16:51 Ýerdäki melegiň ejeligi (dowamy) | |
ÝERDÄKI MELEGIŇ EJELIGI Dowamy. Öňi: https://edebiyat.clan.su/news/yerdaki_melegin_ejeligi/2023-11-28-2058 Biriniň gelenini aňan Azady daş çykdy. Aýsulu gyssanjyna, näme etjeginem bilmän, bir çetde ýatan sübsäni alyp, süpürlen ýeri süpürmäge durdy. – Myhman, kim bolarsyňyz? – Men... maňa... maňa «bar» diýdiler. – Kim bar diýdi? – Size Azady adyny dakan. Ýaşyl selleli. Ýanynda-da jennet buşlananlar bardy... Azady ony içerik saldy. Kakalarynyň yzyna düşüp öýe giren nätanyş aýala çagalar üşerlip seretdiler. – Bu size eje... bolar. – Essalamualeýkum – Bu Mämmetsapady. – Essalamualeýkum – Bu Muhammetsapady. – Salam älik – Bu Zübeýdedi. – Eje? Ejemmi? – Bu Magtymgulydy. Ol ylgawşyna gelip Aýsuluň boýnuna bökdi. Şeýdiljegine garaşyp duran ýaly Aýsulu ony gujagyna aldy. *** Ejeliginiň ýanyndan ýüzüni galdyryp bilmän gaýdan Magtymguly ilkinji gezek, ýürekden toba etdi. Ejesiniň ruhunyň öňünde-de, ejeliginiň öňünde-de özüni günäli saýdy. Daga çykdy. Tenha ýere çekildi. Toba hakynda kakasyna «Günä etmeseňem toba etmelimi?» diýip soraýşy ýadyndady. Toba edende näme üçin toba etjegine paýhas edip bilmeýärdi. Beýleki käbir deň-duşlary ýaly namazyny geçiren wagty ýokdy, hatda agzyndan gelşiksiz sözem çykanokdy. Onsoň näme üçin toba etmeli? Kakasy «Ynsan perişde däldir» diýipdi. Soň Temirleňiň Hydyr ata duşuşynyň rowaýatyny gürrüň beripdi. Heniz oglanka Temirleň deň-duşlary bilen ýaryş gurap ylgap, oýnap ýörkä öňünden ak sakgaly döşüne ýetip duran ýaşulyň keşbinde Hydyr ata çykanmyş. Näme-de ýaryşsa ýaryşsyn, birinji bolmasa namys edýän Temir ýaşulynyň deňinden ylgap geçip barýan eken. Hydyr ata onuň elinden şapba tutupdyr. Temir sypjak bolupdyr. Bolmandyr. Bolmajagyny bilip ýalbarmaga durupdyr: – Atam, goýber meni. Men ýoldaşlarymdan yza galaryn. Hydyr ata: – Sen ömrüňde hiç kimden hiç haçan yza galmarsyň. Häzirem, soň, ulalaňsoňam seni ýeňen bolmaz. Hiç bir göreşde, hiç bir söweşde ýeňilmersiň. Ýöne sen ýaşululary, welileri, ulemalary sylagyn. Hijisiniň deňinden «ylgap» geçmegin. Beýtmek kime gelişse-de saňa gelişjek zatmydyr? Maňa ikinji gezek duşaňda bir aýagyň kelte bolar – diýipdir-de, gözden gaýyp bolupdyr. Temir ýeňilmez bolupdyr. Ömrüni at üstünde geçirip, uly-uly döwletleri özüne boýun egdiripdir, ýeňilen ýeri bolmandyr. Emma, şojagaz günäsi üçin agsak bolup galypdyr. Magtymguly ýaşulylaryň deňindenem ylgap geçen ýerini ýatlap bilmändi. Içinden «Günä-de etmerin, toba-da» diýipdi. Häzir hatda bu pikiri üçinem toba etmeli ekendigine düşündi. *** Bir gezek Etrek tarapa ýomut obalarynyň birine gidenlerinde düýäni görüp kakasynyň gulagyna pyşyrdapdy: «Weýsel Karanyny äkiden düýemi şu?» Kakasy ondan «Weýsel Karanyny kimden eşitdiň?» diýip sorady. «Ejemden eşitdim...» Soň-soň, oglanlykdan ýaňy saýlanyp ugran, döwürlerinde-de Magtymgulyň düýe görse başyndan sypasy geler durardy. Kakasy içinden «Ýa, bir çopan ogul bolup ýetişäýermikä?» diýerdi. *** – Ata, toba etmek günäleriň sebäpli, bagyşlamagyny diläp Alla ýalbarmak dälmidir? – Şeýledir. Toba näçe ýürekden boldugyça kabul bolmak ähtimallygy artar. – Ata, toba etdigimçe men peselmäge derek... ruhum ekezlenen ýaly bolýar. Munuň sebäbi näme? Ýa men... – Oglum, günä ynsanyň gerşindäki ýükdür. Ýüküni düşürdigiçe, ýeňletdigiçe ynsanyň eginleri ýazylmazmy ýogsa?.. Magtymgulynyň eginleri däl, ganatlary ýazylýan mysalydy, juwan kalby joşa gelýärdi. Atasyndaky kitaplardan okamadygy galmandy. Baýezit Bestamynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nagyşbendiniň, Gazalynyň kitaplaryny iki-üç gezek gaýtalap okap, ýene-de ganyp bilmeýärdi. Her okanda olaryň täze öwüşgünlerini görýärdi, täze manylar açýardy. Bu ägirtler oňa misli gol bulap duran ýalydylar. Magtymguly olary garaşdyrmajak bolýardy, töweregine ýat bolan menzile tarap aýak aldygyna ylgaýardy. Bu ýolda atasydy onuň ýolbeledi, atasydy golundan tutan, atasydy ädimlerini seresap basdyran... ähli zat atasydy. Emma soňa-baka ol atasyna-da baş bermän, joşundan ýaňa dünýä sygman başlady. *** Ýetginjek çykdy. Indi Magtymgula Asmandan gar gyş geleni üçin gaçmaýardy. Meýdanlar bahar geleni üçin gök salmaýardy. Ähli zatda Allanyň gudratyny görýärdi. Gülleriň ys çykaryşynda, arylaryň olardan bal tapyşynda, ýelleriň ösüşinde, guşlaryň saýraýyşynda... ähli zatda. Düýeleriň uzakdan-uzaga nazarlaryny dikişlerini görüp, Weýsel Karany goýup gaýdan ýerlerini gözleýändirler diýip ynanýardy. Ähli zat syrdan doludy. Onuň özi tutuşlygyna syra dolup barýardy. Bir gün doganlary, goňşy-golam, obadaşlary gelip «Magtymgula bir zat bolýar. Döw çalan ýaly» diýdiler. Azady bu sözi geňlemedi. Diňe böwrüni diňledi. Içinden «Öz aýdyşy ýaly, erenler elinden tutdumy, ýa erenleriň keşbine giren al-arwahlarmy?» diýdi. Magtymgulyny öňünde oturdyp, Aýatul Kürsüni ýedi-ýediden ýetmiş gezek okady. Alla mynajat etdi. «Biz, guluň biz. Başymyz gurban ismiňe. Guşlary uçuran Sensiň. Daşlary gaçyran Sensiň. Daglary çökeren Sensiň. Ýyldyzy, Aýy, Güni, Gögi göteren Sensiň. Biz bir guluň. Biçäre, ejiz. Ejizligine begenen, biçäreligine şükür eden guluň biz. Guldurys, ýöne Seniň guluňdyrys. Sen, Ýeke-tägiň guludyrys. Rehim eýle halymyza. Magtymgulym magsum guluňdur. Rehim eýle halyna...» Mundan soň bogazy dolup, damagy dykylyp, dili aýlanmady. *** Bu gezek oglunyň haly has agyr bolmaga çemeli. Agasy gelip «Ata, Magtymguly agzyndan ak köpük saçyp ýatyr. Alyp gaýdyp bilmedim» diýdi. Azady ýorgasyna atlandy. Ogluna gal diýdi. Birdenem ak, gazak gyňajynyň ujuny dişläp duran enäniň çyzylan ýaly gözlerindäki gussa hem ol gözleriň şol gussadan ýeňilmejek bolup uçganaklaýşyna gözi düşdi. Oňa-da öýüňe gir diýip yşarat etdi. Özünden başgaň, Magtymgulyň halyna şaýat bolanyny islemedi. Azadyň ony köpüň gözünden gorasy gelýärdi. Ýazyň soň günleridi. Ine, ýene ýagyş iki-ýekeden damyp başlady. Bulutlar has galňap, ýagsam-ýagsama geldi. Dag başynyň dumany biline ýetipdir. Asmanda ahmyr bar, Zeminde arman. Azadyň aňyndaky harasat ondanam beterdi. Oglundan başga zat gözüne görünenokdy. Içinden öz-özüne ogluny şeýle gowy görmesiniň Hak ýolunda dogry däldigini aýdýardy. Tekrar-tekrar aýdýardy. Ybrahym Edhemiň gujagynda jan beren ogly göz öňüne gelýärdi. Edil şunuň ýaly daglyk ýerde... Holha Magtymguly. Gara daşy dyrmap otyr. Birden-birdenem göge garaýar. Azady ýorgasyndan ýaşyna gelişmeýän çaltlykda düşdi. Arka atan elli ýylyny ýaşamadyk ýalydy. Bir gününem ýaşamadyk ýalydy. Kur’an başynda oturanda ýere çüýlenýän dyzlary soň ör turanda ýazylasy gelmän agyrardy. Häzir welin, hiç bir agyry ýok, ol tenini duýmaýardy. Ogluny görenden galpylda gaplanypdy. – Oglum. Magtymguly, hany okla eliňdäki daşy. Ýör oba gaýdaly. Magtymgulyň hanasyndan çykara gelen gözleri daşdady. Elindäki daşdan başga hiç zat oňa gerek däl. Ony hiç kime bermegem islemeýärdi, taşlamagam. Hem azymly hem ýalbaryjy ses düşdi ara. Kakasyny däl, ol onuň sesini görýärdi. Daş elinden gaçdy. Azady ýorgasyna atlanmakçy bolanda dyzynyň agyrsyny bilip galdy. Göwresi welin galpyldamasyny goýupdy. Galpyldamasa-da, oglundan gorkusy aýrylmaýardy. Akylyndan azaşanlary okatmaga Azadyň ýanyna köp gelerdiler. Bu derde ol beletdi. Magtymgulydan ol her zada garaşyp barýardy. Yzyna bir-iki ýola garanjaklady. Oglunyň ýene eline alyp ýetişen daşyna gözi düşüp, gaýtadan taşlatdy. Içinden Kur’andan aýatlar okady. Magtymgulam bir zatlar okaýan ýalydy, dodaklary müňkülläp gidýärdi. Ybrahym Edhemem Azadyň aňynyň bir künjünden çykanokdy. Ine ol bäbekgä aýrylşan, on sekiz ýyllap görmedik ogluna gujak açan Ybrahym derwiş! – Azady, ne beýle balaňy söýdüň? – Ybrahym, pirim. Ony söýjek ýeke men bolman. – Müň kişi söýenden, ýeke-täk Allahym söýsün. – Ämin... Allanymyň söýenine müň kişi gurbandyr... * * * Ybrahymyň gerilen gollarynyň biri odun ýygyp ýörkä has gatyrak çyzylypdyr. Indem jyzlap-jyzlap agyrýar. Ýa ogluny görende şagga gelen dermikä ony awuşadýan? Biline guşan köneje ýaglygy bilen ony sylasy geldi. Emma, ogulam ýetip gelýär. Murtlary ýaňy taban, özi ýaly uzynak. Taşlap gaýdan köşgünde ulalan. Ondan bäri on sekiz ýyl geçipdir. Şol on sekiz ýyl Ybrahym soltanyň, häzir bolsa Ybrahym derwişiň ogluny on sekiz ýaşadypdyr. Ol kakasynyň näme üçin soltanlygyň zerli haladyny, derwişligiň şylha donuna çalşanyna düşünmeýärdi. Ýogsa ýaşy düşünerçe-de bar. Eh, özüň näçe ýaşyňda düşündiň muňa Ybrahym? Awdan-şikardan geleňde ýüpek düşekçäňe geçip, per ýassygyňy ýassanyp ýatan guluňy «Sen kim bolupsyň soltanyň ýerine geçip ýatarça?» diýip ýeniçýärkäň nämä düşünýärdiň? Her gamçyň tenine degende «Şükür Alhamdülilläh» diýýän guluňa-da, tä özi aýdýança düşünmändiň. «Men bu ýumşak düşekde bir uklap oýananymyň gamçy hakyny, jezasyny bu dünýedekäm alyp ýetişdim. Bütin ömrüni bu düşekde geçirjek, hem hakyny o dünýede ödemeli boljak soltanyň dat gününe» diýende başyňy tutupdyň. Şol ýumşak düşegiň hakyny bu dünýede ödejek bolup, derwüşlige razy bolduň. Derwüş bolduň, Allam menden razy bol diýdiň... Goý, ol razylyk gürrüňini, ogluň ýetip gelýär, ýeke dikraryň. Ine-de gujagyňa doldy. Onuň boýnunyň, saçlarynyň ysy dag gülleriniň ysyndan has mährem. Bedeniniň ýylysy, tutuş barlygyň ýylysyndan, ýyly säherleriň ýumşak howasyndan has eziz. Ýyldyraýan gözjagazlary... mähremje gulaklar... aşagy ýaňy garalan burunjygy... gasyn düşmedik giň maňlaýy... «Maňlaýyňdan öpeýinle balam. Ýene bir bagryma basaýynla seni». Birdenem gök gürledi, ýok adaty bir gürleme däl, lerzana gelene döndi. Ondan, ondanam aňyrdan perişdelerden owaz geldi. – Ybrahym ogluňy Allany söýüşiňdenem beter söýdüň. Ybraýym aljyrady. Ogrulykda tutlan ýaly boldy. Süňňi saňňyllap: – Alla bilen aramyza düşen bolsa ony alyň – diýdi. Ybrahym gujagyna dolan oglunyň gujagyndaka-da jan berenini gördi... ýyldyraýan gözjagazlar ýumuldy... Oglunyň edil ýaňam gülgün öwsüp duran ter ýaňagy reňki solup, Ybrahymyň golunyň odun çyzan ýerine ýassaldy. Agyry bada-bat aýryldy. Oňa derek ýüreginiň üsti çyzylyp gitdi. Ogly ýolunan ýüplük ýaly gujagyndan syrylyp ýere şalkyldap gitdi. Ybrahym zordan tutup ýetişdi. Tutup ýetişmänem bilerdi. Ýetişenine şükür etdi... * * * Azady arkasyndan egnine kakylýanyny duýdy. Ybrahymyň ruhy egnine kakan ýaly tisginip yzyna garady. – Atam, düşeli atdan. – Näme boldy? – Sorama atam. Magtymguly kakasynyň aman-zamanyny bermän atdan düşürip öňe ylgaşlap ugrady. Bir eli kakasynyň elinde. Ol äpet bir daşyň arkasyna aýlanyp çommaldy. Azadam oglunyň yzy bilen nädip aşak oturanyny bilmedi. Onýança-da töwerek erbet ýagtylyp gitdi. Ýiti ýagtydan gapylara gelen gözler bir pursat agy gara, garanam ak reňkde gördüler. Soň hemme zat ýene öňki reňkini aldy. Ýyldyrym. Ýyldyrym uran ýorga ýolda garalyp ýatyrdy. Azady diri galan ogluny bagryna basmaga gorkdy. Ýogsa özüne garşy uzapdy oglunyň gollary. Onuň gözleri hälki bir ýerde durmaýan, hanasyndan çykyp barýan gözler däl. Ybrahymyň oglunyň gözleri ýaly mährem. Bir tapawut, olar ýyldyramaýardylar, gussadan doludylar. Azady gözlerini bu gözlerden sowdu-da, kybla bakyp çök düşdi. Ymamyna uýan mürit ýaly kakasyndan bir ädim yzda durup Magtymgulam dyzyny epdi. Elini göge tutup Alla mynajat edýän Azadyň ýüregi göwnüne öňünde ýatan ýalydy. Azady muny geňlemedi. Häzir ýüreginiň gursagyna sygmagy mümkinem däl. – Sagyňam açyk, soluňam. Isleseň gal, isleseň ýör. Saňa menden rugsatdyr. Alla ýaryň bolsun. Azadyň gözlerinden ýaş paýraýardy. Ýök, ýagyş güýjedi. Ýok-ýok, Azady aglaýar. Garry Molla aglaýar! Munuň sebäbine, edil şu pursat gökdäki bulutlardan ýagyşyň ýagmaga başlamagynyň sebäbine düşünip bolmaýşy ýaly, düşünmek kyn. Hem hemmesi şeýle düşnükli. Azady ýagyşa bakmady. Gözünden dökülen ýaşa-da. Oba ugrady. Magtymguly näme? Sola gidermi, saga gidermi? Ýa galarmy daşlaryň arasynda ezilip? Diwanalara ýazyň ýagyşyna ezilmek ýaraşar, galmak ýaraşar. Köňli heýjana gelen Magtymguly kakasynyň yzyndan garady. Azadyň bolup barşy ýagyş damjalarynyň ýere urulşyna dözmeýäne meňzeýärdi. Eginleri gysylypdyr, boýny içine çöküpdir, ýere gaçan her damjanyň gudratdygyna düşünip barýar... Ýene ýyldyrym çakdy. Bu gezek uzakda hem has ýokardan. Ýagyş güýjedi, çagba ýazdy. Magtymguly ellerini kelemenledip kakasynyň yzyndan ýetdi. Kakasy zordan «Beýtme oglum» diýmäge ýetişdi. Kalpdaky joşdan hasam kuwwat alan gollar garry göwräni göterip arkasyna aldy. Şu günüň ägirt alymyny ertiriň ägirt şahyry arkasynda göterip barýar. Hasar dagyndan gaýdan bulutlar ömürlerinde ilkinji we iň soňky gezek begençlerinden gözýaş dökendir. Damjalar bir-birinden öňürti bu ataly-ogluň üstünden syrygmaga, olara galtaşmaga, olara ýetmäge howlugýarlar... Hemem gapyda zowzullaklap duran ejeligi. Hol göründiler. Azadam öýlerinden bärligine tarap ylgaşlap gaýdan garany gördi. – Haý, ejeňi gorkuzdyk balam, düşüreweri. Magtymguly birbada nämäň-nämedigini aňşyrmady. Onýança ylgap gelen ejeligini görüp kakasyny arkasyndan düşürdi. Azady ýetişibildiginden ony köşeşdirýärdi. – Gorkmaweri, keýwany. Magtymguly jan ýöne göteräýdi. Taýarsyň diýdi, ezilersiň diýdi. Bedreden guýulýan ýaly ýagýan ýagyşyň aşagynda Azady gara-gaýgyda, Magtymguly ýylgyryp, ejeligi görgüli ýarym-ýaş aglaýardy. Bu üçleriň üçüsem biri-beýlekisini penalasy gelýärdi. Ejeligi taýyp gitdi. Magtymguly ejeliginiň bir elinden tutup ýetişdi. Aýsuly beýleki eli bilen Azadydan ýapyşdy. Azadam onuň elinden tutdy. Olar üç tirkeş bolup öýlerine tarap gaýtdylar. Ýerdäki melegiň ejeligi begenjinden aglaýardy. Içinden «Bu meniň ýalkandygymdyr. Men nire beýdip gelme nire? Resulullahyň aýdyşy ýaly hersi bir elimden tutdy. Alla döneýin, Resulyna döneýin» diýýärdi... © Ylýas AMANGELDI Çeşme: https://makalam.com/yerdaki-melegin-ejeligi-dowamy-746/ | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |