00:34 Ýol | |
ÝOL Hesermi, hesretmi, Yşkmy bu ýa-da?! Hoş söz aýdýan hemmä diýip hem diýmän. Öýe çenli ýöräp barýan pyýada Düşüp galdym awtobusdan bireýýäm. Bolşum ilki söýgä uçran mysaly, Bu ilkinji goşgym deýin tolgunýan. Alnymda ak arzuwlaryň wysaly, Diňe ýaşym 17-i däl, şol dün däl. TDU-nyň ýoly däl barýan ýolumam, Bu ýoluňam kem däl ondan gelşigi. Barybir ýollaryň ählisi maňa Ýatladýar paýtagta ilki gelşimi. Magtymguly, Mollanepes Azady, Andalypdan gidip barýar hemme deň. Ezizow aňymda galdy mazaly, Hakykaty bildim Ýunus Emreden. Kän gatnadym, bagtly boldum, hoş indi, Şygyrly gursagym hyjuwdan doly. Bu gün size ýene bir ýol goşuldy, Bolmaly her kimiň öz guran ýoly. Armanym ýok şu ýol bilen ýöresem, Birem bolsa onda öz guran çatmam. Beýle ýollar ýene-de kän dörese, Azaşmaz ynsanlar munda ýol tapman. Düşüp galdym awtobusdan bireýýäm, Öýe çenli ýöräp barýan pyýada. Hoş söz aýdýan hemmä diýip hem diýmän, Hesermi, hesretmi, Yşkmy bu ýa-da?! © Gurbanjemal ANNAKOWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |