13:08 Ynha ol | |
YNHA OL Içimde goh bar Depämde gara bulut diýip Bar günäni bir zada ýüklemäýin Hem seplemäýin sebäpleri Bir zad-a bolýar maňa bu günler Göýä, agaçlary başly-barat ösen Düşnüksizlik jeňňelinde Atymy ýeke çapyp ýörün Baryp direjek ýaly maňlaýymy Ullakan köwükli agaja Men haýsy bagda uklap galypdyryn Depämden ýyldyzsyz asman Gözlerini alardyp seredýär Şemallar uwlaýan ýaly Ýapraklara özüni emaý bilen urup Oýarýar gijäň ýary Seýrany diňläp ýatyrdym Bir nätanyş ruhly adamy Ters ugra barýan uçardan gaçdym Ýaňyja, terje, dogry ýerde. Elime ilen çöp bilen ýazýan şu wagt Döwülýär, ýene biri, ýene biri, ýaz diýýär Ýok men bu setirlerde Diňe yzyna düşýän gözlerimiň Bir zat garaşýar maňa, biri, bir ýer Her nokatdan soň, tirkeş-tirkeş Sözler ot alýar, tüsseleýär Howruna ellerimi ýyladýan Jeňňelimi ýakasym gelýär içimde Şu wagt azaşýan, seçme deý agaçly Seni küýseýän, geçen günlerim. Hany, nirede galypdyk Ynha dowamy soňky ýoluň Içimi çekýän, içime çekýän setirlerimi Belki öz-özümi, menimi we seni... Öwrülesim gelýän ýaly Seýrana Ýene barýan, tark-tark-tark Sesem çykanok ýörämde Pyşyrdaýan sözlere içimi Ýanýan, sygmaýan, boşadýan içimi, Ýuwaş boluň, ş-ş-ş-ş Eşidýäňizmi Içimde goh bar... Bir zad-a bolýar maňa bu günler © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |