşgär bol-man galdy. Biz adalatly, şübhesiz hem-de ynamly habarlary si¬ze ýetirdik we Hak subhana we Tagala bilen onuň arasynda bo¬lup geçen beýleki zatlar bize nämälim bolup galýar. Biziň şyhymyz müň aý ýaşapdyr we ol segsen üç ýyl dört aý bolýar. Ol 440-njy hijri ýylynyň baýram aýynyň dördüne, Sogapgüni öýle namazy wagty Mänede Allanyň rehmetine gowuşýar. Onuň hüjresi onuň howlusynda ýerleşipdir. Ony An¬na güni guşluk wagty öz salgy beren ýerinde mukaddes gonam¬çylykda jaýladylar. Hak subhana we Tagala onuň mü-bärek nepesleriniň bereketini halkyň üstünden kem etmesin, oňa Muhammet Mustapanyň we onuň egindeşleriniň haky üçin oňa dogry we dürs uýmagy, hemişe piriň ýolunda bolmagy ähli adama nesip etsin. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |