09:41 Türkmen toý toýlasa... | |
TÜRKMEN TOÝ TOÝLASA Türkmen toý toýlasa, baryny seçer, Saba gün dogandan gaýnar gazanyñ. Çagalañ şatlygy bilen ýañlanar, Sesi geler bagşy bilen ozanyñ. Dürüşdeler bilen bezeler supra, Goşa juwanlara ediler Arzuw. Süýji arzuwlara gutarma ýokdur. Eçilsin Allahym kalbyñyza nur. Ýigit bagtly öz bagtyny tapanna, Gyz bagtly bag:tly eden ýaryna. Şeýle gün tans etmäge taýyn men, Gyz-gelinleñ çalýan gopuz sazyna. © Remezan MÄMETGURBANOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |