14:30 Zelel | |
ZELEL Bize bir zad-a ýetenok Ýa-da artykmaçlyk edýär. Misli Tetis, Aral deýin Göwünlermiz çölleşip ýör. Kimler üçin gökde Zemin, Gyşlar munda gülleşip ýör. Yşkyň dilin bilmez kalplar, Lal deý sessiz gürleşip ýör. Hatalar, günäler, aýyplar... Bir ömürde ýerleşip ýör. Gör! Hoş söze gazylmasyn gör, Tör taýyn bolsun ýürekde onuň üçin. Onda neçün, Aýbyň ýa ýalňyşyň bolsa, Ilki iň ýakynyň açýar? Geplerden ganat ýasanyp, Ol seniň üstüňden uçýar. Göwün göwne derman dälmi?! Ýa ýigrenç çykalga-tärmi?! Ýa-da beýdip ýörer ýaly Ömür ýeke däl-de, känmi?! Haýyş hem-de talap size, Adam bolsaň, bergin jogap! Galdymy göwünler sowap?! (Meň indi aklym çatanok!) Beýdip ýörmek özüň bilen Mydam garpyşmaklyk öýdýän?! Bize bir zad-a ýetenok Ýa-da artykmaçlyk edýär. © Nury Sakçyýew | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |