Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:43
Ýazyjy Juma Hudaýguly aradan çykdy


2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde belli türkmen ýazyjysy hem suratkeşi Juma Hudaýguly aradan çykdy.
Ýazyjy 1946-njy ýylyñ 14-nji dekabrynda Ahal welaýatynyñ Sarahs etrabynyñ Ýalawaç obasynda dünýä indi. 1963-nji ýylda mekdebi gutaryp, Aşgabatdaky Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine okuwa girdi. 1968-1973-nji ýyllarda Ukrainanyñ Lwow şäherindäki poligrafiki institutyñ kitap grafikasy bölüminde bilim aldy, soňra Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasynda işledi.
1980-nji ýylda ol SSSR-iñ Suratkeşler birleşigine kabul edildi. Suratkeşiň eserleri respublikan hem Bütinsoýuz sergilerine, Daniýa, Gresiýa, Mongoliýa, Russiýa, Siriýa ýaly birnäçe ýurtlarda gurnalan halkara sergilere gatnaşdy.
Edebiýata Juma Hudaýguly 35 ýaşynda gadam basdy. Ilkinji hekaýalary 1981-nji ýylyñ iýulynda «Edebiýat we Sungat» gazetinde çap edildi.
1987-nji ýylda ol SSSR-iñ Ýazyjylar birleşigine kabul edildi.
1990-njy ýyllaryñ başlarynda SSSR-iñ Halk artisti Baba Annanow bilen birlikde «Zöhre-Tahyr» kinofilminiñ ssenariýsini ýazdy. Şol döwürde ol dört aý «Edebiýat we Sungat» gazetiniñ baş redaktorynyñ orunbasary bolup işleýär.
Dürli ýyllarda Juma Hudaýgulynyň hekaýalarynyň terjimeleri ABŞ-da, Russiýada, Türkiýede, Täjgistanda, Belarusda, Yrakda çap edilýär.
Ýazyjy onlarça hekaýalardan ötri, Gökdepe tragediýasyna bagyşlanan «Ýere gaçan ýyldyzlar» atly üç tomluk epiki romanyň, «Döwür kyssasy» çeper publisistik romanynyň, «Gyrmyzy bägüller», «Söýgüde serhet ýok», «Aşyk Merdan kyssasy», «Ömrüzaýa» romanlarynyň, ençeme powestiň, pýesalaryň awtory hökmünde tanalýar.

Kitaplary:

1). Ojaklar öçmesin (hekaýalar), Magaryf, Aşgabat, 1986;
2). Harasat (powestler we hekaýalar), Magaryf, Aşgabat, 1990;
3). Aý gaýdyp geler (powest we hekaýalar), Magaryf, Aşgabat, 1994;
4). Şahy-Jahan (powest we hekaýalar) Türkmenistan, Aşgabat, 1995;
5). Saragtyň ykbaly (Saragt problemalary: çözgüt nirede?) (publisistik makalalar);
6). Утро фирмы (повести и рассказы)(ýaş ýazyjylaryñ antologiýasy), "Советский писатель", Москва, 1989;
7). Gyrmyzy bägüller (roman), Aşgabat, 2016;
8). Söýgüde serhet ýok (roman), Aşgabat, 2012;
9). Apy ýylan (hekaýalar), Aşgabat, 2010;
10). Bir töwra adamlar (kökenli hekaýalar), Aşgabat, 2010;
11). TÜR[k]MEN (taryhy makalalar), Aşgabat, 2015;
12). Ýere gaçan ýyldyzlar (roman-trilogiýa: «Añzakly tomus», «Jöwzaly gyş»; «Ýeñilmedikler»), Aşgabat, 2012;
13). Salyr soñy Sarahs... (taryhy etnografik roman), Aşgabat, 2014;
14). Ömrüzaýa (roman), Aşgabat, 2017;
15). Aýuw (powestler), Aşgabat, 2008;
16). Garawulhanadaky gürrüñçilikler (kökenli hekaýatlar), Aşgabat, 2016;
17). Döwür kyssasy (çeper-publisistik roman), Aşgabat, 2014.
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 855 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
2
1 sussupessimist • 18:46, 02.04.2024
Merhuma iman baýlygyny dileýäris.
avatar
0
2 Pegas • 18:58, 02.04.2024
Yzy ýarasyn, imany hemra bolsun. Ussatdy...
avatar
0
3 Medicall • 20:58, 02.04.2024
Ussat, bizlerdenem razy bolsun, galanyna abyraý bersin, eserleri bilen ölmez ýitmezdir USSATLAR!

Eserleriniñ sanawny-da taýýarlap, ýetireniñize sagboluñ, Maksat! Alla razy bolsun sizdenem!
avatar
0
4 Küle • 21:34, 02.04.2024
Gynandyrdy.
avatar
0
5 derwushhana • 22:34, 02.04.2024
Nace yashasalaram ir giden yaly bolup durlar. Atamyrat aga, yogalanda has birhili bolupdym. Hamana ol adamlar aramyzda hemişelik ýaşaýmaly ýaly
avatar
0
6 Medicall • 23:34, 02.04.2024
Diñe hekaýalarynyñ özem giden hazyna. romanlary ýazmaga sarp edilen ömre BEÝIK ÖMÜR diýesiñ gelip dur.

Ýazmagyñ, onda-da onça romanlary ýazyp nesillere miras goýmagyñ özi bir dünýa ýaly.

Olary ýazmak üçin gör nähili ýadawlyk, argynlyk basandyr ýazyjyny, süýji ukudan kesilip, hupbatlar çekip, gör nähili elpe-şelpelikden ýüz öwürendir.
Ine şuña diýilýär hakyky pidakärlik diýip.
Imanly bolsun, ýazanlary ýaşadar Juma agany asyrlar boýy.
avatar
1
7 aygull • 23:52, 02.04.2024
Nurdan, ol, gözi namartlamadyk bolsa entegem ýazardy. Onuň işeňňirligi hemmämizi utandyrmaga ýeter...
avatar
0
8 Мango • 23:56, 02.04.2024
Innä lillähi we innä ileýhi rajiun.
gelişimiz Allahdan, dönüşimizem Allaha.

merhuma rahmet dileýäs. yzynda galanlara sabyr.
avatar
0
9 Medicall • 23:58, 02.04.2024
gözi görenokdymy Aýgül, ony bilemokdym...
Beýledigine beter gynandyrdy
avatar
0
10 Merik • 00:58, 03.04.2024
Yzy ýarasyn.
avatar
0
11 Hydyr • 03:27, 03.04.2024
Alla rahmet etsin
avatar
0
12 Балканов • 20:17, 18.05.2024
Alla rahmet etsin! Imany hemra bolup, jaýy Jennetden bolsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203