13:42 Wagt | |
Wagt (esse) Gýote bilen Şilleriň atlarynyň bir hatarda goýulmagyny Nisşe halamaz ekeni. Wagt bilen giňişligiň birikdirilmesi hem edil şonuň ýaly ýerliksiz boljakdygyny aýdyp bolar, onsoňam, biz aňymyzda özümizi giňişlikden üzňe göz öňüne getirmegi başarsagam, wagtdan üzňeleşip bilmeris. Bizde bäş duýgunyň diňe biri galdy diýip, göz öňüne getireliň. Goý, bu eşidiş duýgusy bolsun. Şeýle bolan halatynda, göze görünýän dünýä gaýyp bolar, ýagny asman, ýyldyzlar ýitip giderler... Syzyş duýgusyndan mahrum bolandygymyz sebäpli, biziň üçin nätekizlikler, düzlükler we ýygyrtlar ýitip gider. Eger biz ys alyş, tagam duýuş ukyplarymyzy hem ýitiräýsek, onda dilimizde, burnumyzda jemlenen duýgular hem ýitip gider. Diňe eşidiş duýgusy galar. Ine, şonda biziň öňümizde giňişliksiz dünýä peýda bolar. Özbaşdak adamlaryň dünýäsi, ýagny, biri-biri bilen gatnaşyk saklap bilýän özbaşdak şahsyýetleriň dünýäsi emele geler. Olar müňlerçe, belki-de millionlarça bolup, sözler (olara biziňki ýaly ýa-da ondan hem çylşyrymly dil oýlap tapmaga hiç zat päsgel bermeýär) we saz arkaly özara gatnaşyk saklap bilerler. Bu diňe aýry-aýry düşünjeleri hem-de sazy özünde jemleýän dünýä bolar. Saz üçin saz gurallary gerek hem bolsa, bu onuň saz guralsyz mümkin däldigini aňlatmaýar. Gurallar diňe sazy çalmak üçin zerurdyr. Haýsydyr bir partiturany (eseriň nota ýazgysy) alyp göreliň. Biz onuň owazyny saz guralsyz, ýagny pianinosyz, skripkasyz, fleýtasyz göz öňüne getirip bileris... Özbaşdaklyklardan we sazdan ybarat bolan bu dünýä biziň dünýämizden garyp däldir. Şopengaueriň aýdyşy ýaly, saz – dünýä babatynda ýat bir zat däldir, çünki, sazyň özi dünýädir. Bu dünýäde biziň elmydama wagtymyz bolar. Çünki, wagt — yzygiderlilikdir. Goý, biziň her birimiz özüni garaňky jaýa düşendigini göz öňüne getirsin. Şonda gözümize görünýän dünýä ýiter, göwre gaýyp bolar. Biz köplenç öz tenimizi duýmaýarys! Ine, men edil şu wagt, elimi stola degrenimden soň, stoly hem-de öz elimi duýdum. Emma, nämedir bir zatlar bolup geçmeli. Ol nämekä? Mümkin ol biziň kabul edip bilşimiz, duýgularymyz ýa-da ýöne ýatlamalyrymyz we göz öňüne getirmelerimizdir. Ýöne mydama nämedir bir zatlar bolup geçýär ahyryn. Men Tennisonyň irki goşgularynyň birindäki örän gowy setiri ýatlaýaryn: «Time is flowing in the middle of the night» («Ýarygije dynman akýan wagt»). Gör, nähili şahyrana keşp: bütin dünýä ukuda, ýöne wagtyň ümsüm derýasy (bu meňzetmeden gutulma ýok) zeminiň ýüzünden, ýeriň astyndan, ýyldyzlaryň arasyndaky giňişlikden akýandyr. Şeýlelikde, wagt düýpli mesele bolup durýar. Şunuň bilen men wagtdan üzňeleşip bilmejekdigimizi aýtjak bolýaryn. Biziň aňymyz hemişe bir ýagdaýdan beýleki ýagdaýa geçýär, şonuň özi hem wagtdyr – yzygiderlikdir. «Wagt metafizikanyň esasy meselesi bolup durýar» diýip, Anri Bergson aýdan bolmaly. Biz bu meseläni çözsek, ähli syrlary açyp bilerdik, ýöne bagtymyza, bize beýle howp abananok. Biz ömürboýy çözgüdi gözläp geçeris. Biz hemişe Keramatly Awgustin ýaly: «Wagt nämekä? Menden bu barada soramankalar, men ony bilýän. Soran wagtlary bolsa, aljyraýan» diýip bileris. Ýigrimi-otuz asyryň dowamyndaky oýlanmalaryň netijesinde biz wagt meselesini çözmekde näçeräk öňe gidendigimizi bilemok. Ýöne şu wagtlar hem biz gadymýetde Geraklitiň düşen aljyraňňy ýagdaýyny duýup gelýäris. Men onuň aýdan sözüne gaýta-gaýta dolanyp gelýärin: hiç kim şol bir derýa iki gezek girmez. Näme üçin hiç kim, hiç wagt şol bir derýa iki gezek girip bilmez? Birinjiden, derýanyň suwy akyp gidýär. Ikinjiden bolsa, biziň özümiz derýa kimin akyp barýarys, – bize metafiziki täsir edýän, bizde mukaddes gorka meňzeş bir duýgy döredýän zat hem şol bolsa gerek. Wagt meselesi hem şundan ybaratdyr. Bu akgynlylyk meselesidir: wagt geçýär. Men Bualonyň ajaýyp goşgusyny ýatlaýaryn: wagt haýsydyr bir zadyň menden eýýäm uzakda galan pursadynda geçýändir. Meniň häzirki ýagdaýym ýa-da meniň häzirki ýagdaýym bolan zat eýýäm geçmişe öwrüldi, ýöne geçip barýan wagt dolulygyna geçip gidiberenok. Mysal üçin, biz geçen penşenbe güni söhbetdeş bolduk. Biz başga adam bolduk diýibem bolar, çünki, hepdäniň dowamynda biz dürli wakalary başdan geçirdik. Şeýle-de bolsa, biz şol öňki adamlardyrys. Men şu ýerde çykyş edip, bir zatlar barada pikir ýöretmäge çalşandygymy bilýärin, siziňem geçen hepde meni nähili diňländigiňizi unudan dälsiňiz. Näme-de bolsa, ol hakydada galýar. Hakyda özbaşdakdyr. Biz köp babatda öz hakydamyzdan ybaratdyrys. Hakyda bolsa, köp derejede unutmalardan ybaratdyr. Şeýlelikde, biz wagt meselesini öňde goýduk. Häzirki wagtda biziň ony çözüp bilmezligimiz mümkin, ýöne biz teklip edilen çözgütleri deňeşdirip bileris. Bu çözgütleriň iň gadymysy Platona degişlidir, soňra ony ilki bilen Plotin, ondan soň hem Keramatly Awgustin alypdyr. Bu taglymat adamyň oýlap tapan zatlarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Men ony adamyň oýlap tapan zady hasap edýärin, ýöne siz dine uýýan bolsaňyz, başgaça pikir edýän bolmagyňyz mümkin. Oýlanyp tapylan bu ajaýyp zat — bakylyk. Bakylyk näme? Bakylyk — geçen günlerimiziň jemi däldir. Bakylyk biziň we hemme aň-düşünjeli mahluklaryň düýnleridir. Ähli zat geçmişdir, haçan başlanandygy nämälim bolan geçmişdir. Häzirki wagt hem bakylykdyr. Ol ähli şäherleri, dünýäleri, planetara giňişligi gurşap alan pursatdyr. Ahyrsoňam ol geljek zamandyr. Entek ýaradylmadyk, ýöne wagt içinde bar bolan geljek. Teologlar bakylygy şu hili dürli döwürleriň täsin görnüşde birleşen pursady hasap edýärler. Wagt meselesini örän inçeden duýan Plotiniň sözlerinden peýdalanalyň. Ol şeýle diýýär: üç wagt bar, olaryň üçüsem häzirki wagtdyr. Birinjisi gönüden-göni häzirki wagt, meniň gürleýän pursadymdyr. Ýagny, meniň gürlän pursadym, çünki ol eýýäm geçmişe öwrüldi. Başga bir wagt — geçen döwrüň häzirki wagtydyr, ol hakyda diýlip atlandyrylýar. Üçünji wagt — geljek döwrüň häzirki wagtydyr, ýagny, bu biziň arzuw-hyýallarymyza we wehimlerimize görünýän wagtdyr. Indi Platonyň getiren çözgüdine geçeliň: ol hiç zada esaslanmadyk ýaly bolup görünýär, ýöne men size onuň şeýle däldigini subut etmäge çalşaýyn. Platon: «Wagt — bakylygyň geçip gidýän keşbidir» diýýär. Ol bakylykdan, beýleki barlyklarda şöhlelenmek isleýän Baky Barlykdan başlanýar. Ýöne bakylykda bu mümkin däldir. Şöhlelenme yzygiderli amala aşmalydyr. Wagt bakylygyň geçip gidýän keşbine öwrülýär. Beýik iňlis mistigi Wilýam Bleýkiň aýdyşy ýaly: «Wagt — bakylygyň peşgeşidir». Eger bize bütin barlyk peşgeş berlen bolsady!... Barlyk älemden-de, dünýäden-de uludyr. Eger bize ýekeje gezek ähli barlyk görkezilen bolsady, onda biz ruhdan düşerdik, derbi-dagyn bolardyk, ýok bolup giderdik. Barymyz heläk bolardyk. Wagt — bakylygyň serpaýy. Bakylyk bize yzygiderlilikde ýaşamaga mümkinçilik berýär. Bizde günler we gijeler, sagatlar we minutlar bar, biziň ýatkeşligimiz, şu pursatdaky duýgularymyz, şeýle-de, entek bilmeýän, ýöne duýýan ýa-da howatyrlandyrýan geljegimiz bar. Bularyň bary bize yzygiderlilikde berlipdir, ýogsa biz älemdäki jemlenen barlygyň uçursyz agramyny çekip-çydap bilmezdik. Şeýlelikde, wagt biziň üçin bakylygyň peşgeşine öwrülýär. Bakylyk bize yzygiderlilikde ýaşamaga mümkinçilik berýär. Şopengauer: «Biziň bagtymyza, ýaşaýşymyz günlere hem gijelere bölünýär, oýalygymyzyň arasyna uky bilen böwşeňlik salynýar» diýipdir. Irden biz oýanýarys, günümizi geçirýäris, soňra bolsa uklaýarys. Uky bolmadyk bolsa, ýaşaýyş çekip-çydar ýaly bolmazdy. Biz alýan lezzetlerimiziň eýesi bolup bilmezdik. Barlygyň bütewiligi biziň üçin çydamsyz ýagdaýdyr. Şol sebäpli-de, ähli zat bize yzygiderlilikde berilýär. Ruhuň başga bedenlere geçmegi hakyndaky taglymat hem şoňa meňzeş düşünjeler bilen baglydyr. Megerem biz, panteistleriň ynanyşlary ýaly, ähli minerallara, ösümliklere, haýwanlara, adamlara siňendiris. Ýöne begendirýän ýeri, biz muny bilmeýäris. Biz özbaşdaklygymyza ynanýarys. Eger şeýdip aldanmadyk bolsak, bu bütewilik bizi gysyp-gowrardy. Indi Keramatly Awgustine geçeliň. Wagt meselesini şondan güýçli duýan ýok bolsa gerek. Keramatly Awgustin: «Kalbym wagtyň nämedigini bilmek isleýär» diýipdir. Ol Hudaýdan bu soragyň jogabyny aýtmagy dileg edýär. Muny ýöne bilesigelijilikden däl-de, özüniň başgaça ýaşap bilmeýändigi sebäpli soraýar. Bu onuň üçin möhüm meselä öwrülýär, soňra Bergson ony metafizikanyň esasy meselesi diýip ýöne ýere atlandyrmandyr ahyry. Bu zatlar barada Keramatly Awgustin örän hyjuwly gürrüň edýär. Wagt barada pikir öwürmek bilen, örän ýönekeý bolup görünýän mysaly — Zenonyň paradokslaryndan birini ýatlalyň. Zenon öz paradokslaryny giňişlige degişli edipdir, biz olary wagt babatda ulanalyň. Olaryň arasyndan iň ýönekeý paradoksy ýa-da hereket edýän zat baradaky gapma-garşylygy alyp göreliň. Hereket edýän zat stoluň belli bir nokadynda ýerleşýär we ol beýleki nokada barmaly. Ilkibaşda ol ýoluň ýarysyny geçmeli, ýöne öňünden ýarysynyň ýarysyny, ondan öň bolsa ýarysynyň ýarysynyň ýarysyny geçmeli, şeýdibem, tükeniksiz uzap gidýär. Zenonyň pikirine görä, hereket edýän zat hiç wagt stoluň bir çetinden beýleki çetine geçip bilmez. Onsoňam biz geometriýanyň mysalyna ýüzlenip bileris. Geometriýada nokady oýlap tapdylar. Nokatda uzynlyk ýok hasap edilýär. Emma, nokatlardan düzülen tükeniksiz yzygiderliligi alsak, onda göni çyzyk emele geler. Soňra biz göni çyzyklaryň tükeniksiz mukdarynyň netijesinden tekizligi alarys. Dogrusy, munuň näderejede düşnüklidigini bilemok. Çünki, nokatda uzynlyk ýok bolsa, eýsem, olaryň tükeniksiz sanynyň nädip uzyn göni çyzyk berip biljekdigi düşnüksiz bolup galýar. Göni çyzyk barada aýtmak bilen men, Ýeriň şu nokady bilen Aýy baglanyşdyrýan göni çyzygy göz öňünde tutmaýaryn. Men, mysal üçin, elimi degirýän stolumyň göni çyzygy barada pikir edýärin. Onda hem nokatlaryň tükeniksiz mukdary bar. Bularyň ählisi üçin düşündiriş hödürlenildi. Bertran Rassel muny şeýle düşündirýär: finit köplügi bar (1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10 diýen ýaly sanlaryň tükeniksiz hatary). Indi, uzynlygy birinjisinden iki esse gysga bolan başga bir yzygiderlilige seredeliň. Ol jübüt sanlardan durýar. Şunda 1 — 2-ä laýyk gelýär, 2 — 4, 3 — 6-a... Ýene bir yzygiderliligi alyp göreliň. Haýsy bolsa-da bir sany saýlap alalyň. Mysal üçin, 365. Goý, indi 1 — 365-e, 2 — 365-iň kwadradyna, 3 — 365-iň kubuna laýyk gelsin. Biz sanlaryň birnäçe tükeniksiz yzygiderliligine gabat geleris. Şunuň ýaly transfinit köplüklerde bölekler bütewilikden kiçi däldir. Maňa mälim bolşuna görä, bu ideýalar matematikler tarapyndan kabul edilipdir, ýöne biziň aňymyzyň olara nädip ynanyp biljekdigine welin düşünemok. Häzirki pursady alyp göreliň. Häzirki pursat näme? Bu biraz geçen döwri hem-de az-kem geljegi özünde jemleýän pursatdyr. Häzirki wagtyň özi geometriýadaky finit nokadyna çalymdaşdyr. Aslynda, häzirki wagtyň özi ýokdur. Ol biziň aňymyzyň gönüden-göni akyl ýetiren zady bolup durmaýar. Şeýlelikde, bizde bir-de geçmişe, birdenem geljege öwrülip duran häzirki wagt bar. Wagt babatda iki garaýyş bar. Olaryň birine laýyklykda (munuň bilen biziň hemmämiz hem ylalaşýarmykak diýýän), wagt — bu akyl ýetirip bolmaýan asylky gözbaşyndan bize tarap akýan derýadyr. Iňlis metafizigi Jeýms Bredli wagta başgaça garaýar. Bredliniň aýtmagyna görä, ähli zat tersine bolup geçýär, ýagny, wagt geljekden häzirki wagta tarap akýar, geljegiň geçmişe öwrülýän pursadyny bolsa, biz häzirki wagt diýip atlandyrýarys. Biz iki metaforanyň birini saýlap bileris. Biz wagt derýasynyň gözbaşyny geljekde ýa-da geçmişde ýerleşdirip bileris. Onuň tapawudy ýok. Iki ýagdaýda hem derýa akar. Ýöne wagtyň gelip çykyşy baradaky meseläni neneňsi çözüp bolarka? Platon şunuň ýaly jogap beripdir: «Wagt bakylykdan gözbaş alýar». Emma munuň özi bakylygyň wagtdan öň gelýändigini aňlatmaýar. «Öň gelýär» diýmegiň özi hem bakylygyň wagta degişlidigini aňladar ahyry. Aristotel ýaly, wagt — hereketiň ölçegidir diýip hasap etmegem ýalňyşlyk bolar, çünki hereket wagtyň içinde bolup geçýänligi sebäpli ony düşündirip bilmeýär. Keramatly Awgustin bir gezek örän jaýdar aýdypdyr: «Non in tempore, sed cum tempore Deus creavit caela et terram» («Hudaý asmany hem zemini wagtyň içinde ýaratmandyr, ýöne olara wagt beripdir»). Barlyk Kitabynyň ilkinji jümleleleri diňe dünýäniň — deňizleriň, topragyň, tümlügiň, ýagtylygyň ýaradylyşyna degişli däldir, eýsem wagtyň başlangyjyna hem degişlidir. Ondan öň wagt bolmandyr. Dünýä wagt berlenden soň ýaşap başlapdyr, şondan bäri hem ondaky ähli zatlar yzygiderlilikde bolup geçýär. Meniň ýaňyja düşündirip geçen transfinit köplükler baradaky taglymatymyzyň bize kömek etjekdigini ýa-da etmejekdigini bilemok. Bölekleri bütewilige deňleýän köplükler taglymaty bilen meniň pikir-hyýalymyň, siziň aň-düşünjeleriňiziň ylalaşjagyny ýa-da ylalaşmajagyny hem bilemok. Natural sanlaryň yzygiderliligi barada aýtmak bilen, biz jübüt sanlaryň mukdarynyň täk sanlaryň mukdaryna deňdigine, onuň hem tükeniksizdigine düşünýäris. Biz 365 derejäniň mukdarynyň natural sanlaryň mukdaryna deňdigine düşünýäris. Bu ideýany wagtyň iki pursady babatynda ulanmaga bize näme päsgel berýär? Ony 7 we 4 minut, 7 we 5 minut babatynda ulanyp bolmazmy? Bu iki sanyň arasynda pursatlaryň tükeniksiz transfinit yzygiderliliginiň bardygyna hem ynanmak çetin. Emma Bertran Rassel biziň ony edil şunuň ýaly göz öňüne getirmegimizi isleýär. Býornhemiň aýdyşyna görä, Zenonyň paradokslary wagty giňişlige meňzetmegine esaslanandyr, hakykatda bolsa, diňe bütewi durmuş joşguny bar. Meselem, Ahillesiň ylgap bir metr geçýän mahaly, pyşdyl bir desimetr geçýär diýip bolmaz, sebäbi, şunuň ýaly pikir öwürmelerde Ahilles ilkibaşda uly ädimler bilen, soňra bolsa puşdylyň ädimi bilen ylgaýan ýaly bolar. Ýagny, biz wagta giňişlik ölçegini berýäris. Bäş minutlyk wagt aralygyna garalyň. Bäş minudyň geçmegi üçin olaryň ýarysynyň — iki sany iki ýarym minudyň geçmegi zerurdyr, munuň üçin bolsa iki ýarym minudyň ýarysynyň geçmegi zerurdyr. Bu ýarymyň geçmegi üçin ýarymyň ýarysy geçmelidir, şeýlelikde bu tükenisizlige utgaşyp gidýär. Bäş minut hiç wagt gutarmaýar. Zenonyň gapma-garşylykly pikirleri (aporiýalary) hem wagta edil şunuň ýaly ýanalýar. Peýkamly mysaly alyp göreliň. Zenon uçup barýan peýkam her bir pursatda hereketsizdir diýipdir. Diýmek, hereket mümkin däl: sebäbi hereketsizlikleriň jemi hereket emele getirip bilmez. Ýöne biz giňişligi hakykatdan bar hasap etsek, onda, bölmek işiniň tükeniksiz bolup biljekdigine garamazdan, ahyrky netijede ony nokada çenli bölüp bolar. Wagty hakykatdan hem bar hasap etsek, onda ony pursatlara, pursatlaryň pursatlaryna we ş.m. bölüp bolar. Dünýäni biziň düşünjämiziň döreden zady hasap etsek, her birimiz arzuw-hyýallarymyzda öz dünýämizi döredýäris diýen netijä gelsek, biziň pikirimiz bir pikirden beýleki pikire tarap hereket edýär we ýokarda gürrüňi edilen birlikler ýok diýip çak edip bilerdik. Diňe biziň duýgularymyz, hyjuwlarymyz, arzuw-hyýallarymyz bardyr. Bu birlik hakyky bar zat däl-de, pikir öwürmeleridir. Ýöne başga-da bir umumy kabul edilen nukdaýnazar bardyr. Ol wagtyň bütewiligi baradaky düşünjedir. Ony öz abraýy bilen Nýuton ykrar etdiripdir, ýöne ol ondan has öň kabul edilendir. Nýuton matematiki wagt — älemde geçýän bir bütewi wagt barada aýdan mahalynda, ol şu wagt hem boşlukda, ýyldyzlarara giňişlikde birsyhly geçýän wagty göz öňünde tutýar. Emma iňlis metafizigi Bredli biziň şeýle pikir etmegimiz üçin hiç hili esasyň ýokdugyny aýdypdyr. Ol biri birine laýyk gelmeýän dürli wagt yzygiderlilikleriniň bardygyny çaklamak bolar diýip ýazypdyr. Olaryň birini alalyň hem-de ony a, b, c, d, e, f... harplar bilen aňladalyň. Onuň agzalary biri-biri bilen laýyk gelýär: biri beýlekisiniň yzyndan gelýär, biri beýlekisiniň öňünden gelýär, biri beýlekisi bilen birbada gelýär. Biz başga hili yzygiderliligi hem tapyp bileris: alfa, beta, gamma... Başga-da köpsanly yzygiderlilikleri oýlap tapyp bolar. Näme üçin biz wagty ýeke-täk yzygiderlilik hasaplaýarys? Köpsanly wagtlaryň bardygy we bu wagt yzygiderlilikleriniň agzalarynyň biri-biriniň yzyndan, öňünden we biri-biri bilen birwagtda gelýändigine garamazdan, olaryň biri-biri bilen laýyk gelmeýändigi baradaky taglymata biziň akylymyzyň ýetjekdigini-ýetmejekdigini bilemok. Bu dürli yzygiderliliklerdir. Biziň her birimiz ony göz öňüne getirip bileris. Iň bolmanda, Leýbnisi ýatlalyň. Bu ýerde mesele biziň her birimiziň ýaşaýşymyzyň waka yzygiderliliginden başga zat däldigindedir, dürli yzygiderlilikler bolsa ugurdaş ýa-da biri-birini kesip geçýän bolmagy ahmal. Biz näme üçin bu taglymaty kabul etmeli? Onuň dogry bolmagy ýaşaýan dünýämizden has giň, adaty däl dünýäni berip bilerdi. Ýeke-täk, bütewi wagtyň ýokdugy baradaky pikir, meniň düşünişime görä, häzirkizaman fizika tarapyndan kabul edilen bolmaly, ony bolsa men bilemok, düşünemok. Bu dürli wagtlar hakyndaky pikir. Biz nämä esaslanyp, Nýuton dek, diňe ýeke-täk wagtyň barlygyny ykrar etmeli? Indi haýsydyr bir görnüşde ýüze çykmak isleýän, wagtyň içinde we giňişlikde ýüze çykýan bakylyk mowzugyna, bakylyk taglymatyna dolanalyň. Bakylyk — bu arhetipler dünýäsidir. Meselem, bakylykda aýdyň üçburçluklar bolmaýar. Ol ýerde diňe bir üçburçluk bardyr, ol hem deňtaraply, deňýanly ýa-da dürli taraply bolup bilmez. Bu üçburçluk — bir wagtda olaryň üçüsem bolup durýar we hiç biri hem däldir. Bu üçburçlugy göz öňüne getirip bilmeýändigimiziň ähmiýeti ýokdur. Ol bardyr. Ýa-da, mysal üçin, biziň her birimizi adam arhetipiniň wagtlaýyn we ölüp gitmeli nusgasy hasap edip bolar. Bu ýerde biziň öňümizde ýene bir mesele ör boýuna galýar: her bir adamda Platonyň arhetipi barmyka? Bu absolýut özüni ýüze çykarmaga çalyşýar. Ol wagtyň dowamynda ýüze çykýar. Wagt — bakylygyň keşbidir. Bu ýagdaý bize wagtyň yzygiderliliginiň sebäbine düşünmäge kömek eder diýip pikir edýärin. Wagt bakylykdan çykyp, oňa gaýdyp barmaga çalyşýandygy sebäpli yzygiderlidir. Şeýlelikde, geljegiň taglymaty biziň başlangyja dolanmak islegimiz bilen baglydyr. Hudaý dünýäni ýaradypdyr, bütin dünýä, ýaradylan bütin älem bolsa, wagtdan soň ýa-da öň däl-de, eýsem, onuň çäginden daşarda ýerleşen baky gözbaşyna dolanmaga çalyşýar. Bularyň ählisi ýaşaýşa bolan hyjuwda ýüze çykýar. Biz wagtyň näme üçin hemişe hereketde bolýandygyna hem düşündik. Käbirler häzirki wagty inkär edýärler. Hindi metafizikleri miwäniň tänip düşýän pursady ýok diýen pikire gelipdirler. Miwe gaçjak bolup durandyr ýa-da eýýäm ýerde ýatandyr, ýöne onuň gaçýan pursady ýokdur. Paradoks bolup görünse-de, biziň öten, häzirki we geljek zaman diýip üçe bölýän wagtymyzyň içinde iň kyny we iň göze ilmeýäni häzirki wagtdyr. Häzirki wagt göze ilmeýän nokat ýalydyr. Eger ony uzynlyksyz göz öňüne getirseň, ol ýok ýaly bolar. Biz häzirki wagty biraz geçen döwür hem-de az-kem geljek döwür hökmünde göz öňüne getirmelidiris. Şeýle edilende wagtyň hereketini duýup bolýar. Wagtyň hereketi barada gürrüň berýän mahalymda men ählimiziň duýýan zadymyz hakynda aýdýaryn. Men häzirki wagt barada aýdanymda, abstrakt – howaýy barlyk barada gürrüň edýändirin. Häzirki wagt biziň aňymyzyň gönüden-göni akyl ýetirýän zady däldir. Biz özümizi wagtyň içinde gulaçlap ýüzüp ýören ýaly duýýarys, ýagny, geljekden geçmişe ýa-da geçmişden geljege hereket edýän ýaly göz öňüne getirip bilýäris. Ýöne biz Gýote kimin: «Saklan, pursat, ajaýyp sen!» diýip, wagty togtadyp bilmeris. Häzirki wagt togtamaýar. Häzirki wagty göz öňüne getirmek mümkin däl. Şeýle ýagdaýda ol hiç zat bolmazdy. Häzirki wagtda hemişe geçmişiň hem-de geljegiň bölejikleri bardyr. Wagt üçin munuň zerur bolmagy ahmal. Biziň durmuş tejribämizde wagt hemişe Geraklidiň derýasyna çalymdaşdyr. Biz şunça asyrdan soň hiç zat üýtgemedik ýaly mydama bu gadymy deňeşdirmäni ýatlaýarys we öňkimiz ýaly, öz keşbini derýada görýän hem-de bu derýa ýaňky derýa däl, sebäbi suwy çalyşdy, meniň özüm hem Geraklit däl, sebäbi soňky gezek derýa seredip görelim bäri geçen wagtyň dowamynda özüm hem üýtgedim diýip pikir öwürýän Geraklit bolup galýarys. Şeýlelikde, biz hem akyp gidýäs, hem-de hemişe şol bolşumyza galýarys. Aslyýetinde, biz örän täsindiris. Ýatsyz, hakydasyz biziň her birimiz kim bolardyk? Biziň ýadymyzyň aglaba bölegi biderek, gerekmejek zatlardan durýar, ýöne, adamyň barlygam şundadyr. Meselem, meň häzirki ýaly ýagdaýda bolmagym üçin Palermoda, Adrogede, Ženewada, Ispaniýada ýaşandygymy ýatlamagyň zerurlygy ýok. Şol bir wagtda men özümiň şol ýerlerde ýaşan wagtymdaky däldigimi, başga adam bolandygymy duýmagym gerek. Bu üýtgäp duran birmeňzeşlik meselesini biz hiç wagt çözüp bilmeris. Belki «üýtgeýiş» sözüniň özi ýeterlikdir. Çünki, nämedir bir zadyň üýtgemegi — onuň başga bir zat bilen çalşylandygyny aňlatmaýar. Biz «ösümlik ösýär» diýenimizde, şol ösümligiň ýerine başga, ondan uly ösümligiň gögerendigini göz öňünde tutmaýarys. Biz ösümligiň başga hili bolandygyny aýtmak isleýäris. Bu üýtgäp durýan zatdaky hemişelik taglymatydyr. Geljek baradaky düşünje Platonyň «Wagt — bakylygyň geçip gidýän keşbidir» diýen gadymky pikirini tassyklamaly bolardy. Eger wagt bakylygyň keşbi bolsa, onda geljek – ruhuň gelejege tarap hereketi bolmalydyr. Gelejegimiz hem öz gezeginde bakylyga dolanmak bolar. Şonda biziň ýaşaýşymyz her günki janhowluna öwrülýär. Keramatly Paweliň: «Men her gün ölýärin» diýmegi ýönekeý bir şahyrana jümle däl. Biziň her gün ölup, täzeden dogulýanlygymyz hakykatdyr. Şol sebäpli, wagt beýleki abstrakt metafiziki meselelerden bize has beter täsir edýär. Wagt meselesi biziň ählimize gönüden-göni degişlidir. Men kim? Biziň her birimiz kim? Biziň ählimiz kim? Haçanda bolsa bir wagtlar biziň muny bilmegimiz mümkin. Ähtimal, bilmerisem. Häzirlikçe bolsa, Keramatly Awgustin aýtmyşlaýyn, kalbym ony bilmek isleýär. © Horhe Luis BORHES Terjime eden: © S.Wekilow | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |