Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:42
Ýalan bilen çyn

ÝALAN BILEN ÇYN

Bu mesele meni elmydama bimaza edýär, kellämden çykanok. Hamala, adam bu meseläni çözse köp meselelerini çözäýjek ýaly. Bizi esasy ýalňyşdyrýan zat ýalan bilen çyny aýyl-saýyl edibilmeýänimiz ýaly görünýär.

Ahmet Gurbannepes diýip bir ýazyjy, dürli dinler bilen gyzyklanýan adam, bir wagtlar bir gürrüň edipdi, ýalňyşmasam bu hakynda bir poema-da ýazypdy öýdýän. Ol “Kä bir ýalanlara degmäň, ýagny olaryň ýalandygyny aýan etmäň, goý, adamlar olara çyndyr öýütsinler. Bu diňe olaryň peýdasyna. Mysal üçin, kiçijikkäk “Çöregi depeleseň kör bolarsyň” diýýärdiler — bizem muňa ynanýardyk. Soň kör bolmaýan ekendigimizi bildik. Bu hakykaty bilmek bize zyýan etdi” diýen pikiri aýdýardy. Birbada men muny makulladym, ýöne soň oýlanýan welin, bu pikir dogrumyka? Hakykatdanam ýalanyň üsti bilenem bolsa, ynsana ynsanlygyny saklatjak bolmak dogrumyka? Bu birhili çagany aldamak ýaly bir zat bolanokmy?

Ilki bilen Ahmediň “ýalan” diýýänleri hakykatdanam ýalanmy? Mysal üçin, çörek mukaddesdir, kybla bakyp buşugmak bolýan däldir, eger şeýdäýseň, şeýle bolarsyň, beýle bolarsyň, düýäň ýüňünden düşek edinmek bolýan däldir, ýatyp iýmek bolýan däldir… we şuňa meňzeşler. Siz bularyň sanyny köpeldip bilersiňiz. Bu ýalanlar hakykatdanam ýalanmy?

Indi çyn hasaplanýan zatlary sanap görýän. Mal-mülk. Agamyň bir dosty bardy, 70-ji ýyllarda iki-çäk şäheriň köçeleriniň birinden barýarkak, ol menden ulam bolsa, göwni açyklyk etdi. “Aşgabatda kwartiram bolsa, onuňam telefony bolsa” diýip arzuw edýärdim, şol diýenlerime ýetdim” diýdi. O döwürler öýüňde telefonuň bolmagam uly zat bolup görünýärdi. Onuň ýerligi Aşgabatdan däldi. Soň ol Aşgabatdaky kwartirasynam (telefony bilen birlikde) taşlap daşary ýurda göçüp gitdi. Keýpi-sapa, lezzetler, maşyn, mebel we ş.m. ynsanyň çyndyr diýip ylgaýan zatlary hakykatda çynmy? Ölýäň — bary galýar. Käte o zatlar yzyňdakylaryň oňuşyksyzlygyna sebäp bolýar. Ölmejegem ýok. Bir gowy meňzetme, mysal bar. Adam bagdaky miwäň çüýrükdigine bakyp “Miwesi çüýrük bolsa, kökem çüýrükdir” diýip pikir edip biler. Başga biri köküne seredip, “Köki berk, iki-ýeke çüýrük miwede bolup biler. Bu agajyň çüýrükdigini görkezmeýär” diýip pikir eder. Bizi çagakak “Çöregi depeleseň kör bolarsyň” diýip aldapdyrlar” diýip pikir etseň, çöregiň mukaddesligem ýalan ýaly görnüp biler. Din, Alla meselesinde-de “Dünýäde agzybirlik, parahatlyk, ahlak ýaly meseleleri aňsat çözmek üçin adamlary aldap “Alla, din” diýen ýaly zatlary oýlap tapypdyrlar” diýip pikir edilmegi mümkin. Şeýdip özüňe başga bir has aýylganç ýalany oýlap tapandygyňy, öz-özüňi çagadanam beter aldaýandygyňy bilmänem bilersiň.

Ýöne başy çatylan iki agajyň aşagyndan geçseň işiň ugruna bolanokmyş diýen ýaly zatlar däl. Puşkinde-de şeýle yrymçyllyk bar eken. Gidip barýarka ýoluny towşan kesip geçse-de yzyna dolanaýýar eken. Öýünde köne ýiten daragyny tapyp berselerem, ýa-da başga bir şuňa meňzeş zat bolsa-da ýola çykjak bolup durka, öýünde galýar eken. Muňa Ýuriý Arabow “Ykballaryň mehanikasy” (Mehanika sudeb) diýen kitabynda “Bugdaý dänesi ýalyjak imany bolan bolsa beýdip, palça, towşana ynanyp, öz ajalyny özi gyssap ýörmezdi” diýen manyda kesgitleme berýär. Bilmedim, Puşkiniň imanynyň ölçegini, ýöne palça ynanyňdan biderek yrymlara baglananyňdan Alla ynanmagyň has dogrudygy jedelsiz. Hakykatdanam, ýalan bilen çyn meselesi uly mesele.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/%C3%BDalan-bilen-%C3%A7yn-3e0088672080
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 74 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.4/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
2
1 Мango • 16:11, 02.02.2023
Keýpi-sapa, lezzetler, maşyn, mebel we ş.m. ynsanyň çyndyr diýip ylgaýan zatlary hakykatda çynmy? Ölýäň — bary galýar.
===
Hydyr aga, "ölýäň bary gutarýar" - bu köp zadyň terezisimi? adamyň özi, özeni, ruhy духовный, ýöne bedeni hem bar материальный. ikisi bir ýerde. onsoň maddaçylyga höwes etmäň, sebäbi ölýäň gutarýaň... diýmegi dogry hasaplamak.
ýöne siz başga zady aýtjak bolýanyňyza düşünýän...
mysal getireýin: ýaşaýyş derýadan gaýykda ýüzüp geçen ýaly zat; derýany-ha geçmeli, gaýygam gerek, suwam howply...
haçanda gaýygyň suwuň ýüzünde bolsa - rahat bol, gark bolmarsyň we sag aman barmaly ýeriňe bararsyň.
emma, suw gaýygyň içinde bolsa... - onda, heläk bolduň.
manysy: maddy zatlara, dogry garap, dogry ulanaňda ol netijä barmak üçin serişde.
eger, maddy zatlara aşyk bolup, oň höwesine, yşgyna düşseň - onda, özüňi ýa-da ahyretiňi haraplamak howpy bar.
bolçulykda, baýlykda haýyr-sahawaty bilen ömür sürýänelerdenem tanaýanlarym bar.
bolçulykda, öz keýpi sapasy bilen ömür sürýän tanaýanlarymam bar.
===
kiçikäk bägüli depeleseň kör bolýaň diýleni ýadymda :-)
özüm-ä depelämokdym, ýöne ýanymdaky çagalaram gaýgy ederdim, depeläýmesinler diýen ýaly...
ýalan, ýöne bir dogrulygy terbiýe etmek üçin ulanylýan ýalan diýmelimi? bilmedim.
ýöne Kuranda şeýle bir usul bar eken, ýagny haçanda dowzah hakynda aýdanda yz ýanydaky aýatlarda jennetdenem gürrüň edýär. otrisateli položiteli şeýle bir sazlaýar welin, haýran galýaň. seni gorky bilen umydyň arasynda oturdýan ýaly.... ýogsam taýagyň bir ujy - gorkup ýaşamaly, ýa taýagyň beýleki ujy - umyt bilen ýaşamaly.
emma aralygy dogry hasaplaýarlar.
gysgaça, gysgaça diýip uzap gitdi... umuman hemme meselede aralygy, altyn aralygy tapjak bolmaly....
baýlykdada gedemlik bilen hudaýy unudyp bilersiň.
garyplykda-da biçärelikden hudaýy ýatlaman bilersiň.
mesele baýyň we garybyň dogry pozisiýa eýelemeginde...
sag bol Hydyr aga.
avatar
1
2 Bagabat • 16:33, 02.02.2023
Ýalan bilen çyn hakda aýdylan zadam kän, aýdylmadygy ondanam beter. Ýöne “özbek özüne bek” diýlişi ýaly, “hemmeleň” ýa-da abstrakt “köpüň” adyndan geplemän, özüm-ä ýalansyz ýaşaýyşyň ýokdugyny göre-göre gelýän.
“Çyn” absolýut bolanda adam gatnaşyklary ýüzüniň ugruna gutarýar. Olaryň dowamlylygy edil ýöne sekunda-da ýetmeýär.
Puşkin diýýär-ä: “Тьмы непреложных истин мне дороже, нас возвышающий обман”. Şahyryň bu diýdigi: “öz-özüňi aldap, öz gözüňe kül sepmeli” diýdigi däl. “Çyny çäkli aýtmaly diýdigi” diýip pikir edýän.
Eger-de çyny absolýuta götermeli bolsa onda adam ýaly mahluk ýok. Tejribämde ýüzlerçe gezek gördüm. Ýöne ýalan hatda şeýle adamlar bilenem belli bir derejede gatnaşyk saklan bolmaga saňa ýardam berýär. Mysal, erbet adam erbet işler bilen meşgullanýar, senem ony anyk bilýäň, şoň üçinem eger-de çynyňy sözläp çynyňy hereket etmeli bolsa, onuň bilen hatda salam-heligem alyşmaly däl. Emma salam berse alýaň, özüňden uly bolsa salamam berýäň.
Ikiýüzlülikmi?
Bir tarapdan-a: “howwaňam howwosy” diýip bolýa.
Ikinji tarapdanam: “ýok, bi ikiýüzlülik dä, edeplilik” diýibem bolýa.
Onsoňam ýalan meselesinde tejribede ynsan aňynyň, beýnisiniň bir täsinligine duş geldim. Haýsam bolsa bir wakany birnäçe şaýatlar gözi bilen görendirler. Soň şolar şol waka hakynda aýry-aýrylykda aýdyp berenlerinde olaryň her haýsy bir zat gürrüň berer. Özem her haýsynyň gara çynydyr. Mysal üçin, ýol-ulag hadysasynda biri aýdar: “awariýa eden maşyn azyndan 200-den-ä uçup gelýädi” (megerem, gözünde radar bardyr-da). Beýlekisi diýer: “gyzylda geçdi”, üçünji çynaberimsiz edip, edil özi ulagyň içinde oturan ýaly bolar: “Tormaza basmaga ýetişmedi-dä-how, ýogsa gatam gelenokdy, bary-ýogy 60-dan ýa 70-dendir”. Garaz baş çykaryp bilseň çykar-da.
Ýa-da algydarlar, emläk dawasy, nika bozmak we ş.m. jedeller bilen baglylykda taraplaryň gürrüňlerine gulak gabartsaň, kim ýalan sözleýär, kim çynyny aýdýar, düşüner ýaly däl. Esasy zadam her haýsy öz aýdýan zadyna, ýagny özüniň-ä akja jüýjedigine, garşydaşynyňam melgundan azan iblisdigine tüýs ýürekden ynanýar.
Bu durmuşyň uşak-düşek ýalan-çyny hakda.
Çynlakaý zatda-da, adamzadyň taryhy seneýazgylaram ýalandan dos-doly.
Ýöne elbetde beýle diýmek bilen ýalançylygy, kezzapçylygy aklajak bolamok. Adam mümkin boldugyndan, ähli erki-yhlasy bilen dogruçyl ýaşamaga ymtylmaly. “Är lebizden koý bogazdan” diýilmeýämi.
avatar
1
3 Bagabat • 16:41, 02.02.2023
Mesele çylşyrymly, manyly.
avatar
0
4 Pero • 08:21, 03.03.2023
Hawa,...gaty dogry zatlary belläpsiñiz. Oýlandyrýar. Bu ýalan diýlen zat zynjyr ýaly bolmaly. Dörjeleseñ dagy Adam ata bilen How enäniñ entek dünýä gelmedik wagtlaryna çenli uzar gider. Hakykatdanam çylşyrymly mesele
avatar

Старая форма входа
Total users: 203