16:51 Ýylan we guýrugy | |
ÝYLAN WE GUÝRUGY Hawa, bu elbetde şeýle, barysy meniň hemişe bu ýedi ýaşly oglanjygyň janly göz öňüne getirmelerini öjükdirýänim üçin bolup geçýär. Şondanam başlandy. Meselem, biz La-Çorrera galasy tarapdan Almanderas derýasynyň guýýan ýerine seredip durandyrys, menem alaga-da derýa şular ýaly äpet ýylan bolan bolsa gowy bolardy diýäýmenmi, ol şobada derýanyň her bir kenarynda diýen ýaly ýylanyň deňze gönükdirilen mekirden hüşgär gözlerini görmäge başlady. Mundan başga-da men oňa hemişe uzyn boýuna ýa gazaply häsiýetine seretmezden, diňe dostundan eşidesi gelýän wakalaryny gürrüň berýärin. Oglanjygy güldürmek maksady bilen meniň haýsydyr bir gadagan edilen sözleri, aýdaly, iň hapa sözlerden bolmasa-da, samsyk bolmasaň ýürege ýakyn kabul etmeli dällerinden gepleşige girizäýýän wagtlarymam bolýar. Şol pursat oglanjygyň hahahaýlap gülşüni bir görsediňiz. Hemme dişleri-dökülen süýt dişleriniň gädigi bilen şeýle ýalpyldaýar welin, onuň agyr ýüküň aşagyndan çykany düşnükli bolýar. Haýsysy bolaýanda-da, özüm döwtalap bolmazdan, men onuň göz öňüne getirmelerinde nähilidir bir orun aldym. Oglanjygyň burnuny köçä sokandan, her gapdalyna seredip meni gözläp başlaýandygyny göz öňünde tutsaň, onda ol orun beýle bir kiçem däl bolmaly. Aý, onsoňam boljagydyr-da, meniňem akylyma her hili zatlar geliberýär-birden hiç zat ýok ýerinden: -Ertir Matansasa gidelimi? - diýýän. Ilki bilen görýän zadym onuň ýüzüniň nähili üýtgeýşi bolýar. Meniň diýýän ýerim gaty daşda ahyryn, hatda, başga ülkelerde bolmagam mümkin, galyberse-de, örän zerur bolan ýagdaýynda, eger ýakynlaryňdan telegramma gelen bolsa ýa-da ýene bir zat bolan bolsa, diňe uly adamlaryň gidip biläýjek ýeri. Soňra men onuň eýýäm şatlykdan guş bolup uçýandygyna göz ýetirdim. Şol pursatda-da esasy zadyň Kasablankadan gelýän otludygy barada ýaňzytdym, oňa çenli bolsa biz aýlagdan gaýyk bilen ýüzüp geçeris, onsoňam otlymyz elektrik otlusy-tüssesiz, haşşyldaýan parowozsyz, bir diňe sykylygy bar diýäýmeseň-aý, olam hiç-le. Men, elbetde, çagalara söz beren zadymy ýerine ýetirýärin, aýratynam, şular ýaly oglanjyga söz beren bolsam, sebäbi ol kellesini aşak eger-de, gözüni pola dikip-aýlagam, gaýygam, Matansasam, otlynam-garaz, hemmesinem görmäge başlar. Şeýdip, ertesi güni iki bölek nan bilen bir bölek eti dolaga doladym-da, birinde suw, beýlekisinde süýtli çaý bolan demewaja (termosa) azajyk erän süýji goşup, otludan amatly ýer alar ýaly irgözinden ýola düşdük. Şol ýerde-de iki sany örän wajyp waka bolup geçdi. Birinjiden, men oglanjygyň hamana, dünýäde asmandan başga hiç zat ýok ýaly awtobusyň penjiresinden gözüni aýyrman oturandygyny gördüm. Şol wagtam ondan: -Sen näme hiç haçan şapagyň şapagyň dogşuny görmediňmi?-diýip soradym. -Hiç haçan-diýip, ol jogap berdi. Şonda men oglanjygyň günüň nähili geçýändigi baradaky täsinligi ömründe birinji gezek görýändigine düşündim. Ikinjiden, Kasablanka diýen ady eşidenden onuň gözleri bilesigelijilik bilen ýandy-da, Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň şo ýerde ýaşap-ýaşamaýandygyny sorady. Men göwnüýetmezçilik etmän güldüm-de, onuň diýýän “ak öýüniň” meniň salgy berýän ak öýümden has daşdadygyny, hatda, başga ýurtda ýerleşýändigini düşündirdim. Ýolugra, haçan-da daş-töwerekde ýaşyl öwsüp oturan çemenzarlygyň başlanan wagty men oglanjyga kellesini penjireden daşary çykaryp seretmäge rugsat berdim, şemal onuň göni ýüzüne urýardy we otly çatrykda egrelen wagty oňa öňdäki wagonlaram görnüp gitdi. Syýahat edip gelenimizden bir hepde soň-öýlerinde näme gürrüň edendiklerini-hä bilemok weli, onuň ejesi ýylgyryp, ogluna näme edendigimi soraýar, oglanjygyň aglap diýen ýaly “Hijiňiz meni dostum ýaly söýeňzok” diýip nygtaýandygyny aýdýar. A men bolsa: -Hiç zadam edemok, öz-özünden şeýle boldy-diýip gaýtalaýaryn. Umuman, durmuş-durmuş bolýar, onda isleseň-islemeseň, her kim öz ýoly bilen gitmeli. Ýöne bu ýolda hemişe oňuna bolup duraýanok. Ine, size meselem. Soňky ýekşenbede, özem diňe ýekşenbe bolany üçin oglanjygy öýüne getirdiler. Men bolsa ol öýden-bu öýe geçirmek bilen onuň diňe kapasasyny çalyşdylar diýip pikir etdim. Şol wagtam ondan deňze aýlanmaga gitmälimi diýip soradym. Onsoň biz ýola düşdük. Biziň Ýigriminji köçämiz edil ýapgyt ýaly aşak gaýdansoň, şol ýapgytdan aşak okdurylasyň gelip, içiňi bir zat byjyklap alyp gelýär. Şoňa belet bolanym üçin men oglanjygy öz erkine goýberdim. Diňe elimiň aýasyny açmagam ýeterlik boldy. Ol şobada aýagaldygyna diýen ýaly, kim bilýär, belkem, ýene täzeden şemalyň ýüzüne urşuny duýmak üçinem öňe okdurylyp gidendir. Ol ylgadam, yzyna garaman ylgady. Düşnükli zat, bular ýaly tomaşany görüp, özüň islemezden birahatlanýarsyň: ýol basym gutarýar, göni keseligine bolsa gatnawly köçe başlaýar. Şol wagt öz-özüňe “Bilýärmikä? Düşünýärmikä? Ýa-da aýagaldygyna ylgap barşyna dünýädäki ähli zatlary unudarmyka?” diýip sorag bermäge başlaýarsyň. Men onuň elini buduna urup, özüni hem çapylýan at, hem aty ökjesi bilen depgileýän çapyksuwardyr öýtmän, okdurylyp barşyna syn edip, gygyrasym gelmese-de, gygyrmaga taýýar bolup durdym, belkem, bu şarpyldyň ökje depgilerinden däl-de, suwly ganawda ösüp oturan otlaryň otly tigrine ilişip gopuşyndan çykýan bolmagam ahmal. Ýok, men gygyrmadym. Hiç zadam bolasy ýok-la, kellä gelýän zat azmy nä? Onsoňam ol eýýäm ýedi ýaşynda. Goý, näçe islese ylgabersin, ýöne... -Alberto-o-o-o Meniň gykylygym hakyky samsyklyk boldy. Men şu gykylygyň soňundan onuň aňynda öwüt-nesihatlaryň we käýinçleriň uzyn hatarynyň, hatda tanyş sesleriňem derrew peýda boljakdygyny bilýärdim ahyryn. Şo pursat meniň özümem örän utandym. Onsoňam bu zatlar öňem basgylanan, müň gezek geçilen ýol bilen meňzeş bolansoň, men diňe gygyrybam oňman, onuň bilen egnaşyr deňleşdim-de: -Aý, sen-ä bir pekge ekeniň-laý, ýigit! Birden awtobus öňüňden çykan bolsa nätjekdiň?-diýdim. Ol hiç zat jogap bermedi. Men bolsa ýene-de onuň üçin diňe boýy uzyn adam bolmagymda galdym. Onsoňam menden birgiden ajaýyp wakalar hakda eşidensoň, “pekge” diýen sözüň oglanjyga agyr degjegini öňünden bilýärdim. Bolýar-da, öz ugrumyza gidip barýarys, biragzam gepleşemzok diýen ýaly, men-ä samsyklyk edenim zerarly, olam, mümkin, özüni indi nähili alyp barmalydygyny bilmeýäni üçin bolaýmasa. Megerem, şo sebäpden ol kellesini aşak egip, eli bilen diwary yzarlap gelýändir. Şeýdip elini hapalany düşnükli bolsa gerek. Mälim bolşy ýaly, mikroplaram, labaratoriýalaram, lukmanlaram, näsaglaram, saňa ýalan maňa çyn patarrakylaram hakykatda bar ahyry, ýöne hasam göz öňüne getirmelerde kändir. Ine, menem alaga-da: -Heý, ýigit, diwara eliňi degirme. Aý, munyň-a doňuzçylyk bolýar-diýäýdim. Bulam öz gezeginde durnaň üstüne urna boldy, gizlin urgy, ýöne urgy. Şol ýerde men gutarnykly ýolumy ýitirendigime düşündim. Deňze barýan ýolumyzy däl-de, oglanjyk ikimiziň umumy ýolumyzy ýitirendigimi aňdym. Biz ahyrsoňunda kenara ýetdik, şol wagtam men oňa ýylan hakynda gürrüň berdim. Dogrusy, ol derrew janlandy. Men, hatda, ýylanyň äpet gözlerini oglanjygyň eýýäm görendiginem aýtdym. Ýüregim ýerine gelenden soňra, kimiň suwa has uzak aralyga daş zyňjakdygy barada jedelleşýän wagtymyz meniň kelläme täze bir pikir geldi: -Gel, ikimiz, hamana, iki sany awtomobiller ýaly ýerasty geçelgeden geçeli. Ol haýran galan ýüzjagazyny men tarapa öwürdi: -Ýöne o ýerden hiç kim geçenok ahyryn. -Şeýleligine o şeýle-diýdim men.-Bize gerek bolsa o ýerden geçer ýaly uzyn ýol tapylar. Şonda derýa-da göni kellämiziň üstünden akyp geçýän ýaly bolar. Düşünýäňmi? Gitdik! Şeýlelikde, biz ýerasty geçelge bilen ýolumyzy dowam etdik. Muňa bolsa diňe batyrgaý adamlar ukyplydy. Soňra men oňa kenara çykyp, derýanyň öz ýerinde durandygyna göz ýetirmegi teklip etdim, onsoň biz derýany ýeriň aşagyndaky iki sany ýer gurçuklary ýa-da iki sany batyrgaý leňňeçler ýaly bolup, bir ugruny tapdyk-da, aşaklyk bilen kesip geçdik. Hawa, beýle hereket etmek üçin edermenlik gerekdi. Oglanjyk özüne şeýle bir buýsanýardy welin, ýanymyzdan geçip barýan ýük maşyny nälaç duýduryş beren wagty meniň elimi nädip berk gysanynam duýmady. Ine, onsoň öňümizde giň derýa ýaýylyp ýatyrdy:zire-zire tolkunlar ýele oýnaýardy, arassa şemal ýüzümizi ýelpäp geçdi. Biz agşam düşüberen çaglary öýe dolandyk, asman haýran galdyryjy reňkler bilen doludy. Biz sesimizi çykarman ýöräp barýardyk. Ýadawlyk, hamana, daş-töweregem ýadadan ýalydy. Men Albertonyň indi hiç zat geplemejekdigi, soňundan öýüne baryp bolup geçenleri ýatlanda, bu günüň oňa hasam ajaýyp görünjekdigi we ol hakda öýündäkileriň ählisine aýdyp berjekdigi barada pikir edýärdim. Ýöne men ýalňyşan ekenim. Ýene käbir zatlar bolup geçmelidi. Ol öňküsi ýaly kellesini galdyrman, aşak seredip ýöräp barşyna: -Aýtsana, men ulalan wagtym sen nähili bolarsyň?-diýip, garaşylmadyk ýagdaýda sorady. Ine, şulam derrew jogap tapyp bolmaýan soragyň hut özi-dä. Birdenem: -Aý, üýtgeşik näme bolsun? Men diňeje saňa görä biraz ulurak bolaryn. Ana, bar bolany-diýmek kelläme geldi. Biz ýene-de sesimizi çykarman ýöräp başladyk, ýöne oglanjyk ýene birden gepleşesi geleni üçin, hatda, men tarapa öwrüldem: -A şo wagtam sen meni ýanyňa alarmyň? -Haçan-şo wagt? -Haçan-da sen biraz ulurak bolanyňda. -Ýok. Şol wagt sen meni ýanyňa alarsyň, şeýle bolsun-bolmasyn, biz edil häzirkimiz ýaly hemişe bile bolarys-diýdim. Erkek adamlaryň näzik gürlemeýändigi üçin oglanjygy güldürmek maksady bilen: -Bilýäňmi, şo wagt sen meniň elimden tutarsyň-da:”Ata jan, ylgama, tüýkürme, eliňi hapalama. Ata, sen näme pekgemi ýa-da doňuzmy?” diýersiň-diýip aýtdym. Şo pursat men onuň öň hiç haçan görmedik şatlykdan doly ýüzüni gördüm. © Onelio Horhe KARDOSO Rus dilinden terjime eden: © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |