19:27 Ürküzilen | |
ÜRKÜZILEN Näme isleýärin, bilemok özüm, Gije gündiz ters aýlanýan nämüçin?! tapýaryn, ýitirýän, agtarýan ýene, Näm:ädir gussaly garaşyar kalbym. dostlarymdan gaçýaryn men näme üçin-- Gizlenýän meýletin tussaghanamda?! Duygulam ýollaýar pyşyrdylaryny, diñleýän olary teşnelik bilen. Ýol agtarýan garañkydan, tümlükden, Mekir ýalançylardan gaçmaklyk üçin azap çekýän; Sebäp: Düýnem olar maña dostdular, Mylaýym ýylgyryş bilen ýüzüme bakdylar Aldan ekenler: Arkama öwrülip kesek atdylar. Bu adamlara açyk göwün bilen gatyldym, Olaram gül ýaly beripdi jogap. Gapynyñ arkamdan ýapylan wagty olar kimdiklerni aýan etdiler: Gülüp bakanlarym kesek atdylar. Ah, ynjan kalbym, düşünýän saña, gözleme, garaşma gynanma, puşman etme, Düşersiñ hassa, Söýgi goragynda taşla ynamyñ: Betpygyllañ, nätanyşlañ dünýäsinde duşmarsyñ dosta! © Fürug FERRUGZAD Rusçadan terjime: © NURDAN | |
|
Ähli teswirler: 23 | |
0
| |