17:35 Ýekegöz / hekaýa | |
ÝEKEGÖZ Bäbekhanada ýekegöz çaga dünýä indi. Şoňa meňzeş geň-taňlyk adamzat taryhynda gabat gelýänem bolsa, bu waka görlüp-eşidilenden däl hasaplandy. Özi-de ol täzeligi çaganyň göbegenesinden oňürti uly il öz gözi bilen gören ýaly geň habar şol bada dünýä doldy. ...Elini ýarym-ýalta ýuwan eneke, bäbegi-de howul-halat gundap, müdiriň üstüne ylgady. Aljyraňňy enekäniň aksowult ýüzüni gören müdir, gözi-gulagy bilen ýakymsyz bir habara garaşdy. Jogaba derek eneke özüni oturgyja goýberdi. Geň habar diňe şondan soň müdiriň gulagyna ýetdi. Şol pursat hem ýene iki sany doktor kabinetde peýda boldy. Gelenler hiç zat diýmeselerem, näme üçin gelendiklerini müdir olaryň üzüni göreninden bildi. Şonuň üçinem: – Howsala düşüp ýörmäň! – diýen jogap bilen özüniň tolgunmasyny-da kärdeşlerinden ýaşyrmak isledi. – Beýle zatlar öňdenem bola-bola gelýändir. – Diýse-de Arslan Akyýew şol ugurdan soňky bäş ýylda ýekeje üýtgeşik zada gabat gelendigini ýatlady. “Nauka i žizn” žurnalynyň bäbejigiň ullakan suratyny hem ýerleşdirmek bilen ýazmagyna görä, Hindistanda dünýä inen gyzjagazyň bir kellesinde iki sany goşa ýüz, iki gulak, dört göz, iki agyz, iki burun bardy. Ol göräýmäge geňem bolsa, onçakly aýylganç ýa-dä gorkunç däldi, goşa çaga meňzeýärdi. ”Ýekegöz nähili bolýarka?”. Müdiriň işgärlerine soňky tabşyrygy şu boldy. – Häzirlikçe bolan wakany aýdyşdyryp ýörmäň. Ony özümiz ýaýratmalyň! Aýallaryň üçüsi-de kabinetden çykdy. Emma içerde Arslan doktoryň täk özi galanam bolsa, iş stolunyň üstünde ak gundaga dolangy çaga ullakan ýeke gözi bilen müdire süňe-siňe seredip ýatan ýalydy. ”Betbagtyň ýeke gözi niresindekä? Maňlaýyndamyka ýa-da...” Arslan Akyýewiň ozal oba, şäher, çölüstanda işlemedik ýeri galmady. Wertolýot münüp, ýol-ýodasyz çopan goşlaryna-da kän gezek gidipdi. Ol elli ýaşynyň sekiz ýylyny-da şu bäbekhana müdirlik edýär. Doktor “Haýsy Arslan?” diýlende “Göbek ata Arslan” diýen geň lakam göterýän ýeke-täk erkek adam. Işe başlaly bäri onuň şaýat bolan geň wakalary-da az bolmady: jansyz doglan, ters gelen, goşa kelle, alty barmak, agzy gyşyk, towşandodak, garaz, onuň dünýä inmegine ýardam eden bäbekleriniň her hilisi boldy. Ýöne häzirki habary getirilen waka welin adatydan gaty daşgyndy. Näme etmeli? Arslan Akyýew öňi bilen-ä çagany görmeli. Müdir giň otaga girende ýagdaý adatdakylaryndan başgalaşan ýaly bolup duýuldy. Öz aladasyna gümra bolup ýören ak halatly aýallar hemişe müdir bu ýerde peýda bolanda oňa üns hem bermeýärdiler. Bu gezek welin olar geň hadysa müdiriň nähili garaýandygyny ýüzünden okajak bolýan ýaly, ony synladylar. Gundagly bäbegi gujagyna alan eneke müdüre tarap ýöredi. Iki ak haladyň Ömründe müňlerçe gezek bäbek görmek şatlygyny başyndan geçiren Arslan Akyýewiň bu gün ilkinji gezek ýekegöz çaga nazary kaklyşýardy. Tebigatyň asyrlar boýy gelýän öwrenişilen kadasy bozulsa erbet bolýar eken. Arslan Akyýew iki gözi bilen seretse-de, gundagdaky çaganyň ýeke gözüniň nähilidigini oňly saýgaryp bilmedi. Entek görülmedik, waka diňe bir geň hem däldi-de, gaty gorkunçdam. Iki gaşyň birleşen ýeriniň aşak ýanyndaky ýumuk ýeke gözüň hanasy howply bir zat bolup göründi. Müdir “Eý Hudaý!” diýip pyşyrdanynam özi aňman galdy. Dodaklaryny tamşandyran bäbek gundagdan çykjak bolýan ýaly dyzap, ýüzüni kürşertdi. Ony göterip duran enekäniň ak goşary sandyraýardy, ak goşaryň üstündäki gundag hem titreýärdi. Arslan doktor enekä “Yzyma düş!” diýen manyda yşarat etdi. Häzir ol yşaratyň manysyny söz bilen aýtmaga-da ýagdaý ýok ýalydy. Müdir gidip barýarka: “Bu çaga nädip ile-güne çykarka?!” diýen pyşyrdy eşitdi. Emma ol çagany göterip gelýän enekäniň neressä haýpygelijiligi bolman, tebigatyň goýberen hatasyna närazylyk bolup ýaňlandy. ”Dogrudanam, bu çaga ile-güne nädip çykarka?”. Müdir onuň ertirki gününi göz öňüne getirmäge synanyşdy. Başda çagany ene-atasy il gözünden goraglamaly bolar, soň onuň özi ilden gizlenmeli bolar. Tutuş ömür hem şeýdip geçmeli. Ol adamlardan gaçmaly, adamlardan gizlenmeli. Ýekegözi görjek bolup onuň öýüniň töwereginde köwejekleşip ýören, gerekmejek zadyny-da bahanalap gapydan gelýän adamlar Arslan doktoryň göz öňünde janlanýar, gulagynda bolsa oba myhmançylyga gelen bir bilesigelijiniň sesi ýaňlanýar: “Siz obada ýekegöz adam barmyş. Ony görüp bolmazmyka? Biz-ä, walla, şony pul berip görmelem bolsa görjek. Bä-ä, geňdir-aýt!” Biçäre ene-ata ýekegözi iň soňky deme çenli goraglar. Soň näme bolar?... On bäşinji palatada iki sany krowatdan başga zat ýokdy. Içerik giren müdir krowatlaryň birini görkezdi-de: – Şu ýerde ýatyraý, Emine apa! – diýdi. Bäbegi görkezilen ýerde ýatyran eneke: – Bagtygara malaý! – diýip, başyny ýaýkady. – Özem malaýmy? – diýip, müdir şu pursada çenli gyzyklanmadyk sowalyny berdi. – Malaý, Arslan Akyýewiç, malaý. Hemme zady hem ýerbe-ýer malaý. . . “Malaý” sözi Arslan Akyýewi ýene ýekegöz çaganyň erteki gününe tarap alyp gitdi. ”Malaý bolanda näme? Ol nädip öýlensin? Kim oňa gyzyny bersin? Haýsy gyz beýle adam bilen ýaşamaga razy bolsun?” Şuňa meňzeş sowalyň yzy gelmedi. . . Doktor hyýalynda tassyklan aýgydyny enekä-de ýetirmek isledi. – Dogry aýdýaň, Emine apa. “Bagtygara malaý” diý-de goýaý. Dünýä inen güni bagtyna gara çekilen çaga, beýle kysmata närazylyk bildirýän ýaly, ýüzüni kürşerdip aglady. Şol pursat bäbege tarap garan doktorda ýeke göz özüne alarylyp seredýän ýaly duýgy döredi. – Açar gapyda, Emine Husnitdinowna. Menden rugsat bolmasa, bu gapydan özüňden gaýry adam girmeli däl. Biçäräni goramak üçin biz bir öz elimizden gelenini edeli... Emdirmäge-de özüň äkidip getir. Enesi aýak üste galansoň, bu ýerde bolubersin. Arslan doktor gaýdyp baranda, kabinetiniň gapysynda goňşy poliklinikada işleýän bir tanyş kärdeşi durdy. Ol müdiri görüp, ýaňsyly ýylgyrdy. – Aýdylýan zat çynmaýt, Arslan Akyýewiç!? Çyn bolsa, eto – feno-me-en! Arslan Akyýewiň gaharyny getiren kärdeşiniň geň waka bilen gyzyklanmagy däldi-de, ol wakanyň habarynyň eýýäm bäbekhanadan daşaryk çykmagydy. – Beýle üýtgeşik bäbegi görüp bolmazmyka, Arslan Akyýewiç? Müdir garşysynda duranyň ýüzüne garaman gepledi. – Häzir men şol çagany gujagyma alyp, siziň poliklinikaňyza barmakçy. Git-de, wraçlary tomaşa ýygnaber. Täk özüň görseň, karam bolar. Jogap bilesigeliji myhmanyň badyny aldy. Gapy açyk duranam bolsa ol yzyna aýlandy. Şol mahalam kabinetdäki telefon jyrlady. Jaň edýän şäher häkiminiň orunbasary eken. Onuňam gepi derrew şol ýekegöz doglan çaga syrykdy. . . Trubkany ýerinde goýan doktor çep elini maňlaýyna söýget edip oturdy. ”Hawa-da, geňem görmeli däl. Bu tiz ýaýramaly habar-da”. Ýene telefon jyrlady. Jaň edýäniň geçen ýyl durmuşa çykan öz gyzydygyny sesinden tanan müdir ilki ýuwaş, soňam gaharly gepledi. – Senem şol çaga gyzyklandyrýamy?. . Siziň başga pişäňiz gutardymy!. . Batly taşlanan trubkanyň şakyrdysyndan dörän ýaly bolup, müdiriň kellesine bir pikir urdy. Doktor şol pikiriň emri bilen gapdalyndaky derman-däri saklanýan şkafyň tahylyny çekdi. Ol ýerde daşy kaşaň gaply sanjym iňňeleri ýatyrdy. Olar kändi. Ýöne şolaryň birjigi-de ýeke göz bilen doglan bäbegi ömürboýy görjek görgüsinden halas edip biljekdi. Esli wagtdan soň tahyl emaý bilen ýapyldy. Indi göze görünmeýän sanjym iňňeleriniň biri tahyldan çykyp, doktoryň beýnisine göçüm eden ýaly boldy. Arslan Akyýew gijöýlän işden çykyp, öýüne baranda-da aýalyndan ilki eşideni hem şol ýeke göz doglan bäbek baradaky sowal boldy. Ertirden bäri onlarça gezek gaýtalanan sowal doktoryň jynyny atlandyrdy. – Adamlar şu gün şol bäbekden gaýry aladasyny unudaýdylar öýdýän. . . Ol ýyl burny ýeke deşikli, yz ýanyndanam ýekegulak çaga dogulmadymy näme? – Ýekegöz ýekegulak däl ahyryn, Arslan? – diýip, kanagatlanarly jogap almadyk Bibi ýakasyny tutdy. – Ol gaty aýylganç bolup görünýändir. Neresse ulalansoň nädip ile çykar? Enesi pahyram içurnuk bolandyr – Bu sözler ýekegöz çaga dünýä inen pursadyndan bäri doktoryň öz hyýalynda-da gaýtalap, jogap tapmadyk sowallarydy. Şonuň üçinem aýdylanlary tassyklamakdan gaýry ýol ýokdy. ”Dogry aýdýaň, Bibi. Ol neresse ulalansoň hasam betgelşik bolar”. – Heý, oňa bir çäre tapylmazmyka, Arslan? Sowal ýerliksizem bolsa doktory gorkuzdy. Ol oňa öz kabinetindäki tapan “çäresini” ýatlatdy. Şonuň üçinem ol “ýekegözli” gürrüňden daşlaşmak isledi. – Sen ýola düşmäge taýynmy ýa-da şeýdip, gep nokatlap durjakmy? – Taýyn! – diýip, Bibi maşyna tarap ýöneldi. – Özem oglanjyk diýýäler. . . – Özem oglanjyk. . . Hany, mün! – Eljagazy, aýajygy beri ýerbe-ýermi? Arslanyň sözleri tüpeň nilinden çykýan ýaly çalt-çaltdan atyldy. – Hemme zady ýerbe-ýer. Agramy dört kilo iki ýüz. Boýy 51 sm. Özem saryýagyz. Boldumy? – Waý-eý, soramadygym bolsun!. . Jogabyň dagy nähili? “Soramadygym bolsun!” diýse-de, şäherden çykylýança-da Bibiniň ýekegöz çaga hakdaky beren sowallary Arslan Akyýewi halys irizdi. Şonuň üçinem ol uly şossäniň başlanýan ýerinde duran eli çagaly aýal, yşarat etmese-de, maşyny saklady. – Akybaýa tarap barýan bolsaňyz-a, münüň, jigim! Adamsynyň elini galdyrmadyk ýolagçynyň ýanynda durup, öz gullugyny hödürlemegini halamadyk Bibi ýaňsyly gepledi. – Belki, gapynam açyp berersiň oňa? Arslan, dogrudanam, maşynyň gapysyny açyp bermeli boldy. Çünki bir eli çagaly gelniň beýleki elinde-de ullakan düwünçek bardy. Arslan Akyýew özüniň beýle döwtalaplygy üçin entek öz aýalyndan iňirdi eşitjekdigini öňünden bilýärdi. Bolsa-da ol ýekegöz bäbegiň gürrüňinden başga nähili iňirdi bolsa-da çekmäge kaýyldy. Maşynda ýat adam peýda bolansoň, ara dymyşlyk düşdi. Öz hilesi bilen Bibiniň sowallaryndan gutulan doktoryň kalbyna giňlik aralaşdy. Emma onuň özünden hoşallygy uzaga çekmedi. Çagaly ýolagçy Bibä tarap ýüzüni öwürdi. – Geň habary eşitdiňizmi, daýza? Adamsynyň eden hereketinden nägile bolup oturan Bibi ol gelin bilen gepleşmegem islemedi. Ýöne aýal bilesigelijiligi onuň erkinden rüstem çykdy. – Geň habar kän, keýgim. . . Näme harasat gopupmyş dünýäde? – Geň habar kändir welin, ýekegöz çaga doguldy diýen habar eşiden dälsiňiz henize deňiç. – Ony-ha bizem eşitdik. – Aýagynyň üçdüginem eşitdiňizmi? – “Üç aýak” diýib-ä eşidemizok. – Eşitmersiňizem! – diýip, köp bilýäne meňzemek islän gelin temegini ýokaryk tutdy. – Ýekegözdüginem, üçaýaklygynam gizleýämişler. Özünem bäşatarly goraýamyşlar. Hiç kim görmez ýaly. Özem ol şeýlebir aýylgançmyş, şeýlebir aýylgançmyş welin, adam diýseň adam dälmiş, haýwan diýseňem şahy ýokmuş. Ony ilki görende, bäbekhananyň müdiri erkek adammyşam welin, özünden gidäýipdir... “Ýagyşdan gaçmak” üçin aýalynyň keýpini bozan Arslan Akyýew, öňküden beterine – “damja” uçrady. “Eýýäm saňa näçe töhmet atyldy? Sen beýle ýüki nädip götererkäň?” Çagaly gelniň ýekegöz bäbek hakdaky toslamalarynyň yzy gutarmady. Ýöne indi ol gürrüňden halys bez bolan Arslanyňan hudaý diýen ýeri bar eken – ýolagçynyň gujagyndaky çaga aglamaga başlady... Garyndaşynyň jumalygynda ýazylan düşekde aýat okalýarka-da Arslan Akyýew dünýäden öten daýysy hakda oýlanman, şu obanyň alkymyna ýetilensoň maşyndan düşen gelniň ýekegöz çaga hakda iň soňky aýdan sözlerini ýatlady. ”Barybir o çagaň ömri bolmaz. Dogulmanka ölen diýerler oňa”. Gelin dogry aýdýar. Dogulmanka ýanan... Entek ömrüň gyrasyndan girmänkäň, il saňa şeýle takdyr ýazýan bolsa... Iş kabineti, däri-derman saklanýan şkaf doktoryň göz öňüne geldi. Doga okamaklyk tamamlanyp, adaty saglyk-amanlyk soraşylandan soň, peşeneli ýaşuly ýüzüni galdyrdy. – Ýogsa-da, Arslan ýegen, çynmy-ýalanmy, siz tarapda bir bolmasy iş bolan ýaly-la. Aýtmaga dilimem baranok welin. . . Sowal uzaga çeker öýdüp ýaýdanan Arslan doktor tiz dillendi. – Hawa, Muhammet daýy, şol çyn. Şu gün biziň bäbekhanamyzda ýekegöz çaga doguldy... – Özem guljagazmyş diýdiler... – Hawa, Muhammet daýy, özem oglanjyk. Taňryň emridird-ä. Arslanyň soňky sözleri ýerine düşdi. Ol Muhammet daýynyň ýeneki sowallarynyň aýdylmagynyň öňüni aldy. Bolsa-da, dymyşlygy ýene Muhammet daýy bozdy. – Küpür geplesem özi ötsün günämi. Ýöne ki öz emri bilen şeýle bendesini dünýä inderen Taňrym öz emri bilenem yzyna gaýtaryp alaýsa, kem bolmazdy. Barybir o neressäniň ykbaly şum geler. Ondan ötri uçmanyň ak guşy bolup ýaýnany gowy bolardy. Ol sözler Arslana gaty täsir etdi. Doktor örän parasatly hasaplaýan daýysynyň ýene bir gezek akylly gepländigine ynandy. Onuňam sebäbi, Arslan doktor ýekegöz çagany gören badyna kellesine hut şeýle pikir gelipdi. Doktor bilen, Muhammet daýy bilen pikirdeş adamlaryň gaty kän bolmagy mümkindi. Onuň şeýle boljakdygyna Arslan doktor ynanýardy. Yza gaýdylanda, ýasly öýüň howasynyň täsir edenligindenmi-nämemi, Bibi geplemän oturdy. Şonuň üçinem Arslan maşynyň radiosyny açdy. Täze habarlar gidip duran eken: Hytaýda Sungari derýasy joşup, adam heläkçiligine getiripdir. Ararat dagynyň gerşinde Nuhuň gämisi tapyldy diýip dünýäni ynandyran türk alymy ýalan sözländigini boýun alypdyr. Milleti ermeni bolan, ýetmiş iki ýaşly amerikan doktory ewtenaziýany, ýagny ertirki güne umydy ýok, çäresiz derde sataşan näsaglary öz ýazmaça razylygy bilen dünýä azabyndan dyndarypdyr. Ýakyn wagtda eden etmişi üçin doktor sud jogapkärçiligine çekilmeli edilipdir. Täzelikler dowam etse-de, olaryň arasyndan diňe ewtenaziýaly habar Arslanyň beýnisinde ornaşdy... * Arslan Akyýew irden bäbekhana ýetip gelýärkä-de, gujagy ýekegöz çagaly Emine apa özüni gapyda garşylaýjak ýaly bolup duýuldy. Ol çalaja ýylgyrdy. Ýeri, Emine apa seni näme üçin hut gapyda garşylamalymyş? Ýekegöz çagany dünýä inderen doganyňmy, gyzyňmy? Sen kim? Çaga ölmän, ýaraty bolman doguldy dälmi? Başga zat seni gynamaly däl, ýoldaş doktor. Bolsa-da ýekegöz çaga Arslan Akyýewiň esasy aladasyna öwrüldi. Ol bäbegi özüniň doktorlyk örüsiniň çäginden çykarsa-da, adamçylyk örüsinden çykaryp bilmeýär. Ol öten agşam ýorgana girende-de şol çaganyň pikiri bilen bile girdi. Ol düýş görmän ertire çykanyna-da geň galdy. Ýagdaý Arslan Akyýewiň edil çaklaýşy ýaly bolmasa-da şoňa golaý boldy. Oňa ilki sataşan Emine apady. – Malaýyň enesi çagasyny emdirenok, Arslan Akyýewiç. Ýalbar-ýakar bilen başga bir enä emdirtdim. Müdir hernämä garaşsa-da, beýle habara garaşmandy. – ”Hudaý urany pygamberem hasasy bilen dürter”, Emine Husnitdinowna! – Şeýle bolýar-da! Müdir kabinetine girse-de girdi, ýöne şu güne çenli endik bolup giden iş düzgünine welin girip bilmedi. Nämeden başlamaly? Enesi bilen gepleşmelimi? Derdini gozgamagam. . . Näme etmeli? Gapy emaý bilen açylanda müdir öz işgärleriniň biri gelendir öýtdi. Emma söýe bilen boýdaş bolup duran arryk kişi doktoryň heniz gören adamy däldi. Ol gözilginçdi. Otuza-da ýetmedigi bildirip duran adama, kesesinden garap, altmyş ýaş beräýmelidi. Süpüljiräp duran balagyny saklaýan kemeriniňem gaty çekilmegi onuň uzyn boýuny iki bölege bölýärdi. Sakgala-murta düýnde-öňňünde päki degmändi. Megerem, ol şu gün ýorgandan çykyp ýüz-gözünem ýuwmadyk bolarly – çep dulugyna çigit gabygymy-nämemi, bir zat ýelmeşip durdy. Göz-gülban görünýän adam mürähet edilerine-de garaşman, müdiriň edil alkymyna gelip oturdy. Onuň özi bilen getiren ys-koky kabinete ýaýrap ugrady. Üstesine-de, gelen adam uludan bir dem aldy welin, ýakymsyz dymyljyk ys doktoryň başyny aýlady. Ýaşyna görä ýigit bolsa-da, görnüşine görä garry adama meňzeýän myhman öz derejesine kybapdaş gepledi. – Sen şü ýeriň hojaýynymy, halypa? – Hojaýyn däl, müdir. Aýdyber! – Aýtsam, müdir – diýip ol ýene bir gezek uludan dem alyp, öwhüldedi welin, kabinet kelem turşadylýan çelege döndi. – Aýtsam, sen meni ile çykar ýaly etmediň. . . Meň heleýime dogurdan ýekegöz çagaňa özüň eýelik et. Men älemde ýok zady oba eltip, ile wejera bolubilmen-ä. Oňa seňňem aklyň çatýandyr. Arslan Akyýew güljeginem bilmedi, gaharlanjagynam. Herhal, erkek adyny göterýäniň beýle sözlerindem soň gaýtarylmaly jogap nagtdy. Ýöne Arslan Akyýew ozalam janagyry ýüki ýetik kişiniň göwnüne degmek islemedi. Arryk adam başyny göterip bilmän eglip duran günebakar palajy ýaly, kellesini aşak salyp ýerinden turdy. Ol goltuk jübüsine elini sokup, ýakymsyz ýylgyrdy. – Para berjekdir öýdäýme! – Müdiriň stolunyň üstüne galgap düşen eplengi sary kagyzyň ýüzüne “Atanepesowa Almagüle” dýlip ýazylandy. – Şunam ýekegöz çaga dogrup bilýän heleýe gowşur, başlyk. Diline gelen aýdylaýmaly gepi aýtmakdan zordan saklanan Arslan Akyýew gapa ýetip barýan adamyň yzyndan garap galdy. ”Eneň eklemejek bolsa, ataň saklamajak bolsa, sen kime derkar, gadyrdan?” . . . Ýarym açyk gapydan Emine apanyň ýüzi göründi. Doktor ondan ediljek haýyşy ýatlap, stolunyň üstünde ýatan kagyza seretdi. Emma müdir haýyşyny aýtmasyz boldy. Emine apanyň yzy bilen entek oňly galynmadyk aýal ýuwaş ýöräp içerik girdi. Ol ýekegöz bäbegi dogran gelindi. Boý-syratyna görä ol ýaňky gelip-giden ys-koka bişen adam bilen bir tünekde ýaşamaly zenanam däl ýalydy. Ýöne “Deň etmän, duş etmezem-ä” diýlendir. Almagül gözýaşyny çalandan soň gepläp başlady. – Çaga dogurdygym boldumy şü, dokdor?! Men indi nädip oba baraýyn? Tanyş- bilşiň gözüne nädip görneýin? Maňa rehim ediň, doktor! Maňa nebsiňiz agyrsyn! Doktor Almagül gelniň ýagdaýyna onuň özündenem gowy düşünýärdi. Hut şonuň üçinem ony köşeşdirer ýaly jogap tapmaýardy. – Bir erbetligiň boljakdygyny kalbym syzýady meň... – diýip, soňlanman goýlan pikiri doktoryň “Adamyň käte içäýýämidem?” diýen sowaly dowam etdirdi. Almagül ýarasyna basylan ýaly tisgindi – Käte içýän bolsa, ondanam abat çaga önerdi ahyryn. Oň içişine bizden arak çüýşe dogman, çaga meňzeş zat döränine men haýran. . . Indi men näme etmeli, doktor? Ýasama geplemek islemedik doktor gönüsinden geldi. – Diňe gaýrat edäýmelisi galýar, jigim. Özüňizem öwrenişersiňiz, il-günem. Adam gatybaşdyr. Ondan beterine-de döz gelýänler bar. Sizem öz düşen ýagdaýyňyzy döz gelmeli kynçylyk diýip hasaplaýyň. Il giň gursakdyr. Ýöne çagany emdirmezligiň welin. . . Ana, şony-ha il oňlamaz. Gözýaşdan haraý isleýän naçarlykdan birden galtamana öwrülen Almagülüň gözleri uçganaklap gitdi. – Ähli aýtjagyň şomy? Ýene näme diýjek? Müdir öňündäki kagyza seretdi. – Şu haty adamyň goýup gitdi. Başga näme aýdaýyn, gaýrat et diýäýmesem. Uzadylan haty gahar bilen penjesine gysan Almagül çykyp gitdi. Kabinetde ýalňyz galan Arslan Akyýew öz iş-aladasy bilen uzak güýmenmeli bolmady. Sähel wagtdan soň açyk duran gapydan päsgel görmedik galmagal içerik aralaşdy. Aýna döwlen ýaly aýylganç şaňňyrdy hem öňki galmagalyň üstüne urna boldy. ”Waý, tutaweriň!” diýen howsalaly aýal sesi müdiri kabinetinden haýdap çykmaga mejbur etdi. Giň zalyň sag tarapyndaky belent aýnanyň öňündäki bäş-alty sany aýal çalamünder oýnaýan ýalydy. Haýdap baran müdiriň ilki gözüne ilen açyk penjire hem aýak astyndaky aýna bölekleri boldy. Aýna bölekleriniň arasynda ýatan sarymtyl kagyza welin üns berýänem ýokdy, onuň manysyny bolsa Arslan doktordan başga hiç kim çaklamaýardam. Ol müdiriň stolunyň üstüne taşlanyp gidilen hat bolmalydy. Eýýäm ýerinden turzulan Almagülüň ýüzünde gan-pet ýokdy. Onuň goşaryndan mäkäm tutup duran daýanykly şepagatbajy Almagüli süýräp diýen ýaly palata tarap alyp ugranda jabjynyp gitdi. – Beýle oýnuňy öýňe baryp et, heleý. Üçünji gatdan böküp, bizi türmä saljak bolýaňmy? * Işinde-de, öýünde-de Arslan doktoryň şol ýekegöz çagadan gaýry aladasy-pikiri ýok ýaly. Ol barada oýlanmaýyn diýip özüne pent etse-de, netije çykmaýar. Bäbekhanada dünýä inen beýleki çagalar ýaly, ýekegöz neresse-de ýene üç-dört günden Arslan doktoryň edarasyndan rişdesini üzer. Ýöne ol bäbekhanadan gitse-de, onuň müdirinden daşlaşmaz. Çünki ol bäbekhanada dogulman, Arslan Akyýewiň beýnisinde doglan ýaly. Doktor betbagt bolup dünýä inen çaga ýardam etmek isleýär, ol hem elinden gelmeýär. Gizlin ýerinde-de däl, hut çat maňlaýy betbagtlyk nyşany bilen doglan çagany halas etmek üçin gelen netijesiniň howpludygyna düşünse-de, ony hem ýadyndan çykaryp bilmeýär. Çünki ol käte adamyny güzapdan gutaryp biljek aýylganç hereket, netijesine görä aýylgançlykdan gowulyga öwrüler diýen ynama gulluk edýär. Ýöne onuň şeýle boljakdygyny anyk ynandyryp biljek maslahatçy hem ýok. Bolmaly hem däl. Ol tutuş dünýäden gizlin syr bolmaly. Şaýatsyz hereket etmeli. Ahyryndada pynhan syr şol işi edeniň özi bilen bir tabyda münüp, bir mazarda jaýlanmaly. ...Bu gije Arslan doktor düýş gördi. Ýagdaýdan çen tutsaň, düýşe, elbetde, ýekegöz çaga girmelidi. Emma düýşe giren egin-eşigi bu zamananyň adamlarynyňka meňzemeýän kişi pessaý, ýöne aýgytly gepledi. ”Maňa beren kasamyň ýadyňdamy, doktor? Kesbiň ynsana hemaýat etmekdir. Antyňy unutma. Antyňy unutsaň maňlaýyňa gara çekiler. Şol hakda oýlan, ýekegöz çaga hakda oýlan!” Düýşe giren adam kän geplemeýşi ýaly, uzak eglenmänem gözden gaýyp boldy. Arslan ol geň adamyny oňly synlamaga-da ýetişmedi. Ýöne onuň sag elinde sanjym iňňesiniň bardygyny welin görüp galdy. Düýşe gireniň özi gadym zaman tebiplerine meňzese-de, elindäki sanjym iňňe Arslan doktoryň işindäki häzirkizaman iňňeleri ýalydy. Onuň beýle çalt gitjekdigini bilen bolsa doktor, iň bolmanda: “Eliňdäki iňňäň näme? Ony näme üçin maňa görkezýärsiň?” diýip galardy. Arslan sowal bermäge ýetişmese-de, ukudan oýanansoň, düýşüne gireniň tebipçiligiň Hudaýy hasaplanýan Gippokratdyr öýdüp çaklady. Düýş gysga bolsa-da, aladasy uzaga çekdi. Gippokratyň aýdanyna nähili düşünmeli? “Ýekegöz çaga hakda oýlan” diýildigi nämekä? Ony halas etmek üçin ýalňyz ýol bar ahyryn. Gippokrat şol ýol bilen gitmegi maslahat berdimikä? Doktor ol pikirden daşlaşyp, uklamak isledi, uklamak üçin öz ulanýan tärini – beden gowşatma ýüz tutdy. Ol ýaňy bir uky dumanynyň içine aralaşyberende gulagynda “Arslan Doktor! Arslan doktor! Men ýekegöz oglan! Men ýekegöz oglan!” diýen näzik ses ýaňlandy. Ol ses doktoryň ukusyny gutarnykly uçurdy. Ol ses doktoryň gulagynda ýaňlanmasyny bes edensoňam, beýnisinde gaýtalanmaga başlady. Ýagdaý şu bolşundan üýtgemän, dört-bäş gün dowam etse, soňy näme bilen gutarar? ...Gapysyndan del adam goýberilmesiz edilen palata gile ugra başga adam gözegçilik etse-de, gündizlerine nobatçylyk edýän Emine apady. Emine Husnitdinowna müdiriň golaýa geleninden peýdalanmaly etdi. – Arslan Akyýewiç, bärde biraz eglenmekçi bolsaňyz, menem siziň kabinetiňizden öz malaýyma jaň edip geleýin... Müdir palata girdi-de gapyny ýapdy. Gundagyň üstüne örtülen hasany serpeninden, Arslan Akyýewiň ýüregi jigläp gitdi. Ol çaga uklap ýatandyr öýdüpdi welin, hakykatdakysyndanam has uly bolup görnen ýeke göz doktora gorky bilen garaýana meňzedi. “Arslan doktor! Arslan doktor! Sen meň ýanyma näme üçin geldiň?” “Men saňa ýagşylyk etmäge, ömürboýy görjek görgüleriňden halas etmäge geldim”. ”Men dünýä indim. Maňa ömür berildi ahyryn.” “Özüňe berlen ömrüň betbagt ömürdigine sen düşünmeseň näme?”. ”Ömür betbagtam bolsa ölümden gowudyr, Arslan doktor onuň şeýledigini bilýändir...” Arslan doktor göze görünmeýän biriniň gulagyna pyşyrdaýandygynam, öz-özi bilen gepleşýäninem gatybir saýgarmady. Oýlandy. Çaga ýene onuň ünsüni çekdi. Balkyldap ýatan gara göz ýeke-de bolsa, hakyky adam gözüdi. Onuň seredip ýatyşynda doktordan haraý isleýän ýaly many bardy. Arslan Akyýew ak haladynyň jübüsine elini sokanda barmaklary sanjym iňňesine däl-de bir bölek köze degen ýaly gyzyp gitdi. Derrewem ol gyzgynlyk onuň tutuş endamyna ýaýrady. Ol tiz çekip alan eliniň kiseden boş çykandygynam kän duýmady, ýöne barmaklarynyň sandyraýandygyny welin hem duýdy hem gördi. Birdenem onuň çygjaran maňlaýyna sowuk şemal çalan ýaly boldy. Gapy takyrdady. Emine apanyň beýle tiz dolananyny Arslan Akyýew kemem görmedi. © Atajan TAGAN | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |