Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
Teklip

Gözleňde özümi owadan görýän,
Ýyllar görk-görmegim ogurlap gitdi.
Belki-de, sen maňa teselli berýäň,
Aýna bakdym, baryn dogrulap aýtdy.

Men diýen wagtymdan oba göçüpdir,
Mañlaýymda görünipdir joýalar.
Şemala daranýan saçlam düşüpdir,
Maňa dertlerimden düşen paý olar.

Göwnüm Şükür bagşyň sazyny çalýar,
Döwrüň ýyndamlygna ýetip bilmerin.
Kalbym kämillerden rahatlyk alýar,
Barym bilen kabul edäý dilberim.

Dillerime derek sözlär galamym,
Bilýäň-ä içimi, gulplanan sandyk.
Asla köçesinden geçmen ýalanyň,
Utanjaňlygymam könelen endik.

Seni özüňdenem gabanyp ýörün,
Öýkeläp bilemok ýigrim dört sagat.
Hoşamaý sözüňe gabaryp ýörün,
Sol ýanyna bakýan, möhüm däl syrat.

Sabrym dünýä sygjak, bilmen özgerip,
Öňde ömrümiziň sowulmaz ýazy.
Iki dünýe söýjegiñe söz berip,
Ýedi ölçäp kes-de, bolaýgyn razy!

© Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 11:12, 02.09.2024
bu teklibi biraz geňräk gördüm.
- görk-görmek galmandyr,
- "men" diýen wagtyndanam geçipdir,
- maňlaýam gasynly,
- saçlaram düşüpdir.... hemem TEKLIP edýär.

näme üçin şo hala gelýänçä teklibine seretmedikä o gözel gyz...

---
Iki dünýe söýjegiñe söz berip,
Ýedi ölçäp kes-de, bolaýgyn razy!

birhili, her kim özüne jogap bermeli dälmi?
"söýjegiňe SÖZ BER" diýip gyssaman, öz söýjegiňi söz berseň dogry ýaly...
avatar
0
2 Hyýalbent • 12:36, 02.09.2024
Mango daýy belliklerñize minnetdar! Goşgy öñüräk ýazylypdy, bu ýerde söýgi söz teklibi dälde aşyk ýigidiñ öz söýen ýaryna özi barada gysgaça kemçiliklerni sanap durmuş gurmaga toý teklibidi. Diýmek aýtjak zadymy dogry aýdyp bilmändirin, üstünde işlärin. Teswirlerñize garaşýan!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203