Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:05
Zeýrenç
ZEÝRENÇ.

Aýdaýyn derdim diñleseñ,
Köp güzaby çeken gerden,
Henizem özlügin tapman,
Añtaryp ýör gara ýerden.

Hem biwepa, hem wepaly,
Ynsanlygy oñlap bilmän,
Dem alýan ýalanlar içre,
Niçikdigni añlap bilmän.

Ýüzüme gülüp bakýalar,
Ýeñsäme bakmajak bolýan,
Meniñ ýañraýan zatlamdan,
Derdimi çaklajak bolmañ.

Haçan duşar, haçan geler?,
Bu ömrümiñ şagalañy,
Men juda ýadadym dostjan,
Umyt bilen çabalanyp.

Gyssanýan, gysylýan käte,
Amalsyz ruh, amanadym,
Kyn günde gol uzadanyñ,
Kimlerdigni tanamadym.

Depäme duz sepýär ykbal,
Şoraýar dilim, gursagym,
Men indi däldiräp barýan,
Gel dost dulugma ursana!.

Men zeminiñ aşygydym,
Aşygydym tebigatyñ,
Emma gussalañ boýunda,
Düşlän eken hyýal atym.

Gyzgyn mähire mätäçdim,
Gözläpdim, yzlapdym,
arman,
Men henizem ýol ugrunda,
Özüm bilen özüm barýan ...

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
0
1 ShirhanTuvak • 22:20, 21.11.2023
Erbet däl,hatda gaty gowy
avatar
0
2 Şygryýetiň_aşygy • 23:42, 21.11.2023
"Aňtarmak" sözi edebiýatda seýrek gabat gelýär. Köplenç "agtarmak", "aňtamak" diýip duşýar.

"Hem biwepa, hem wepaly" nädip bolýarka?
Biwepa bolsa wepaly bolmajak ýaly...

"Men indi däldiräp barýan" diýen setirdäki "däldiräp" diýýäni "däliräp" diýmekmikä? Eger şeýle bolsa "d" harpy artykmaç.

"Gyzgyn mähire mätäçdim" - "mähire" diýen sözde -i çekimli düşýär: - mähre.

Eserde birine ýüzlenilende, meselem:
- Men juda ýadadym dostjan;
- Gel dost dulugma ursana...

"dost jan"-dan öň "," otur belgisi goýulmaly:
- Men juda ýadadym, dost jan.

"Dost jan" sözleri-de aýry ýazylmaly.
avatar
0
3 @Baýram_Bejidow • 23:53, 21.11.2023
DUŞ GELÝÄN FORMALARY
mähirde
mähirden
mähirdir
mähire
mähiri
mähiridir
mähirlem
mähirleri
mähirlerini
mähirli
mähirlidi
mähirliginden
mähirlik
mähirliligi
mähirlilik
mähirlimi
mähirlimiň
mähirsiz
mähirsizligi
mähirsizlik
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 23:56, 21.11.2023
,,Dostjan" sözünden öñ << , >> belgini goýan bolsam öñündäki sözlem kesilip ,,Dostjan" sözini aşakdan aýratyn ýazmaly bolardym, eger beýle eden bolsam şol bendiñ sýujeti ýitip bilme mümkinçiligi bardy.
avatar
0
5 @Baýram_Bejidow • 23:57, 21.11.2023
,,Hem biwepa, hem wepaly..." Bu setirde bolsa köp ynsanlaryñ ikiýüzlidigini ýañzydyp şol ahwaly oñlap bilmeýänimi nygtadym.
avatar
0
6 @Baýram_Bejidow • 00:00, 22.11.2023
,,Agtarmak" bolmalydy ol aýdanyñyz bilenem ,,däldiremek" däl-de ,,däliremek" bilenem ylalaşýan harp ýalñyşlyk giden eken.
Dogry tankydyñyz üçin köp minnetdar!!!
avatar
0
7 Pegas • 11:39, 22.11.2023
Ýalňyş şol "duş gelýän" formalaryň käbiri. Dar çekimlileriň düşmek kadasy bar ýörite.
avatar
0
8 Pegas • 11:42, 22.11.2023
Hiç zadam bolmazdy, Baýram. Ýüz tutma söz sözlemiň başynda gelende sözüň soňundan, ortasynda gelende iki tarapyndan, soňunda gelende öňünden gelende otur belgisi goýulmaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203