Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:54
«Synsa synsyn biziň dutar...»

«SYNSA SYNSYN BIZIŇ DUTAR...»

«Synsa synsyn biziň dutar...»
(köne makala täzeden garap)
Ukrain halkynyň iki sany meşhur Şewçenkosy bar. Olar şol iki Şewçenkolary esasynda dünýä ýüzüne özlerini tanadyp bildi diýip, çekinmän aýdyp bolar. Biri− bize çagalykdan tanyş bolan Taras Grigorýewiç, ol baryp, Gökdepe söweşindenem ýigrimi ýyl öň älemden öten ajaýyp söz ussady. Ikinjisi−Andreý Nikolaýewiç. Şu wagt 50-ä golaýlan bu ynsan, heniz 25 ýaşynda wagty ukrain milletiniň adynyň millionlaryň dilinde aýdym bolmagyna sebäp bolupdy. Munuň üçin 1999-2006-njy ýyllaryň «Milanyny» ýadyňyza salmagyň özi ýeterlik bolsa gerek. Ýewropanyň žurnalistleri Taras Şewçenkony agzamakçy bolanlarynda «Munuň futbolçy Şewçenko bilen hiç hili baglanşygy ýokdygyny belläp geçmeli” diýen jümläni goşmagy halys endige öwrüp barýarlar. Şewçenko familiýa ukrainlerde başga-da kändir, emma bu iki familiýadaşyň arasynda baglanyşyk ýok diýen pikir bilen kän ylalaşasym gelenok. Kärdeşlerimiz göze görünmeýän bir baglanyşygy gözden sypdyrýarlar. Bu ady agzalan iki ynsanyň arasynda esli wagtyñ ýatanlygy hem dogry nokatda durup seredýän üçin hiç zat. Olaryň ikisem ukrain halkyna bolan beýik söýgüsi üçin uly sahna çykan we şol ugurda ajaýyp ýeňiş gazanan ynsanlar. Taras Grigorýewiç her hili güýçler tarapyndan köp ýanamalara duşanam bolsa, halkyna beýik eserler galdyryp bilipdir. Onuň milletine bolan söýgüsi esasynda dörän ajaýyp dramalar dünýäniň köp sahnalarynyň bezegine öwrüldi. Sürgün edilmäge çenli basyş edilen bu ynsan «Wesýet» atly goşgusyny:
−Ölsem, meniň jesedimi,
Ukrainada gömsünler.
-diýip başlaýar. Öz halkyna bolan bimöçber söýgüsine ýugrup döreden eserleri esasynda ony dünýä ykrar etdi we bu gün ukrain halky oňa tagzym edýär.
Ikinji Şewçenko futbol boýunça milli ýygyndysynyň lybasyny geýmek bilen, öz egnine «millet ynamy» diýen beýik borjy alan adam. Onuň futbol äleminde gazanan üstinliklerini henize çenli GDA döwletlerinde gaýtalap bilýän ýok. Andreýiň tälimçilige ilki başlaýanda aýdan sözüni bolsa, türkmen janköýerlerem ýatlap goýsa zyýan etmez: «Ýüreginde millet söýgüsi bolmadyk oýunça, aýagy bilen guş gapsa-da milli ýygyndyda orun ýok».
Bu iki Şewçenkony BIR MILLETE BOLAN UMMASYZ SÖÝGI aýrylmaz baglap dur diýesim gelýär. Beýleki halklaryň söýgüsinem gazanmagy başaran şahsyýetler üçin mundan beýk baglanyşyk bolup bilermi eýsem?!
Bu diňe Dnepriň suwuny içenlerde däl, islendik milletde hem bar duýgy. Tutuş millet bolup bir bagta şärik bolmak, içiňdäki milli ruhuň tolkun atmagyndan nyşan. Mysaly daşdan gözleme. Göni özüňe sowal berip gör, geçen möwsümde «Rostowa» köýdüren janyňy, bary-ýogy bir ýyl geçip, «Rubine» ýakmadyňmy?! Soň «Soçi», «Kaýrat», «Traktorsozi» we ş.m... Hany seniň ygraryň, hany durnuklulygyň?! Ýekeje möwsümde tutuş bir topary çalşyp bilşiňe bir gyradanam seredip gör. Ýöne bu düşünse bolýan awhal. Janköýerlik edýän toparyňy tutuşlygyna çalyşmagyňa Gurban Berdiýewiň ýekeje özi sebäp. Indi şol ýagdaýa Tatarystan tarapdanam bir seredip görüň. Türkmenistan diýilse, ilki kimi göz öňüne getirjekleri düşnükli bolsa gerek. Bularyň hemmesi biziň içimizden geçýän ortak bir ruh esasynda zynjyr ýaly sepleşip gidýär. Bir söz bilen aýdanyňda, inkär edip bolmajak söýgi − millete bolan söýgi. Ol bir-de saňa agyr duýlar, bir-de ol esasynda ýalkanarsyň. Her näme-de bolsa, şol milli ruh esasynda millet hökminde ýaşalýar. Ýa-da şol duýgulary kemän millet ownap, ýitmek bilen bolýar.
Millionlaryň söýgüli oýny bolan futbolda bu hasam anyk äşgär bolýar. Dogry, Eýrandaky ýeňlişi hijimizem gowy kabul edip bilmedik, hatda men ýaly, heniz doly özüne gelip bilmän ýörenleriň barlgynam bilýän. Emma biz ýene-de milli ýygyndymyz üçin taýýarlanyberýäris. Belki ýeňiş gazanmak gaty kyndyr, emma biz Baýram Durdyýewiň tälimçiliginde meshur Aly Daýysy bolan eýrany utupdyk, Aman Koçumowyň döwründe bolsa Serdar Azmun, Jahanbaş, Terami ýaly ýyldyzly Eýrany, «Real Madridiň» iň bir ýyldyza baý döwründe tälimçilik eden Karluş Keýroş bilen bile kabul edip, deň oýnamagy başarypdyk. Şol gün Kriştiano Ronaldu ýaly futbolçynyň emele gelmegine goşant goşan portugaliýaly hünärmen Daşoguzdaky stadionda ýeňiş gazanyp bilmändi. Hut şu taryhyň gözli şaýady bolan uly ýaşly janköýerlere Eýrandan aňsatlyk bilen utuljagymyza ynandyrmak kyn. Galyberse-de, milli ýygyndy başga dereje, ol klub däl..
Klub bolsa başga gürrüň...
Öňräk internetde bir gyzykly maglumata duşdum. «Ýuwentusyň» sadyk janköýerleriniň biri turinlileriň soňky ýeňlişinden soň öz söýgüli toparyndan ýüz öwürjekligi hakda arza ýazypdyr. Hatyň mazmuny umuman şeýleräk:
« «Ýuwe», men 1997-nji ýyldan bäri saňa janköýerlik edýän. Iň kyn günleriňde hem janköýerlik etdim. Senden ýüz döndermedim. Emma sen meniň ynamymy iň möhim pursatlarda ýele sowurdyň ýördüň. ÝÇL finallarynda millionlap janköýerleriň yhlasyna hormat goýmadyň. Sen bizi aldadyň! Kubogyň edil alkymyna gelenimizde utulmagy endik edindiň. Ilki mekdepde meniň üstümden gülýärdiler. Soň inistitutda, soň iş ýerimde. Olar özleriniň «Barsasy» we «Realy». «M.Ýu-i» we «Bawariýasy» bilen hargulak kubogy alanlygyny zol-zol gaýtalap meniň içim-bagrymy ýakdylar. Sen bolsa, bir gezek bolsa-da saňa janyny köýdürýän janköýerleriň umydyna hormat goýmadyň. Men sen sebäpli kän utandym, aşak bakdym. Bu gün bolsa senden ýüz öwürdim, hoş gal, eý bibaýrak topar!»
Dogrusy, okap gaty tolgundym. Ol mamla. Janköýer klubdan ýüz öwrüp biler, «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar» diýen ýaly, belli bir möhletden soň hemmesini undubam gider. Emma milli ýygyndydan?!.. Ol, mümkin däl zat. Ýaşyl Tugy öpüp, elini ýüreginiň üstüne goýup, milli gimnimiz astynda oýna başlan ýigitlerden hiç wagtam ýüz öwrüp bolmaýar. Biz bir ýylda «Rostowy» başybitin «Rubine» ýüzugra çalşyp bilýäs. Ýöne milli ýygyndy, ol başga. Isle ol Gonkongy utup bilmesin, hala öýde özbekden ýeňilsin. Biz diňe gynanýas, jowranýas. Ýöne el salgap gidilenok. Keremjanyň «Synsa synsyn biziň dutar» diýip, gaýtadan synanyşy ýaly, irmezek söýgi bi. Ana, hemme gepem şonda! Ýurt lybasynda meýdana düşjek ýigitlerimiz şony bir munut hem unutmaly däl. Ol lybas−mukaddes lybas. Ol lybas şeýle bir gudratly welin, hatda Totti ýaly futbolçysy bar bolan Italiýada Roberto Bajony aýratynlap, asmana galdyryp bilýän lybas. Tottiniň janköýerleri meni bagyşlasyn welin, ol barybir Roberto Bajo bolup bilmeýär. Hawa, Rimde ony gahryman ederler. Ol muňa doly mynasyp. Oňa «Imperetor» diýiň, ylalaşýan. Emma gürrüň ullakan Italiýa hakda giden wagty, olaryň milli ýygyndysyna has köpräk sadyk galan adamy uly sahna çykarmak adalatly bolar. Italýan halky şonuň üçinem bu iki ynsandan Bajony has eziz görýär. Edil şu lybasy on-on bäş minut geýmek üçin «Angilýa döwletindenem abraýly» diýlip ykrar edilen Dewid Bekhem ençeme gezek Amerikadan Dumanly Albiona ýörite uçupdy. Şoňa görä netije-de gazandylar. Halk hiç wagt, hiç ýerde ol lybasyň eýelerine biparh garamaýar. Jenap Orazow we onuň ýigitleriniň üstünde häzir şeýle jogapkärçilikli ýük bar. Biziň Ýaşyl Tugumyzyň nädereje belentlikde pasyrdajagy hem, şol lybasyň eýelerine bagly ahyry. Hut şonuň üçinem, milli ýygyndymyz milletimiz bilen aýrylmaz söýgi esasynda baglanan. Söýginiň iň bir ezýetli ýerem, lezzetli ýerem ony terk edip bolmaýanlygynda-da, gardaş!

© Merdan BAÝAT

Bellik:Türkmenistan we Eýran milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşyk ertir — 26-njy martda paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçer. Oýun 20:00 da başlanar.
Bölümler: Sport | Görülen: 201 | Mowzugy paýlaşan: Aýgül_Baýadowa | Teg: Merdan Baýat | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 29
avatar
1
1 Medicall • 22:14, 25.03.2024
Menem garaşyywotyn şoña: "možet ertir ýeñeris hää?!" diýip))
avatar
1
2 sussupessimist • 01:41, 26.03.2024
Oýny görsemmikäm-görmesemmikäm, gitsemmikäm-gitmesemmikäm diýip ikirjiňlenip otyrdym. Hem bolmajak bir zatlara ynanasym gelýär, hem reallyk 5 gezek başymdan çekiçläp: "Ýeriňden butnaman otur" diýýä (özem parsynça diýýä: آرام بنشین و حرکت نکن), 5 sany ullakan çüý bilen donumyň etegini ýere urup saklaýa. Ýöne... Merdan dostumyň bu ýazgylaryny okap, eýýämden elime baýdagy alyp, köçä çykasym gelip gidiberdi...
Rostow başarmadymy? Şolam "Bawariýadan" birinji oýunda 5:0 utulypdy... diýdim.
Hany, göreli bakaly, ertir bogazymyzy ýyrtyp, janköýerlik etsek, garaşylmadyk bir hadysa gopaýmazmyka?
avatar
0
3 paragraph • 03:11, 26.03.2024
Butparazlar butdan tapsa myradyn
Hajatyny Hakdan dilän almazmy?!

Hajat namazyny okap, dileg etsek milli ýygyndymyz üçin iň uly kömek bolaýjak ýaly...
(Namaz kitabynda bar okalyşy, dogasy)
Beýik Seljuk döwleti hem söweşe Mäne babanyň dilegi(ak pataşy) bilen başlapdy...
avatar
0
4 Lacrymosa • 09:03, 26.03.2024
gooooooooooooooooooooooooooooooool
ur-raaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa
m-bap-beeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeeee

maňa tapawudy ýok, kim bilen kim oynaýar
meň üçin hemmesi mbap-beeeeeeeeeeeeeeeee
ýeter ki futbol bolsun
avatar
0
5 Mekan2 • 09:12, 26.03.2024
ilerkileriň "taý oýnadyşlaryny" gördük. indi biziňkileň bir kirişde-de dutar çalyp bilýändiklerini görkezme gezegi geldi. 

hany, ýigitler, gaýrata galyň!
avatar
0
6 Lacrymosa • 09:16, 26.03.2024
profilimde futbola baryan suratymy goýdum
eýýämden ugradym men-ä
avatar
0
7 aygull • 09:24, 26.03.2024
Aŷ, men-àä gitmäň diýjek. Soň ýüzüňize seretmäge ýaýdanyp durmaly bolýa.
avatar
0
8 Mekan2 • 09:39, 26.03.2024
Laçynyň "futbola" diýip çykanyna 70 ýyl töweregi dagy bolupdyr. häläm ýetenok. bir anekdot:

ependi mellegini depip durka, biri gelip bir obaň adresini sorapdyr. ependem aýdyp beripdir: "şeýleden beýlä, beýleden şu çykýança gaýra..." diýen ýaly. adam sorapdyr: "näçe wagtdan bararyn?" ependi özüne diýilmeýän ýaly. "ýaşuly, hotýa primerno aýtsaňam bolýa, haçanrak ýeterin?" eger-eger, ependi ker açan ýaly... garaz, "ýaşuludan" jogap alyp bilmejegini bilen kişi gidiberipdir. ses ýetim uzaklyga baranda, ependi yzyndan gygyrypdyr: "ýarym salkyndan bararsyň" adam:
-häli nämä aýdaňok?
-seň nähili ýöräp gitjegiňi men näbileýin?!

bu biziň futbolymyza-da degişli, başga zadymyza-da...

-haçan dünýä çempionatyna gatnaşarys?
-nähili tizlikde gidýänimize bagly. ilki bir ugra, bir ýerde durma.
-hä, bolýa...
-heý, dur, o tarapa dä, yza barýaň. ilki adresi bir al-da
avatar
1
9 Lacrymosa • 09:49, 26.03.2024
maňa fark etmez futboluň haçan we haýsy tarapdalygy
pensiýa çenli gider bararyn
avatar
1
10 Mekan2 • 09:54, 26.03.2024
hä'k, näbileýin-dä, Laçyn daýza, bu gidişiňe, eliňdäki "olimpiýada hasaňy" agtygyňa geçirmeli bolaýmasaň.
avatar
0
11 Lacrymosa • 10:00, 26.03.2024
hasamy wir aýlap salarn-a, kellesikesilen ...... gaharly stiker ...
oworro wol,
ýit, alawaý,
küç ýok wol
avatar
0
12 Мango • 10:03, 26.03.2024
myhmanlara ýüregimizem, derwezelerimizem  açyk.
hoş gelipdirler!
myhmansöýerligiň belent nusgasyny görkezeris, nesip bolsa.
avatar
0
13 Lacrymosa • 10:12, 26.03.2024
işe gidip, kywyrjyk saçli halil ibraimi göreýin-le gowusy futbola çenli..... ýoksa elimden bir kaza çykajak

hezil ediiiip, adam öldüriiip ýö, gyz, ol
hasap soraýanam ýok ondan

şu myhmanyň şu gün jyňky çyksa maňa aýdyň
gitdim

hiňlenjiräp barýan stiker
eşkiýadan-da beter
beter halil ibraiiim
avatar
0
14 Mekan2 • 10:18, 26.03.2024
wsýo, aýtdyň gutardy. öňem haýsy tarapymdan hasa gelerkä diýip, ziňk-ziňk bolup otyryn.
avatar
0
15 Lacrymosa • 10:20, 26.03.2024
düşündim indi ýaňka
udaçny çykypdyr, myhman
zakolka goýýan
avatar
0
16 Lacrymosa • 10:20, 26.03.2024
janyň sag bolsun
saýt saňa emanet
avatar
1
17 Pegas • 10:59, 26.03.2024
Belki begendiräýediler-dä oglanlarymyz... Üstünlik arzuw edýän. Merdan agaň jany sag bolsun makala üçin. Maksat agaň aýdyşy ýaly, tolgundyrdy hakykatdanam.
avatar
1
18 aygull • 11:00, 26.03.2024
12-nji teswir, ýüregiňiz-ä bimedim welin, derwezäňiz-ä nawernýaka...
avatar
4
19 Pegas • 11:00, 26.03.2024
Merdan aga, Aýgül ýeňňe, gyzyňyzyňam doglan güni gutly bolsun. Bagtly gyz bolsun.
avatar
1
20 Pero • 14:20, 26.03.2024
Aýgül,gyzjagazyñ ýaşy uzyn bolsun! Abraý alyp begendirsin!
Bu gün meñ kakamyñam doglan güni.:))))
avatar
0
21 Aýgül_Baýadowa • 22:11, 26.03.2024
Sag boluň gutlaglaryňyza! Aýdanyňyz gelsin!
avatar
0
22 Medicall • 22:21, 26.03.2024
ýene 1-0 eýranlylañ hasabyna(:

Aii, bolýa, ýykylan göreşden doýmaz, utmagam öwreneris bir gün(:
avatar
1
23 Aýgül_Baýadowa • 22:28, 26.03.2024
Bu hasap, geçenkä seredeňde utan ýalydyr-la
avatar
0
24 Pegas • 22:36, 26.03.2024
Hudaýa şükür, öz ýerimizde uly hasap bilen utulmadyk. :)
avatar
0
25 Aýgül_Baýadowa • 22:55, 26.03.2024
Myhman hakykatdanam ataňyzdan uly eken onda))
avatar
1
26 hanturebs • 01:26, 27.03.2024
Näme üçindir eýranlylar Serdar Azmuny getirmändirler Türkmenistana. Ardynda syýasat barmyka ýa onsuzam alyp çykarys diýdilermikä?!
avatar
0
27 Seýrаn • 05:38, 27.03.2024
27. hanturebs, nämäň syýasaty. Şikesli Azmun. Oýundan soň görmediňmi ýa habarlarda suratlaryna duş gelmediňmi?
avatar
0
28 medi • 06:48, 27.03.2024
Bir döwür Milanyň goragçysy bolup oýnapdy. Edil Şewçenko ýaly adykmadygam bolsa Gurzun janköýerleriniň söýgüsini gazanypdy. Dagy näme atly ýewropa klubynda oýnamak hem bagt. Guruziýanyň raýaty Kahaber Kaladze 2001 Milan
avatar
0
29 Мango • 11:02, 27.03.2024
biziň myhmansöýerligimize (esasanam futbolistlerimiziň) dünýe haýran galýar.
gelen myhmana derwezesiniň töründen ýer berýärler...
bu gezegem şeýle boldy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203