13:24 Ýok... | |
«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär ÝOK... Men Onuň bagtyna böwet bolmaýyn, Saklamaýyn Ony gitjek ýolundan. Duýgularmy açyk aýdyň diýmäýin, Ýok, ýok tutmaýyn men Onuň golundan. Arzuwlarny puç etmäýin men Onuň, Badak salmaýyn men täze hyýalna. Bilýän-ä ir-u-giç düşüner Olam, Şoň ugrunda köýüp,ýanyp ýyglanma. Ýok men söýýänimi aýtmaýyn oňa, Diýmäýin "derdime em Sen,geregim" Ýöne häzir,häzirem diňläp görsem, "Diňe şol" diýip urup dur ýüregim. Emma men Oň dünýäsinden gitmeli, Goramaly Ony sada söýgümden. Ýa bu zatlar ýüregini dilermi, Aýňalmazmy menden soňra görgüden?! Ýok, men Onuň ýanyndan hiç gitmäýin, Çykarmaýyn ýüregimden asylha. Ýok, men Ony özgelere dözmäýin, Özgeler düşünmez Onuň halyna. | |
|
Ähli teswirler: 20 | |
| |