Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:50
Ýalança jähtsiz şähyr

ÝALANÇA JÄHTSIZ ŞAHYR

Meniň türkmen diline bolan yşky-eşrim ýaňy ýakynda başlan hem bolsa, ene dilimdäki mikro-makro jöwherlikleriň üstüni açyp bolup barýan ýaly duýýaryn.
Durmuşumda gabat gelen käbir ynsanlaryň bu dildäki galyň perdäni göz öňümden aýyrmagyň uly rol oýnandygyny aýtmasam aýyp bor. Başda Rahymgulyýew mugallymym bolmak bilen, mekdep synp ýolbaşçymyz Orazowa we sanaýmaly şahslar maňa täsirlerini başga derwezeden ugratdylar.

Şygyr babatda. Men şygyrçyl kişi däl. 4 setire derek 400 sahypalyk roman okanymy ýeg görýärdim. Türk dilinde bolsa-ha deňinden geçip bilmezdim. Ruhumy doýurjak, görünmeýän iýmitlerini gaty gowy gapda owadan edip berýärdiler. Türkmençe okanymda bolsa tagamsyz dograma, onuň ýany bilen kesilen süýt we mürrän pomidor iýen kimindi. Ezýeti lezzetinden agdykdy. Kämahallar mejbury şol nygmatlary iýmeli pursatlaram bolýardy. Emma keýpini çykarmak asla ýada-da düşmeýärdi.

Begençgeldi Orazow, häzirki nygtajak goşgymyň awtory, köne toprakdaşym. Onuň “Dostum R. Şyhyýewe” atly eseri badysaba bolup ruhumda orun eýeledi. Onuň özüne mahsus formasy, garaýşy bar. Heniz görmedik bir galybymy ýelmäpdir daşyna. Jemgyýetde açyk-aýdyň bolup geçýänleri emaýy ýüpek mata bilen örtäp, orta seçmegi başarybilipdir. Göýä setirler daşyndan garaýmaga çylşyrymlydyr, sygyp bilerdi pil goşuny şujagaz setirlik oruna. Maýyşgaklygy bilen müňläp pelsepe çozmak ýetmez görünýär, uzap gidip otyr aňyň ýeten aramyna çen.

* * *

- Şadyýan günleriň reňki öçmesin,
Jany jehenneme resmiýetleriň.
Serhedin ýykaly bir bulgur bilen,
Akyllysumaklaň sesi ýetmesin.

Şadyýan-gamgyn, ikisiniň reňkem bar, ýöne şadyýanlyklara has köp üns berilýäni üçin öçmesinden gorkulyp bilner.
Resmiýet ylhamyň ganym duşmany. Öňem şeýledi, häzirem, indem üýtgejek gümany ýok. Jähennem bu babatda uly dyngyç ýardamçy bolup bilipdir.
Serhoş wagty, ynsan serhet tanamazmyş, kä kişä bir bulgur hem ýetik bolaýýar. Gulaklar iňňirdilere gapyk galansoň haýsy akyllysumak gürlände-de eşdiler derejeden ejiz geler.

- Ruhuňdan sogrup zyň gandallaryňy,
Şu günlük howlukma barjak ýeriňe.
(Guşlar erkinligi küýsän mahaly,
Gujak açyp,
özün
taşlar zemine.)

Köňüle gandal bolup biljek närseler ne dünýewilikdir ne-de mesawydyr. Bärde metafora ýüz urma duýulýar. Erkinligi küýsände guşlaryň ýere zyňşyny, köp wagtlap küýseg duýulanda onsuz baryljak zemine degşirgenilýär.

- Bahar gelse her kim owadan bolýar,
Fewral, ana, hut şoň üçin howlukmaç.
Guşlar geler diýip bu jalaý baglar,
ýeňsesinden ösdi:r uzyn buýra saç.

Pasyllaryň içinde ähli ynjyk kişileriň hem tagapyl etjegi bardyr. Bahardyr. Janlanma pursady. Fewralyň 28-ligini üstaşyr şeýle beýan etmegi ýüregine düwüpdir awtor. Ýeňse saçy gelşik berýän esasy predmetdir kellä. Pyntyklarynyň buýralygy guşlary özüne çekmekde amatly usul bolara çemeli.

- Käte asman ýagar,
eziler ruhuň,
Uzakly gün gelmez öýe giresiň.
(Ýagyşy menem gowy görýän,
az owlak,
şonda köwşüm suw geçirýär diýmeseň.)

Nura ezilen ruhdan gaýry näme kanagatlandyryp biler teni?! Öý tamdyryň howry dek bogar ähli görkanalyklary.
Edil biz görmedigem bolsak hökman bardyr şol köwşi henizem. Neneňsi türkanalygyň waspy!

Owarram,
şat ýüzüň solmasyn mydam,
Ýaşasa bor jübiň deşik, köpüksiz,
Bulutlaň üstünde aýagmyz sallap,
Oturmagyň hyýalyny gursak biz.

Biziň aslynda hemmämiziň "şadyýan garyp"dygymyzy we şeýle-de bolaýmalydygyny ýene bir gezek ýatladýar ýaş galamkeş. "Öz sesimizi ýigrenýänçäk gürlemek. Soňabaka sessizlik bilen düşünşmek" diýse bolar bu topbaga.

- …Şeýdip, kellämdäki ala-gopgunly
pikirlerimden men ozjak bolýaryn.
Men bir ala-samsyk, köplükden iren,
Şu bolşuma goşgam ýazjak bolýaryn

Onuň kellesini açyp görsek her tüýsli geň-taňlyklara şaýat boljagymyz ikuçsyz! Her ýazyjy-şahyryň kiçigöwünlilik görkeziş täri-usuly bar. Begençgeldiňkem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Maňa türkmenimiň näzemin taraşly harply edebiýatyny duzlap, täzeden gaýnadyp, terjesini gaýtadan getirip beren, dadyranyňyz üçin köp minnetdar!

(Goşgynyň çeşmesi: galamdas.ml)

* Bu goşgyny “Edebiýat kafesinde” okap bilersiňiz:
Guşlar erkinligi küýsän mahaly

ayjemalG-dan bir goşga syn. Gazetlik bolmasa-da, adamlyk.

© Aýjemal GURBANOWA

Çeşme: https://nukdaynazar.medium.com
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 33 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Begençgeldi Orazow, Aýjemal Gurbanowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Nurdаn • 17:58, 16.11.2024
Gowy syn diysem ýalñyşdygym bolar,  Begençgeldi Orazowyñ ol goşgusy üçin bärden gaydyan, içgin açylyp çuñlugyna ýetip bilmedik,  (bilinmedik) syn bolupdyr.
Ýazyş dilem çuñluga baryp bilmedi mende. Belki bir maña şeyledir
Ýöne synanyşmak gowy zat. Yazyp yetirip dursunlar, üstünlikler!
avatar
0
2 sussupessimist • 11:11, 20.11.2024
Muňa edil syn diýmegem ýalňyş ("syn" diýip - eseri ünsli synlap, analiz edilmegini göz öňüne tutýan bolsak). Ýönekeý bir okyjy seslenmesi. Ýöne şeýle seslenmeleriň bolmagynyň özem gowy hem ýakymly zat. Aýjemal şo goşgudan halys seslenme ýazman, saklanyp bolmaýan derejede täsirlenen bolsa, munuň özi uly zat.
Bir döwür Fýodor Dostoýewski atly ýaş ýigdiň ilkinji powestini - Бедные люди-ni okap, ors tankytçysy Grigorowiç bilen şahyr Nekrasow gijäň bir çeni bolanyna garamazdan, ýola çykyp, şol oglanyň kireýine ýaşap ýören otagyna güpürdäp girip, ony ajaýyp eseri bilen gutlapdyrlar. "Ýatan bolsaňam, bimaza eden bolsagam geldik. Bu zatlar ukydan wajyp!" diýip.
Dostoýewskem muňa monça bolýa, soň gidenlerinden soňam esli wagtlap tolgunyp, ýatyp bilmändir, bütin ömürem ýatlaýa. "Bu zatlar ukydan wajyp..." diýen söz gulagynda ýaňlanyp durýa.
Garaz, gowy goşga gowy diýmeli (ýa gowy gowy diýmeli))

Bega gowy şahyr
avatar

Старая форма входа
Total users: 203