Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:35
Ýaşyl ýagmyr

ÝAŞYL ÝAGMYR

Heý, siňňin garadyňmy sen gözele
Onuň ýaşyl gözüne?
Şonda gül açar içiňde al-ýaşyl meýdan
Hem ezilersiň
Göýä ýaşyl bir ýagmyr
Siňňitli ýagýan ýaly üstüňe

© Ismail UÝAROGLU
(d. 1948)

Terjime: © MANGO

YEŞİL YAĞMUR

Gözlerine baktınız mı hiç uzun uzun
Yeşil gözlü bir kızın
Çayır çimen ferahlığı doluyor içinize
Ve ipince ıslanıyorsunuz
Sanki yeşil bir yağmur
Yağıyor usul usul üstünüze

İsmail UYAROĞLU
(d. 1948)
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 96 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ismail Uýaroglu | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Medicall • 23:55, 25.11.2022
Uzak garap gördüñizmi gözüne,
Ýaşyl gözli gözeliñ.
Kürsär dolar içiñize
Terligi gülzarlygyñ.
Duýarsyñyz üstüñize,
Ýaşyl ýagmyr ýagýan ýaly,
Siññin, siññin ezile.
avatar
0
2 Medicall • 21:56, 10.01.2024
Teswir ýerdäki terjime gowken:) :) :)
avatar
0
3 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:03, 10.01.2024
Mango dost:

Hut "ýaşyl gözli gözele" diýmeli. Seňkide kak budto zenanlaryň hemmesi ýaşyl
gözliýmiş gibi.

Ýaşyl gözlüler hatda o tarapkylaryň arasynda-da ujypsyz mukdarda. Ruslaram, bilşimiz ýaly, köplenç çal gözli. Ýöne kän pikir edilmeýän ýerlerde, meselem, Pamir töwereklerinde ýaşyl gözlüler känmiş. Bu bally hem şolaryň biri bolmaga çemeli.

Mende bir mahal şeýle goşgy bardy, bir bendi:

"Gözlerde baharyň ýaşyl yşygy,
Dünýäde müň ýigit, meger, aşygy,
Ýaşyl ýaýlamyzyň bol ýaraşygy -
Gitme bu Diýardan, gal, bahar gözli".

Diňe bir ýaşula okapdym, halapdy.

Nurdan başlyga:

"Duýarsyñyz üstüñize,
Siňňin-siňňin eze-eze
Bürelýän ýaşyl ýagmyry"

diýsek bolmyýamy?

Originalda-da, terjimede-de bir zady oňladym:

Bir sözlemiň içinde täze setiri hem diňe setir harpdan başlamak diýen myrtar hokga ulanylmandyr.

Käbir ýaşlar şeýdenleri bilen aňsatjak ýerden artykmaçlyk gazanýandyr öýdýärler.

Özüm-ä şolar ýaly goşgulary okaman geçiräýýän.
avatar
0
4 Мango • 22:35, 10.01.2024
Heý, siňňin garadyňmy sen ol gözele
Onuň ýaşyl gözüne?

"gözele" däl-de "ol gözele" diýsek konkretleşermikä?
avatar
0
5 Мango • 22:43, 10.01.2024
sag bol Ýaran däde.
degişip diýýändirin...
hany onda başlalyň ýaşyl gözleriň uzyn-uzyn taryhyna, tä teswir sany 60-a ýetegoýynça... :-)

bujagaz goşgyňam gowyken.

Gözlerde baharyň ýaşyl yşygy,
Dünýäde müň ýigit, meger, aşygy,
Ýaşyl ýaýlamyzyň bol ýaraşygy -
Gitme bu Diýardan, gal, bahar gözli.

hem "ýaşyl gözler" hem geçenki terjimedäki "okara gözler" ýada düşdi.
avatar
0
6 Pero • 10:13, 11.01.2024
Türkleñ siññin garamagy türmenleñ içgin garamagy bolýan bolaýmasyn
avatar
0
7 Pero • 10:15, 11.01.2024
Jogaplamak jogaplamak....aý şun-a bir zat etmeli,adamlar!
avatar
0
8 Mekan2 • 10:42, 11.01.2024
ony aýyrsaň başga bir problema döreýä. mysal: Ýaran aga (hernäçe köpüsi bilen ylalaşmasamam) gyzykly pikirlerini tagam (şeýle-de) uzyn-uzyn edip ýazýa. üstesine-de haýsy jümlä jogap ýazýanynam görkezýä welin, eziýet onsoň okamak. öňki teswiri goşa dyrnaga alynsa-da, jogap ýazyljak ýer bir abzasdan kän bolsa dagy, haýsy öňki teswir, haýsy jogap - olam aýry bir dykgat talap edýär. goşa dyrnagam kän kömek edip baranok.
avatar
0
9 Мango • 10:44, 11.01.2024
türçede "uzun uzun" diýo.
uzyn-uzyn bakmagy siňe seretmek diýdim.

sözlükden: siňe seretmek — Bir zady dykgat bilen gözden geçirmek, bir zada üns berip syn etmek, siňňin garamak.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203