00:14 Ýagty | |
ÝAGTY Ala-garaňky zyndan, Kiçijik penjire dilik-dilik. Ýagty düşýä diliklerden Dilik-dilik Sesi özünden eýmenç demir gapy Gaharly. Tomsuň tüp yssysy, Radýoň gowry, Iýýulyň howry, Urulýa oň demrine Ahmyrly. Içindäki bendäň derdi Bu zatlarda däl, Elinde galam. Gaýta-gaýta ýazýany "Maşgalam..." Dörtýanyn gurşan beton galany Ýyksam diýýä galamy Biçäräň derlän şor maňlaýyna Biri uçsa, biri gonýar Hötjet siňekler. Agyzlaryna sygsa, hamana Iýjekler. Jany ýanýar, sylýa derin Sorup demine dymyk howany Kowýa olary Ýary ýazylan Şapbat ýaljak kagyzynyň ýüzünden Gidäýýälermi?! Birini kowsaň, Aýlanyp gonýa başgasy Bizar bolan biçäre synlaýa olary Sanaýan ýaly. "Ganatyňyz bar. "Dur!" diýjegem ýok size. Uçyň ahyr, çykyň ahyr daşaryk, Penjiräň ýok aýnasy. Daşarda Gün çykyp durandyr Hem şemala ses edýän, Ýaşyl ýapraklary güne garalan, Garry tuduň saýasy..." Ýene dowam edýär galam "Maşgalam..." Daşardan ýagty düşýär Dilik-dilik... Garaňky. Ýatdy gowur Gije sähelçe Peseldi howur. Demir gapam ynjalan ýaly. Ýeke gözi ýumuk. Bende-de ýatyr narada Gije-gündiz - iki arada. Bir görse, siňekleň biri Alyp barýa ýary ýazylan hatyny. Çagalary, aýaly çyraň yşgyna Zordan okaýalar egri-bugry harpyny. Olam penjireden seredip dur ýylgyryp Ne içeri giribilýär, ne-de aýrylyp. Iki arada. Narada.. © Hydyr AMANGELDI Çeşme: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=blogs&id=290 | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |