Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:46
Täze ýyl gutlagy

Ýyllar-ýyla el berip dur,
Günler-güne gül berip dur.
Goýbermäliň bu amatly pursady,
Goýbermäliň bu ganatly pursady,
Hasyl bormuş kişiň-kişä dilegi,
Bir-birege ýagşy umyt edeliň.
Hem munda adama adamda başga
Derman ýokdugyny subut edeliň...

© Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Medicall • 23:18, 01.01.2024
Dogry aýdýañ Aýgül, adam bolmasa adamyñ ýeke özi nämişlesin, adamyñ adama birje sözi derman bolup, birje sözi zäher içen ýaly edip bilýar, başga adamyñ başga adama dilegi özüne öz eden dileginden çalt kabul bolýaram.
Ýyllaram saglykly, haýyrly bolsun!

Örän haladym bu goşgyny, saña bu goşgyny täze ýylda paýlaşylan ilkinji gutlag goşgy bolany üçin general-maýor çini bilen hormatlaýarys))))

öz goşgyñy özüñe ugradyp ýatladanam sag bolsun:)
avatar
1
2 Мango • 23:33, 01.01.2024
Hem munda adama adamda adamdan başga

---

Hasyl bormuş kişiň-kişä dilegi,
Bir-birege ýagşy umyt edeliň.
(Bir-birege ýagşy doga edeliň).

Herhangi bir kişinin bir başkası için dua etmesi, günahsız bir kişinin dua etmesi gibi etkili ve Allah Teala tarafından kabul edilmesi büyük olasılıktır.

garaz, seniň hakynda birsiniň eden dogasy özüň özüňe eden dogaňdan täsirli we kabul bolmak ähtimallygy ýokary diýýä...
ýene garaz birek-birege ýagşy dogada bolalyň

aýgül hanymyň goşgusynyň gowjalygy belki doga baradaky ýokarky maslahaty içine alýany üçindir?
2024-iň ilkinji menden 5 ýyzyyly.
avatar
1
3 Мango • 23:43, 01.01.2024
Hem munda adama adamdan başga
Derman ýokdugyny subut edeliň...

şuny subut edip bilmesek "adama adamdan başga ýagyň ýokdugyny" subut etdigimiz bolar.
şoňçüp adam bolalyň, derman bolalyň.
avatar
1
4 Atsyzatly • 10:13, 02.01.2024
Gowy goşgy.
Şu goşgy barada irden diňe bir "gowy goşgy" diýmezden ötri, ýazjak zatlarym kändi welin, biraz ukydan oýanyp kelle durlaşyp ugrandanmy ýa tersine günüň gyrmyldysy bilen adaty pikirler bilen kelle garym-gatym bolup durandanmy ýazjak zatlarym zym-zyýat bolupdyr. Kimiň aýtgysyka "goşgy üç görnüşde ýazylýa" diýen, Kerim agamyka?! "Birinji goşgy görnüşi ýa-da etaby: sada. Başlangyç şahyrlaryň ýazýan ýönekeý, ýüzleý manyly goşgylary. Ikinji goşgy görnüşi ýa-da etaby: çylşyrymly. Çuň manyly, köp metaforaly, agyr söz düzümleriň utgaşmagy arkaly ýazylan goşgylar. Üçünji goşgy görnüşi ýa-da etaby: sada. Sada hem hemmä düşnükli dil bilen artygy-egsigi bolmadyk goşgylar" diýen. Aklymda galanyny öz dilim bilen beýan edýän welin, ýalňyşmasam Kerim aga, goşgylary we olaryň şahyrlardaky ösüş yzygiderligini şular ýaly üç görnüşe bölüpdi öýdýän. Olaryň iň naýbyşysyny bolsa, üçünji sadalyk diýip yglan edipdi öýdýän. Nakyllaram şol sadalyga, şol çeperçilige girýär öýdýän. Siziň goşgyňyz hem şol üçünji katigoriýanyň edil özi bolmasa-da golaý ýanyndaky goşgylaryň biri bolupdyr berekella.
avatar
0
5 Pero • 11:36, 02.01.2024
Gysbydan manyly arzuw-goşgy üçin minnetdar,Aýgül! Durmuşda derman adamlara duş bolmagyñyzy,zäher adamlardanam daş bolmagyñyzy şu ýazgyny okaỳan barça dileýän.
avatar
0
6 aygull • 14:50, 02.01.2024
Çin ücin köp sag bol, Nurdan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203