12:34 «Ýene şenbe...» | |
«ÝENE ŞENBE...» Ýene şenbe, Ýene mende ýazara Zat ýok. Häzir, ine, öýkelän ýaly, Tükge düşüp – Meňzäp janly mazara, Ýatyryn hem ýene öýken kän ýaly, Çilim çekýän, Basýar endişe örän. Aýtmaklarna görä, Çekilen çilim Bir sagatlyk ömre deňmişin, Gör-ä, Küldanymda ýatyr bir bölek ölüm Ýa ömrüň azapdan dynan möçberi Meňzäp induslaryň ýanan meýdine. Olar lowlap ýanyp, tizräk öçmegi Sargaýan deý, Çagyrýan deý meýlise... Ýene şenbe, Ýene galyp azara, Ýazar ýaly söz gözleýän öýde men. Meňzeş bölegimiň janly mazara Gözi gidýär küldandaky meýdime... © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |