13:23 Umyt şemleri | |
UMYT ŞEMLERI Şemler ýanýar. Ýanýan şemleň sany ýok Olar hyjuw bilen şuglalanýardy. Otag sessiz-üýnsiz gugaryp otyr Ýalňyz otag yşkdan duýgulanýardy. Aý tegelek,penjireden görnüp dur, Onuň gursagynda daglar döräpdir. Ýyldyzlary ýygnap daş-töweregne Asmanda şahana meýlis gurapdyr. Ellerinde bada,doly şerbetdan Badadan damjalar gaýdýar ýol ýasap. Olar ýagyş bolup inip zemine, Otagyň içine girýärler kürsäp. Şemler has güýjeýär, artýar ýagtysy Güýjedigçe ýuwaş-ýuwaş ereýär. Gursagyny tümlik gaplaýmasyn diýp Otagda bir uly gorky döreýär. Şol ýalňyz otag deý ejizje göwnüm, Umytlarym kimin şemler ereýär. Siz göwrämiň hem ruhumyň röwşeni Säginiň,umyt şemlerim eremäň! (с) Meňli Aşyrowa Arhiwden | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |