Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:13
Ykbal pasporty
YKBAL PASPORTY

Meň aýalam – ykbalymyň pasporty deý,
ýazylgy olara gören-görjek günlerim.
Ine bu çyzyklar – geçmişimiň gasyny,
şolaň birinde, men bedibagt gögele,
henizem tutup otyryn kakamyň ýasyny.
Bu çyzykda epjek bolup depýäler meni,
munda bolsa synlaýan,
“dost” diýenim dönüp şagal ordasynda şagala,
gykuwa goşulyp, depýä kimdir birini.
Bir çyzyk, ýazmadyk kyssalarymyň öwlüýäsi,
gaýrylan namalarymyň çarbagy käsi.
Bir çyzykda özgä nesip eden pynhan yşgym aglaýar,
gapdalyndakyda alnymdan çykan bagtym
bilbil bolup, garyp göwnüm çaglaýar.
Mertligim,
namartlygym,
wysalym,
armanym,
çagyrylmadyk meýlislem,
süren-sürmedik döwranym,
ýüz öwren-öwürmedik dostlam,
tördäki ornum,
“köwüş bazardaky” kemsinjim,
igenjim,
zeýrenjim,
guwanjym,
begenjim,
gözleý-gözleý tapabilmedik genjim...
...çyzyklara ornapdyr hemmesi.

Şu günümiň çyzyklarynyň birinde,
çök düşüp çöken depejigiň alnynda,
dil ýarman delminýän:
-Nähili?
Başardymmy, aňsadu-kyn günümde
seniň diýen adamyň bolup galmany?
öwüdiň,
käýinjiň,
berekellaň...
ine-gana nesip etmedi,
senden galanja pursatlaryma sazlap,
oňardymmykam, küýsäniňçe bolup bilmäni?!
Başardymmy?!
Dogra “dogry” diýip,
egriň ýanynda egrelmezligi,
köýmeli ýerinde köýüp,
güllemeli ýerinde solmazlygy...
Aklaň arasynda olaň aklygyna guwanyp,
syrtlan sürüsinde olara öýkünmezligi
başardymmy?
Ýa: “dogman geçen” diýdirip,
özümden öňli-soňly göwnüňi geçirdimmi?...

Çyzyklaryň galany,
arzuwlarmyň ümürinden lybasda.
Pasport-aýam içre tagmalanan täleýim,
göýä gabalan deý çyzyklardan kapasda.
Nämälim geljek,
bolany äşgär,
bolýany aýan,
nämeler boljak?
bilmäniň,
bilmeýäniň,
bilmejegiň,
ýagşymy, ýaman?
Gowusy bilmäýin...
Rebbim!
Şükür edeniňe, etjegiňe,
başaryşymça dyrjaşyp,
ýaşap,
müddetim paýawlanda gitjegime.
Diňe birje sowal,
rugsat ber, aýtmana!
(olam belki öz-özüme),
ýalynsyz ataşda ýanan jigerimiň
yzymda galjak küli ýetermikä “batmana”?
Bölümler: Goşgular | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Öwezgeldi Begliýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Antiwirus • 12:07, 16.03.2023
Hawa eliň aýasyna garap palam açýalara şoň üçin.
Ýöne aýdyşlaryna görä eliň aýasyndaky çyzyklar Ýaradanyň bir ady diýýäler.Jebraýylyň ganatynda,Ysrafylyň alnynda Ezraýylyň aýasyndada barmyş gözel atlary
avatar
0
2 Antiwirus • 12:08, 16.03.2023
Goşgumy buda?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203