09:17 Ýalñyşlarma minnetdar... | |
ÝALŇYŞLARYMA MINNETDAR Siñip dur topraga säheriñ çygy, Gijede gizlenen güneş nur seçýär, Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik, Şonda-da käteler umydym öçýär. Oýun edip diýýär herkim diýjegin, Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok, Manysyz dünýäde ruhym hassa, Derman-däri gussalarmy aýranok. Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin, Ýakynsyrap ýüregime girenleñ, Kä gulagma mukam bolup eşdilýär, Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ. Jebiri çekýän az amanat üçin, Her gowlygña iki esse minnet bar, Kimiñ kimligini tanamak üçin, Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!... © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |