Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:27
Ýaz..!
ÝAZ.!

Dünýä ý:az geldi,
Senem joşup ýaz,
Ma:ýyl bolup ýaz
Göwünlerde gülle,
Mälim bolup ýaz.!
Nowruza öwrül-de,
maýyl bolup
Ýag.!

Ýaz.!
Pursat barka ýaz,
İri-iri damjalap ýag,
damjalarñy gysgansañam
Neýsan ýagşyna öwrül-e
Ýag.!
Toprak üste kimiýa bol
uçuran bolsun zýada..
Gubar aýlansa göwnüñe
Ýaz.!
Neysan garbap alan bada
göwher borsuñ suw düýbüne,
Ýag!
..
Ýaz geldi dünýä:
Bahara garyl-da,
ýag!
Ylhama öwrül-de,
ýaz..!

© Kalba NUR
Bölümler: Goşgular | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 Мango • 14:55, 03.03.2023
Neýsan ýagşy...
Neýsany birinji gezek eşidýän...
şu wagt gözletdim..... hääää... türkler Nisan diýýär Aprele.
Neýsanam - Апрельские дожди bolýan eken Gugul daýyň aýdyşyna... azerilerde ulanylýan eken.... balkanam olaň bärje ýany-da...

NEYSAN (niysan, aprel ayında yağan yağış)
Dağa qalxır dumanlar;
Tez-tez yağır neysanlar
(A.Səhhət) ...

Daga galar dumanlar;
Tiz-tiz ýagar neýsanlar
(A. Sähet)...
avatar
1
2 Мango • 15:09, 03.03.2023
dili öwrülmän Leýsan diýen bolamasynlar?
Neýsan - köki farsça öýdýän.
ilerki goňşydan geçendir bu söz.
avatar
0
3 Мango • 15:15, 03.03.2023
şü başşagaşynda bir zatjyga ýetenok.

Ý:az geldi dünýä
Senem joşup ýaz,

"ýa:z" bilen "ýaz" garyşyp ötegitmedik ýaly.
ýa-da "senem" bulaşdyrýar.
"senem" boljak bolsa, "ýa:z gelip eseri bilen dünýäni özgertdi, SENEM ýa:z ýaly eserler ýaz, kalplary özgert" manysynda bolýan ýaly.
bir zad-a не то...
avatar
1
4 Мango • 15:16, 03.03.2023
jemlemäň gouja.
3 ýyzzyl.
avatar
0
5 Medicall • 15:17, 03.03.2023
Kimýa diýip eşitdiñizmi, googl baba kimýany tanadymy onnoñ:)
avatar
0
6 Medicall • 15:18, 03.03.2023
Leýgan diyip dili öwrülmän aydylan ýaly
avatar
0
7 Medicall • 15:19, 03.03.2023
Dünýä, äleme, jahana ý:az geldi, senem ý:az ýaly joşup ýaz, döret, özger, özgert! diýip dun ekeni awtor))
avatar
1
8 Мango • 15:22, 03.03.2023
kimýany Alhimik gowy bilýändir.
***
himiýa - iň okamadyk gömük sapagym. :-)
avatar
0
9 Medicall • 15:24, 03.03.2023
(:
avatar
0
10 Medicall • 15:29, 03.03.2023
Neýsan ýagyşy - neýsan balygynyñ rysgy üçin ýagýan ýagyş..

Seret:

edebiyat.clan.su
/news/soz_manysyn_anar_bolsan/
2023-03-03-686
avatar
0
11 Medicall • 15:29, 03.03.2023
Sagboluñ, düzelipmi indi?! :)
avatar
0
12 Medicall • 17:09, 03.03.2023
ý:az geldi dünýa,
joşup ýaz!

beýdip "Senemi" aýyrsaň bolmaýandan bolýan ýaly.

Ý:az geldi,
Joşup ýaz! Senemem, dünýanem aýyrsak onda has birhilijesine boljak bolýa,

Dünýä ý:az geldi,
senem joşup ýaz! -- diýeniñdenem:
Geldi ý:az,
Joşup ýaz!

göýwereniňden gowusy ýokmy nämmi(rep ýaly olam) (:
avatar

Старая форма входа
Total users: 203