Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:57
...Ýazman gezip bolarmy?!

...ÝAZMAN GEZIP BOLARMY?!
Şahyr Ata Atajanowyň žurnaliste bagyşlap ýazan goşgusynda:

Elmydama gözlegde sen, ýolda sen,
On gün gezýäň on setiriň yşkynda —


diýen setirler bar. Goňşy-golamlar bireýýäm ýatandyr, seniň iş otagyň çyrasy bolsa henizem ýanyp durandyr. Ýazarsyň, bozarsyň, gowy pikir tapsaň, täsin jümle kellä gelse, edil çaga ýaly begenersiň. Ertesi gözüň gyzaryp, gabagyň ýellenip durandyr, kelläňe, aýdylyşy ýaly, edil gum dykylan ýalydyr. Ýazan makalaň gazetde çap ediler welin, süýji ukudan galyp, gijäniň ýaryna çenli kösenendigiň ýadyňa düşmez.

Türkmen žurnalistikasy uzak hem abraýly ýoly geçdi. Wagtyň geçmegi bilen kämilleşen, özüni tutan bu ugurda Ýahýa Ýusubow, Aşgabat Mämmedow, Kakaly Berdiýew, Wasiliý Şatalow, Baýrammämmet Täçmämmedow, Allaguly Ýusubow... ýaly aznawur žurnalistler täsirli, gowy makalalary bilen yzygiderli çykyş edip durdular. Aleksandr Aborskiý, Ata Atajanow, Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Bazar Öwezow, Hangeldi Garabaýew, Anna Paýtyk ýaly ýazyjy-şahyrlar galamlaryny žurnalistikada-da ezber işletdiler. Bu gün Akmyrat Hojanyýaz, Gurbannazar Orazgulyýew, Seýitguly Geldiýew ýaly zehinli kärdeşlerimiz bar. Žurnalistikada öz sözüni aýtmak, öz ýüzüni görkezmek isleýän ýaşlaram döwrüň wakalaryna seslenýärler. Zehinli oglan-gyzlaryň täze nesliniň kemala gelmegi, işlemegi, döretmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler bar.

Žurnalistiň käri örän jogapkärli. Sen öz ýazýan zadyňy halka hödürlemekçi bolýandygyňy, halkyň bolsa oýlanyşyklydygyny, duýgurdygyny unutmaly däl. Heniz galam degmedik kagyzyň başyna geçilmezden ozal: «Okyjy meniň makalamy nähili kabul ederkä?» diýen sowal biynjalyk etse, gowy zadyň ýazyljakdygyna ynansa bolar. Žurnalistika döredijilik işidir. Döredijilik işi bolsa özüne telli-pelli çemeleşilmegini halamaýar.

Oçerk, publisistik makala žurnalistikanyň ýüzüdir. Bularda ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyna, umumy ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan dürli kärdäki adamlaryň durmuşyna içgin aralaşylýar. Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler žurnalistikanyň şu iki ugrunda giňden şöhlelenýär. Publisistik makala «depimi» çuňdan alnan, sowatly, saýhally pikir ýöretmäni talap edýär. Munda «çig mal» bolan maglumatlar jaý ýerinde «dil açmaly», okyjynyň ünsüni özüne çekmeli.

Oçerkde, eger haýsydyr bir aýratyn alnan adamyň durmuşy hakda söhbet edilse, ilkinji nobatda, onuň keşbi janlanmaly. Şu hakykat berjaý edilmese, ýazylan zat oçerk däl-de, guraksy maglumatlaryň, agramsyz sözleriň toplumy bolýar. Men, belki, ýaş galamdaşlaryma peýdasy deger diýen pikir bilen, ýazan bir oçerkim hakda gürrüň etmekçi. Gazetleriň biri tanymal nebitçi alym, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, «Türkmenistanyň senagatda at gazanan işgäri» diýen hormatly adyň, ordendir medallaryň eýesi Mars Aşyrmämmedow barada oçerk ýazyp bermegimi haýyş etdi. Ýaşuly bilen uzak ýyllaryň dowamynda gadyrly gatnaşyp ýöremsoň, onuň terjimehalyna beletdim. Şeýle-de bolsa, alymyň özi, işdeş ýoldaşlary bilen gürrüňdeş boldum.

Endigime görä, oçerki ilki el bilen ýazyp, soňra kompýutere geçirdim. Ony şol gün okamadym. Ertesi gözden geçirdim. Göräýmäge, kem ýeri ýok ýaly. Ýöne meniň isleýşim ýaly däl, nämedir bir zat ýetenok. Şunça oýlansamam, şol ýetmeýän zady tapyp bilemok. Keýpim gaçdy.

Agşam ýatmak üçin düşege geçdim. Oçerk kellämden aýrylanok. Ukym tutanok. Birdenem Mars aganyň iş ýerime gelşi göz alnymda janlanyp, ýylgyranymy duýman galdym. Çyrany ýakyp, işläp ugradym. Ynha, ol aňyrdan: «Aman janam oçerk-beýleki ýazjak diýip, yssy howada ýaşuly adamy horlap ýör-dä. Näme, ýazjak bolsaň, menden başga alym ýokmy? Ýa-da men şolardan artykmy?» diýip, özbaşyna gepläp gelýär... Söhbetdeşlikde özi barada az gürrüň berip, halypalaryny birin-birin ýagşylykda ýatlaýar. «Olar ýiti zehinli, ulumsylygyň nämedigini bilmedik, şägirtlerine hiç wagt orta ýoldan yza gaýtmaly däldigini öwreden, hemişe golaýymyzda bolan beýik halypalardy. Men şolaryň alada-yhlasy bilen şu derejä ýetdim» diýýär... Yzyna gaýtmakçy bolanda, çaý mürähet etdim. Içjekdigini aýtdy. Goňşy otagdan demläp gelsem, Mars aga gürüm-jürüm bolupdyr. Muny işdeş ýoldaşlaryma gürrüň berdim. Olaryň biri ýylgyryp: «Heý-de, Mars Aşyrowiç oturyp, ine-gana çaý içermi?! Oňa hemişe iş garaşýar ahyry!» diýdi. Boldy. Men birinji parçany oçerkiň başynda, ikinjisini halypa-şägirt gatnaşygy baradaky pikirim bilen giňeldip, ortasynda, işdeş ýoldaşymyň aýdan sözlerini-de soňunda ulandym. Oçerk çap boldy. Jaň edip ugradylar. Belli bir döwürde onuň bilen bile işleşen iri kärhanalaryň ýolbaşçylary, baýry nebitçiler, ýaşulyny ýakyndan tanaýan adamlar minnetdarlyk sözlerini aýdyp: «Mars aganyň keşbini janlandyryp bilipsiň!» diýdiler. Maňa geregi okyjynyň, ine, şu bahasydy! Edilen azap ýerine düşdi...

Žurnalistlik gezendeligi halaýar. «Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýän» diýlişi ýaly, haýsydyr bir meseleden oçerk ýa-da makala ýazmak üçin alan maglumatlaryňdan başga-da ünsi özüne çekýän sözleri, dürli mazmundaky tymsallary, nakyllary, aýtgylary belläp almaly. Olaryň halkymyzyň milli baýlygydygyny ýatdan çykarmaly däl. Edebi, medeni, taryhy-etnografik mirasymyzyň nesillere geçirilmeginde döredijilik işgärleriniň gerdenine uly borç düşýär. Ýurdumyzyň baýry žurnalistleriniň biri Durdy Hajymyradowyň örän gyzykly makalalar toplumyny «Magaryf» neşirýaty 1991-nji ýylda «Manysyz gep bolmaz» diýen at bilen kitap edip çykarypdy. Bu kitapdaky makalalarda žurnalistiň ýurdumyzyň oba-şäherlerinde gulluk saparynda bolanda eşiden, ýazyp alan «azman», «mäjum», «küremez», «eşrepi», «zikge», «genderew» ýaly sözleriniň manylary düşündirilýär. Eger her bir žurnalist Durdy Hajymyradowyň edişi ýaly, ruhy hazynamyza dahylly zatlara söýgi, hormat bilen çemeleşip, halkdan alan zadyny ýene halka paýlasa, gör, nähili gowy bolardy!..

Aý-ýyllara salym ýok, biziňem ýaşymyz indi bir çene ýetdi. Ýöne ykbalyma nur çaýan galamdyr kagyzy bir gyra süýşürip bilemok. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Watan, halk bähbitli beýik işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülen ýurdumyzyň at-abraýy, owazasy serhetleri aşyp, dünýäni aýlanýar. Biz her bir güni hoş habarlar bilen garşy almaga endik etdik. Žurnalist bolup gözüň görýän, ýüregiň duýýan zatlary hakda ýazman gezip bolarmy?!

Dünýä meşhur ýazyjy Ernest Hemingueý: «Her bir adam bu dünýä haýsydyr bir işi etmek üçin gelýär. Ýer ýüzünde ýaşap ýören her bir adamyň durmuşda öz wezipesi bardyr» diýipdir. Zähmet — ynsanyň zehin-ukybyny açýan, süýji arzuwlardyr ýagşy umyt-niýetleriň gujagynda ýaşadýan, söz bilen beýan edip bolmajak derejede şatlyk eçilýän, durmuşa söýgi, ertirki güne ynam döredýän zat. Watana söýgi, buýsanç nämeden ybarat? Ol, ilkinji nobatda, halkyň döredijilikli zähmetinden ybarat. Bir-birinden kaşaň ymaratlary göreniňde gurluşykça, dükanlardyr bazarlarda gündelik durmuşda zerur bolan dürli azyk harytlaryny göreniňde daýhana, çarwadara, telekeçä, «gara altyn» ýüklenen otly kerwenini göreniňde nebitçä, ak mekdebiň howlusyndan çykyp gelýän şadyýan çagalary göreniňde mugallyma... hormatyň artýar. Olar barada ýazman gezip bolarmy?!.

Okyjy — žurnalist üçin adyl kazy. Ýazylýan zatlar ýygnalyp goýulsa, özara söhbetdeşlikde, üýşmeleňde gürrüňi edilse, biziň azabymyzyň ýerine gowuşdygydyr. Okyjy — irginsiz gözlegde bolmaga, döretmäge bize itergi berýän adam. Žurnalistem ynsan, aram-aram halys ýadaýaň ýa-da kellä hiç hili pikir gelenok. Gezip ýörensiň. Birdenem köçede tanyşlaryň biri duşup ýa-da jaň edip: «Soňky günler sesiň çykanok-la, saglykmydyr?» diýip sorar weli, beýlekileri bilemok, özüme-hä güýç gelen ýaly bolýar. Iň geň galmaly ýeri-de, birki günden haýsydyr bir pikir döreýär. Onsoň ýene ak kagyzyň başyna geçersiň.

Tanymal gurluşykçy barada makala ýazmalydym. Ol meni öýüne çagyrdy. Gymmat bahaly goş-golamlara, göz gamaşdyryjy ýaldyr-ýuldurlara gözüm düşmedi. Adaty öý. Gününe kanagatly, pespäl ýaşulynyň gürrüňini diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi.

Ol meni ýola salanda, damarlary çykyp duran mähnet elini egnime goýup: «Inim, men şähere gezelenje çykýan mahalym öz guran ymaratlarymy synlap, ömrümiň manyly geçendigine begenýärin, ykbalymdan müň keren razy bolýaryn. Eger bir gudrat bilen ýaşlygym gaýdyp gelip, kär saýlamaly bolsam, hökman ýene rysgal-döwlete, abraýa ýetiren gurluşykçy kärini saýlardym» diýdi.

Ykbalyny žurnalistika baglamak isläp, onuň işiginden ätlän ýaş kärdeşlerimize zehin, yhlas, azap arkaly okyjylaryň sylag-hormatyny gazanmak, ýaşlary bir çene baranda-da, yzlaryna buýsançly nazar aýlap: «Eger bir gudrat bilen juwanlygym gaýdyp gelse, mendenem kim bolmak isleýändigimi sorasalar, ikirjiňlenmezden, ýene žurnalistligi saýlap alardym» diýmek nesip etsin!

© Amanmyrat KIÇIGULOW
žurnalist.

Çeşmesi: ,,Türkmenistan" gazeti, 15.01.2024ý.
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 199 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Amanmyrat Kiçigulow | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 21:53, 18.01.2024
Amanmyratdädemda şu meñ))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203