01:31 Ýalançyda ýalan ýok... / hekaýa | |
ÝALANÇYDA ÝALAN ÝOK… Aslynda, bu pikir nireden kelläme geldi diýsene! Eger çynym, men şol işi diňe gowusy bolsun diýip etdim. Kim maňa Şabibi gelnejäň üstünden güljek boldy diýýän bolsa, walla, uly günä gazanar. Oňa nebsim agyrdy. Ýagdaýyna, bolup ýörşüne, tutuş ömrüne gynandym. Şabibi gelneje her hepde diýsem-ä öte geçdigim bolar, ýöne aýda iki gezeg-ä anyk redaksiýa gelýär. Özem her gezek azyndan on-on iki goşgy getirýär, gapdalyna ýene hekaýajyk ýa-da oýlanma goşaýmasam bar. Çeper eserlere men seredemsoň Şabibi gelneje bilen indi “işdeş” ýaly boluberdik. Bizem dördünji gatda ýerleşenimiz-ä ýerleşenimiz welin, üstesine-de lift ýok. Soň ol gelnejäň agyr göwresini süýräp ýanyma gelip, esli wagtlabam demini dürsäp bilmän haşlap oturmasyna menden köp şaýat bolan ýok bolsa gerek. Şol barmana bir-de-iki-de goşgusy çap edilen bolaýsa-ha kök bolýar ol görgüli. Heniz dünýä inmedik çagaňdan başlap ýedi puşduňa çenli alkyş okap çykar. Welaýatyň kitaphanasy bilen arkalaşyp aýda bir gezek geçirýän edebiýat birleşmelermize-de ol sypdyrmazdan gatnaşýar. Her kime berilýän iki goşgulyk plandan çykyp üç goşgy okamasynam ol gelneje düşündirip berýär: − Men gysga goşgylary okaýan. Şonuň üçin üç, hatda dört okamaga-da hakym bar. − A-how gelneje, gysga bolsun, uzyn bolsun, her goşgyň yzyndan adamlar pikirini aýdýar-a. Onuň setir sanyna syn berilenok – diýip, welaýatyň medeniýet bölüminde işläp, ýüzüne jahyllyk düwürtigi çykan döwründen tä akgoýnuna çenli goşgy ýazyp ýören Gurtgeldi aga-da ondan kem galarly däl. − Gurt, kim gürlese-de, sen bir gürleme. Meňki serýozny goşgylar. Hol, seniň oturlyşyk üçin ýazýan güldürewaçlaryňdan däl. Biz oňa öwrenişip gitdik. Soňabaka Şabibi gelnejäň özem bäş-alty goşgy okap bermese münberden düşmelidirem öýtmeýän boldy. Ýene-de şol, daş sypaty şahyrdan beter artisti ýatladyp duran Gurtgeldi aga mähelläni Şabibiden “halas” etmäge milt edip bilýär. Men ýal-a galan günüň-ä bitdi biläý. “Gelneje, gaty gowy goşgy ekenden” başga söz aýtmaga ýagdaýym ýok. Ilki-ilkiler-ä meniňem kiçijek bolsa-da bellik-zat eden bolmam bardy. Ýöne “Hä, eýle bolsa, munam bir gör” diýägetdin başga goşga geçip gidýän gylygyny öwrenemsoň bellik etmämden elli bizar geçdim. Gurt agaň aram-aram oýunluga salyp: − Saňa birinji gezek “gowy ýazýaň, dowam ediber” diýen adamy tapyp, edil “halk duşmany” bolmasa-da, “REDAKSIÝA DUŞMANY” diýip yglan etseňem bolman durmaz − diýip, soňundanam kikir-kikir gülmesi dagy Şabibi gelnejäň gulagynyň ýele ýanyndanam geçenok. Belki ony aýdýanyň Gurtgeldidigi üçin şeýle bolmagam ahmal. Sebäbi Şabibi gelnejäň kineçil gylygam ýok däl. Şu günki ýaly ýadymda, gyşyň günleridi, birleşmämize öň gatnaşmaýan täze bir ýigit geldi. Ol daşary ýurtda okap, edebiýat bilenem gyzyklanýan ekeni. Joşan wagty goşgujyk zadam ýazaýmasynyň bardygyny boýun aldy. Iň gyzykly ýeri, bu oglan goşgy okanlaryň hemmesine bellik etdi, aýaman tankytlady. Özem bir gürleýär-bir gürleýär, bu görlen däl. Okumyşlygam agzyndan damyp dur. Bärden gaýdýan ýa öte geçýän ýerlerem bar welin, bizem bir gezek görenimize gaty-gaýrym zat diýmegem birhili görýäs. Iň ýamany, Şabibi gelneje goşgy okap boldy welin, ýigdekçe: − Gelneje, siz näçe ýaşyňyzda? – diýdi. − Elli bir. Hä, näme boldy? − Hiç zat. Ýöne daşary ýurt edebiýatyny okap-zat edýäňizmi diýjek bolýan. − Okaýan, Ýesenini, Puşkini.. − Lermontowam okaýan diýiň − diýen ýigdekçe ajy ýylgyrdy. Şabibi gelnejäň gaty gahary geldi: − Näme diýmäni?! Okaýan bolsam, okaýan diýerin-dä. Nä, diňe sen okap, bi oturan adamlar tupoý diýjek bolýaňmy? − Beý diýjek bolmadym. Diýjek bolýanym bar-a, daşary ýurt edebiýaty diýildigi hökman rus edebiýaty däl. Dünýäde halk kän, edebiýat ondanam kän. Adamlar “dogry-da-dogry” boluşdylar. Ýigit ýene-de bat aldy: − Fransuz edebiýatyny okap, dogrusy, özüm utanýan-eý bar-a. Biz bar-a, şol duran ýerimizde durus-ow. Entägem şol paşmadyk söýgi, dosty ikilik eden. Aý şoň ýaly-da bara. Bizde bar-a, tema az, ýok, tema az däl-de, tapyp bilenoklar. Tapjak bolýanlara-da ýol berenoklarmy, nämemi… − Kim ýol berenok? − Men onuň sözüni kesenimi bilmän galypdyryn. − Ýok, ýol berenok däl, diýjek bolýanym bar-a, köp adamlaň beýnileri birhili belli bir standartdaky galyba girip galan welin, şondan çykan zady kabul edip bilenoklar. Hökman şol galypda bolmalymyka diýýäler, bar-a. Özlerem, dünýä edebiýaty diýilse diňe rus edebiýatymyka diýip düşünýäler. Wah, meniň iň gynanýan zadym şo, bar-a. Bärde halypa diýlip ýörenleriň köpüsi rus edebiýatyndan aňrysyny okamadyk, dogrusy. − Rus edebiýaty dünýä ýüzünde-de ykrar edilen edebiýat hasap edilýär, inim. Gurt aga şol sözi gaty çyny bilen aýtdymy, ýa, edil şol wagt meniň şeýleräk bir zat eşidesim gelip duranyndanmy, garaz, ýaşuly şojagaz pursat bilen göz öňümde şu günki ýaly galdy. Häzirem dünýä edebiýaty hakda gürrüň açylsa, şol keşp göz öňümde janlanyberýär. Ýigdekçäňem şondan soň mazasy bolmady. − Aý, gowusy men gaýdaýyn-la. Öňi-soňy düşünişmek kyn boljak. Bagyşlaň, hemmäňiz bagyşlaň. Ýöne maňa ýalňyş düşünmäň. Men siziň pikiriňize hormat goýýan. Sag boluň! – diýdi-de, ol münberden düşüp öňki ýerine barybam oturmady. Gapa ýöneldi. Gapa ýetensoňam, yzyna garap, Şabibi gelnejä tiňkesini dikdi-de: − Gelneje, saňa-ha meň ýaman nebsim agyrýar-aý – diýdi. Şol gidişi-gidişi. Ol-a gitdi weli, Şabibi gelnejäni köşeşdirmek iş boldy. − Adamlar, men şolar ýaly erbet ýazýanmy? Siziň çyndanam ýüregiňize düşýänmi? Erbet bolsa aýdyň-da, şu ýerini düzet diýip. Şoň ýaly soňky gelen aýdandan siz aýdyň. Şonuň ýaly zatlary aýtmak üçin üýşýäs-ä biz. − Bor-la, gelneje, ýaş oglandyr-da… − Haý, senem, ýeňňe. Aýdan-diýen köp bolar… − Özi ýazyp bilmeýän göribiň gepi ol… Ýerli-ýerden göwünlik bermeler gaýta Şabibi gelnejäň gözüne ýaş aýlatdy. − Bizem-ä telim ýyl bäri ýazyp gelýäs − diýip, gelneje ýerine baryp oturansoňam ýanyndaky geline ýaplanyp aglamjyrap oturdy. Şondan soň kän eglenmänem şol gelin bilen turup gitdi. Ol öýkeledi … Işe gelmesini, jaň etmesinem goýdy. Birleşmäňem üç gezegini dagy sypdyrdy. “Bir tarapdan-a erbedem däl, kellämiz azajygam bolsa dynç alaýdy” diýip kimdir birine aýdasym gelýär, ýöne teý şo babatda derdinişere adam taparyn öýdemok. Häzir birine aýtsaňam, gelnejäň gulagyna pyşyrdan ýaly boljagyndan gorkýan. Emma bu zatlar uzaga çekmedi. Dördülenji edebiýat birleşme diýlende, gelnejemiz ýene-de has-haslap ýetip geldi. Edil öňküleri ýaly bolmasa-da, gatnaşdy, garaz. Çekinibirägä-de birki sany goşgam okady. Hemişe bolşy ýaly, onuň näme hakda goşgy okanlygy ýadymda däl. Şol günden geçse iki gün geçendir-dä, ol esli goşgy bilen redaksiýa geldi. Özem, öňkülerine görä gaty agras keşbe giripdir, elinde-de çykanyna iki gün bolan bir merkezi gazet. Gazetde gelnejäň iki sany goşgusyny beripdirler. − Şuny okadyňmy? – diýip, gelneje gazeti öňüme goýdy. Okamasam hem, bir göz gezdiremde gelnejäň goşgusynyň baryny göremsoň, men gaty arkaýyn gürledim: − Hawa, okadym. Goşgyňyzy beripdirler. Höwri köp bolsun, gaty gowy eken. − Men senden bir zat sorajak. Ýöne dogrujaňy aýt, aldama? − Wiý, aldap bolmaz-a, gelneje. Sora, sora. − Men erbet ýazýanmy? Şabibi gelneje ony şeýlebir naýynjar ses bilen sorady. Men gaty aljyradym. Ol, hamana, ömrüniň bar manysy şol soragyň jogabynda ýaly, boýnuny burup ýüzüme seredip dur. − Ýok-la, gelneje, nämesi erbet, gül ýaly. Ýak, sizem-ä, giň boluňsana, gelneje! − Ýok, men gowy ýazýan däldirin. Ýogsa onda-munda agzalardym-a?! Halypalar adymy agzardy, çärelere çagyrylardym. − Gelneje, adyňyz agzalman duranog-a. Ine, merkezde goşgularyňyz çykýar. − Çyksa-da okalanok öýdýän… Okalsa, merkezdäki birleşmelere çagyrardylar, jaň edip pikir alyşardylar. Edil şol wagt meniň ýadyma şkafymdaky, Dempartiýanyňmy ýa Ýaşlar guramanyňmy, ýa biziň gazetimiziň geçiren çäresindenmi, anyk ýadymda däl, äwip-säwip maňa düşen üç sany çäýnek düşdi. Dogrymy aýtsam, ol meňkem däldi. Olary meň ýerimde öňki işlän görmegeý, geýnüwli gelniň gitjek wagty “Şolaram bir çäreden galan, eýeleri almandyr, ulanaryn öýtseň öýüňe alyp gidäý” diýeni ýadymda. Ine, indem şol çäýnek derde ýarajak. − Gelneje, o nähili merkezde sizi tananoklar? Men ýogsa-da size jaň edeýin diýip otyrdym. Size merkezden ýörite sowgat ugratdylar-a. Ýerlerdäki şahyrlaryň hemmesine-de iberipdirler. Men çäýnekleri çykaryp stoluň üstünde goýdum. Biraz gülkimem tutýar, ýöne gülemok. Çynaberimsiz edip ýene ýalan sözledim: − “Ýörite gutla” diýibem aýtdylar, gelneje. “Ýazyp dursun” diýdiler. Sowgatly gürrüňe başlanym bäri äm-säm bolup oturan Şabibi gelneje bir çäýnege, bir-de maňa seretdi. Onuň bu bolup oturşy asyl meniň soňky diýenlerimi eşidýäne meňzeş däl. Birdenem ol ýerinden tarsa turdy. Gelibem, meni gujagyna gysdy. Her ýaňagymdan iki gezek ogşap, iki egnimden tutup, onsoň gujagyndan çykardy. Eginlermi bek gysyp, ýüzüme şeýle bir mähirli seretdi welin, ýer ýarylmady, menem girmedim. Şabibi gelneje bolsa şatlygyndan, tolgunjyndan ýaňa zordan demini dürsäp dillendi: − Sag bol, jigim! Men bilýärdim, öňde-soňda bilinjegini, ideljegimi bilýärdim. Ýogsa-da, muny ugradanyň ady kim, jigim? Men gaty aljyradym. Dilime gelen şol at bolandyr-da: − Çary aga diýip bir ýaşuly adam. Zehine hormat goýmany başarýan kişi… − Dogry, dogry. Özem şahyrmy? − Hawa, özem ýazýar… − Nirde işleýär ol adam, jigim? − Ýazyjylar birleşiginde… − Hä-ä… Oň ýaly birleşigem barmy? − Bar, gelneje, bar.. − Hmm, heýlemi, hernä Alla başlaryny sag edewersin. Bizi sylany Alla sylasyn! Şabibi gelneje şondan soň Çary aga hakda hiç zat soramady, ýöne esli wagt maňa alkyş aýdyp oturdy. Soňam haçandygy belli bolmadyk çakylygyna hökman barmalydygymy aýdyp hoşlaşdy. *** Çakylygyň haçandygyny bilmek üçin kän garaşmaly bolmady. Iki günden soň Şabibi gelneje iş ýerime jaň edip, şu gün hudaýýoly edýänligini, işden soň hemme işgärlerimiziň göni olaryň öýlerine gelmegimizi haýyş etdi. “Çary aga-da aýt” diýip sargady. “Ýazyjylar birleşiginden alan sowgadym üçin toý berýän diýsemem bolýar” diýibem sözüniň üstüne goşdy. Elli-altmyş kilometr geçip Şabibi gelnejäňkä gitmejegimiz-ä bellem welin, onda-da men işdeşlere onuň çakylygyny ýetirdim. Gowy ýeri, “Nämäň çakylygy, nämäň şanyna?” diýip soran bolmady. Aslynda-ha kimiň nä işi welin… soralsa maňa kyn boljak-da. Ertesi Şabibi gelnejäň özi geldi, elinde-de bir torba nygmatlar. Olary maňa we biziň gazetimize toý paý diýip getiripdir. Elindäki telefonyndanam maňa aýak aldygyna surat görkezjek bolýar. Ine, Şabibi gelnejäň goňşusy daýaw aýal, meň beren çäýneklerimi ýüzüne sylyp dur. Başga bir suratda-da tutuş maşgala, eline çäýnegi alyp duran Şabibi gelneje bolsa buýsanç bilen ortalarynda. Ýene bir suraty bäbejigi çäýnege golaý ýatyryp düşüripdirler, Şabibi gelnejäň agtyjagy bolaýmasa. Ine, bu surat has ýüregeziji… geýnüwli Şabibi gelneje çep elinde ullakan owadan edip boglan gül çemeni, gelen myhmanlaryň biri berendir-dä. Sag elinde-de şol çäýnek… Şol suraty görkezende gelnejäň öz ýüzem ýagtylyp gitdi: − Bu güli oglan jigimiň gelni getirdi. Gaty gowy-da gyz, şo gelnimiz. Hol telewizirde-zatda goşgy ýazyp sowgat alanlar bir eli gülli gepleýärler-ä, üns berýäňmi, sizem gazetiňizde-de şoň ýaly surat berýäňiz-ä, bir elinde gül, bir elinde-de sowgady. Gelnimizem höwäs edýär-dä şo zatlara, şoň üçin gül getiripdir bala. Suratlary seň telefonyňa-da geçirip bereýinmi? Men ukudan oýanan ýaly boldum. − Aha, geçiriň, geçiriň. Ine, indi birgiden ýok zadyň şanyna tutulan toýdaky şowhunly düşülen suratlar meniň telefonymda ýüregime sünjülip dur… − Çary aga-da hökman salam aýt. Aşgabada gitseňiz dagy ýörite adyny tutup sowgat ugratjakdyryn. Maňa aýtman gidäýmegin − diýip, Şabibi gelneje sargyt baryny sargap gitdi. Men ol gidensoňam suratlary synlap oturdym. Soň belki biraz ynjalaryn diýip bu eden işimi gowy görüşýän işdeş oglanym Nepese jikme-jik aýdyp berdim. Ol meni üns berip diňledi-de, hezil edip güldi, gözi ýaşarýança güldi. Menem güldüm, dogrusy, gülkünç görünmänem duranok birhili. Nepes özüni dürsedi-de: − Dost, ýöne gitmeli ekeniň serpaý toýa. – Şeý diýip, ol ýene ýylgyrdy. – Walla, eger şeýle-şeýle diýip düşündirip aýdan bolsaň, men giderdim. − Seň ýadyňa gülki düşýär, dost. − Gülki-dä ol dagam, başga näme? Men sesimi çykarmadym. Nepesem bir bahana bilen çykyp gitdi… *** Soňky gezekler her gelende Şabibi gelnejäň gaty ýarawsyzlygy bildirýär. Gürlände-de kynlyk bilen gürleýär, “Ne azaryňdy beýdip gelip?” diýäýesiň gelýär görgülä. Ol bolşuna-da iki litrlik bal ýapylan banka alyp gelipdir. − Şuny paýtagta ýoluň düşse Çary aga bersene. Meniň indi bärik haçan geljegim belli däl. − Bolýa, gelneje. − Habarlaşyp bir durýaňmy olar bilen? Arada-da meniň goşgym çykdy, özem üç bentdi welin, onuňam bir bendini kesipdirler. Okap gördümikä? − Kim? − Çary aga. Men ýene-de näme diýjegimi bilmedim. “Wah, ol Çara aga diýlen meniň kesip ite bermeli dilime gelen zad-a. Ýeri, ol baram diýeli-da, bir ýerde birleşik bolup, onda-da Çary aga ýa başga biri bolaýan ýagdaýynda-da seniň sanawaçdan tapawudy bolmadyk goşgyňy kim okasyn, jan gelneje” diýesim geldi. Onuň ullakan adam halyna bolup ýörşüne gaharymyň gelýänini zordan gizledim. − Gelneje, ol adamlaň gözünden bir goşgy sypmazy bolmaz, gaty arkaýyn bol. Ýöne soňky çykan goşgylaryň hakda meň özümem soramandyryn. − Hmm, hä, dogry. Aý uly adamlar okap pikirlerini aýtsalar gowy-da. Bolmasa, hol araky birleşmä gelen, agzynyň sarysy gitmedik ýalylar bilip-bilmän ýerliksiz zat diýseler bu ýaşdan soň ýokanok-da. Edil şu ýerde edebiýatyňmy ýa adalatyňmy, garaz, bir ýerde bir zadyň haky bolsa şonuň islendiginiň şanyna “Gelneje, ilki özüňiz bir çorba çykar ýaly zat ýazaýyň-da. Gazetde çap bolanyň, şahyr çykdygyň däl-ä” diýmelidigini bilýänem, tüýs ýeri gelendigini süňňüm bilen aňýanam, ýöne ajy-ajy ýuwdunsamam bu hakda dil ýaryp bilmedim. Bilemok, nebsim agyrdymy ýa öňki öz eden bolgusyz hereketim egnimden basdymy, ýene-de islemeýän hörpümden gopdum: − Ýak, gelneje. Olar ýaly zada üns bermesene. Ýaş oglandyr-da, olam düzeler. Şabibi gelnejäň Çary aga ýa-da men hakda aýdýan gowy zatlary indi meni hopukduryp başlady. Özem ol sözleri ýarawsyz halyna özüne agram salyp aýdýar welin, hasam gözgyny. Ahyry gelnejäni aşak düşürip ugradyp goýberdim. Iş otagyma girmänkäm içerde Nepesiň ýanyndakylara berýän gürrüňini eşitdim: – Oňa Şabibi diýmeli däl, şa çäýnek diýmeli, haý bl**, “Saňa berlen şa serpaýy” diýip sokaýypdyr-ow şol çäýnegi, ha-ha-ha… Beýlekilerem gülkä goşuldy, menem çala ýylgyrdym. Ýöne “Şa serpaýy-ha” diýmändim men oňa… *** …Çary aga daýawdan gelen haýbatly adam eken. Gürläninde dagy pert-pert. Özem gaty talapkär we sowatly adama meňzeýär. Ine, biz onuň bilen Ýazyjylar öýünde gürleşip otyrys. Ýok, has anygy, ol gürläp otyr, men diňleýän. Daş-töweregimiz güpür-tapyr, ala-hysyrdy. Biziň oturan otagymyzyň içiniň şkaflaryny göterip daşary alyp gitdiler. Birazdan Çary agaň gara penjegini eline berdiler-de geýim asylýanam alyp gitdiler. Kimdir biri koridordan agyr seýf süýrejek bolup başagaý. Hemme otaglarda hem göç-hä-göçüşlik. Çary aga ikimiziň öňümizdäki stolam alnyp gidildi. Iki bolup oturgyçda bir-birimize bakyp oturdyk. Soň ýaşuly ýerinden turup penjirä golaý bardy-da ony açdy. Aňyrdan oba görünýär. Özem geň ýeri, ol oba köne rus obajygy, agaç jaýjagazly, tagtadan owadan edip aýlanan haýatly howlylar. Menem Çary agaň açan penjiresine golaý gelýän. Ol meni mähir bilen öz ýanyna ümleýär. Şol wagt iki sany çypar ýetgenjek gelip oturgyçlarymyzam alyp gitdi. Ýaşuly daş çykyp çilim çekeli diýýär öýdýän, daşary çykdyk, ol çilim otlady. Birdenem birhili aladaly görnüşe girdi: − Inim, sen Şabibi gelnejä gaharlanma. Onda günä ýog-a, edebiýata söýgüsi üçinem sylanyňa degýän adam ol. Men ýaşulyň adyndan sowgat berenimi aňandyr öýdüp utanýan, ol bolsa ýene geň galdyrýar. − Sowgatda-da seniň günäň ýok, ony men berdim ahyry. − Nädip, men.., siz ony tanama… − Men berdim, inim, men berdim. Ine, şu birleşigiň hemem öz adymdan berdim. Ol şol sowgada mynasypdy. Bir zat diýjek bolýan, gürläp bilemok. Biz içe girjek bolduk, salmadylar. Bir adam bu ýeriň özüne degişlidigini, bärini kireýine alandygyny aýdýar. Daşary ýurtla meňzeýär. Dili rusçany çalgyrt gürlese-de aňlaşsa bolýan dil. Ol şo dilde: − Bar gidiň. Size ilteşýän ýerimiz ýok. Men firmamy ýola goýjak bärde. Eger işsiz kösenseňiz, işim ugrugyp gitse gurluşyga işe alaryn − diýdi. Çary aga ýylgyryp dur. Meň ondan “indi näme bolar?” diýip sorasym gelýar, dilim aýlananok, gaýta synanýan, ýene bolanok. Ýene we ýene… Ahyry oýandym. *** Hepde geçmänkä gelnejemiz ýene jaň etdi. Ýaranok ekeni. Ugradan goşgylaryny idedi, Çary agany sorady. Meni göresi gelýänini, goşgy okasynyň gelýänini aýtdy. Şo gürrüňler bilen oňsa boljakdam welin, beýtmedi. − Jigim, soň ol Çary aga meni soradymy? “Ýeri, indi näme diýersiň, Aşgabada gidip gelenimem bilendir bi, ýok adamyň näme diýenini nädip aýdarsyň?” − Hä, olmy? Neme-dä, gelneje. Biraz howlukmajyrak duşduk bu gezek. Ugradanyňyz-a berdim. “Köp sag bolsun” diýdi, salam aýtdy. − Hä, men ýadyndan çykmandyryn dälmi? − Ýok-la, adyňyzy eşideninden tanady. − Şeýlemi, wah, görgüli. Ýarasam özümem Aşgabada gidip geljeg-ä. “Siz ugratdy” diýip baryp gaýtjak. Men Çary aga bir hatam ýazdym. Giden-goýan bolsa ugradaryn-da, özüňiz öýe aýlansaňyz dagy hasam gowy bolardy. Men aljyradym. − Kime, nädip ugratjak ol haty? − Çary aga. Size bersem, gowşurarsyňyz-a? − Hökman, gelneje, hökman! Arkaýyn boluň. Üstümden dag aýyrlan ýaly boldy. Haty gowşurmagy boýun alyp, Şabibi gelneje bilen hoşlaşdym. *** …Çary aga bilen öňki binanyň öňünde duşuşdyk. Ol binanyň öňündäki dyzeperde aşak bakybrak çilim çekip otyr, özem biraz aladalyrak görünýär. Meni görüp çalaja ýüzi açylan ýaly boldy. − Gel, otur. Şu wagt seni ýatlap otyrdym. Şabibiň hatyny aldym, sag bol. − Behh, nädip? Ol meniň iş otagymdaky tahylyň düýbünde ýatyr-a… − Ýatybersin, goý, ýatsyn. Men aldymam, okadymam. − Agam, meni bagyşlaň! Men aslynda beýtjek bolmandym. Ýagny meň o diýen adamym ýokdy, siz ýokdyňyz. Men häki bir şol gelnejä dözmedim, nebsim agyrdy. Ondan şahyr çykmajagyny bilýän, ýöne gowy däl-dä… Sen bir ony görsediň, agam… − Men seni günäkärlämog-a. Sen ýöne indi bir onuň halyndan habar al. Görgüli şu gezekden soň bärsine ýa bakar, ýa bakmaz… Men geň galyp onuň ýüzüne seretdim. Çary aga çuň pikire batyp, gözlerini hol uzaklara dikdi. Onýança binadan bir adam çykyp gaýtdy-da, bizden gitmegimizi haýyş etdi. Özem ony şeýle bir mylakatly äheňde aýtdy welin, rusça-ha däl, başga, düýbünden düşnüksiz dilde aýdan bolanynda hem men oňa “Hoş geldiňiz, içeri giriň!” diýendir öýderdim… *** Hepdäň şenbe güni irden Şabibi gelnejäni soramagy niýet edinip ýola düşdüm, günorta bolup bolmanam bardym. Öňümden çykan ýaşajyk ýigdekçä özümi tanyşdyryp biraz eglendim. Daşarda azajyk çilim çekmäge rugsat soradym. Içeri giremde Şabibi gelneje maňa garaşyp oturan eken. Görgüli, çaga ýaly begendi. Onuň arkasyna ýassyk goýup diwara ýaplanyp oturşyna gürläsi, gürleşesi gelýär. Köp gürlese-de ysgyny gaçýar. − Jigim, şol Çary agaň beren baýragyndan merkezi gazetleň habary barmyka? Men ýene uýaldym. Öz eden bolgusyz oýnumyň her ädimde beýdip maňlaýyma gütläp degjegini bilsem ömür edermidim?! Indi “Ýok, olaryň bary degişmedi, gelneje” diýäge-de it ýylgyrşyny edenim bilenem işiň düzeljek gümany ýok. Ýalany ýalan bilen ýuwubam ýadadym. Ýene-de ýöwsellemeli boldy. − Aý, edil ulularyň-a habary bardyr-la, kiçiräk işgärler bilmänem biler welin… − Hä, dogry. Gazetler ugradan goşgularymy beriberenok diýip aýdýan-da. Bolmasa, indi ýazyjylar birleşigi diýipmidiň şoňa, şol ykrar etse dagy beräýmeli ýaly … − Bererler, gelneje. Olara gelýän zadam kän-dä, merkez merkez bolýa. − Hä, hawa, hawa. Çap etseler edibem ýörendirler. Soňky günler men gazetem okamog-a. Asyl-a biziň obamyza hepde, hepde ýarym yza galyp gelýär olar. Ol şeý diýdi-de uzak-uzak üsgürdi, biraz arasyny kesen ýaly edip, ýene üsgürip başlady. Gyzy bolarly, bir ulugyz gelip arkasyny sypady, agzyny süpürmäge ýaglyk berdi. Men oňaýsyz ýagdaýa goýmaýyn diýip kitap tekjäň ýanyna baryp, kitaplary synlan boldym. Onýança gelneje-de çalarak özüni dürsedi. − Bir samsyk üsgülewük bar welin, gaty heläk edýär, jigim. Şuň ýalyda masgara edäýýär adamy. − Gelneje, nesip bolsa gowlaşarsyňyz, geçer gider. − Sag bol, ýöne sen aýtmagyn. − Kime, nämäni? − Çary aga, ýaranok zat diýip. Ýüregi agyrar, “Näme üçin ýazanok?” diýip sorasa-da, “Ýazýan diýýär öz-ä”diýäý. − Bolýa, gelneje… − Men oňa ýene bir hat ýazdym, şonam gowşur. Soň näme diýse aýdarsyň-da. Şabibi gelneje şeý diýip ýüzüme ýene naýynjar seretdi welin, hamana Çary aga daşarda garaşyp duran, menem hut häzir oňa haty berip, içeri giribem onuň jogabyny aýtmaly ýaly duýuldy. Çaltrak gaýdanymy kem görmedim. Bendä näme üçindir öňküler ýaly gaharym gelmedi-de, gaty nebsim agyrdy. Çynym bilen gynandym. Hyýalymda şol edebiýat birleşmedäki köpçülik tarapyndan halanmadyk ýigdekçe janlandy… “Size ýaman nebsim agyrýar…” *** − Sen nämäniň hasabyna ýüzüme seredip: “Sen ýok” diýip otyrsyň? Siz, ýaşlar, ýaman geň birhili. Ine, men, öňüňde mäzerip otyryn. Sen bolsa maňa “Sen ýok” diýýäň. − Agam, men sizden bihabar aldadym, ýalan gürledim. Dogry, bolmanam bir ýerlerde Çary atly biri bardyr, ýeriň bir ýerinde edebiýat birleşme-de bardyr, emma men bu zatlary pikir etmezden toslama toslap goýberdim. Günä mende, agam. − Aý, inim jan, meň günäkär tapyp dardan asma netim ýok, günä-sogap diýer ýaly o taýda günä-de ýok. Sen bir zady pikir et, inim. Ine, sen aldadyň diýeli, näme üçin imenno şol ýalany tosladyň? Ol näme üçin alaga-da “Argentinadan Messi diýip bir oglan ugratdy” diýäýmediň? Ýa-da, “Gelneje, şuny size Bil Geýts ugratdy” diýmediň… − Agam, bir ynanyljak zady… − Hä-ä, sen köp bilýäň. Adamy ynanyljak zat bilen aldamalydyngynam bilýäň, gör. Ýöne şo ynandyryjy zat – hakykata has golaý zat. Sebäbi ol ýerde “Mümkin däl” diýere esas ýok. Şol ýalanyň awtory hökmünde sen ilki “Şeýlede bolup biler-ä” diýen nokada gelmeli, dogrumy? − Hawa welin, men-ä oňa-da kelle agyrdyp oturmadym. − Sebäbi seniň ol ýalanyň – ýürekden çykan ýalan-da. Onsoň kelle näme etsin? Meň diýjek bolýanym ol däl. Ýaňky “Şeýle bolup biler” nokada geleňsoň, ol seniň arzuwyň. Ol keseden sereden üçin, şol zerarly kösenen üçin − ýalan. Ilkinji nobatda bolsa, seniň arzuwyň... − A gelneje näme? Öňi-soňy ol ýalan zada ynanyp şatlanan bolup ýör-ä.. − Onuňam arzuwy, islegi seňkä meňzeş-dä. Näme, tehnologiýaň şeýle ösen döwründe o zatlaň anygyna ýetmek kynmy? “Ýazyjylar birleşiginde Çary aga diýip biri saňa ýazmagy gadagan etdi” diý hany, nädersiň, hemme zadyň änik-şänigine ýetäýse. Adam pahyryň gowy zada ynanasy gelýär, aýallar-a hasam. Inim, men saňa bir zady aýdaýyn. Köpçülik bir zada ynansa, şol ýalanam bolsa çyna öwrüler. Tersine, ýanyp duran çynam bolsa, oňa hiç kim ynanmasa – onyň öli hakykat bolýar! Çary aga şondan soň hoşlaşmak bilen boldy… *** Şabibi gelnejä jaň etsem özi alanok, gyzy alýar-da ejesiniň ýaramaýanlygyny aýdýar. Gazetde goşgusynyň çykandygyny, meniňem şol gazeti alyp ýygnap goýmagymy Şabibi gelneje gyzyna sargapdyr. Birazdan ýagdaýy gowlansa welaýat merkeze baryp menden alyp gitjekmişin. “Çary aga diýip birine salam aýtsynam diýdi“ diýip aýtmagam unudanok gyzy. Bu ýagdaý üç gezek dagy gaýtalandy. *** − Çukur gazyp, oňa-da käbir adamy başaşak taşlap, üstüne-de gum süsdüräýesiň gelýär-aý, dost. Biziň bu bolup ýörşümizi diýýän-eý… ”Kämilligiň çägi ýok” diýilşi ýaly, peselmegiňem serhedi ýok bolara çemeli… Nepes ol sözleri kime aýtdy, näme üçin aýtdy, bilemok. − Dost, ony nämeden diýdiň? − Aý ýok-laý, bu gün biri bir dereksiz zat ýazyp getiripdir. Bu şondan galan täsirlenmeler diýen ýaly… Ýogsa-da, gelnejemiz görünmeýä-le, ýa bendäňki çäýnege çenli ekenmi? − Nepes, senden bir zat soraýyn-la. Şu kämahal bir adamy aldaýaň-a, meselem, “toýa gitdim, biri bilen uruşdym, onam urdum-ýykdym” diýen ýaly... − Ha-ha, ”gullukda eýdýädim, beýdýädim” diýipmi? − Aý, hawa, şomuşyn-da. Şonda aldap oturan wagtyň toslan adamyň nähilem bolsa göz öňüňe gelýär-ä, şol adam birden öňüňden çyksa... − Ha-ha, olam “Aý, aldap oturmasana” diýse diýýäňmi? − Men çynym bilen aýdýan, oýun edemok. Nähilek bor, hä? Sende boldumy şeýle ýagdaý? − Aý, berýän soragyň nähil-aý seň? Kim şo zatlar hakda kelle agyrdýar. Her kimiň aladasy özüne ýetig-ow. Ana, içýän kofýam gymmatlapdyr. Filosofýasynyňam beýlekisiniňem ýüzüni it görsün-le. Tamam çykmansoň sesimi çykarmadym. Nepesem şol gün maňa hiç zat diýmän işledi. Ýogsa bolan zadam ýok ýaly. Kim bilýär, aýdanymy özüne çeken bolmagam ahmal. Ýöne men onuň göwnüne degjek bolmandym. *** − Diýmek, sen öz ýalan sözläniňe ynanýaň-da? − Dagy näme, onda-da, samsyklaç ýalan. Ullakan bir adamam oýnap. − Onda men kim? − Bilemok agam, bärde beri meniň günäm ýokdur-da. Onsoňam, gep siziň bar- ýoklugyňyz hakda däl-de, meniň eden işim hakda. Öz-ä erteki ýaly bi.. − Nähili erteki ýaly? − Ertekidigindenem beter, men toslaýan, ýöne men ýagdaýy isleýşim ýaly dolandyryp bilemok diýjek bolýan. − Onyň-a durmuşda-da şeýle. − Agam, seň bilen ilki duşuşan şol binamyz ýok gerek aslynda-da. − Ol nämäni çözýär? Ol bir häki binadyr-da. Ine, men bar-a. − Dogrudanam.. Men şeý diýip Çary aga seredemde, onuň gözleriniň maňa gaty tanyşdygyna geň galdym. Ol gözler, meniň nirededir bir ýerde, özem häli-şindi görýän gözlerim. Mende düşnüksiz bir gowulyga bolan kiçijek umyt dörän ýaly boldy. Çary agaň soňky diýenini bolsa, men bir demde içime ýuwutdym. − Adamy tanajak bolsaň, oňa ynanmaly. Tananyndan soň ynanjak bolsaň, ynamyň güýji gaçar… *** Gyzy gelip gitdi, Şabibi gelneje otuz-kyrk sany çelpek ýaljak kitapça çykardypdyr. Ilki terjimehaly, soň goşgulary. Kitabyň soňky sahypalarynda bolsa, meň ýüregimden sallan ýaly edip, şol “baýrak” alandaky toýunda düşen suratlaryny asyl-asyl edip goýupdyrlar. Uffff!.. *** Men kim? Men her çag-her çag Çary aga bilen derdinişip durýan dertsiz. Men şol Nepes bilen uzakly gün bile işläp surnugýan, onuň goşgy ýazýan bir gelin bilen aýalyndan ogrynça keýpi-sapa çekişi hakdaky şowhunly söhbetlerini diňläp ýadaýanam. Onuň bolşuna käte özüm bilmezden höwesem edýänem men. Men hiç wagt, hiç ýerde boýun almasamam, käwagtlar ýazanja zadyny getirip gitýän bir talyp gyzyň ýoluna göz dikip garaşýan aşyk. Men − şol bu gün-ertir öldi habary gelibermeli aýalyň dünýäsine nur saçan ýalançy. Almagy kiçilik bilnip taşlanan sowgatdan uly baýrak ýasanam men. Hawa, şol toslamalarym üçin özümi bagyşlap bilmeýänem men!.. …Esasy zat, men gürrüňdeş, ýürekdeş tapyndym. Goý, Nepes maňa “ýalançy” diýsin. Tutuş dünýe meni ýazgarsyn. Men ýalançy bolanym üçin Hudaýyň duşmanam bolýan. Emma, Çary aga meni bagyşlar. Bagyşlar-ki, meniň hakyky bahamy berer. Çünki onuň gözi açyk, ol görýär. Ol göçülen öýüň ruhuny görýär we ýaşaýar… © Merdan BAÝAT | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |