01:52 "Zenan diýmek..." | |
"ZENAN DIÝMEK". Zenan diýmek - eneňdir, Ýary gije ýatandyr, Daň saz berse dogandyr, Aňzaklarda doňandyr, Hor - zar etmejek bolup, Gije - gündiz eňendir, Sebäbi, ol eneňdir. Zenan diýmek - uýaňdyr, Ýúzúň nury, tuwagy, Utanjyňdyr, haýaňdyr, Ýagşy günde begenjiň, Kyn gúnúňde söýäňdir, Saňa geljek belanyň, Öňüňdäki gaýaňdyr, Sebäbi, ol uýaňdyr. Zenan diýmek - ýaryňdyr, Ömürlik ýanýoldaşyň, Baýlygyňdyr, baryňdyr, Alawlaýan ojagyň, Namysyňdyr, aryňdyr, Keşgiňi deň çekişýän, Ýakyn howandaryňdyr, Sebäbi, ol ýaryňdyr. Zenan diýmek - gyzyňdyr, Teşne kalbyň gandyrjak, Aýdymyňdyr, sazyňdyr, Ömre şatlyk getirjek, Gül - gunçaly ýazyňdyr, Ogul bilen deň durjak, Dowamyňdyr, yzyňdyr, Sebäbi, ol gyzyňdyr. Zenan diýmek - dünýedir, Adamzada dowamdyr, Gelip - gidýän demiňdir, Sorup alýan howaňdyr, Zenan başy dik bolsa, Ýaşaýşa gúwäňdir. Ondan gymmat zat bolmaz, Tumaryňdyr, dogaňdyr. Çünki zenan - ýaryňdyr. Çünki zenan - gyzyňdyr. Çünki zenan - uýaňdyr. Çünki zenan - ENEŇDIR. © Gurt NÄZLIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |