11:39 Yşkyñ permany -sonetler çemeni | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR YŞKYŇ PERMANY 1. Häzir saña ýakyn duýýan özümi, Duýgylarmy derhal senem duýýansyñ, Entek aglamadyk agylarymyñ, Gözýaşlarny bulutlara guýýansyñ. Elimde-de señ ugradan kitabyñ, Uklasamam başujymdan aýramok, Gatlaryny açsam nurlanýar ýüzüm, Şondan başga derman-däriñ haýry ýok. Gursagymda ýakdym yşgyñ közüni, Gün geçdikçe alaw bolup tutaşar, Wada beren günüñ gelip ýetende, Hergiz biziñ didelermiz sataşar. Çekip ýörkäm yşgyñ süýji güzabyn, Gör kimleri gynandyrar bu tabym. 2. Gör kimleri gynandyrar bu tabym. Asman ýyldyzlarny üstüme taşlar, Amallam bolarmy ýeke tutaryk, Meni bendi etseñ ýeke bakyşda. Iñ soñunda sende gutarar bilýän, Söýmekligiñ, söýülmegiñ möwsümi, Daglañ belentligi, gülleñ solmasy, Gyşyñ aýazlary, ýazyñ öwşüni. Çar tarapa uzap gidýän ýodalar, Barybir Sen sary äkider durar, Ýañzydarsyñ şemal bilen suw bilen, Muny duýmaklygym hatasyz karar. Bu ýerlerden gitjegime ökünmen, Saña ýetsem maña bigerek dünýä, 3. Saña ýetsem maña bigerek dünýä, Nämä gerek boş alada-gaýgylar, Gybatçylar etse etsin gepimi, ,,Mündi" diýip küregi ýok gaýgyna. Düme biten dertlerim ýogalar, Şeýdip menden azat bolar erkimem, Nepsiz islegleri kössekläp ýörmek, Añsat-añsat ýetdirenok herkime. Köñül bagyma güller eken sendiñ, Suwarmagy meñ özüme goýupsyñ, Ine bärde bagt pyntyk ýarypdyr, Umyt berjek, birazajyk eýiksin. Geçmişim tümlikde, geljegim ýagty, Barlygyma sebäbimsiñ bar wagtym, 4. Barlygyma sebäbimsiñ bar wagtym, Gözleriñden ýok bolubam bilmerin, Nirede bolsañam, ýerde bolsamam, Bärde goýup bilmen ömrüñ gülberin. Hyñzap duran gursagyma dem berip, Ýol görkezdiñ ine-gana ýörärlik, Ikimizi duş eden sebäplere, Haýran galyp baksyn bu gün tötänlik. Çäresiz goýmadyñ saña zar wagtym, Ejzilän pursatym ýetişdiñ dada, Men saña zar bolup düşündim, herne, Zar däldigim, mähriñden gaýry zada. Göwnümi basanda gaýgy-gussalar, Meni başgalardan aýry tutmadyñ, 5. Meni başgalardan aýry tutmadyñ, Haýrym degmese-de söýmekden başga, Dünýäni süýt bildim, güneşi gaýmak, Ynsanlyk ynsaby duýmakdan başlar. Şükür, başgalardan kemem etmediñ, Zelel ýetirýär-ä artykmaçlygam, Ýeter ýazlan kysmatym bilen, Aýna serdemde gören şatlygym, Senden daşlaşmakdan juda gorkýan men, Azýan ýaly käte argyn pikirlem, Şuhal hatalarmy syran elýaglyk, Daş düşäýsem gözýaşlarmy süpürmez. Dolduraýsañ sähelçejik ýetmezim... Özüme erk edip bilerinmikäm?, Seniñ wadalarña mynasyp bolup Ölerinmikäm?, Bilemok diñe Sen bilýäñ!. Magistiral Häzir saña ýakyn duýýan özümi, Elimde-de señ ugradan kitabyñ, Gursagymda ýakdym yşgyñ közüni, Gör kimleri gynandyrar bu tabym. Iñ soñunda sende gutarar bilýän, Çar tarapa uzap gidýän ýodalar, Saña ýetsem maña bigerek dünýä, Düme biten dertlerim ýogalar. Köñül bagyma güller eken sendiñ, Barlygyma sebäbimsiñ bar wagtym, Hyñzap duran gursagyma dem berip, Çäresiz goýmadyñ saña zar wagtym. Meni başgalardan aýry tutmadyñ, Şükür, başgalardan kemem etmediñ, Senden daşlaşmakdan juda gorkýan men, Dolduraýsañ sähelçejik ýetmezim... | |
|
Ähli teswirler: 13 | |
| |