02:50 Tow | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR TOW Maşgala durmuşunyň iň süýji hem iň kyn döwri gelniň agyraýaklyk günleri. Nämäň güni? Aýlary. Ýakymlyja hysyrdylar, möwsüme gabat gelmeýän miweleriň gözlegi lezzet berse, hiç ýok ýerden ýönekeýje gürrüňleriň üstünden ula ýazyp gidýän dawalaryň ezýeti, sabyr käsäň düýpsüz bolaýmasa sähel salymda gyrmalajak. Hepdäň alty gününi dynç gününe sulbamy süýremek bilen geçirýän. Ol günem adam ömrüni ýatladýan tow berilip goýberilen ýo-ýo oýnawajy ýaly “hä”-diýmänkäň ýüpüň ujundan asyl-asyl bolup durandyr, ýöne hiç ýokaryk dyrmaşjak gümany ýok. Haçan-da ýeke-täk dynç günüň şeýle çalt geçende, seniňem igenjiň göwreli aýalyñkydan galyşaýmaz. Şol sebäplem kalendarda öýümizde dawaň iň köp çykýan güni hökmünde gyzardylyp goýulan ýaly göwnüme. * * * Bir zada üns beripdirin. Öz görmedik zatlarymyzy çagalarymyza görkezesimiz gelýär, öz iýip bilmedik zatlarymyzy agzymyzdan kesip çagamyza iýdirmäge çalyşýas. Garaz olardan özümizde ýok zatlary döretmegiň kül-küline düşýäs. We, belki, Allatagalla özünde ýok bolan, mekirligiň, göripligiň, ýowuzlugyň, rehimsizligiň bir söz bilen erbetligiň nähili bolup biljekdigini görmek üçin şeýtany ýaradan bolsa gerek. Olam ýetmänsoň şeýtanyň has kämil wersiýasyny – adamy ýaradandyr. Sebäbi men henize bu güne öz janyna kast eden, binika göwreli blan çagasyny aýyrdan, doganynyň ganyna galan, uýasynyň ýoldaşy bilen zyna eden şeýtan hakda hiç zat eşidip görmedim. * * * Dynç güni gije, gündizki garpyşyklardan mazalyja bez bolan bedenimi düşege atdym. Gelnim aslynda gaty göwni açyk, dözmsiz maşgala. Ýöne ikinji göwreliligini birinjidenem agyr geçirip ýörensoň nerw damarlary oklow ýaly. Içindäkiniň oglanjykdygyny anyklansoň-a, gyzymy jüýjesini seçen kürk towuk ýaly golaýyna getiresi gelenok. Ala-goh bolup gyzymy üwräp başlady. Olam hemişe myrlap galýan çaga hüwdä çalymdaş gykylykdan birahat boldumy ýatar ýerde ýatmady. Gygyrp-gorkuzup gördi, käýäp gördi, gaýtam jykyr-jykyr gülýä, oýnatýandyr öýdendir-dä. Birdenem gyzyma tarap atylyp duran oklaryň nili maňa gezeldi... Garaz turdy uly gykylyk. Sesimize ejem gelip, agzyna gelenini diýip gyzymy alyp gitdi. Olar gidensoňam ýerimize geçip ýatybermän eňekleşibildik. Ahyryn ýülügime sünjüp-sünjüp aýdan sözlerine çydaman, ilkinji gezek kimdir birine, onda-da öz ömür ýoldaşyma, perzentlerimiň ejesine el galdyrydym. Soňam çykdym gitdim. Suw içip gördüm, daşaryk çykyp salkyn howadan gursagymy doldura-doldura dem alyp gördüm, içimdäki ot hiç sönmedi, Daňa golaý, heniz jahan ýagtylmanka daraklygyma basyp gelip, ýerimde süýndim. Men gidemsoň gelnim gaty kän aglan bolarly. Henizem hynç-hynç hynçgyryp ýatyr. Uklamaýanynam çaklamak kyn däl. Eden işimden utanyp ýere giribilemok. Gep gatmagada ýüzüm ýok. Ol birazda tirsegine daýanyp, wagty kesgitlemek üçin penjirä seretdi. Soň hiç zat diýmän çykyp gitdi. Kakaam dagynyň täret suwuny zady taýýarlamaga gidendir öýdüp zat diýmedim. Soň uzak ýatyp bilmän yzymdan çykdym. Däliziň töründäki otaglaryň gapysyndan ýar göwresini sokup çyrany ýakyp öçürip howsalaly yzyna gaýtdy. “Gyzymyzy gözleýändir. Ejem dagyň ýanyndadygyny bilýär-ä, samsyk” –diýip içimden käýindim. Deňimden gürlemän ýorgalap geçip gitdi. Arka howlynyň gapysynyň gurulmadygyny görüp derrew gapyny açyp, mellegiň aýak ujundaky ýataga tarap ýortdurup ugrady. Zat diýmän yzyndan eňdim. Ýarpy ýola golaýlamda uly sesine gygyryp, perýat edip ugrady. Onuň seredýän tarapyna bakamda, ýaňy gyzaryp gelýän şapagyň ýagtysyna, towy gutaran ýo-ýo oýnawajy ýaly, mal ýatagyň agaçlarynyň birinden sallanyp duran bedenime gözüm düşdi. | |
|
Ähli teswirler: 20 | |
| |