Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:21
Türkmen

TÜRKMEN

Syrly rowaýatlaň içine siňip,
galyň-galyň kitaplary açybam,
men seniň aslyňy açmadym anyk,
ýaňy geçdim iň ilkinji gaçydan.

Häzir islegleriň yzyna düşýän,
isleg bilen meni kim aralasyn?
Beýik-beýik döwletlerden bir nyşan:
metjit-medreseli, minaralysyň.

Sarsmaz döwletlerni ýele beripdir,
başgaça bolarmy agzyň a:la:r-da?!
Gyzlaryny köre, kele beripdir,
Oňarsalar bermändirler namarda.

Aýdym aýdypdyrlar çekip belende,
ýagy gelse,
üýşüp at salypdyrlar.
Ata Watanyna gezek gelende,
otda ýanyp,
gary ýassanypdyrlar.

Garry çopan,
has oglantap çolugam,
söweşe gypynçsyz girip gidipdir.
Çaklaryndan erjel güýje ýolugan,
diri gelip,
yza «süýnüp» gidipdir.

Gynananda hyrçyn dişläp oňupdyr,
gülende gülüpdir gülen şekilli.
Käbir inçe häsiýetiň
anyksy
mümkin däl söz bilen çekmek şekilni.
Berip goýberipdir
soňky lukmasyn,
«Goňşyň ogly boldy!» diýip buşlana.
Hiç haçan söýmändir özgäň dikmesin,
sarpa goýupdyrlar halal işläne.

Sypalapdyr körpe nesliň başyndan,
oňarsa ulynyň göwnün ýykmandyr.
TÜRKMEN – ýedi sany sesden goşulan
ýöne söz däl,
OL BIZ ÜÇIN YKBALDYR!

© Aşyrmät GARLY
Bölümler: Goşgular | Görülen: 68 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 4.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Мango • 22:40, 15.02.2023
"diňe söýgi barada" diýen bolýadylarmy, şonuň ýaly "diňe surat barada".
ýene-de saçak. özem açyk saçak.
eger bir zat iýen bolsalar saçak ýygnanyp töwür galdyrylar. ýok entek iýip bolmadyk bolsalar, bolmanda ýanynda agaran, çal, okara gowurdak bolsady :-)
söweşijiler bilen mollaň diskussiýasy barmy bärde?
molla kitap açyp nämäni subut etjek bolýaka. aýtjagyny kitap açman aýdyp bolmazdymyka?
aşak çüňkdäki daýza bilen agtyjagynyň ýerimi şo ýer?
umuman, surat şowsuzja çykypdyr.
avatar
0
2 Bagabat • 08:32, 16.02.2023
Nä, tapar-tapmazyň çagasymy?
Üýşür hemmesini.
Sungat bolar-da.
“Bula-bula, ber gula” diýilmeýämi?
Entegem at, it, goýun, taýagyna direnýän çopan, tamdyr, kürteli gelin, göreş tutýan pälwanlar, goşgy okaýan Magtymguly, dutar çalýan Şükür bagşy, hyrlyda awuny maýajyna alýan awçy, ok-ýaý, tazy, elguş, gyjak, tumar, ak öý, tüňçe söýelen ot, keçe, küştdepýänçiler, läle kakýançylar, aýterek-günterekçiler, ýaglyga towusýançylar, at çapyşygy ýaly derwaýys zatlar ýatdan çykyp galypdyr :-).

Waka:

Biz ýetginjek. Dostuma malýatagyny arassalaşýan. Iki bolup ýatakdan çykaran dersimizem araba (galtak, biz tarapda: "jykyram" diýilýä) bilen mellege daşap ýaýratmaly. Mellegem yzgarly, agyr dersli araba batýar. Onsoň dostumyň kakasy: "daşamansyňyz" diýmez ýaly, onuň öňünden geçmek üçin mellege birneme ders daşan bolduk-da, galanynam aňsadyna bakyp, malýatagyň daşynda üýşürip goýduk. Kakasy işden gelip, dostumdan sorady:
-Oglum, bi nä dersiň hemmesini mellege ýaýratmansyňyz?
-Äý,-diýip dos, ýeňsäni gaşady-da, şowatjyk bahana oýlap tapdy:-Köp düşäýmesin diýdik-laý.
Elbetde aldaýandyrys öýdýändiris-dä.
Dosuň kakasy gülmän-yşman, "hümm" etdi-de, diýdi:
-Oglum, edil nahary ýag bilen zaýalap bolmaýşy ýaly ýerem ders bilen zaýalap bolýan däldir...
Elbetde dostumyň kakasy pahyr oglunyň bahanasyna görä "gömüşim" edip, diýäýdi. Halys waňk bolaýmasaň nahar-a ýag bilen iýip bolmaz derejede, ýerem ders bilen ekin gögermez derejede "zaýalap" bolýandygy düşnüklidir-le.
Ýöne bu suratam "nahary ýag, mellegem ders bilen zaýalabilmiýoň" diýdirýänskiý surat ekeni.

@Nurdan, ýöne öýkeläýme. Suraty aýyrmaweri.
Gaýta, ine pikir alyşmaga-da, degişmäge-de bahana boldy.
Gowam netije çykardyk.

Diýmek, nahar-a ýag, mellegem ders, suratam simwollaň artykmaçlygy bilen "zaýa çikadi" edip bolýan ekeni :-).

Indi: "bahana boldy" diýen söz barada waka :-):

Bir ýygra ýigdi öýeripmişler. Onsoň o zaňňary ilkinji gijesinde gelniniň ýanyna "hangöter" edip salyp, oturdyp gidensoňlar, ikisem utanjyndan ýaňa geplemän, dym-dyrs bolup otyrmyşlar.
Ahyry, birhaýukdan soň ýigit özüne zor salyp, çygnyp, birdenkä, sende ýok mende, "salam ýok, aleýik ýok", morta:
-Iňňebagjyk bersene!-diýip goýberipdir.
Onuň haýyşyna geň galan gelnem dil ýaranyny duýman galypdyr:
-Wiý! Iňňebagjygy nämetjek?
-Äý,-diýip ýaňky uýaljaň zaňňar, hümürdeýämiş:-Gepbaşy bor-da-raý :-).
avatar
0
3 Medicall • 08:46, 16.02.2023
kitap barada:
-Gorkut ata boý boýlady!
Nirede?
-HOTAÝDA!
-Bizem barsak gowbolmazmy
-Niräk?!
-wii özüň aýtmadyňmy ýaňjasyna, ýorda inni HOTAK!
avatar
0
4 Medicall • 09:01, 16.02.2023
- gowy bo:p dur-a gaýta surat, türkmen ba, saçak ba,kitap ba...
-aýyr onna-da suraty.
-birhiljesine gelşip dur-a.
-goşgyň gözeljesine päsgel berip baty. saçakyljasyny goýma.
-nämçip, dursunna gaýta, aýyrjak bo:p kösenmäýin.
-AJAP goşgyny surat goýup bilmänjesine zaýladyň.
-bo:pdyr, gowsy ugradaýyn. .
-niräk?!
-HOTAK!
avatar
0
5 Medicall • 09:18, 16.02.2023
TÜRKMEN – ýedi sany sesden goşulan
ýöne söz däl,
OL BIZ ÜÇIN YKBALDYR!

Goşgy buýsançly, ýürek sesi bolupdyr merdana Türkmeniň,
Aşyrmät AGA!

Goşgularňyzy ugradanňyza köp minnetdardyrys, ýokarky teswirler meň goýan suratym hakdadyr, ol teswirdäkiler degişmedir, bagyşlarsyňyz!
suraty has gowusyn tapyp üýtgederin, häzir.
avatar
1
6 Pero • 09:57, 16.02.2023
Bir gezek mugallym synpa girdi-de "goşlaryny"stolda goyup,eline mel aldy. Tagtada Aý diýip ýazdy. Soñra yzyna seretdi. Ol bize seredýä,biz oña. Birdenem ol ýeke-ýekeden sorap başlady:
-Men Aý dp ýazdym,senem ilkinji kelläñe gelenini aýt!
- Gün
-Asman
-Ýupiter
-Kometa
-Kosmos
-Gämi
-Deñiz....

Indi ýokarky ýatlamany ýazmak bilen maksadym, ilkinji aýdylan pikir nähili bolsa beýleki ýanyndakylaryñ 90%_i şoña eýerýär. Bu köplenç şeýle üns berýän weli.
avatar
1
7 Pero • 10:01, 16.02.2023
Näme dìýseñizem,suratda artykmaç zat görmedim(bu meniñ pikirim) diñe bölekleriñ bir Bitewilige birleşmesini gördüm. Surat goşgulara gelişýä sebäbi goşgy pafosly
avatar
1
8 Pero • 10:04, 16.02.2023
Maksadym pikirleri"hasap etmezlik ya kiçeltmek däl. Emma biz gynansak-da pikir akymyna gark bolýas-da kenara çykyp bilemizok köplenç. Şeýdibem kim birinji pikirini aýtmaga milt eden bolsa şoñ yzyna awtomat ýagdaýda eyerip goyberýäs
avatar
1
9 Pero • 10:14, 16.02.2023
Şu ýerde döredijilik,sungat bn meşgullanmaýan adamlary "Adaty
adamlar"diyip aljak-da bir zat ýazjak.
Imoda,ulaglarda,telefonlarda audio goşgy diñlemegi gowy goryan şol adaty adamlar biz döredijileriñ göwnimiz ýetmeyan,yañsylaýan şahyrlarymyzy öler ýaly gowy görüp diñleýarler. Goşgy şolar yaly bolmaly diyyarler.Bu böwrüñi diñlemage mejbur edyar. Eger halkyñ kop bolegini duzyan şol adaty adamlar biz yalylaryñ goşgularyna düşünmeyan bolsa, bize döretmek nämä gerekkä? Diñe özümiz ýalylar ün ya özümiz ün yazmalymy?
avatar
0
10 Мango • 11:02, 16.02.2023
gowy sorag.
ýöne adaty adamlar diýilýänlere düşnükli däl diýip, özüňi adaty derejesine düşürmegem dogry hasaplamok.
oňarsaň sen adaty diýilýäni adatylykdan bir dereje ýokary göterjek bol.
edýäniňi dogry hasaplaýan bolsaň, eksperimenleriňe düşünilmese-de, kabul edilmese-de dörediji döretmegini goýmaly däl.
doly ýadyma düşenok-da. bir ýerde okadym.
aýfony dörediji stiw jobs diýýä öýdýän: "eger men (adaty) adamlardan näme isleýänleri sorap döretmeli bolsam, onda döredenlerimi döremänjik geçerdim" diýen ýaly sözler diýýär.
ýagny bir ýanda adaty adam, beýleki ýanda-da adatylardan tapawutlanan adam... öz diýenini, öz pikirini, hyýalyny durmuşa geçiren, özem ony adatylardan soraman hemem adatylar üçin. :-)
bir hili bulaşyk aýtdym ýaly...
özüňiz ýerbe-ýer edäýiň. :-)
avatar
0
11 Мango • 11:10, 16.02.2023
doly goldaýan. pshologlarjasyna dogry bellik.
ýöne üns berýän weli şo kişi köplenç goşga bir zatlar ýazasy gelmände surata bir zatlar diýen bolýa. Beýtme diýibem bolanok-da.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203