Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:52
T

T

Men bagtymy tapdym – ýatan ekeni.
Oýaryp bilmedim,
Oýarjak däldim,
(Ertiriň şerinden bolup hantama,
Gör, näçe agşamyň haýryndan galdym,
(Sogaby – sanana!)
Ýöne nämüçin,
yşk badasy gysymymda çat açýar?
Nämüçin aýralyk, namart aýralyk
sen ýanymda ýok mahalyň sataşýar?..).

Içimden gygyrdym.
Daşymdan dymdym.
Dymdygymça kalbym boldy set para.
Indi gaýdyp nalyş etmen Jepbara:
Bagt diledim – yşk berdiler,
Berdiler
düýşde çekip bilmejegmi huşumda,
Men bagtymy tapdym,
Ýatan ekeni,
Durun indem ötübilmän duşundan.

(с) Mukam MUHAMOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 181 | Mowzugy paýlaşan: Awtor | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 garagar • 11:24, 24.12.2023
Içimden gygyrdym.
Daşymdan dymdym.
Dymdygymça kalbym boldy set para.

Gygyrdykça kalbym boldy set para diýip okapdyryn. Gaýta, "Dymdygymça" has owadan ýaňlanýar
avatar
0
2 Мango • 22:59, 24.12.2023
(Ertiriň şerinden bolup hantama,
Gör, näçe agşamyň haýryndan galdym,
(Sogaby – sanana!)

birhili bir zatlar-a çöwrülen ýaly...

---

Içimden gygyrdym.
Daşymdan dymdym.

haladym. özümiziň awtoportretimiz bolupdyr-a.
içimiz - ala zenzele.
daşymyz welin - dym-dyrslyk.
avatar
0
3 Мango • 23:01, 24.12.2023
goşgulaň adyndaky harplar birileriniň adynyň baş harpymyka?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203