15:33 Türkmenistanyň halk suratkeşi Meretdurdy Annagulyýewiň "Pagtaçy Sona"eseri | |
Bu eser isendik adamlary biparh goýmaýar esasan hem çagalygynda şol pursatlary gözi bilen gören her bir oba adamsyna ýiti täsir edýär. Haýsy sergide ilkinji gezek görenim ýadyma düşenok. Halypa suratkeşiň pagtaçylara bagyşlanan kompozisiýalary ylaýtada şu eseri meni dört ýaşymy dolduran çagalygyma dolady oturyberdi. Ejemiň ýaglyk daňyşam şeýledi, onuň reňki hem şolar ýalydy. Diňe ýüz keşbi ejemiňki däl. Ejem pagtadan haltany doldurýança keşiň içi bilen onuň yzyndadym, halta dolansoň bolsa onuň üstünde elim çörekli oturandyryn. Ejem suwsaýandyr diýibem gaby suwdan dolduryp göterip bilmesemde bilime daňyp iň soňkymdan ylgardym. Boýum gowaçadan kiçi bolansoň töwerek görünmezdi. Barmaly ýere barýançam bolsa dökülip suwdan ujypsyzja galardy. Ähli pagtaçylaryň ýüzi ýaglykly saralgy bolansoňam ejemi tanaman esli eglenerdim... şol wakalar aňymda berk ornapdyr. Men her gezek şu eseri görenimde ejemiň ýeke başa galan ýaşlygyna we öz halal zähmeti bilen eklän günlerine hem bigam çagalygyma dolanýaryn. Döwletmyrat Durdyýew sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 05.03.2023 ý. | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |