Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:27
Ýagyş ýaganda

ÝAGYŞ ÝAGANDA...

Indi bu şähere däl men nätanyş,
Onuň saçagynda rysgalym, nanym.
Ýöne asman gürläp, ýaganda ýagyş,
Küýseýärin gujagyny obamyň.

Häzir gydyrdanyp ýörendir käbäm,
Tamdyr-ojagyny gorap ýagyşdan.
Çopan getirýändir sürüsin obaň,
Kakam bolsa mallaryny daňyşdy:r.

Ternawyň suwundan dörän kölçede
Ýüzýändir çagalaň kagyz gaýygy.
Çaň-tozandan halas bolan köçeden,
Çekilendir pyýadalaň aýagy.

Horaşaja üçegmizden gelýändir
Biziň ekdi gögerçinleň gur-gury.
Bu howsala asla sebäpsiz däldir,
Görmedim men olar deýin duýgury.

Ürküzensoň dabarasy damjalaň,
Bir tarapdan bezzataryň kemany,
Diýýändirler: «Bizi sowuk penjeden
Goraglan gyz nirde,
Niçikkä haly?».

Bilýän däldir olar özleri hakda
Şol gözeliň ne hyýallar gurýanyn.
Penjiräň öňünde,
12-nji gatda,
Jaýlaň üçegine garap durýanyn.

Hem-de köne dostlarynyň zaryny
Çekdigiçe alýandygny güýç-kuwwat.
Doly bilmeýärler entek baryny –
Çorluja elleriň bolanny duw-ak.

...Şu şäherde gözel günleň dowamy,
Şonuň üçin däl biz asla nätanyş.
Ýöne küýseýärin eziz obamy,
Asman joşa gelip, ýaganda ýagyş.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 22:06, 06.03.2023
şu goşgy-na ozal "galamdaşda" okapdym.
şonda-da halapdym.

Tamdyr-ojagynyny basyrýan ene, obaň sürüsini getirýän çopan, mallary daňýan kaka, suwwdan dolan ternaw, kagyz gaýyk, gögerçinleň gur-gury...
Penjiräň öňi, 12-nji gat, duw-ak bolan çorluja eller...

hemmejesi goşgyň peýdasyna işleýär, akyl satma, uly gepleme ýok...
diňe nastolgiýa - küýseg bar.
berekella Gurbanjemal hanyma.
şu goşgusyna 5 ýyzzyl.
avatar
0
2 Medicall • 22:27, 06.03.2023
Öñ okamandym, Gurbanjemalyñ bize ugradanlarynyñ arasynda bar bu goşgam, gowy suratlandyrypdyr, oba, çagalyk ählisi jaýba-jaý..

Özüne görä surat tapmadym..
avatar

Старая форма входа
Total users: 203