19:15 Ýene gije, ýene köne pikirler... | |
ÝENE GIJE, ÝENE KÖNE PIKIRLER… Käte maňa salam ýollasyň gelse, Käte bolsa daryganda ýüregiň, Duýgularňy gül köňlüňe siňdirme, Duýgularňy syýa bilen elegin! Käte maňa salam ýollasyň gelse, Käte bolsa ýekelikde aglaňda, Seň halyňdan hökman habar alaryn, Näzik göwnüň ejizlänni aňlamda. Kä mahallar dünýäň nura çaglaşyp, Käte-käte ýylgyraňda bagtyňa, Seni ykbalyma baglamak bilen, Men ýaşaryn bagtymyza örtüne. GIJEKI OÝLANMALAR Durmuşymyň bezegi! Nirelerden peýda bolduň bagtyma? Sensiz gaçýar maňa dünýäň gyzygy, Geçenok-la wagtymam. Bu gije-de baýguş deýin dikgerip Otyryn ine. Gulak goýup sözlerime jikme-jik, Arzymy diňle! Äpişgeden jyklaýaňmy, Çydap bilmän joralaryň jeňine? Ymyzganyp uklaýaňmy? Ýa-da meniň garaşýarmyň jaňyma? Uzynly gün okuwda-da ýadansyň, Soňam öýe gelseň birgiden iş bar. (Referat ýazmaly, goşgy düzmeli) Hamala sen mollumlaryň gözüne, Unwersal işgär. …Sabyr käsäm dolup, ahyr jaň edýän, Zordan pyşyrdaýaň, tutaryk diliň. Sebäbi ýap-ýaňy uklan ekeniň. (…Gürlemäge derek şirinden-şirin) Uklaýyn menem. *** Ýene gije Ýene köne pikirler Gurşadylar heniz juwan başymy. Hüşgär bolup gezäýmeseň bulardan, Wagtyndan öň çalartjagam saçyňy. Zeleli ýok, goý, çalarsa çalarsyn. Häzir görküm hakda oýlanma derek, Menziller uzakda obada galan Ejemdir, kakamy ýatlamak gerek. Megerem kakam-a işden gelýändir. Ýol ugrunda dükanda-da säginer. Ejem bolsa aýmançanyň içinde, Sygyr sagyp oturandyr häzirem. Wah, ejemjan hiç üýtgemän geçdi-dä, Daşymyzda köwejekläp ýörer ol. Biziň hemmämizden gijiräk uklap, Ertir irden iň öňürti örer ol. …Ýene gije. Ýene köne pikirler. Şu gün-ä şolara baş goşma derek, Menziller uzakda obada galan Ejemdir, kakamy ýatlamak gerek. DURMUŞ ERTEKI DÄL… Durmuş erteki däl. Durmuş has täsin. Onda şatlyk, söýgi, gynanç, gussa bar. Adam, amanatyn tabşyrandan soň, Bu dünýä gaýtadan gadam basmaýar. Gaýtadan almarsyň gülleriň ysyn, Gaýtadan duýmarsyň säher çygyny. Geçen günler gaýtalanyp gelmeýär, Gaýtadan gelmeýär ýaşlyk çaglary. Şonuň üçin wagtyňyzy tygşytlap, Zähmet çekiň, goşant goşuň döwüre. Adamlaryň söýgisini gazanyp, Adyňyzy rowaýata öwüriň! Parahat BATYROW, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Çeşmesi: https://turkmengazet.com/yene-gije-yene-kone-pikirler/. 20.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |