Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:28
Maslahat
MASLAHAT

Salam Hormatly awtorlarymyz hem okyjylarymyz! Edebiýat Kafesinde goýulýan, okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň hiliniň has-da ýokary bolmagyny gazanmak şeýle-de awtorlarymyzy sylaglamak maksatly bäsleşik gurnamak barada teklip gelip gowuşdy. Bäsleşigi(ýa-da awtorlary sylaglamak?) Ussat Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasyply 01.03.2024 gabatlap geçirmegi meýilleşdirýäris.

Bu posty açmakda maksadymyz Siziň pikirleriňizi, teklipleriňizi, maslahatlaryňyzy, wariýanlaryňyzy öwrenmek.

Teswir ýerde Sizden geljek pikirlere garaşýarys!
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 173 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 21
avatar
0
1 aygull • 15:32, 16.02.2024
Bäsleşik gowy zat, basalaşyga öwrülmese)))
Meniñ pikirimçe-hä, goşgy bolsun ýa beýleki janrlar, tapawudy ýok. Awtoryň ady tä soňuna cenli aýan bolmasa gowy bormuka diýýän. Şonda awtora däl-de,esere ses berilmegi juda ähtimal.
avatar
0
2 derwushhana • 15:38, 16.02.2024
Gowy pikir. Aygul hanymyňam pikirine goşulýan.
Birem bäsleşigiň jemi boýunça-da 1, 2, 3-nji orun däl-de umumy ýeňijiler diýip gitse gowy bolarmyka diýýän. Sebäbi kim gaýkyny söýer, kim küýkini diýliši ýaly 1-nji hasaplanan haýsydyr bir eser kimisi üçin ähmiýetsizdir
avatar
0
3 Medicall • 16:00, 16.02.2024
bäsleşigiň ady: "Elegant" bolaýsyn
avatar
0
4 Medicall • 16:04, 16.02.2024
ýa-da brend elegant?
avatar
0
5 Мango • 16:10, 16.02.2024
teklip gelip gowşan bolsa, şertlerinem gowuşdurandyr-a?
höweslendirmek gowy zat. ýaşaýyşam, saýtam has gyzykly bolar aram-aram üýtgeşiklik edilip dursa.
ýogsam şo bir zat, şo bir zat...
avatar
0
6 Lacrymosa • 16:14, 16.02.2024
Örän gowy başlangyç. Goldaýaryn men-ä, ýoldaşlar!
Her kim Nurdana iberýär. Awtorsyz goýulýar. Jemi jemlenensoň awtorlary ýazylýar.
p.s. Mart aýynda bir wagtda birnäçe ýaryş yglan edip bolýar;
1-nji — siziň diýýäniňiz Gurbannazar Ezizowyň doglan güni mynasybetli, halypalaryň, öten-geçenleriň hatyrasyna bagyşlanylan bäsleşik
2-nji — 21-nji mart — BÜTINDÜNÝÄ POEZIÝA GÜNI. Şol senäniň mynasyp garşylanmagynyň we bellenilmeginiň hatyrasyna
3-nji — ,,Edebiýat kafemiziň’’ agzasy bolan şahyr ýa ýazyjynyň hormatyna (Dirikä gadryny bilmek maksady bilen) mysal üçin mart aýynyň 25-ne Maksat Bäşimowyň doglan güni, özi-de 33 ýaşaýar Isa pygamberiň ýaşy. Ýa-da mart aýynyň içinde Sapa Hommadowyň doglan güni bar .... çüşşş....ýuwaşyň ýöne, özlerine eşitdirmäň, çok aramyzda! galyberse-de Oguz han atamyz ,,öli arslandan diri syçan' diýipdirmiş. Nejep aýtdy. nejebe-de oguzhan atamyzyň özi aýdypdyr.
Ýoksa-da fewral aýynyň 29-na Mango daýymyň doglan güni bar

aprel aýynda-da
maý aýynda-da
umuman her aýda-da edip bolar
söz bilen ,,ýeňiji sen"diýilse-de kök bolýançylaryň saýty-laý bi!
avatar
0
7 sussupessimist • 16:20, 16.02.2024
Gurbannazar Eziziň doglan gününe gabatlap geçirmekçi bolsaňyz, şoň bilen ýa-da umumy edebiýat bilen bagly at goýsaňyz gowy bolar. Sponsoryň elegantny adyny baýragyň şol adalgasyna tirkäýmeli.
Wariant: "Serpaý" edebiýat baýragy
avatar
0
8 sussupessimist • 16:23, 16.02.2024
Senem bar-a, tapýaň-aý, Lacrymosa... "Post Mortemi" okapsyň öýdýän. Okan bolsaň, şo doglan günli meseläni kän bir halamaýanlygymy-ha bilýänsiň...
avatar
0
9 Lacrymosa • 16:24, 16.02.2024
Tapyşymdan kem tapan dälsiň görseň... syrtarýan smaýlik

ýoksa-da Doglan günüňi halamaýan bolsaň, diýmek entek garramansyň. ýaşyň ýükseldigiçe doglan günçül bolup başlarsyň...
men-ä siziň her biriňiziň doglan günüňiziň ebedileşdirilmeginiň tarapynda, hormatly saýtdaşlar we saýtyň hormatly myhmanlary.
ýoksa türkmen edebiýatynda käbirje, hatda ýekeje doglan gün yzygider bellenýär. eýsem köpje bolsa gowy bolmazmy. her gün prazdnik bolsa. näili hezil-ä
avatar
0
10 Medicall • 16:25, 16.02.2024
9 njy teswire. @ Sussupes, ylalaşýan, örän dogry bellik hem teklip
avatar
0
11 Мango • 16:35, 16.02.2024
teswir 8-de adym geçipdir.
----
ýalan! fewral bilen bagly ýerim ýok.
martdan gözläň meni.
martyňam ilkinji 10 günlüginden.
ol 10 günlügiňem jübüt günlerinden...
ýöne... ýyl-ýyldan dowlan günleri göwwörömok...
avatar
0
12 Lacrymosa • 16:41, 16.02.2024
bolýa-how, Mango dai, nerwinçit etmek gerek däl-ow. anyk çisloňy aýdyp barýaň-laý.
avatar
2
13 Pegas • 16:48, 16.02.2024
Dawaý, kim az ýazmaşak oýnalyň!)
avatar
0
14 aygull • 17:42, 16.02.2024
"Iñ elegant eser"
bolsa näme bäsleşigiň ady. Gürläp bilýän bolsady, Ezizowam garşy bolmazdy.
avatar
0
15 Pero • 18:41, 16.02.2024
"Hezillig-ä,hezillik"
"Ýaz ylhamna ezillik" boljak-da onno

-Aýterek,günterek!
-Bizden size kim gerek?
- Gursagy ylhamdan doly,ýüreklerimize batyp-çykyp,batyp-çykyp halka salan gerek. Ýata suwa dönen göwünleriñ akardygyny ýatladan gerek.
avatar
1
16 Küle • 20:58, 16.02.2024
Awtorynyñ ady gokezilyançä kimiňkidigi tanalmaýan bolsa, ol eyyäm awtoryň ýetmezçiligine işleýä diýip hasaplaýan.
avatar
0
17 sussupessimist • 00:43, 17.02.2024
Awtoryň kimligini görkezmek bilen bagly meseläň gozgalmagy menem geň galdyrdy, dogrusy. Özüm-ä kimiň eseri bolsa-da, ýüz görüp oturamok, pikirimi aýdýan. Gaýtam dostum bolsa, talabymy has güýçlendirýän.

Ýöne beýleki tarapam bar. Kä ýazýan-pozýanlaň (has dogrusy, pozaýmaly ýerinde pozmaýanlaň) ady goýlan eserlerine 6,7,8... gezek göz ýumup: "Belki, bu gezek degerli zat ýazandyr" diýen tama bilen wagtyňy gidirip, şans berip, okaýaň welin, halys bolmajagyny aňaňsoň, üstüne atanak çekýäň. Bagyşlaň welin, bu halatlarda-da adyň goýulmagy terezide goýulmazlygyndan has agramly.
avatar
1
18 Seýrаn • 08:35, 17.02.2024
Işiňiz ileri, ses bermeli bolsa gysganmarys. Başga-da näme etmeli bolsa: tankyt, ýepbeklemek aýdyň!
avatar
0
19 Medicall • 13:52, 17.02.2024
Hormatlylar, pikirleriňiz üçin minnetdar.
1.bäsleşigi Aýgüliň, Lacrymosañ aýdyşy ýaly ugradylan eserleri awtorsyz goýup, oňa-da her kim pikirini ýazsa, şeýlelikde şol pikirleriň esasynda esere orun beriler.
ýöne ýene bir ýagdaý bar: eger eseri awtorsyz goýup bahalandyryljak bolsa onda bäsleşige ugradylan eser öň okyjylar köpçüligine hiç ýerde ýetirilmedik bolmaly bolar.

öň neşir edilmedik eserleri hödürlemeli bolsa 1-nji marta çenli aralyk gysga bolup awtorlarymyzy beter gyssaga salmazlyk maksady bilen bäsleşigiň jemlenilmeli wagtyny hem üýtgetmeli bolýarys. 21-nji martda bayram gününe geçiriljek wagtynam üýtgetmeli bolýarys.

ýörüte post açyp bäsleşigi yglan ederis bu gün. Ähliňize täze eserler, täze üstünlikler!
avatar
0
20 Pero • 17:13, 19.02.2024
Awtor näbelli...gaty gyzykly-ha bolar. Sebäbi şo häsiýeti özüm halamasamam,edýän öýdýän:awtora görä okap ýa-da okaman bilýän wagtlarym bar.
avatar
0
21 medi • 10:26, 20.02.2024
öň ertir.com-da geçirilýärdi şeýle ýaryşlar. özüm poýeziýa gyzmasamda hezil edip okaýardym. Täsirli goşgular goýullýardy. Meselem, Uruşda göwresinde okuň demiri galan goja hakynda goşgy. Barlagdan geçende demir bar diýip görkezýän aparat. Başgada Türkmen klassik şahyrlaryň söýgüli gyzyna deňäp ýazylan goşgy. Şolar ýadymda galypdy. Gynandyrýan tarapy şol goşgulary häzir tapamok. Ýok öýdýän internetde.
Ýaryşda bal goýýanlanlar. 50% agzalar, 50 götörimem döredijilikden başy çykýanlardy @kab (Kakamyrat Ataýew) ýalylardy.

Umuman üstünlik.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203