13:38 Yşk heseri / domamy | |
–5– Aňtawçylar duşman goşunynyň golaýdalygyny öňünden mälim edipdiler. Aba amatly ýer saýlady. Gije bölek-bölek, juda köp ot ýakdyrdy. Uzakdan ser salsaň misli sansyz asman ýyldyzlary zemine gaçan ýalydy. Bu Aba serdaryň harby hilägärligidi. Goý, aňtawçylarynyň Şahberdi soltana ýetiren çaklamasyndan goşun sany artyk görünsin! Hüjüm daňyň alagaraňkysynda başlandy. Merkezden Balkan batyryň müňlügi gitdi. Ýoňsuz mahal söweşip, öň tabşyrylyşy ýaly yza serpikdiler. Gylawlanan duşman mazaly aralaşdy. Şol pursatda sag we çep ganatdan Akmaraldyr Abanyňkylar çozup, gysyja saldylar. Gylyç, naýza, şemşir, hanjar, aýpalta ýaly, söweş enjamlary dynuwsyz hereketdedi. Atlaryň kişňeýän, harryldy seslerinden urşujylaryň haýkyrmasyndan, iňňildisinden jeň meýdany ala-zenzeledi. Çadyrdan daş çykan Remezan aganyň burnuna hut gan ysy dykyldy. Goja tas ögäpdi. Çadyr haňkaryp galypdy. Onuň täk özi daş-töweregini esewanlap dur. Barybir, görer göze hiç zat saýgartmajakdy. Çaň-tozandan gubarlanyp, asmandan Gün zordan akjaryp görünýärdi. Duşman aýylganç söweşýär. Lellim saýyp, gowşak taýynlanylan bolsa, kül-peýekun etjek eken. Ak öýlän duşman ýeňse berip başlady. Ikisi, gaçyp gelýän bolara çemeli, Remezan agany görüp, oňa tarap gaýtdy. Goja ata mündi-de, gylyjyny ýalpyldadyp, olara garşy gönükdi. Arasyna düşmän, soldakysy bilengylyç uruşdy. Şonda ikisem atdan agdy. Beýlekisi saklanybilmän, esli gidip, yzyna öwrüldi-de, Remezan aga topuldy. Golaý gelende, galkanyny tutup, ýetişmänkä, hanjaryny zyňdy. Serbaz gursagyny tutup, atyndan patlap ýere gaçdy. Özi bilen atdan agan welin gymyldy-hereketsiz ýatyr. Çaky, seňseläpdir, egninde çalarak agyry syzan goja ör turdy. Näme üçindir, oňa degmedi. Gaňrylyp-gaňrylyp seretdi-de, hokranyp duran atyna münüp, jeň seýdanynyň gyrasyndan girdi. Garma-görmelikde Akmaraly görerin öýdüp sägindi. Emma saýgarmady. Ol welin, bu mahal dört serbazyň arasyna gabawa düşüp söweşýän Balkana kömek bermäge at çapdyryp barýardy. Balkan Akmaral gelýänçä gyzylbaş serbazlarynyň birini gylyç bilen paralap atdan agdardy. Ýüzünden gyltyz ýaralanyp, ganjaryp durdy. Batyr gyzgynyna ony bilenokdy. Akmaral gelşine, gaňrylyp-gaňrylmanka ikinjini ýeňsesinden çapdy. Beýlekiler gaçmak bilen boldular. Süre söbügine düşdüler. Ýöne uzaklaşmanka olary kakladylar. Akmaral Balkanyň deňine gelip, saklandy: —Serdar amanmyka? Gyz bu sözleriň dilinden sypanyny bilmän galdy. Balkan bir sözde jogap gaýtardy: —Bilmedim. Duşman ikindine golaý jeň meýdanyny bütinleý taşlady. Ýaralylary ýygnaşdyryp, jemlenişdiler. Ölen-ýitenleri hasaba aldylar. Ýitgi azlyk edenokdy. Ýöne gyzylbaşlaryň bularyňkydan agdyklygy köre hasady. —Züwwetdin soltan gözüňize ilmedimi? Remezan aganyň sowalyna Aba jogap berdi: —Gördüm. —Gutuldymy? —Başa-baş söweşde, kerçedim. —Maşalla, inerim, maşalla! Remezan aga keýpiçag halda sakgalyny daraklap-daraklap goýberdi. Balkan batyr seslendi: —Serdar, mundan buýana nätmeli? —Möjegi sürenindenem kowmaly. Ýeňiş bilen ruhlanan gozgalaňçylar ýerli-ýerden gygyrdylar: —Ýüregimizi bildiň, Aba serdar! —Olary güjük gyran ýaly paýhynlamaly!—Şäheriň külüni göge sowurmaly! —Derýa suwuna gark etmeli! —Harabaçylyga öwürmeli! —Ilatyny gul-gyrnak etmeli! Tomus çabgasy kimin, güwwüldi kiparlady. Serdar münbere çykdy: —Alyjy gurtlarym! Göwnüňize kine alman, gulak asyň bäri! Alynyň aryny Ahmetden çykarmalyň! Onsuz-da duşmanyň merkini berdik. Bigünä ilata el galdyrmalyň! Goý, şäher abat galsyn! Belki, onda özümiz döwran süreris! Şahberdi gurrumsagyň gaçan towşantüýi serbazlaryny pürrelemäge öňe! —Öňe! Meýdan ýene güwwüldi-şaggyldydan sarsdy. Ýöne gozgalaňçylar şähere girmek islänlerinde berk gaýtawula duçar boldular. Elbetde, ýeňiş hiç mahal arzan düşmeýär. Başly-barat gaçan serbazdyr han-begler, şäherdäki baý täjirler, ruhanylar, garaz, goranmaga taýýarlyk görüp ýetişipdirler. Aba serdar Remezan aganyň maslahaty boýunça, özünem goşup, aýlanyp, tersinden — dag tarapdaky jeňňelden dökülmegi Balkan batyra tabşyrdy. Şäheriň içindäki türkmenleriňem öz özleri aýaga galdylar. Tutuş şäher ahy- naladan doldy. Ýandyrylan jaýlardan çykýan goýry tüsseler burugsap- burugsap asmana galýardy. Muny içinden döredýärdiler. Birki günden şäheri goraýanlar ýöwsellediler. Balkan batyryň oslagsyz taýdan çozmagy bilen, boýun egdiler. Aba serdar Şahberdi soltanyň birmahalky arzyly törüne geçip oturdy. Ýesir alnan han-begler, täjirler huzuryna getirildi. Serdaryň buýrugy ýeke sözden ybaratdy: —Gümlemeli!... Aba şäherde düzgün-tertibi ýola goýmak bilen gümrady. Ynha, pişgemurt, gaba telpek, etli-ganly bir türkmeni getirdiler. Munuň üstünden, düýn baý kürt täjiri arzynypdy. Ol ony bahanalap, suwa salma ýeňjipdir. Kürtüň özem sazanaklap durdy. Tersine, türkmen gaýşarylýar. Abadan hem gypynç edenok: —Muny horlanyň dogrumy, agam? —Aňryýany bilen, inim. —Paýlaşyp bilmeýäniňiz näme? —Aý, hiç zat.—Bü-ýä, bolanok. —O nä? Bi, öň ýel öz üstlerinden ösýärkä, kän hunaba ýuwutdyrdy. Indi ýel biz garybyň üstünden ösýä. Öwezini dolaly-da. Aba az kem oýlandy-da, kesgin aýtdy: —Şonda-da, beýtmeli däl, agam. —O-o-uw. Inim, Aba jan! Özge ýurduň bilbilinden öz ýurduň gargasy zyýadadyr. Onsoňam, bular saňa garşy söweşýärkäler, içinden uranlaryň bir men. Häzirem gözünde oky bolsa urar. Elbetde, türkmeniň aýdýanlary jansyz däldi. Şeýle-de bolsa, Abanyň sabyr käsesi püre-purlendi: —Otuz şallak uruň. Birhaýukdan Abanyň tabşyrygy boýunça, ony ýene getirdiler: —Niçik, agam? —Beli, inim, beli. —Gidiber. Yzýanyndan üç-dört sany pars täjiri geldi. Bularyň kerwenlerini talapdyrlar. Şonda birki hyzmatkäri öldüripdirler. Özlerem uzakdaky dag etegindendiler. Garakçylaryň içinde «syýahpuşlary» barlygyny bilipdirler. Aba serdar olara temmi bermek üçin, bularyň ýanyna nökerleri bilen Balkan batyry goşup goýberdi. Şeýdip agşamara çenli, lüti çykyp ýadaýança işledi. Soňundanam ogurlyk edip tutulan ýigdekçäni getirdiler: —Goňşyň towugyny ogurladyňmy, inim? Ol müzzerilip, ýere bakdy: —Göniňden gel. Ýigdekçäniň sesi agy gatyşykly çykdy: —Hawa, agam. —Näçe, towuk? —Bäş. —Bikär gezýäňmi? —Köp gapyny kakdym. Iş tapmadym. Biz ýetim. Men, kiçi dört ballym bar. Açlykdan iň kiçisiniň garny çişip ugrady. Onsoň mejbur boldum. —Hymmm… Aba birhowa dymdy. Oýlandy. Onsoň ýigdekçä ýene sowal bilen ýüzlendi: —Käriň barmy?—Juk. —Nämä höweslenýäň? Ol biraz pikirlenip, jogaýep gaýtardy: —Ussaçylyga. Aba gaznaçysyny çagyrdy: —Bäş jübüt egin-eşik, birki dowar berersiň. Ertirem ýarag ussalarynyň birine şägirt bellesinler. Towuklaryň öwezini doluň. Bolmanda otuz-kyrk şallaga ýatyrylaryn öýdýän ýigdekçe gulaklarynyň eşidenlerine ynanmady. Az mahaldan dogumlandy. Birden ylgap bardy-da Abanyň aýaklaryna ýykyldy: —Taňryýalkasyn, agam!.. Ol möňňürip aglady. Aba ony götererläp turuzdy: —Ýalňyşyňa düşündiňmi? Ýigdekçe baş atdy: —Haw-haw-a, ag-gam. —Dagy-duwara gaýtalamarsyň gerek? —Bol-bolýa, agam. Dynç almak üçin Abanyň özem ör turdy. Çolalykda gelninden ilki Akmaral ýadyna düşýär. Asyl, daňdan düýşüne-de girdi. Perişde täwire uçup geldi. Özem harby lybassyz. Näzlenip-näzlenip, towlanjyrady. Gözlerini güldürdi. Hut onuň demi şemal bolup Abanyň duluklaryny sypady. Ýuka leblerinden şirin asal damjak-damjak ýaly görünýär. Abanyň tutup bagryna basasy, şol leblerden ganýança sorasy geldi. Onsoň öňe ümzükdi. Ol ganatlaryny pelpelledip uçdy ötägitdi. —Saklan, ho-ow, Akmaral, saklan!! Öz sesine özi oýandy. Görse, ýüpek ýassygy gujaklap ýatyr. Ýüzi gyzardy. Hiç kimiň ýoklugyny bilse-de, töweregine ýalt-ýult edip seretdi. Diňe kümüş şemdanlarda ýogyn mum şemler ses-üýnsüz ýanýardylar. Ol az-kem ynjaldy. Asyl, zenan küýsäp ýören bolaýmasyn? Onda nä dünýäde hatyn diňe Akmaralmyka? Azgynçylyk etmek islese, içen suwy alkymyndan görnüp duran, üzümiň suwy ýalyjak peri-peýkerler bi ýerlerde bol-a. Öýlenjegem bolsa, barlan gapy ýüzüne urmaz. Onda düýp-teýkary bilen Akmaraly ýüreginden sogrup aýyrmak meýli döredi. Öň içmedik garamtyl-gyzyl şerabyny ýoldaş edindi. Melul halda birki gezek diwan-arzda oturdy. Gözleri ümezläp, gyzaryp dur. Bir goja alnyna geldi:—Juk. —Nämä höweslenýäň? Ol biraz pikirlenip, jogaýep gaýtardy: —Ussaçylyga. Aba gaznaçysyny çagyrdy: —Bäş jübüt egin-eşik, birki dowar berersiň. Ertirem ýarag ussalarynyň birine şägirt bellesinler. Towuklaryň öwezini doluň. Bolmanda otuz-kyrk şallaga ýatyrylaryn öýdýän ýigdekçe gulaklarynyň eşidenlerine ynanmady. Az mahaldan dogumlandy. Birden ylgap bardy-da Abanyň aýaklaryna ýykyldy: —Taňryýalkasyn, agam!.. Ol möňňürip aglady. Aba ony götererläp turuzdy: —Ýalňyşyňa düşündiňmi? Ýigdekçe baş atdy: —Haw-haw-a, ag-gam. —Dagy-duwara gaýtalamarsyň gerek? —Bol-bolýa, agam. Dynç almak üçin Abanyň özem ör turdy. Çolalykda gelninden ilki Akmaral ýadyna düşýär. Asyl, daňdan düýşüne-de girdi. Perişde täwire uçup geldi. Özem harby lybassyz. Näzlenip-näzlenip, towlanjyrady. Gözlerini güldürdi. Hut onuň demi şemal bolup Abanyň duluklaryny sypady. Ýuka leblerinden şirin asal damjak-damjak ýaly görünýär. Abanyň tutup bagryna basasy, şol leblerden ganýança sorasy geldi. Onsoň öňe ümzükdi. Ol ganatlaryny pelpelledip uçdy ötägitdi. —Saklan, ho-ow, Akmaral, saklan!! Öz sesine özi oýandy. Görse, ýüpek ýassygy gujaklap ýatyr. Ýüzi gyzardy. Hiç kimiň ýoklugyny bilse-de, töweregine ýalt-ýult edip seretdi. Diňe kümüş şemdanlarda ýogyn mum şemler ses-üýnsüz ýanýardylar. Ol az-kem ynjaldy. Asyl, zenan küýsäp ýören bolaýmasyn? Onda nä dünýäde hatyn diňe Akmaralmyka? Azgynçylyk etmek islese, içen suwy alkymyndan görnüp duran, üzümiň suwy ýalyjak peri-peýkerler bi ýerlerde bol-a. Öýlenjegem bolsa, barlan gapy ýüzüne urmaz. Onda düýp-teýkary bilen Akmaraly ýüreginden sogrup aýyrmak meýli döredi. Öň içmedik garamtyl-gyzyl şerabyny ýoldaş edindi. Melul halda birki gezek diwan-arzda oturdy. Gözleri ümezläp, gyzaryp dur. Bir goja alnyna geldi:—Aýdyber, ýaşuly. —Oglum, Aba jan, men uzak bir obadan. Ençeme ýyl sürüsini bakdyryp, husyt baý agtyklarymyň hakyny berenok. Soňky gezek hakyny soranlarynda it ýaly ýençdirip goýberipdir. Öňki soltanyň gapysyndanam goýbermediler. Indi şükür Hudaýa, adalatly çözgütleriň obalara-da ýaýrady. Oglanlaryň hakyny äberseň, birini jübütlejek. Güneş bir garyba- da, nuruny dökmel-ä. Abanyň göwresi yrandy. Gojanyň sözleri üzlem-saplam gulaklaryna ilipdi. Onuň şu mahal ukusy gelýärdi: —Ä-ä-ä...imm...ýaşuly, gaý-ta-la. Dillerini agzyna sygmaýan ýaly, çykaryp, dodagyny ýalaşdyrdy-da, ysgynsyz seslendi: —Düýäň goruny getiriň. Şol bada berdiler. Ol hezil edip içdi. Gözleri ýalpa açyldy, goja ümläp goýberdi. Ol arzy-halyny gaýtalady. Aba ýene bolmady. Şol üzlem-saplam sözler. Garşysyndaky indi daşynda pyrlanýar. Birdenem keýpiçag güldi: —Onda...ýaşuly: saňa elli şallak urmaly. Töweregindäkiler, goja aňk-taňk boldy. Aba zordan tekrarlady: —El-li şallak... Gojany äkitdiler. Ol janyndan tamasyny üzüpdi. Onça urgudan sulbasy galjak göwrä aman galmak başartmajakdy. Hernä oňa Remezan aga gabatlaşaýdy: —Amanlykmy, sakgaldaş? Nöker ony itekledi. Remezan aga bir ýerlerde gören ýüzüňe meňzetdi. Ýöne hakydasyna salyp bilmedi: —Saglyk. Onsoň ony nirä alyp barýanlaryny ýagşy bilensoň: —Günäň ulumy?—diýdi: —Bigünä. —Aý, goý-a? Remezan aga geňirgendi. —Çypbakaý çynym. —B-ýe-ýe... Aýt, göreli. Sakgaldaşy Aba aýdanlaryny damdyrman gaýtalady. Remezan aga ony jeza bermekden wagtlaýynça saklatdyrdy. Bu kürt gojasynyňserdaryň ýanynda agramynyň saldamlydygyny köpler bilýärdi. Onsoň nöker boýun sundy: —Sakgaldaş, aýyplaşma, gören ýüzüme meňzetdim. Tanamadym. —Garrapsyň, özi. Obamyzdan Patma gyrnagy alyp gaçyp gidipdiň. —Hymm...O baý näjüre? Ýaşap ýörmi? —Golaýda amanadyny tabşyrdy. —Imany hemra bolsun, pahyryň. Niçik, Aba jan goldaw tapýany obaňyzda? —Sarsgyny uly. Ýöne meň-ä tamam çykmady. Gardan gaplaňa ogşaýa. Ýogsam, iki oglum nökerliginde gezip ýör. Ýaňky hakyny alyp bilmeýän agtyklarymyň her haýsy şolaryň ogullary. —Tagat kyl, sakgaldaş. Bu ýerde bir säwlik bardyr. Remezan aga içerik girenden Abanyň halynyň teňdigini bildi. Herbap goja gözleri ýumularlaýan Abany diwan-arzdan äkitmegi maslahat berdi. Ol gijara, Aba özüni rastlap turanda, ikiçäk şeýle diýdi: —Oglum, ne döw çaldy seni? Şerap — loly heleýdir. Agyn şeýledir. Haram keýpiçaglyk berer-de, mes edip basym sandan çykar. Dogry, han özüň, soltan özüň. Meň şumatky at urdurmamy gabahat görme. Şalaram şerap içse içýändir. Ýöne zynazorlukdan, şerapdan gaça dur. Derejäň kiçi-girim däl. Mazlumlar saňa gözüni dikýä. Bir çelek süýdi bir çemçe garaýag harap eder. Gündiz tötänden sakgaldaşymyň birine sataşdym. Günäsiz ol. Jezalandyrmakdan häzirlikçe saklatdym. Sebäbi çyn bürgütler syçanlary awlamaýa. Säwlik barlygyny aňdym. Ertir arzy- halyny gowy diňle. Goja çykyp gitdi. Aba boz-ýaz bolup galdy. Eýsem nätmeli? Oňa sataşan derdem ýeňil-ýelpaý däl. Gysyp-gowrup alyp barýa. Melhemi şerapdan gözledi. Gaýtam, it masgarasy boldy. Remezan aga doly aýtmasa-da, gündizki arz eden ýaşulynyň sözlerini huşuna aýlady. Dura- bara ýeke özi maňlaýyny ýassyga degrerleýär. Ýa Akmaraly golaýragynda saklaberse näder? Häli-şindi görse köşeşmezmikä? Ýöne ot näçe ýakyn bolsa, ýakyp-ýandyrýanlygy bell-ä. belki, Remezan agany Akmarala sözaýdyjy edip iberer? Razy bolmazmyka? Eger, öz burgudy... Aýdaly, Balkan täwüre biri bolsa nätmeli?... Kellesi hum ýaly çişen Aba daş çykdy. Daglara duman çöküpdir. Şäher şowhuny sabaşypdyr. Aýyň şöhlesi daş-töweregindäki ýyldyzlary nur saçmakdan keçipdir. «Asman ýyldyzlaprynyň hemmesi ýeke-täkAýça şugla saçyp bilenok. Onuň bir özi dünýäniň bar ýerinden görünýä. Hawa, Akmaral ýeke täk Aýa çalymdaş. Sergin howada süňňi ýeňlän Aba towsup atyna mündi-de, ýüzin saldy. Janpenalaram süresebügine düşdüler. Onuň belli bir nokada barmak meýli ýokdy. Aty keýpine çapyp barýardy. Göýä sar kimin çozan Akmaral baradaky pikirlerden gaçyp barýana meňzeýärdi. Aty daljygýança kowdy. Şäherden ýoňsuz daşlaşyp, dag etegindäki jeňňele girdi. Towlam-towlam ýodajygy nazarlady. Dogrudanam, birbada Akmarala meýilli oý-pikirlerinden sabady. Zymdyrylyp, bäş-alty keýik ýoluny keçip geçdi. Atynyň başyny şol ýana sowdy. Göçgün halda keýikleri alarladyp ugrady. Gyssanmaç keýikler birdenem serpigip, iki gapdala pytradylar. Öňden bölek atly okdurylyp gelýärdi. Iki ganatdanam şeýle. Syrylan gylyçlar bölekleýin düşýän Aý şöhlesine ýalpyldaşyr gidýärdi. Çaknyşygyň boljagy şübhesizdi. Ýöne olar köplükdi. Başbozarlaryň tokaý-dagda gezýänligi Abanyň gulagyna, elbetde, öň ilýärdi. Muňa parhsyz garapdy. Onuňam sebäbi, güýjüne buýsandy. Häzir howalasy basylman durmady. Ýöwsellemegem ölüm bilen barabardy. Beýtse, yzyndakylaram el-aýagyny ýitirer. Ýöne eýýam giçdi. Duşman janpenalar bilen arasyny kesipdi. Şeýle-de bolsa, ýeke özi bir ganatyň öňünden çykdy. Ol ilki çaknyşany atyndan serreltdi. Ganat düýrmegi bilen topulyp, daşyny gabady. Aba ýene birini gylyjy bilen parçalady. Emma ony mazaly gysyja salyp atdan agdardylar. Golundan gyltyz ýaralanan Abany galmanka, münderlenişip basdylar. Ellerini pugta daňyp halkalaýyn töweregine aýlandylar. Orta ýaşdan geçen biri oňa ilki habar gatdy: —Ýer-ow, Isgender Zülkarnaýn, basym tora düşdüň? Halyň niçik? Megerem, galtamanbaşy bolsa gerek, ol töweregindäkilere ýüzlendi: —Ýigitler, muny nätmeli? Ýarym çyn, ýarym ýaňsy sözler eşidildi: —Dar agajyndan asmaly! —Daşlap öldürmeli! —Goýsan-aý, Astrabatdan çyksyn, gaýdyp gelmejegine söz bersin! Onsoň goýbereliň. —Akmaral atly perizady maňa durmuşa çykarsyn. Öýlenip bilmänAba şunda çydabilmän topuldy. Şol bada ýykyp, aýaklaryny saradylar. Ol urundy. Emma peýdasyzdy. Ýeňseden güpürt-tapyrt, haýkylyk eşidildi. Duranlar atly-atyna atlandylar. Söweş başlandy. gyssanan başbozarlar Abany ýeke taşlydalyr. Ol urundy, togalandy, galabilmedi. Ysgyn-deramatsyz ýatyberdi. Daň tilkiguýruk bolanda gylyjyny ýalaňaçlap, özüne tarap okdurulyp gelýän atlyny gördi. Ýakynlanda hälki galtamanbaşylygyny tanady. Ölümini boýun alyp, gözlerini ýumdy. Kellesiniň ýolunjagyna şübhe ýokdy: —Hoş gal, ýagty jahan! Hoş gal ..., başky söýgim, Akmaral! Iki-üç ädimlikdäki «Wah...» sesine gözlerini ýalpa açdy. Arkasyna naýza çümen ýaňky gana bulaşyp ýerde ýatyr. Yzýanyndan biri gelip, deňinde atyny saklady: —Aba!... Endam-jany gurşup, haýallan Aba sesi tanady. Ysgynsyz pyşyrdady: —Balkan...Arslanym!.. Balkan çakganlyk bilen atdan düşüp, ýüpi kesişdirdi. Owkalaşdyryp, göle hamyndan edilen meşiginden suw içirdi. Balkanyň ýigitleri gelip başladylar. Olar geňirgenişip serdarlaryna seredýärdiler. Az-kem gurbatlanan Aba dillendi: —Janpenalar...Ýigitlerim niçik? Balkan jogap gaýtardy: —Paýhynlapdyrlar. It ogullaryny bizem pürreledik. Diri galan ýekejesem ýokdur. Soňra ýigitlerine buýruk berdi: —Ot ýakyp, şara bişiriň. Goş ýazdyralyň bu taýda. Basym keýik etiniň gyrmyzy közlerdäki jyzyrdylary eşidildi. Bular ikiçäk galdylar. Balkan sorady: —Düýş ýal-aýt, bi. Gijelikde näme gözläp ýörsüň howply jeňňelde? Gönülemek Abanyň ýüzünden gelmedi. Biraz gyzarylyp jogap berdi: —Gezelenje gaýdyp, daşrak düşüpdirin. —Be-ýe... —Özüň nätdiň? —Garşylyk görkezdiler. Olaram pürreledik.Aba şunda çydabilmän topuldy. Şol bada ýykyp, aýaklaryny saradylar. Ol urundy. Emma peýdasyzdy. Ýeňseden güpürt-tapyrt, haýkylyk eşidildi. Duranlar atly-atyna atlandylar. Söweş başlandy. gyssanan başbozarlar Abany ýeke taşlydalyr. Ol urundy, togalandy, galabilmedi. Ysgyn-deramatsyz ýatyberdi. Daň tilkiguýruk bolanda gylyjyny ýalaňaçlap, özüne tarap okdurulyp gelýän atlyny gördi. Ýakynlanda hälki galtamanbaşylygyny tanady. Ölümini boýun alyp, gözlerini ýumdy. Kellesiniň ýolunjagyna şübhe ýokdy: —Hoş gal, ýagty jahan! Hoş gal ..., başky söýgim, Akmaral! Iki-üç ädimlikdäki «Wah...» sesine gözlerini ýalpa açdy. Arkasyna naýza çümen ýaňky gana bulaşyp ýerde ýatyr. Yzýanyndan biri gelip, deňinde atyny saklady: —Aba!... Endam-jany gurşup, haýallan Aba sesi tanady. Ysgynsyz pyşyrdady: —Balkan...Arslanym!.. Balkan çakganlyk bilen atdan düşüp, ýüpi kesişdirdi. Owkalaşdyryp, göle hamyndan edilen meşiginden suw içirdi. Balkanyň ýigitleri gelip başladylar. Olar geňirgenişip serdarlaryna seredýärdiler. Az-kem gurbatlanan Aba dillendi: —Janpenalar...Ýigitlerim niçik? Balkan jogap gaýtardy: —Paýhynlapdyrlar. It ogullaryny bizem pürreledik. Diri galan ýekejesem ýokdur. Soňra ýigitlerine buýruk berdi: —Ot ýakyp, şara bişiriň. Goş ýazdyralyň bu taýda. Basym keýik etiniň gyrmyzy közlerdäki jyzyrdylary eşidildi. Bular ikiçäk galdylar. Balkan sorady: —Düýş ýal-aýt, bi. Gijelikde näme gözläp ýörsüň howply jeňňelde? Gönülemek Abanyň ýüzünden gelmedi. Biraz gyzarylyp jogap berdi: —Gezelenje gaýdyp, daşrak düşüpdirin. —Be-ýe... —Özüň nätdiň? —Garşylyk görkezdiler. Olaram pürreledik.—Gaty gowy. Gyşaryp et symyşlaýan Balkan, Aba şerbetli pyýala uzatdy. Ol birdemde başyna çekdi: —Bir täwüre gezelenç - aýt, öz-ä. —Nähili duşduň bize? —Geçip barýardyk. Galmagal-gykylyk eşidip, sowuldyk. —O dünýä, bi dünýä unutmaryn, batyr. Hydyr ata bolup ýetişäýdiň. Ýogsam, läşim serilýärdi. Astrabada gelýärkäler Akmaral ýene gursagyna sümüldi: «Eý, Alla, bi niçik, derdeser? Ýa az-kem unutmak üçin, uzaklara gan çaýkamaga gitmelimi? Degmedige degmegem baş ýoluma muwakyp gelenok. Belki, Akmaraly ýanymdan daşlaşdyraryn. Ýa golaýymda saklasam nädýä?». Belli bir pikiri çugdumlaman, diwan-arza gelip oturdy. Ilki bilen elli şallak urulmaly gojany getirdiler. Aba gep-gürrüňsiz işi onuň peýdasyna çözdi. Soňra buýruk boýunça, Akmaral geldi. Ikisem biri- biriniň ýüzüne seredebilmediler. Bir howa dymdylar. Ýaňaklar gyzdy. Ýüreklerdäki gizlin muhabbet jeňi bulary ýüpsüz kökerdi. Elbetde, ilki söz açmaly. Abady. Uzaklary sarsdyran gaýratly serkerde çumçuk ýaly gyzyň adyny tutabilmedi. Ýüzüni keseräk sowup, ýygrylybrak gepledi: —Müňlügiňe baş bolup, dag-tokaýlara aýlan. başbozarlar duşsa, gylyçdan geçir. Ýarym aý puryja berýän. Şondan soň, öwrülersiň. —Bolýa. Gyz işige ýetip barýarka eginüstaşyr gaňrylyp otlukly nazar saldy welin, ädimlerini assyryn yzarlaýan Abanyň kalby lerzana geldi. Ýyldyrym uran ýaly tas ýykylypdy, çaýkanybyrak saklandy. Akmarala berlen buýruk göwnüne indi ters göründi. «Jeňde öläýse nätjek?». Ol golaýyndakynyň ýüzüne naýynjar seretdi. Buýrugy tas yzyna alýardy. Munam bişeýkel görüp, dilini dişledi. Ýöne üç-dört günden kömek üçin, Akmaralyň yzyndan Balkan batyry iberdi. Ýarym aýyň her güni oňa ýyldanam uzak göründi. Içini hümletdi ýördi. DOWAMY BAR © Annatagan NURGELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |