ol ýaşmagynyň astyndan pyşyr-pyşyr aglamjyrap başlady: “Beý diýmäň ahyry, dogan! O nädip ony tok urýarmyş ahyry?! Heniz ikimiz ýaňybir dörtje aýjyk ýaşaşdyk ahyry! Heniz ondan nyşanam galmady ahyry, mende! Waý, jan dogan, beý diýme ahyry! Beý diýme ahyry, gözüňe-başyňa döneýin, beý diýme diýýän-ä, men saňa, jan dogan, beý diýme-dä! Beý diýmesene, nädip diliň barýar, beý diýmesene…”
şu ýerini okamda her gezek “beý diýmäň” diýip gaýtalanynda sesiniň has gatalyp-gatalyp gidýäni gulagyma eşdilip gitdi. Sesi pessaýdan başlap gatalyp, gatalyp özünden gidişi. Realistik ýazylypdyr.
Gynançly. Ýöne, duýgydyr-da, bilmedim, aýal akylly-başly ýaly görünse-de o moşennige özüni dowamly aldatýar…
Aýalyň jygyllyga gidip derdini unutjak bolmagam hakyky bir hereket. Bir aýaly ýogalan ýaşulam gürrüň beripdi: “şo günler öýde takat tapman, jygyllyga giderdim. Zat alsam-almasam bazarda gezmeläp günümi geçirjek bolýadym, biraz derdim ýeňleýädi…, bazar sowlansoňam öýe gaýdardym…”. —- Biraz gussa bilen okadyk. Agyr duýguly hekaýa.