Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:27
Tussag /hekaýa
TUSSAG

Žan Pol Sartriň iň meşhur eserlerinden biri bolan “LE MUR” (tussag) hekaýasy 1930-nji ýyllarda Ispaniýada bolup geçen dartgynly wakalara bagyşlanýar. Ýazyjy adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanyň özüni nähili alypbaryşy bilen bagly dramatik ýagdaýlary uly başarnyk bilen suratlandyrýar. Meşhur eseriň türkmençe terjimesini gadyrly okyjylarymyza hödürleýäris.

Bizi köşk kimin giň, ýap-ýagty otaga südürdedip girizdiler. Yşyga gözlerim gamaşdy, gözümi ýumdym. Az salymdan soňra nazarym stola, stoluň aňyrsynda nähilidir kagyzlary dörjeläp oturan adaty eşikdäki dört sany harba düşdi. Beýleki tussaglar bir çetde üýşüp durdular. Bizem olara goşuldyk. Ençesini tanaýardym, galanlary bosgunlara meňzeýärdi. Meniň öňümde iki sany biri-birine meňzeş saryýagyz adam durdy, bular fransuzlar bolsa gerek. Boýy pesirägi çalt-çaltdan balagyny ýokaryk çekýärdi, aýagynyň sandyraýandygy görünip durdy.
Şu ýagdaýda üç sagada golaý durduk, kelläm agyryp, gulagym şaňňyldady. Iň esasysy otag ýylydy, biz uzakly gün aňzakda üşäpdik. Esgerler tussag edilenleri gezekli-gezegine stoluň ýanyna alyp barýardylar. Dört adam olardan at-familýasyny, kesbi-kärini soraýardy. Şu soraglardan aňry geçmeýärdi, kämahal “Ok-ýarag ogurlamaga gatnaşypmydyň” ýa-da “Pylanynjy gün irden niredediň, näme iş bilen meşgul bolduň?” diýip soraýardylar. Jogaby bolsa diňlemeýärdilerem, ýa-da diňleselerem diňlemedik kişi bolýardylar, daş-töwerege biperwaý seredip soňra bolsa ýazyp başlaýardylar. Tomdan “Beýnalmilal guramasyna goşulanyňy boýnuňa alýaňmy?” diýip soradylar. Boýun gaçyranyň peýdasy ýokdy – olar bir eýýam Tomyň paltunynyň çübisindäki resminamalary tapypdylar. Huandan bolsa hiç zat soramadylar, adyny aýdyp aýtmanka kagyza bir zatlar ýazdylar.
Huan:
- Özüňiz bilýänsiňiz, meň agam Houze anarhiýaçy. Ol häzir bu ýerde ýok. Men syýasat bilen meşgullanmaýaryn. Hiç haýsy partiýaň agzasy hem bolmadym.
Olar sesini çykarman ýazýardylar. Huan gürlemän durup bilmedi:
- Meň günäm ýok. Özgeleriň eden işi üçin jeza çekmekçi däl—onuň dodaklary titireýärdi. Esger "sesiňi öçür” diýip ony bir çete iterip, alyp gitdi.
Meň nobatym geldi.
— Seň adyň Pablo Ibbietamy?
Men:
— Hawa—diýdim.
Oturan adam kagyzlara seredip:
—Ramon Gris nirä gizlendi— diýdi.
—Bilemok.
— Sen Grisi altysyndan on dokuzyna çenli öýüňde gizläpsiň.
— Ýalan gürrüň.
Olar ýazuw-çyzuwyna dowam etdi, esgerler meni otagdan alyp çykdylar.
Ýodada iki garawulyň ortasynda Tom bilen Huan durdy. Üçimizem bir ýere äkitdiler. Tom esgerleriň birinden:
—Mundan soňra näme bolar?—diýip sorady.
Esger:
— Haýsy manyda— diýdi.
—Bizi sorag etdilermi ýa-da sud?
—Sud.
— Indi bize näme ederler?
Esger biperwaý jogap berdi:
— Höküm kamerada yglan ediler.
Olaryň kamera diýýäni aslynda öňki hassahananyň ýerzeminidi. Ýerzeminiň sowugyna döz geler ýaly däldi, her tarapdan aýazly şemal gelýärdi. Uzakly gije dişlerimiz şaňňyldap çykýardy, gündizleri hem ýagdaý şundan öwerlik däldi. Mundan ozalky bäş günimi ybadathananyň kartserinde geçirdim, bir adamlyk türmä meňzeýän bu ýer orta asyrlardan galan daşöýlere meňzeýärdi. Tussag edilenler çendenaşa köplügi sebäpli olary tapan-tupan ýerlerine gabaýardylar.
Men kartserde ýatanyma ökünmeýärin, ol ýerde sowuk titredýän derejede däldi, emma ýekedim, ýalňyzlyk bolsa adamy ýadadýar. Ýerzeminde iň bolmanda daş-töweregimde adamlar bardy. Dogry, Huan agzyny hem açmaýardy, juda gorkýardy, heniz örän ýaşdy, gürlär ýaly gepi hem ýokdy. Tomyň welin agzy dynmaýar, ispança suwara gürleýärdi.
Ýerzeminde bir sany uzyn, dört sanam kiçi oturgyç bardy. Gapy arkamyzdan ýapylansoň biz azsalym sessiz oturdyk.
Birinji Tom gürrüňe başlady:
— Soňumyz geläýdi öýdýän.
Men:
— Belki —diýdim— Emma oglanjyga degmeseler gerek?
— Agasy anarhiýaçy bolsa jigisinde näme günä bar.
Huana seretdim ol diňlemeýän ýalydy. Tom gürrüňini dowam etdi:
— Saragosa-da bularyň nämeler edýäninden habaryň barmy? Ölüme höküm edilen adamlary ýola ýatyryp üstlerinden ýükulag geçirýän ekenler. Marokoşly bir gaçgak bardy, bize şol gürrüň berdi. Aýtmagyna görä şeýdip ok-ýaraglaryny tygşytlaýan ekenler.
— Benzini tygşytlamaýarlarmyka?
Tom gaharymy getirdi, bu gürrüňleriň bize näme peýdasy barka.
— Esgerler ýoluň gyrasynda ellerini jübilerine dykyp, çilim kükedip gezýärmişler. Ol görgülileri derrew öldürýändirler öýdýäňmi? Hiçem-dä, biçäreler sagatlap ahy-nala çekip ýatýarmyşlar. Marokoşly agyryň güýçliliginden ýaňa ilki agzymy hem açmaga mejalym bolmady diýýär.
Men:
- Bärde beýtmejekdiklerine ýüz göterim ynanýan- diýdim- Özge zady bilmedim welin, emma bularyň ok-ýaraglary aňyr ýany bilen ýeterlik.
Ýerzemine dört sany deşikden hem-de patologyň çep tarapyndan açylan tüýnükden ýagtylyk düşýärdi, ondan asmany arkaýyn synlap bolýardy. Bu tüýnükden öňler kömür salynana meňzeýär, tüýnügiň edil düýbünde kömür üýşmegi ýatyr. Kömüri harby hassahanany ýylytmak üçin ulanandyrlar, urş başlanyp hassalary başka ýere göçüripdirler. Her wagt tüýnükden ýagyş damjalary düşýärdi.
Tom:
— Uf länet syňmyş— diýip hüňňürdedi— endam-janymy sowuk aldy, bir şu ýetenokdy.
Ol ýerinden galyp maşk etdi, her bökende ap-ak tüýlek gursagy görünýärdi. Tom etli-ganly, daýaw adamdy. Biygtyýar bu semiz göwrä ok we tüpeňiň naýzalary edil eti kesýän pyçak deýin aňsatjak girjekdigini göz öňüme getirdim. Her mahal bir zadymy ogurladaýmaýyn diýip daş-töweregime garanjaklaýan, penjegimi yzarlap o taý bu taýyny dörjeleýän şol wagtam penjegimi gaýtaryp bermändikleri ýadyma düşýär. Biziň ähli egin-eşiklerimizi sypyryp aldylar, olaryň ornuna hassalaryň tomusda geýýän ýuka balaklaryny berdiler.
Tom biziň garşymyza geçip oturdy.
— Nätdi, bedeniň gyzdymy?
— Ýok. Jyn ursun, gaýtam demim gysdy.
Sagat sekizlerde kamera komendant bilen iki esger geldi. Komendantyň elinde sanaw bardy. Ol sakçylardan:
— Bularyň familýalary näme?— diýip sorady.
Sakçy:
— Steýnbok, Ibbieta, Mirbal.
Komendant äýnegini dakyp sanawa seretdi.
— Steýnbok… Steýnbok… Ä-ha ine. Siz atuwa höküm edildiňiz. Höküm ertir irden ýerine ýetirilýär.
Ol ýene-de sanawa seredip:
— Ana hol ikisem— diýdi.
Huan aglamjyrap:
— Mümkin däl, bir ýalňyşlyk bolmaly— diýdi.
Komendant geň galyp oňa seretdi.
— At-familýaň?
— Huan Mirbal.
— Hemmesi dogry, atuw.
— Men hiç zat etmedim ahyryn.
Komendant egnini gysdy we bize tarap öwrüldi:
— Siz baskmy?
— Ýok.
Onuň keýpi gaçdy.
— Maňa bärde üç sany bask bar diýipdiler. Näme meň olary gözlemekden başga işim ýokmy. Size ruhany gerekmi?
Biz sesimizi çykarmadyk.
— Häzir siziň ýanyňyza belgiýaly lukman geler, irdene çenli siziň ýanyňyzda bolar— diýip çykyp gitdi.
Tom:
— Hawa, men näme diýipdim. Oky gysganmandyrlar — diýdi.
Men:
— Dogry. Ýöne çagany… Näme üçin? Nejisler.
Bu gepi adalatyň hatyrasyna aýtdym, aslynda welin bu oglanjyga kalbymda zerreçe hem mähir ýokdy. Ýüzi örän inçedi. Ölüm gorkusy ýüzüni talanmaz derejede özgerdipdi, üç gün ozal ýaşaýyşyň hyjuwy kalbynda joş urýan görmegeý ýigitdi, indi welin misli ýykylyp weýran bolup barýan haraba çalym edýärdi. Indi ony öldürmän azat etselerem şu ýagdaýyndan aýňalmaz. Umuman oglanjyga rehimiň gelýärdi, ýöne dözümsizlik gaharymy hem getirýärdi.
Huan soňra agzyny hem açmady, reňk-peti buz deýin agardy, elleri gögerdi. Gözlerini uludan açyp ýere bakyp otyrdy. Tom mähriban adamdy, ol oglanjygyň elinden tutmakçy boldy, emma oglanjyk gahar bilen elini çekdi, ýüzi gözi bürüşdi.
Toma:
— Ony günine goý!— diýdim— Göreňokmy ýagdaýyny.
Tom göwünli-göwünsiz gepime gulak astdy, oglanjyga göwünlik bermek isleýärdi, şeýtmek bilen özüniň hem ajy kysmatyny az salymlygam bolsa unutmakçydy. Ikisiniň boluşam meň gaharymy getirýärdi. Öňler men ölüm barada hiç oýlamandym, oýlamaga sebäp bolmandy. Häzir welin özüme nämäň garaşýandygy barada pikirlenmezlikden başga alajym galmandy.
Tom:
— Maňa seret!— diýdi — Sen olardan birki sanysyny öldüripmidiň?
Men jogap bermedim. Tom awgustyň başyndan bäri altysyny nädip öldürendigini gürrüň berdi. Ol başymyza düşen belany hyýalyna getirmeýärdi we başardygyça ünsüni sowmakçydy. Üstesine nähili pajygaň ýüz berenini özümem doly aňlap ýetişmändim, ýöne janym çykjak mahaly çekjek azabym barada oýlaýardym, gyzgyn gülle ýagmyrynyň bedenime çümüşini duýýardym. Emma heniz munyň teşwişini etmesemem bolýardy, ýagdaýy doly anyklamagym üçin öňümde tutuş bir gije bardy. Tom birden dymyp galdy, gözümiň gytagy bilen oňa seretdim, onuňam reňki ak-tam bolupdyr, haly harapdy. Içimden "Ana başlandy" diýdim.
Garaňky gatlyşdy, tüýnükden az-kem ýagtylyk gelýärdi. Tüýnükden ýyldyzlara seretdim. Tün sowuk, asman açykdy.
Gapy açyldy, iki sakçy girdi olaryň yzyndan Belgiýa harby eşiginde sarymtyl bir adam geldi. Biz bilen salamlaşyp:
— Men lukman. Häzirki gaýgyly ýagdaýda siziň ýanyňyzda bolaryn— diýdi.
Onuň sesi asylzadalaryňky ýaly ýakymlydy. Men ondan:
— Munyň nähili peýdasy bar— diýip soradym.
— Men siziň hyzmatyňyzda bolaryn. Elimden geljek ähli kömegi ederin. Soňky sagatlaryňyzy ýeňilleşdirmäge synanyşaryn.
— Ýöne näme üçin biziň ýanymyza geldiňiz? Gospitalda hassalar kän ahyryn.
— Meni şu ýere ugratdylar— diýip, soňra alňasap gepiniň üstüne goşmaça etdi— Çekýäňizmi? Çilim, hepdäki sigaram hem bar.
Ol bize iňlis çilimi bilen Gabanna sigarasyny uzatdy. Biz ýüz öwürdik. Oňa ünsli seredim. Ol özüni oňaýsyz duýdy. Men:
— Siz bärik rehim-şepagat etmäge gelmediňiz, dogrumy? Sizi tanadym. Men tussag edilen günim sizi kazarmaň howlusynda görüpdim. Esgerleriň ýanynda durdyňyz.
Men oňa bir topar gep aýtmakçydym, ýöne özüme geň galdym, beýtmedim. Belgiýaly meni gyzyklandyrman goýdy. Öňler men biriniň ýakasyndan tutsam aňsatlyk bilen sypdyrmaýardym. Häzir bolsa umuman gürlemek islemedim. Egnimi gysdymda başymy başka tarapa öwürip ýatdym. Birnäçe minutdan soňra başymy galdyryp seretdim, belgiýaly meni üns bilen synlap oturan eken. Sakçylaram otyrdy. Pedro ýüregi gysyp näme etjegini bilmeýärdi, her wagt uklamazlyk üçin başyny sylkýärdy.
Pedro:
— Çyra getireýinmi— diýdi.
Belgiýaly baş atyp rugsat berdi.
Belgiýalyň asylzadalygy aldawçy, ganhordan tapawudy ýok ýalydy. Ýöne näme diýseňem rehimsiz aždarhanada däldi. Onuň sowuk gök gözlerine bakanyňda, ulumsy, hiç bir hilegärlikden gaýtmajak adam diýen pikir döreýärdi. Pedro göz açyp ýumasy salymda keresin çyra göterip gelip uzyn oturgujyň bir çetinde ornatdy. Çyraň berýän ýagtysy ujypsyzdy, nämede bolsa ýokdan gowudy. Dek düýnem tüm garaňkyda oturypdyk. Patologa düşýän jyraň şuglasyna ençe seredip oturdym, misli jadylanan deýin gözümi ondan aýryp bilemokdym. Birdenem barçasy zym-zyýat boldy. Şugla söndi. Göterip bolmajak agyr ýük egnimden basýan ýaly, sandyrap gözümi açdym. Ýok, bu gorky däl, ölüm hakykaty baradaky gamly pikir hem däl, bu duýgyň nämedigini aňlap bilemokdym. Dokdaklarym, ýüzüm ot alan ýaly gyzýardy. Kelläm agyrydan ýarylyp barýardy.
Sandyrap dostlaryma seretdim. Tom eli bilen ýüzüni ýapyp otyrdy. Huan öňküsindenem ebgarlapdyr, agzy açykdy, burnunyň deşikleri ulalypdy. Belgiýaly onuň ýanyna baryp egnine elini goýdy, oňa göwünlik bermekçi boldy öýdýän. Huan hiç zat diýmedi. Belgiýaly onuň bilegini üç barmagynyň arasyna alyp gysyp saklady, görkezmezlik üçin arkasyny maňa öwürdi. Biraz öňe egildim, şonda onuň sagadyny çykaryp, elini göýbermän birnäçe sekunt sagadyna seredenini gördüm. Soňra bir çete süýşüp, diwara söýendi. Nämedir ýadyna düşen ýaly ýandepderçesini çykaryp bir zatlar ýazdy. Meň gaharym geldi "Nejis, hany meň elimem tutjak bolsunda, suwa salma ýenjerdim". Ýanyma gelmedi, emma başymy galdyranymda nazarymyz kaklyşdy. Gözümi alyp gaçman seredip durdym. Ol maňa:
— Sowugy duýaňyzokmy? — diýdi.
Onuň özi üşäp, sowukdan ýüzi gögeripdi.
— Ýok, men üşämok— diýdim.
Ýöne ol barybir gözüni menden aýyrmady. Şol mahal gepiň nämedeligine düşündim. Elim bilen ýüzümi syldym, ýüzümi gara der basypdyr. Saçlarymy hem tutup gördüm, öl myjjyk, egnimdäki köýnegimi sykybermeli bolup, bedenime ýelmeşipdir. Poslap giden bu ýermezinde, gyşyň aňzak sowugynda, dört tarapdan aýazly şemal urup duran bir wagtda endamymdan suw deýin der akýardy. Meni bir sagatdan bäri der basýan eken, men bolsa muny duýmandyrynam. Belgiýaly ýüzümden akýan derleri synlap oturypdyr. "Ine gorkyň alamaty, ölüm wehiminiň netijesi" diýen bolmagam mümkin. Onuň ýüzüne depmek isledim, ornumdan galyp-galmankam kalbymdaky gahar-gazap ýom-ýok boldy. Ähli zada biparh bolup oturguja otyrdym. Elýalyk alyp boýnumyň derini süpürdim, saçlarymdan akýan derleri hem duýdum, bu ýakymsyz ýagdaýdy. Süpürinmän oňaýmaly boldum, elýalyk öl-myjjyk bolupdy, der bolsa hiç diňenokdy. Arkamdan akan derler balagymy oturguja ýelmeşdirdi.
Huan dillendi:
— Siz lukmanmy?
Belgiýaly:
— Hawa— diýdi.
— Aýtsaňyzlaň… bu… nemedenlerinde gaty agyrýamy… uzak dowam edýärmi?
Belgiýaly mähriban äheňde:
— Haýsy bu… neme… Hä, ýok çalt geçip gidýär.— diýdi.
Daşyndan seretseň ol pul tölän hassany köşeşdirýän lukmana çalym edýärdi.
— Men eşidipdim… maňa öň aýdypdylar… kämahal birinji gezek atanlarynda…… çykmaýamyş.
Belgiýaly başyny ýaýkady:
— Eger ilkinji atanlarynda, ok jan alyjy agza degmese şeýle bolýar.
— Adam ölmese tüpeňlerini täzeden oklap, gaýtadan nyşana alýalarmy?— Ol sesini biraz peseldip, gamgyn äheňde gepiniň üstüne goşdy— Onuň üçinem esli wagt gerekda, hä?
Huany fiziki agyryň azaby howsala salýardy. Elbetde, onuň ýaşynda bu düşünikli ýagdaý. Men bolsa bu barada oýlamokdymam, bedenimden akýan derem çekjek azabymdan gorkýanym üçin däldi. Ýerimden galyp kömür üýşmegi tarapa ýöneldim. Tom maňa gaharlanyp seretdi. Aýagymdaky çokaýymyň gyjyrlaýşyndan birahat boldy öýdýän.
Asman gözeldi, meniň oturan ýerime ýagtylyk düşmeýärdi. Indi welin ählisi başgaça. Öňler ybadathanaň kartserinde oturanymda islän wagtym asmanyň bir parçasyny synlap bilýärdim. Her sapar asmany synlanymda hyýalymda ýatlamalar janlanýardy. Daň mahaly, asman altynsöz we düýpsiz bolup görünen çaglary Atlantikaň kenarlaryndaky suwa düşülýän ýerleri göz öňüme getirýärdim. Günortan, güneş dik depä geleninde Sewil çaýhanasy göz öňümde janlanýardy. Ol ýerde men mansenil içip, zeýtun miwesinden iýipdim. Öýlän, gün günbatara aganda saýa geçip meýdanyň deň ýarsyny eýelän goýy kölegäni synlaýardym, şol wagtyň özünde meýdanyň deň ýarsyny güniň şuglalary bezeýärdi. Şeýdip asmanyň maňa görünýän dyrnak deýin bir parçasyndan geçmişimi ýatlap gamlanýardym. Emma indi asmana nähili islesem şeýle bakýardym, ol maňa hiç zady ýatladanokdy. Maňa şu makuldy. Öz ýerime gaýdyp, Tomyň gapdalynda oturdym. Hiç kimden ses-seda çykmady.
Birazdan soň ol pessaý ses bilen gürläp başlady. Tom dymyp oturmaga endik etmedikdi. Sesini çykaranynda özüniň diridigine göz ýetirýärdi. Ol başka tarapa bakyp ýatanam bolsa maňa gürläpdi. Ýüzüme bakmaga gorkýardy, ýüzümi der basan, topurak kimin reňkim solan. Indi biri-birimize juda meňzeýärdik. Birimiz beýlekimiz üçin aýna ýalydyk. Ol belgiýala— diri ynsana seredip:
— Muny aňlamaga aklyň çatýarmy?— diýdi— meň aklym çatanok.
Menem onuň özi ýaly belgiýala bakyp pessaý ses bilen gürledim:
— Nämäni aýdýaň?
— Az salymdan başymyzdan injek külpedi aýdýan. Hiçem aklyma sygdyryp bilemok. Nähili bolarka?
Tomdan birhili ys gelýändigini duýdum. Yslary öňkä görä has gowy duýmaga başlapdym. Oňa kinaýa bilen:
— Gynanma, birnäçe sagatdan soňra düşünersiň— diýdim.
Barybir ol şol hörpde dowam etdi.
— Ýok, bu akyla sygjak zat däl. Men soňuna çenli mertlik bilen durmagy isleýän, ýöne men… iň bolmanda bilmegim gerek… Diýmek şeýle… Birnäçe sagatdan soň bizi howla çykararlar. Bu ganhorlar hatara düzülerler. Seniňçe olar näçe sany bolmagy mümkin?
— Bilmedim, bäş bolar, belki sekiz. Mundan köp däl.
— Bolýa, sekiz bolaýsyn. Olara "Nyşana alyň" diýip buýruk bererler. Men özüme çenenen sekiz sany tüpeňe seredip durun. Men diwar tarapa süýşmekçi bolýan, arkamy oňa direýän, janu tenim bilen diwara ýelmeşmekçi bolýan, misli düýşde— basyrganandaky ýaly diwar meni iterýär. Bularyň baryny men göz öňüme getirýän. Bu hadysalaryň göz öňümde nähili anyk janlanýandygyny bilsediň.
— Bilýän —diýdim— Meňem fantaziýam güýçli.
— Nähili bolanda-da, agyry-azaby güýçli bolsa gerek. Olar ýüzümizi weýran etmek üçin gözümizi, agzymyzy nyşana alyp atýalar ahyryn. Men tenimdäki ýaralary duýýan, bir sagatdan bäri başym, boýnum güýçli agyrýar. Hemişeki agyrylar ýaly däl, olardan bäş beter, bu daňdan çekjek agyrym. Hawa, ondan soňra näme bolar?
Tomyň näme diýmekçi bolýandygyny juda gowy aňlaýardym, ýöne düşünýändigimi bilmegini islemedim. Endam-janymda onuň aýdýan agyrysyny duýdum, yza tutuş bedenime ýaýrady, muňa öwrenişip bilmedim, emma Tom ýaly agyra ähmiýedem berip durmadym.
— Ondan soňramy?— gaharym gelip soradym— Jesediňi mör-möjekler iýer.
Bu gepimden soňra ol öz-özüne gürläp başlady, ýöne belgiýalydan gözüni aýyrmady. Belgiýalyň gulagy gapylyp hiç zady eşitmeýän ýalydy. Belgiýalyň näme üçin bärik gelenini bilýärdim. Oňa biziň oý-pikirlerimiz gyzykly däldi, entek dünýäni terk kylmadygam bolsa ölüm wehimine düşen tenimizi synlamaga gelipdi.
Tom gürrüňine dowam etdi:
— Bu edil gijeki gorkunçly düýş ýaly. Bir zatlar oýlamaga synanyşýaň, muny başaraýjak ýaly, bir minutdan soňra nämänidir aňlan ýaly bolýaň, soňra bolsa barçasy duw-dagyn bolup, pytyrap gidýär. Men özüme özüm "Soňramy? Soňra hiç zat bolanok" diýýän. Emma munuň manysyny aňlamok, käte bolsa düşünen ýaly bolýan… emma ýene barçasy pytyrap gidýärde olaryň ýerine agyryny, oklaryň, tüpeňleriň atylyşyny oýlap başlaýan. Saňa materialistdigimi ant içip aýtmagym mümkin, akyl-huşym ýerinde diňe oý-pikirlerimi bir ýere jemläp bilemok. Göz öňüme özümiň jansyz jesedim görünýär, bu onçakly kyn däl, ony diňe özüm görýän, jesede bakýanam öz gözlerim. Men özümi, özümden özgäni görmeýän we eşitmeýän, ýaşaýyş bolsa başgalar üçin dowam ediberýär, diýip ynandyrmakçy bolýan. Emma biz bular ýaly pikirler üçin ýaradylmandyrys. Bilýäňmi näme, bir zatlara garaşyp uzakly gije uklaman çykan wagtlarym bolupdy. Emma, bize daňdan garaşýan bela bütinleý başga zat, Pablo. Ol üstümize abanyp gelýär, oňa taýýar durmak mümkin däl.
Men oňa:
— Bes et— diýdim— Belki ýanyňa ruhany çagyrarys?
Ol dymdy… Birazdan soň elimden tutup:
— Pablo, men özümden özüm soraýan… her minutda soraýan, çyndanam biz yzsyz ýok bolup giderismi?
Elimi çekip aldymda, onuň ýüzüne seredip:
— Aýagyň aşagyna bir seret, näme etdiň?— diýdim
Onuň aýagynyň aşagynda suw peýda bolupdy, balagyndan suw damýardy.
Ol tisginip:
— Bu näme?—diýdi.
— Balagyňa göýberipsiň.
Ol:
— Ýalan—diýip gygyrdy— Ýalan, men hiç zat duýamok.
Belgiýaly ýanymyza geldi.
— Ýaraňyzokmy, ýagdaýyňyz erbetleşýärmi?— diýdi.
Tom jogap bermedi. Beligýaly sesini çykarman suwa seretdi.
Tom gaharly:
— Nädip bolanyny bilemok. Ýöne men gorkamok, ant içip aýdýan gorkamok.
Belgiýaly hiç zat diýmedi. Tom işini doly bitirmäge bir çete ylgap gitdi. Gaýdyp gelip oturguja oturdy, şondan soň gürlemedi. Belgiýaly özüniň ýazuw-çyzuwy bilen meşgul boldy.
Bir mahal belgiýalyň kellesine täsin pikir gelen ýaly:
— Dostlarym— diýdi— Eger harby gurama garşy çykmasa. Siziň öz ýakyn adamlaryňyza aýtmakçy soňky sözleriňiz bolsa, olara ýetirmegim mümkin.
Tom ahmyrly:
— Meň hiç kimim ýok— diýdi.
Men hiç zat diýmedim. Tom az salym durdyda gyzyklanyp:
— Konçe aýtjak zadyň ýokmy?— diýdi.
— Ýok.
Bular ýaly gep-sözlere çydap bilemokdym. Ýöne aýyp özümde, ýakynda oňa Konçe barada gürrüň beripdim, aýtmasam boljak eken. Bir ýylymy Konçe bilen bile geçiripdim. Birki gün ozal Konçe bilen bäş minut görüşmek üçin elimi kesdirmägede taýýardym. Şonuň üçinem ol barada Toma gürrüň beripdim, bu duýgyny ýüregime sygdyryp bilmändim. Häzir Konçeni görmegem islämokdym, oňa näme hem diýerdim. Hepdäki ony gujaklamagam islämokdym, şu wagt buz deýin agaran, dynuwsyz der dökülýän bedenimi özüm ýigirenýärdim. Meň ölenimi eşidip Konçe aglar, birnäçe aý dünýeden doýar. Men ölüme höküm edilen adam. Onuň mylaýym bakýan gözlerini ýatladym, gözleri maňa seredeninde nazaryndan maňa birzatlar akýan ýaly duýulýardy. Eger şu wagt ol maňa seretse nazary özünde galyp, maňa hiç-hili duýgy gelmedik bolardy. Men indi ýalňyz.
Belgiýaly jübisinden sagadyny çykaryp:
— Dördüň ýary— diýdi.
Nejis, bilgeşleýin sagady aýtdy! Tom ýerinden böküp galdy. Biz oý-hyýallara gümra bolup wagtyň geçýändigini unudypdyk. Tün gara perdesi bilen bizi güýmäpdi, men agşamyň haçan düşendigini ýatlap bilmedim.
Huan samyrap başlady, ol eli bilen ýeri sermeläp gygyrdy:
— Men ölmegi islämok, ölmegi islämok.
Ellerini öňe serip ýerzeminiň içinde ylgady we ýüzin ýykylyp üznüksiz aglady. Tom ümür basan gözleri bilen oňa seretdi, oglanjygy köşeşdirmäge höwesiniň ýokdugy görünip durdy. Köşeşdirmäge zerurlygam ýokdy. Oglanjyk bize görä batlyrak gykylyk turuzýanam bolsa biziň çekýän derdimizem onuňkydan ýeňil däldi. Ol edil janyny halas etjek bolýan agyr hassa çalym edýärdi. Biziňki welin has agyrdy.
Ol aglaýardy, özüne gynanýandygy görnüp durdy. Ýöne ölümiň doly manysyny bilenokdy. Tasdan menem aglaýjak boldum, özümiň ejizleýändigime gynandym. Emma tersine boldy, oglanjygyň titreýän, horajyk eginlerini görenimde ne özüme ne-de başga birine gynanara mende güýç galmady. Öz-özüme "sen başyňy dik tutup ölmelisiň" diýdim.
Tom ornundan galdy, açyk tüýnügiň ýanyna bardy, agaryp başlan asmana seretdi. Men içimden "mertlerçe ölmeli, mertlerçe" diýýärdim, başga zady oýlamokdym. Belgiýaly sagady ýatladany bäri wagt çalt geçýärdi. Tom:
— Eşidýäňmi?— diýdi.
— Hawa.
Howludan aýak sesleri geldi.
— Daňdanyň ala garaňkysynda tentiremek nämä gerekka. Bizi garaňkyda atmazlara.
Men Toma:
— Jahan ýagtylýar— diýdim.
Pedro tisginip ýerinden galdy:
— It ýaly üşedim — diýdi.
Ýerzemine az-kem ýagtylyk düşüp başlady, uzakdan ok sesleri eşidildi.
Toma:
— Başlandy—diýdim— Arka tarapdaky howluda atýalar öýdýän.
Tom belgiýalydan çilim sorady. Men bolsa şu wagt içmegem, çekmegem islämokdym.
Şondan soňra olar yzyny üzmän tüpeň atdylar.
Tom:
— Düşündiňmi?— diýdi.
Ol ýene bir zatlar aýtmakçy boldy, ýöne gürläp ýetişmedi, gapa seretdi. Gapy açylyp dört sany esger bilen leýtenant girdi. Tomyň agzyndaky çilim ýere gaçdy.
— Steýnbok?
Tom jogap bermedi. Pedro oň oturan ýerine ümledi.
— Huan Mirbal?
— Ana, ol, oturgyçda otyr.
Leýtenant gygyryp:
—Turyň— diýdi.
Huan gymyldamady. Iki esger onuň goltugyndan tutup galdyrdylar, emma esgerler elini çekensoň ýere ýykyldy. Esgerler näme etjegini bilmedi.
Leýtenant:
— Muň ýaly ýagdaýy indi görmeli däl — diýdi — göterip äkitmeli bolar, bolýa, hemme zat bolmalysy ýaly bolar.
Ol Toma öwrülip:
— Çyk!— diýdi.
Tomy iki esger äkitdi, beýleki ikisi bolsa Huanyň egninden göterip olaryň yzyndan gitdiler. Huanyň huşy ýerindedi, gözleri şakäse kimin açykdy, ýaňaklaryndan göz ýaşlary dökülýärdi. Menem gapy tarapa ýöneldim. Leýtenant:
— Siz Ibbietamy?— diýdi.
— Hawa.
— Biraz garaşyň, sizi almaga gelerler.
Ol çykyp gitdi, belgiýaly we iki sakçam gitdi. Ýeke özüm galdym. Nämeleriň bolýandygyna düşünmedim, boljak zadyň çaltyrak bolmagyny isleýärdim. Ok sesleri anyk eşidilýärdi, tüpeňleriň sessiz durýan wagty juda azdy. Her sapar okyň sesi geleninde inim sandyrýardy. Uwlasym, saçlarymy ütesim gelýärdi. Dişimi gysyp, ellerimi jübime sokdum, çydamalysyň!. Bir sagatdan soňra meni äkitdiler. Birinji gatdaky kiçijik otaga eltdiler, bu otagda çilimiň tüssesinden ýaňa dem alar ýaly däldi, dymykdy. Iki sany harby ýumşajyk kürsüde oturyp çilim kükedýärdi, dyzlarynyň üstünde birnäçe kagyz bardy.
— Adyň Ibbietamy?
— Hawa.
— Ramon Gris nirä gizlendi?
— Bilemok.
Meni sorag edýäni semiz, kelte adamdy. Onuň gözleri äýnegiň astyndan maňa ok deýin çenelipdi. Ol maňa:
— Golaýyrak gel!— diýdi.
Golaýyna bardym. Ýerinden galyp meň gözlerime şeýlebir dikanlap seretdi welin bu bakyşy bilen meni dowzahyň azabyna griftar etjek ýalydy. Soňra ol elimi gaňryp başlady, elimi gaňryp meni gynamakçy bolanok, ýöne özüniň hökmürowandygyny duýdurmak isleýär. Ol ýüzüni ýüzüme ýakyn getirip bir minut ýaly seredip durdy, gülmän zordan saklandym, az wagtdan soňra ölüme sezewar boljak adamy bujagaz hereketler gorkuzyp bilermi, bujagaz hokgalary täsir edermi. Ol gursagymdan iterip göýberdi. Ýerine oturyp:
— Sen onuň nirededigini aýtsaň diri galarsyň— diýdi.
Bu adamlaram boýnundaky boýunbaglary, aýaklaryndaky gözüňi gamaşdyrýan ýaldrawyk ädikleri bilen bir gün ajala duçar boljakdyklary anyk. Dogry menden soňra, ýöne aradan köp wagt geçmez. Olar ellerindäki kagyzlara ýazylan atlara bellik goýýardylar, olary tazy kimin kowup, tutup ýa tussag edýärdiler ýa-da it deýin atýardylar. Ispaniýaň gelejegi we başka köp zatlar hakynda öz garaýyşlary bardy.
Semizi menden gözüni aýyranokdy, ädiginiň gonjuna gamçysy bilen kakýardy. Bu hereketi bilen özüni ýyrtyjy haýwan ýaly gaharjaň görkezmekçi bolýardy.
— Hawa, düşündiňmi?
— Grisiň häzir nirededigini bilemok. Belki Madriddadyr.
Ol:
— Saňa pikirlenmek üçin 15 minut wagt berýäs. —diýdi— Muny eşik çalşylýan otaga eltiň, 15 minutdan getiriň. Eger garşylyk görkezse ýerinde atyň.
Nejisler, näme etmelidigini bilýärler. Meni bir gije garaşdyrdylar, ýerzeminde bir sagat ýalňyz oturdym, bu wagtda Huan bilen Tomy öldürdiler. Indi otaga gabap goýmakçylar— bu oýunlary öňünden planlaşdyrandyrlar. Ruhyýeti çydamaz boýun eger diýýändirler, ýöne ýalňyşýarlar. Elbetde Ramon Grisiň nirä gizlenendigini bilýärdim, şäherden dört kilometr uzaklykdaky agasynyň öýüne gizlenipdi. Eger meni gynamasalar hiç haçan onuň gizlenen ýerini aýtmajagymy juda gowy bilýärdim. Üstesine men barça zatdan sowapdym. Emma aýny wagtda näme üçin beýdýändigimi bilegem isleýärdim, nämüçin men başgaça bolup bilemok? Neçüýn it ýaly ölüp gitmeli, näme sebäpden Ramon Grisi satmaly däl? Hawa, nämüçin? Ramon Grise hormatym galmady ahyryn. Oňa hormatym, gardaşlyk duýgularym geçen gije zym-zyýat bolupdy ahbetin, Konçe bolan söýgim, ýaşaýyş hyjuwy — barça-barçasy ýom-ýok bolmandymy. Dogry şol wagta çenli Grise hormatym çäksizdi, ol gaýduwsyz adamdy. Nämede bolsa onuň üçin gurban bolmagy boýnuma alypdym, onuň ömüri meňkä görä gymmatlyrakdy, aslynda ömüriň, diriligiň ýeke teňňelik gadyr-gymmaty ýok ýalam. Adamy diwara diräp ýüz-gözüne ok ýagdyrsalar, atyp öldürseler (bu menmi ýa Ramon Grismi ýa-da başga birimi) ynsanyň gadyr-gymmaty galmaýar, barça zadyň ähmiýeti ýitýär. Emma men şu wagt diri, Ramon Grisi satyp janymy halas etsem bolýar, ýöne muny etmeýän. Eşek ýaly kejirligim özüme gyzykly göründi, öz-özüme "bäh şu derejede samsyk bolarmyň" diýdim, hatda az-kem keýpimem göterildi.
Olar meni şol dar otaga eltdiler, aýagymyň aşagyndan syçan ylgap geçip gitdi, bulam maňa gyzykly göründi. Sakçylardan birine:
— Seret syçanjyk— diýdim.
Sakçy jogap bermedi.
Semiz adam:
— Hawa— diýdi— pikirlendiňmi?
— Hawa onuň haýsy ýerdedigini bilýän —diýdim— Gris gonamçylyga gizlendi, gümmezleriň birinde ýa-da garawulhanada bolmaly.
Soňky pursadymda bulary gowuja aldasym geldi. Howlugyp ok-ýaraglaryny alyşlaryny, çalt-çalt buýruk berişlerini göresim geldi. Çyndanam olar oturan ýerlerinden böküp galdylar.
—Gitdik. Moles leýtenant Lopesden on bäş adam alyň.
Semizi:
— Dogruňy aýdan bolsaň sözümiň üstünde duraryn— diýdi— Eger aldan bolsaň janyňdan umydyňy üzäýgin.
Olar çykyp gitdi. Men sakçylaryň gurşawynda, oturan ýerimde galdym. Näme-de bolsa akylly iş etdim, diýdim. Olaryň gümmezleriň gapylaryny açyşlaryny, gabr daşlaryny göterip mazarlaryň içine seredişlerini, kösenişlerini göz öňüme getirip şatlandym. Aradan bir ýarym sagat geçdi, semiz gaýdyp geldi. Indi meni atyp taşlamaga buýruk berer öýtdüm. Emma ol maňa ünsli seretdi, ol aldanan adama çalym etmeýärdi. Ol:
— Muny uly howla äkidip beýlekilere goşuň—diýdi— Urşdan soň ykbalyny tribunal çözer.
Onuň sözlerine gowy düşünmedikdirin öýdüp ondan:
— Näme, meni atanoklarmy?— diýdim.
— Umuman aýdanda häzirä atanoklar. Onsaňam bu indi meň wezipäme degişli däl.
Nämeleriň bolýandygyna aklym ýetmedi.
— Emma, näme üçin — diýip geň galdym.
Ol gürlemän egnini gysdy. Esgerler meni alyp çykdy. Uly howluda ýüze golaý tussag, garrylar, çagalar üýşüp durdy. Nämeleriň bolýandygyny aňlap bilmän howlyň ortasyndaky gülleriň ýanynda gezmeläp başladym. Agşam bizi naharhana eltdiler, iki-üç adam meň bilen gürleşmekçi boldy emma men jogap bermedim. Men indi nirede, nämeler bolýar— düşünemokdym. Gije howla ýene bir topar tussag edilenleri getirdiler. Olaryň arasyndan çörekçi Gersiani tanadym, ol meni görüp:
— Bagtyň çüwüpdir. Seni diri görerin öýtmändim—diýip gygyrdy.
Men:
— Olar meni atuwa höküm etdiler— diýdim— Soňra pikirlerinden dändiler, näme üçin beýtdiler, bilmedim.
Gersian:
— Olar meni sagat ikide tutdylar— diýdi.
— Näme üçin?
Gersian syýasata goşulanokdy.
— Umuman düşünemok— diýdi— Olar özleri ýaly pikirlenmeýänleriň ählisini ýygnap ýörler— diýdi.
Ol sesini peseldip:
—Grisi ele saldylar— diýdi.
—Haçan?
— Bu gün irden. Özi samsyklyk etdi-da, çarşenbe güni agasy bilen urşup, onuň öýünden gitdi. Grisi gizlejekler kändi welin emma ol hiç kime zelelim ýetmesin diýdi. Maňa "Ibbietaň öýünde gizlensem bolardy, ýöne ony tussag edipdirler, gowusy gonamçylyga gizlenäýin" diýdi.
— Gonamçylyga diýýäňmi?
— Hawa. Samsyklyk etdi. Bu gün irden olar gonamçylyga döküldiler. Gris garawulyň öýjegazynda eken, öýi gurşawa aldylar. Gris ok atyp garşylyk görkezdi, ony atyp öldürdiler.
— Gonamçylykda diýsene.
Göz öňüm garaňkylap ýüzin ýykyldym. Sesimiň ýetdiginden şeýlebir ha-ha-haýlap üznüksiz gülýärdim, göz ýaşlarym bolsa derýa bolup akýardy.

Žan Pol SARTR
Terjime: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Gurgenchli | Teg: Žan Pol Sartr | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 17
avatar
1
1 Мango • 23:09, 26.03.2023
hoş geldiň Gürgençli.
terjime barada:

В подвале были скамья и четыре циновки. Когда за нами закрылась дверь, мы уселись и несколько минут молчали. Затем Том сказал:
Ну все. Теперь нам крышка.

Ýerzeminde bir sany uzyn, dört sanam kiçi oturgyç bardy. Gapy arkamyzdan ýapylansoň biz azsalym sessiz oturdyk.
Birinji Tom gürrüňe başlady:
Soňumyz geläýdi öýdýän.

циновка - kiçi oturgyç diýipsiň, emma "Циновка - Плетёное полотно, из лыка, соломы, камыша и других материалов. Используется как коврик, подстилка для сидений и постели, скатерть, салфетка, украшение на стену и других назначений. Википедия"
ýagny, Циновка - saman, gamyş ýaly materiallardan dokalan halyça...
***
– Ну все. Теперь нам крышка.
— Soňumyz geläýdi öýdýän.
ine, bu sözlem ýerine düşüpdir.
berekella.
avatar
1
2 Gurgenchli • 23:13, 26.03.2023
Sagboluň.
Eger wagt tapyp bilseňiz, terjimäni doly okap syn ýazmagyňyzy haýyş edýärin.
avatar
1
3 Мango • 23:19, 26.03.2023
nesip bolsa.
öýkelemeseň bolýa. :-)
avatar
1
4 Gurgenchli • 23:20, 26.03.2023
Bir zady belläp geçeýin, terjimäni biraz gysgaldyp aldym, ýagny käbir oýlanmalary aýyrdym.
Ýöne iki wersiýany deňeşdiräýmeseň gysgaldyp alynandygy bildirýänem däldir.
avatar
1
5 Мango • 23:35, 26.03.2023
Видимо, он предназначался для отопления лазарета. Потом началась война, больных эвакуировали, а уголь так и остался. Люк, наверно, забыли захлопнуть, и сверху временами накрапывал дождь.

Kömüri harby hassahanany ýylytmak üçin ulanandyrlar, Soňra urş başlanyp hassalary başka ýere göçüripdirler göçürendirler, kömür bolsa galandyr. Her wagt tüýnükden ýagyş damjalary düşýärdi. Belki tüýnügi (lýugy) ýapmagy unudandyrlar, wagtal-wagtal ýokardan ýagyş sepeleýärdi.
avatar
1
6 Мango • 23:43, 26.03.2023
– Но мне сказали, что тут трое басков. Будто мне больше делать нечего, кроме как их разыскивать. Священник вам, конечно, не нужен?

— Maňa bärde üç sany bask bar diýipdiler. Näme meň olary gözlemekden başga işim ýokmy. Size ruhany gerekmi? Elbetde, size ruhany gerek däldir?
avatar
1
7 Gurgenchli • 23:46, 26.03.2023
Ýalňyşlyklary düzederin nesip bolsa.
Gaty görmerin agam. Her sapar hekaýa terjime edenimde biri bellik, syn ýazaýmazmyka diýip kän garaşýan, belliksiz (tankytsyz) kämilleşip bolanokda.
avatar
1
8 Мango • 23:49, 26.03.2023
Том был добряк...
Tom mähriban adamdy...
"mähriban" däl-de "rehimdar" diýseň has dogry ýaly.
avatar
1
9 Мango • 23:53, 26.03.2023
internetden tapan orsça tekstim doly däl eken-dä.
şonam zordan tapdym. köp sahypalara girip bolanok.
şo sebäpden terjime orsçadan edilen bolsa, özüňde bar bolsa, onam goýsaň gowy boljak deňemäge.
häzirlikçe yzyny deňeşdirip bilmedim.
avatar
1
10 Gurgenchli • 00:10, 27.03.2023
Bar welin ýöne kompýuterimdeda:( kompýuterem obada, öýümde. Bu hekaýany geçen ýyl otpuskada wagtym terjime edipdim, soňam telefonymdaky ähli dokumentleri telefondan öçäýmesin diýip kompýutere geçirip gaýdypdym.
Bähbit bolsun. Wagtyňyzy sarp edip syn ýazanyňyz üçin minnetdar agam.
avatar
1
11 Gurgenchli • 00:12, 27.03.2023
Belki diňe şu wersiýany okap harp, söz, sözlemleriň guruluşy we ş.m kemçilikler barada ýazsaňyz?
avatar
0
12 Bagabat • 08:19, 27.03.2023
Циновка-ny "boýra" diýip alaýsaňam bolarmyka diýýän.

BOÝRA [boýro], at. Ýeken ösümliginiň uzyn ýasy
ýapragyndan örülýän düşek. Boýra düşegimni aldy
astymdan (Magtymguly). Sypalyň üstüne düşelen ýyrtyk
boýra bilen oňşuk etmeli bolupdyk (″Edebiýat we sungat″).

– Ну все. Теперь нам крышка.
— Soňumyz geläýdi öýdýän.


Bu-da erbet däl. Ýöne çeperleşdirmek üçin:
-Bolaýdy. Indi biziňki gapak.
diýseň has täsirli bolaýjak ýaly.

Harpa ýalňyşlaryň bar, Saparmyrat. Elim degse seredip bererin.

Zähmetiňe respekt (bizkiçeleseň: "hormat" ýa-da "уважуха" bolýa :-)).
avatar
1
13 Pero • 15:20, 27.03.2023
Dartgynly hekaýa eken. Muny okap ajaldan gaçmaga çalşan ussa baradaky hekaya yada dusdi. Ajaldan gutulma yok. Ol adamyñ diline mazarlygy salanam ajaly bolsa gerek
avatar
0
14 Medicall • 20:50, 27.03.2023
Nähilem bolsa terjimä uly yhlas siñeni bildirýär. Umumy alañda gowy çykypdyr.
Üns bermeli ýerleri, syntgalamaly sözleri ýok däl ýöne. Mysal üçin: *paltunyny - şu söz paltosyny bolmaly dälmi?
*gözümiň gytagy - gyýtagy, gyýagy,

*munyň- munuñ

* Gözlerini uludan açyp ýere bakyp otyrdy. - şu sözi "gözlerini tegeläp" - diýseñem bolardy.

*ýüzüni talanmaz - tanalmaz

*Nätdi, bedeniň gyzdymy? - Nätdiñ ýylandyñmy?

*Uf länet syňmyş - uf nälet siñmiş.

Ýene bar ýalñyşlyklar, biraz suwuk alynan ýerleri.

Üstünlikler jigim! Ýetirip duruñ!
avatar
0
15 Gurgenchli • 21:34, 27.03.2023
Inşallah kemçilikleri düzederin. Köp sagboluň, minnetdar.
avatar
0
16 Gurgenchli • 21:36, 27.03.2023
Ajalyňdan gorkup girseň ummana,
Ne peýda bar gidejek jana.

Diýýara Magtymguly.

Köp sagboluň, gyzygyp okanyňyz we teswir galdyranyňyz üçin minnetdar.
avatar
0
17 Gurgenchli • 08:12, 31.03.2023
Sagboluň Serdar aga.
Teswiriňizi şu wagt gördüm.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203