17:15 Taýly taýyny tapsyn... | |
Ibirt-de-zibirt girip çykýan adamlaryň köplüginden ýaňa, işigiň agzyndaky köwüşlerem başly-barat. Hol aňyrrakda, köwşüni taýlap, tertipläp çykaryp goýanlar-da bar. Asyl häzir, eliboş bolup synlap otursaň, köwüşleriň çykaryp goýluşyndan olaryň eýeleriniň häsiýetlerini hem okabermeli. Häzir hemme köwşi tertipläp çykaýsadyň! Üýşmeleň uludan tutulansoň märeke-de ýetik, köwşem. Boýun alyk halda gyra geçip, köwşümiň ildirgijini ýazdyrmak üçin egildim. Onýança-da, eglip duran ýerimden gözüm edil aňrymda bir-birinden honha zyňlan köwüşlere gözüm düşdi. Köwşümiň ildirgijine güýmenen bolup, olary bir-birine süýşürdim. Soňam ymykly taýlap goýdum. Göwnüm ynjalaýdy. Hamana diýersiň, iki sany birek-birege mätäç ynsany tapyşdyran ýaly ýüregim giňäp gitdi... Teý göwnüme jaý däl. Ýogsa «köwüşdir-dä» diýip geçip gidibermeli ýaly. Bitaý ýa her taýy bir ýerde ýatan köwüş görsem, ýüregim jigläp gidýär. Öýde-beýlekide bolsa, olary haýdan-haý ýerbe-ýer goýmak bilen bolýarsyň welin, köpçülik ýerinde bolsaň, ber habary! Üýşmeleň öýde edilse, elbetde, gapyň agzyndaky köwüşleriň tertipli durmajagy belli. Şonda-da olary tertipläp goýasyň gelip durýar. Ýöne haýsy birini?! Bir ujundan başlaberseňem boljak, ýöne onam geň görjekler.Düşünmejeklerem düşnükli. Şonda-da, öz köwşümi çykaramda eglenen kişi bolup, başardygymydan daşyma bildirmän golaý-goltumdaky köwüşleri jüpläp goýjak bolup heläk bolýan. Bitaý ýa hersi bir ýanda ýatan köwüşler maňa biri-birine gowşup bilmeýan adamlary ýatladýar. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan aýra düşen perzentmi, bir-birini görmäge zar doganlarmy, didar aýraçylygyndaky dost-ýarlarmy...garaz, eger men bir köwşi taýlap goýsam, bir ýerlerde iki sany ynsan wysala gowşup, tapyşaýjak ýaly. Belki, bu halys hyýalylykdyr, belki-de, beýle-de däldir?!.. Men bu gylygymy öz hyýaly dünýäme berkidip goýaýjakdym welin, ýadyma meşhur «Zoluşka» multfilmi düşäýýär. Eýsem, şol multfilmiň gahrymany Zoluşka-da öz bagtyna hut köwşüniň üsti bilen ýetmeýärmi näme?! Başdan-aýak gyzykly wakalardan doly multfilm Zoluşkanyň ilki köwşüniň taýyna, şonuň netijesinde bolsa öz taýyna gowuşmagy bilen jemlenýär. Multfilmde Zoluşkanyň naşyja köwşüni onuň öweý uýalarynyň aýaklaryna geýdirjek boluşlary-da täsirli. Uly adam bolsaňam, birden köwüş olaryň aýagyna bolaga-da, Zoluşka bagtyna gowuşman galaýmasyn diýen gorky hem döremän duranok. Ýöne öz eýesine wepaly köwüş başga aýaklarda ýerlemän, eýesineçenli ýetip, ony bagtyna duşurýar. ...Durmuş bi. Munda bihal zat asla bolmaýar. Aňrysyna ne akyl, ne aň ýetibiljek dünýäde daş-töwregiňi gurşaýan zatlara biperwaý garamak – gözüňi ýumup ýaşamak ýaly bir ýagdaýa meňzeş. Şol sebäpdenem, «köwüşdir-dä» diýip geçibermän, ony taýy bilen deňläp goýsak, köwüş dil açyp, sag bol aýtmasa-da, eýesiniň hoş boljagy-ha magat. «Herekete–bereket» diýlişi ýaly, ýa-da munuň aňrysynda has agramlyrak manynyň bar bolmagy-da mümkin. Kim bilýär?!... © Aýgül GARAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |