Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:48
Ýörjen-ýörjen

ÝÖRJEN-ÝÖRJEN

Ýok, «Мen garramok”, ýa-da şoňa meňzeş adaty gürrüň edesim gelenok, hakykatdanam ýetmişden geçdim welin, garrylygy duýamok. Dogrymy aýtsam, oň nämedigini bilemok. Höwessizlik, ysgynsyzlyk, o ýerim, bu ýerim agyrýar, saç-sakgalyň agarmagy diýen zatlary duýýan, ýöne garrylyk diýilýän has ulurak, has çuňurak, has giňiräk bir zatmyka diýýän göwnüme. Kiçijik çaga emedekläp başlaýa, soň ýörjen-ýörjen bolýar. Ol özüniň hereket edýänini bilýä, emma nirä barýanynam, näme üçin barýanynam bilenok. Ýöräp bilýänine, ýöremäni, emedeklemäni öwrenenine hezil edip, haýdap ýör. Ony saklamasaň pejem bilenok, gaýnan suwly çäýnegem. Oňa «Çaga-da, iň hezil ýaşynda-da» diýýäler, emma çaga çagalygyň nämediginem, oň nämesiniň hezildiginem bilenok, düşünenok.

Soň çaga ýetginjek ýaşa ýetýär. Indi aga-gara düşünýän ýaşa ýetdim diýjeksiň, ýöne ýetginjekligiňem nämedigini, onuňam iň hezil döwürdigini duýaňok. Birhili bir zatlara düşünýämikäm diýýäň, ýeke özüň şähere çykyp bilýäň, yzyňa gaýtsaň, öýüňizi tapýaň, urşan bolýaň, doslaşan bolýaň, mekdebe gatnap bir zatlar öwrenip ýörsüň, ulalamsoň gerek bor diýýäň. Ulalasyň gelýär. Ýigit çykasyň gelýär. Ýöne ýetginjekligiň nämedigini bilmän ekendigiňi soň bilip galýaň. Ýetginjekligiňe dolanasyň gelýär. At münesiň, atlar bilen höwrügesiň gelýä.

Emma mekdebi gutarýaň, has «ýokary» diýilýän okuwa girýäň, kär edinýäň, öýlenýäň, ýigit çykýaň. Ind-ä ömür diýilýän zada düşünýändirin öýdýäň. Indi ýörjen-ýörjenlikdäki ýaly ýa-da ýetginjeklikdäki ýaly hereket edýäniňe begenjiňe haýdap barýan däldirin diýýäň. Indi durmuşyňda nähilidir maksadyň bar. Şol «maksat» diýýäniňe ýetjek bolýaň. Bu ýaşda ilki meni geň galdyran zat — maňa maksadyma ýetmegime kä adamlar päsgel berýän, öňüme böwet basýan ýalydy. Soňa-baka duşmançylyk diýilenini eşitdim. Geň galýadym, duşman diýilýän uruşda bolýandyr, olam birküç sany oglanyň ýa-da adamyň biri-biri bilen oňuşman uruşmagynda däl, hakyky ýaragly, beýlekini öldürmek niýeti bilen urşulanda bolýandyr, men hiç kim bilen ýarag beýle-de dursun, ýumruklaşybam urşamok, nädip meň duşmanym bolsun diýip pikir edýädim. Soň görüp otursam, adamlar şeýle adaty durmuşda-da birek-birege duşman bolýan ekenler. “Nätjek, bu durmuş, duşman bolsa, duşman bolsun” diýip başardygyňdan gaýtawul berjek, maksadyňa ýetjek bolýaň. Birdenem saňa «Pylan aga» diýip ugraýalar. Senem sakgal goýberdýäň, garrylygyň nämedigini bilmesňem, garranyňy bilýäň. Sebäbi, seň ýaşuly diýip ýörenleriň indi ýok. Isleseň-islemeseň, olaryň ýerini doldurmaly. Garraňsoňam ýigitligiň nämedigini, oň nähili gowy ýaş ekendigini bilmändigiňi bilip galýaň. O ýyllaň yzyna dolanyp gelmejegem belli. Ýeri bolýa, geçen geçdi — çagalygy bilmedim, ýetginnjekligi, ýigitligi bilmedim, indi garrylygyň nämedigini bir bilýämikäm?


Arada, segsenden geçen, bir ýaşulyny soramaga gitdik. Ýykylyp çüýjügini döwdüripdir ýarym ýyl töweregi gymyldaman düşekde ýatdy. Barsak, düşeginde dik oturan eken, «Indi şükür, öýüň içinde emedeklejek bolýan» diýýä. Çaga arabasyndan sähel tapawutlyrak, dört aýagam tigirjekli oturgyjy görkezip «Şony itekläp ýörejek bolýan» diýýä. «Garaz, täzeden ýörjen-ýörjen bolmaly-da» diýip, gülýä. Meni haýran galdyran zat, ýaşulyň hakykatdanam çagadan tapawudynyň ýoklugy. Ýok, diňe o ýaşulyň däl, garrylygyň çagalykdan kän tapawudynyň ýokdugy. Ynha men, garradym ýaşap ýörenime şükür edip ýaşap ýörün. Hawa, indi köpüm geçip, azym galdy. Ýöne ýaşaýandygyma begenip ýaşap ýörün. Dogrusy, ölsemem gynanaryn öýdemok. Öň maňa «Birki ýyldan uzak ýaşamazam» diýipdiler. Şonda-da üýtgeşik gynananymy bilemok. “Aňyrda enem-atam bar, ejem-kakam, menden öň dünýeden öten doganlarym, dost-ýarlarym bar” diýdim. Hakykatdanam, olary şeýle bir göresim gelýädi, küýseýädim. Häzirem şeýle. Aýtjak bolýanym, ölüme düşünmek, arkaýyn ölmek üçin garrap ýörmegiň geregem ýok. Garrylyk muň üçin-ä adama berilmedik ýaly. Ýöne anyk bilemok welin, edil çagalygymdaky, ýigitligimdäki ýaly däl, garrylygyň şeýle gowy ýaşdygyny duýýan ýaly bolup durun. Asyl ömrüň özi ajaýyp zat eken, kynçylyklary bilenem, gowy günleri bilenem düşündirip bolmaýan ajaýyp zat. Hawa, durşuna näbellilik, bilmezliklerden doly. Dogulan günüňi bileňok, öljek günüňi bileňok. Ýaşap ýören günleriňem bilýämikäm öýdýäň welin, kän bilip baraňok. Şonuň üçin, bu dünýä “ýalançy”, ömrüňe “puç” diýmek dogrumyka? Ýeri bildiňem-dä, aýdaly, öljek günüňi. Messing ýaly iki-ýeke bilenlerem bolupdyr diýýäler. Bileňde näme? Başgaça ýaşaryn öýdýäňmi? Seň öljegiň dünýä inen günüňden başlap belli, aýyny, gününi anyk bilmegiň beýle bir möhümem dälmikä diýýän. Bir ýerden-ä eşdipdim, haçan öljegiňi bilmezlik sende ölmejek ýaly, baky ýaşajak ýaly duýgyny döredýär diýip. Ölmek bilen adamyň ýok bolup gitmeýändigini aýdýan akyldarlaram bar. Aslynda, mesele bakylykda ýa-da wagtlaýynlykda-da däl bolaýmasa. Onda nämede? Belki, “Nämede?” diýip soramakdadyr?

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.aman....f381461
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 102 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Medicall • 19:33, 24.08.2023
Öñräk ýaşulylañ biriniñ ýaşlaryñ birinden diýseñ göwni galypdyr, ol maña gürrüñ berýär: "Gyzym, ýaşlara ýol berilmeli diýildigi garrylary sistemadan aýyrmaly diýildigi däldir-a..." diýip hamsygýar. Waka şeýle bolupdyr: uly toýlañ birinde bir orta ýaşly ýolbaşçylañ biri ýanyndaky ýaş ýigide 70 ýaşyndaky atly ýaşulylañ birini görkezip: "Ynha bulam halypalañ biri" diýipdir welin ol ýaş ýigit ýaşula salam bermekden geçen: " hää, bulam ýaşlara gezek bermän ýöränleñ biri diýsene..." diýip ol ýaşula ýañsyly bakýanmyş.

Ol ýaşuly zenan aýdýar: "şonda erbet göwnüm agyrdy" diyip.

Şonda ol ýaş ýigidiñ ýanyndaky orta ýaşly ýolbaşçy hem oñ gepine gülyarmiş.

Bu gün ýaş bolsañ erte senem-a ölmeseñ ýaşulylyda ýetersiñ... Gynandyrýan zat: kãbir ýaşlaryñ görümsizligi, dereje göterinip bilmeýänligi...

Gürrüñim makaladaky gürrüñe deñ däldigini bilýän. Garrylyk barada ýazylansoñ şol ynjan uly ýaşly zenan ýadyma düşdi.

Emma "ýaşlaryñ arasynda garrylar gerek" diýen sözi ýaş bolup unutmaly dälmika diyyan. Sebäbi ýaşulylaryñ her bir maslahaty ýol-ýörelgedigi, mekdepdigi hakykat. Olary görenimizde ýañsyly bakman, gaýta olaryñ paýhasyndan susup almaly biz.
Şol ýaşuly zenana şeyle diyen oglany menem tanaýadym-da, göraýmäge akylly adam ýalam welin, aklynyñ jüýjäñkiçeräkdigine gynandym.
avatar
1
2 Garagalam • 17:04, 25.08.2023
Köp banklarda şeýle zada duşmak mümkin.
Ýagny, kä bir aýal-gyz personal bar, olar işgärmi ýa maneken, model, biler ýaly däl.
Gözilgenç geçim, gözilgenç makiýaž we ş.m.
Edýän zatlaram elleri skanaly ýa çäýnekli koridordan eýläk ýa beýläk geçmek...
Şonda pikir edýäň: daýysynyň telefony bilen işe alnypdyr öýdýän -diýip.
Ýöne adam ýaly personalam bar. Hemmesini bir aýakdan sürüp bolmaz.

Bir döwür boldy, täze açylan klinikalara garry doktorlary alman ýaşlardan doldurdylar...
Tejribe ýok, ýöne owadanja... diýen ýaly... :-)
avatar
0
3 Garagalam • 17:19, 25.08.2023
Hydyr agadan pikirlenmäge material.
Umuman, her zada duşuňdan geçireňsoň düşünip galýaň... diýilýän ýaly.
Onsoň, ömrüň gutaraňsoň ol ömre düşüneniňde näme, düşünmäniňde näme?
Ömre, ýaşaýyşa, dirilige, bakylyga... düşünmegiň ýoly başga. Aslyndaha ol zatlar imanyň şertleri bilen aýyl saýyl edilen. Eýäme ynanamsoň, Meleklerine, Kitaplaryna, Pygamberlerine, Ahyret gününe, Kadere (ýazgyda) ynanamsoň arkaýyn bolmaly. Sebäbi ölüm ýok. Ol bizi ýok etmek üçin bar etmedi. Ol ýaşlyk, ýigitlik, garrylyk... soňy ölümem bolsa, bu zatlar ýöne bir sahnaň parçasy...
Ýeter :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203