Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:33
"Ýagşylar köñülde kine saklamaz"

"ÝAGŞYLAR KÖŇÜLDE KINE SAKLAMAZ"

Durmuşyñ esasy rahatlygy kalbyñ asuda bolmagydyr. Dagdan inen çesme asuda hem dury akyar. Añ-payhasyñ durulygy, sagdynlygy üçin hem asudalyk gerek. Asudalygy nädip gazanmaly? Munuñ üçin ýüregiñi ynamsyzlykdan, gahar-gazapdan, öýke-kineden goramaly. "Ýigit köňli giň gerek" diýlişi ýaly, göwnuñi giñ tutmaly. Şu günden ertire diñe yagşy oý-pikir, arzuw-maksat, hoş hyýal bilen gadam basmaly. Her säherde guşlaryñ şatlanyp saýrayşy ýaly, taze güni begenç bilen garşylamaly. Ýürege agram salyan "çökundilerden" hernäçe ir saplansañ, sonça yagşydyr.

Kine - bu suwuñ düýbuüne çöken ýaramaz daşlar deyin, ýüregiñ çuñuna çümen çökündidir. Bu çökündiniñ günsaýyn zeleli köpeler. Ka adam birbada gaharlansa-da, dawa-jenjel turuzsa-da, sähel wagtdan soñra hiç zat bolmadyk yaly, õyke-kinani yatdan çykaryar. Bu hasiyet adam saglygy, nerw rahatlygy uçin onçakly zelelli diyip bolmaz. Şeyle hasiýetli adamlary toweregindakiler hem yazgarmayarlar. Olara dogry düşünýärler we "ýüreginde zat yok" diyip, basym bagyşlayarlar. Aslynda, seyle hasiyet adamyñ pikir-duşunjeleriniñ, duýgy-oýlarynyñ päkliginiden nyşandyr.
Ýüreginde õýke-kine saklayan adamlar köplenç göwni galan pursady dawa-jenjel etmeyar, ahli zady içine salyar. Kinesini ýureginiñ çuñunda uzak wagtlap saklayar. Mydama amatly yagday dorese, "aýdaryn-diýerin, paş ederin" diyen pikir-küýde yaşayar. Gõwnuni ýykan kisş gabat gelse, ýene-de õýke-kinesi täzeden oýanyp, gahary gelip başlayar.

Köñulde kine saklamak adamkarçilik kadalaryna oñlanylmaýan hasiyetdir. Şeyle-de, kine saklamak bilen adam öz-özüne agram salýar, şatlanyp yaşamagyñ deregine gaharlanmaga, lapykeçlige ýakyn bolyar. Lapykeç adam ýakynlayna-da oñaýsyz tasir edyar. Ýüregiñ çuñunda saklayan kiçijek kine dosty dostdan aýyryp, abrayly, dowletli maşgalalara agzalalyk getirip biler.

"Goç ýigidiñ köñlünde kine az bolar" diýleni. Ýürekde saklajak bolsañ, kine dal-de diñe hoş hyýallary saklamaly. Ynsany bezeýan iñ gowy hasiyetleriñ biri geçirimlilikdir. Maşgala durmuşynda geçirimlilik has-da wajyp. Aýratyn-da, maşgala agzybirligini bar zatdan ileri tutyan turkmen zenanlarynyñ gecirimlilik, giñ göwunlilik, sabyrlylyk yaly hasiyetleri uly sylag-sarpa eýedir. "Gahar öñden ýörär, akyl yzdan" diylisi yaly, kahalatda ogul-gyz ene-atadan õýke-kine eder welin, ene-ata hiç wagt kine saklamaz. Öýke-kine durmuş tejribesiniñ kemrerligi, dargursaklyk, öz-özüne aşa yokary baha bermek ýaly hasiyetler bilen baglydyr.

Birnäçe sapar edilen ýagşylygy, ýekeje gowne degilmek bilen unudyp bolarmy?! "Synan göwün seýikmez" diyilyar. Ýöne şonda-da göwne degilmäniñ sebabini, beyle ýagdayyñ asyl näme esasynda ýüze çykyandygyny biljek bolmaly.

Ýitirmek añsat, tapmak kyn. Hatda seýrek hem bolsa, ak süýt berip ese-boýa galdyran enesinden hem kine saklayanlar bar. Kine saklamak ýitirmek bilen deñdir. Bu häsiýet has çynlakay oýlanmaga degislidir.

© Artyknur NOHUROW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Dõwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ mugallymy
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Artyknur Nohurow | Рейтинг: 3.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 02:34, 07.04.2024
Mugallym, siz juda-juda mamla... ýüregi päk, geçirimli adam hijem kine saklamaýa ownuk-dõwnük hereketler, gep-gybatlar üçin. Gaty görse-de çalt ýazylyp bilýärler. hakykaty ýüzüne aýdylany üçin kine tutup, soñam ondan saplanyp bilmeýänler öz häsiýetleriniñ üstünde gowy işlemeli, wagtal wagtal ýüreklerinde arassalaýyş işini geçirip durmaly, "içigaralygyña" gitmejek bolmaly...

(namysyna dil ýetirenden, ýa dönüklik edenden ýüz öwürmek ýokarky öýke-kine barada aýdylýan pikire degişli däl, olar başga gürrüñ, başga tema.
Aralarynda şoñ ýaly ýagdaýlar bolmasa ownuk uşak üçin öýkeläniñe, içiñde kitüw saklanyña degenok, durmuş kine saklap geçirerden has gysga... )
avatar
0
2 aygull • 08:54, 07.04.2024
Köňül kinesi-kesel şinesi ...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203