03:46 «Üstümde asmanyň bereketi dur...» | |
*** Üstümde asmanyň bereketi dur, Şükür bilen geçip barýar gün-aýym. Bir gyrada hyýal ýaly del sudur Gözün süzüp, gaşyn kakar şelaýyn. Bazary sowlansoň ýalan hödüriň, Azgyn siller hanasyna çekildi. Emaý bilen aýryp büdür-südürin, Aňymda heýkel deý ýondum şekilňi. Munuň üçin göge elim açmaryn, Ikibaşdan haýyr etmez dogalar. Garaňkyny wada beren saçlaryň Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar. Kaýdan-kaýan barýanymy unudamda, Pikirlem bulanyp, gagşanda süňňüm. Uludan dem alyp, gözüm ýumdum-da, Göçme hyýallaryň läbigne çümdüm. Deňzi holtumuna tartar tüweleý, Dagyň bir bölegi gaýdar opurlyp. Haçana çen dowam eder şüweleň Her bakyşyň bolup durka ogurlyk?! Goý, bu bolsun erkek kimin gaçdygym Üç eşege bergim bolsun dört eşik. Ir-u giç karolyň ýalaňaçlygyn Bir gün ile ýaýar myrtar ördejik. Şonda, hatda, ýigrenjimem dözmerin, Jogaplaryn tapman geçsin sowallar! Tümlüge çagyrýan gara gözleriň Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar. 24.03.2020 © Sungat GURBANGELDI | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |